Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mrt mak. 138
  • «Siz uruş seslerini… eşidersiňiz»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Siz uruş seslerini… eşidersiňiz»
  • Dürli temalar
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isa pygamber näme diýdi?
  • Isa gelejekde näme eder?
  • Uruşlaryň bolmajak wagty bolarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Armageddonyň tizden boljakdygyny nireden bilýäris?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky uruş. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Urşuň uly zyýany
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2025
Dürli temalar
mrt mak. 138
Suratlar: Isa pygamber şägirtlerine biziň günlerimizde boljak zatlar hakda gürrüň berýär. Tegelegiň içindäki suratda: ýanyp kül bolan şäheriň köçesi görkezilýär, atom bombasy partlaýar we esgerler tanklary bilen köçeleri garawullaýar.

ISA PYGAMBERDEN ÖWRENIŇ

«Siz uruş seslerini… eşidersiňiz»

«Men 1960-njy ýylda žurnalist bolup işläp başlanymdan bäri bütin dünýäde bolan 40-dan gowrak uruş hakda ýazdym. ABŞ bilen Sowet Soýuzynyň arasyndaky urşuň gitdigiçe beterleşendigini, soň bolsa birden bes edilendigini gördüm. Emma men hiç haçan 2025-nji ýyl ýaly howsala düşüren ýyly görmändim. Sebäbi şu ýyl ençeme uly uruşlaryň şaýady bolduk. Mundan başga-da, şol uruşlaryň biri dünýäniň köp ýerlerine erbet täsirini ýetirmegi mümkin. Bular ýaly zat öň hiç haçan bolmandy» (Jon Simpson, BBC-niň halkara işler boýunça redaktory biz nygtadyk).

Köp adamlar bütin dünýäde bolýan aýylganç uruşlar sebäpli biynjalyk bolýar. Olar: «Uruşlaryň soňy gelermikä?» diýýärler. Bu barada Isa pygamber näme diýdi?

Isa pygamber näme diýdi?

Isa biziň günlerimizde nähili wakalaryň boljakdygyny pygamberlik etdi. Ol şägirtlerine: «Siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz» diýdi (Matta 24:6).

Elbetde, biz şu günler elhenç uruşlaryň we dawa-jenjelleriň bolýandygyny görüp gynanýarys. Ýöne biziň ýagty gelejege umydymyz bar. Sebäbi Isa pygamber dünýäniň soňunda köp ýerlerde uruşlaryň, başga-da gorkunç wakalaryň boljakdygyny we adamlaryň häsiýetleriniň erbetleşjekdigini hem aýtdy. Şu «alamatlar» dünýäniň soňunyň golaýdygyny subut edýär (Matta 24:3; Luka 21:7). Bu bolsa Isa pygamberiň gelejekde uruşlaryň soňuna çykjakdygyny görkezýär. Ol muny nädip eder?

Isa gelejekde näme eder?

Tizden Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadar» (Zebur 46:9).

Gelejekde ýer ýüzünde nädip parahatlygyň dikeldiljekdigi we şol döwür adamlaryň nähili şertlerde ýaşajakdygy hakda köpräk bilmek üçin «Uruşlaryň soňy geler» atly makalany okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş