16-njy oktýabr, anna
Ýüregiň ahlaksyz aýalyň ýollaryny küýsemesin, azaşyp, ýodalaryna aýak basaýma (Nak. 7:25).
Süleýman patyşanyň gürrüň beren wakasyndaky ýigit ýaly her bir mesihçi günäniň duzagyna düşüp biler. Agyr günä eden adam: «Men näme edip, näme goýanymy bilmedim, bary tötänden boldy» diýmegi mümkin. Emma ol gowy oýlansa, günä etmezden öň birnäçe ýalňyş ädim ädendigine göz ýetirer. Belki, ol erbet täsir edýän adamlar bilen tirkeşendir, erbet wideolary görendir, internet sahypalaryna girendir, aýdymlary diňländir, erbet ýerlere dynç almaga barandyr. Şeýle-de Ýehowa doga etmegini goýandyr, Mukaddes Kitaby her gün okaýan däldir, ýygnak duşuşyklaryna yzygider barýan däldir, wagyz etmegini goýandyr. Görşümiz ýaly, agyr günä eden mesihçi «tötänden boldy» diýip, öz-özüni aldaýar. Biz näme sapak edinmeli? Mesihçi günä eltýän her bir ädimden gaça durmaly. Hawa, Süleýman patyşa ýaş ýigit baradaky wakany bize duýduryş hökmünde gürrüň berdi (Mat. 5:29, 30). w24.07 sah. 16, abz. 10, 11
17-nji oktýabr, şenbe
Biz toprakdan ýaradylsak-da, gymmatly hazyna ynanyldy (2 Kor. 4:7).
Aýatdaky «gymmatly hazyna» Hudaýyň Patyşalygy hakdaky hoş habary aňladýar (2 Kor. 4:1). «Toýun küýzeler» hoş habary wagyz edýän Hudaýyň wepaly bendelerini aňladýar. Pawlusyň ýaşan döwründe täjirler uzak ýola rowana bolanlarynda iýip-içgi, şerap we altyn-kümüş teňňeleri toýun küýzelere salypdyrlar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem bize gymmatly hazynany, ýagny hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Biz Ýehowanyň goldawy bilen hoş habary birkemsiz wagyz edýäris. Biz käte adamlar diňlemez ýa-da üstümize gygyrar diýip wagyz etmäge gorkýarys. Gorky el-aýagymyzy ýüpsüz baglamaz ýaly näme etmeli? I asyrda atly-abraýly adamlar resullara wagyz etmegi gadagan edýär. Şonda olar gorkynyň duzagyna düşmegiň deregine, Ýehowa doga edip, «sözüni batyrgaý wagyz etmäge» kömek soradylar (Res. 4:18, 29, 31). Ýehowa hem olaryň doga-dilegine şobada jogap berýär. Eger siz hem wagyz etmäge gorkýan bolsaňyz, Ýehowa doga-dileg ediň we batyrgaýlyk soraň. Şonda adamlara söýgi ýüregiňizde kök urar, gorky bolsa zym-zyýat bolar. w24.04 sah. 16, abz. 8, 9
18-nji oktýabr, ýekşenbe
Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! (Mat. 6:9).
Şeýtan Iblis Ýehowa töhmet atyp, onuň mukaddes adyny garalady (1 Mus. 3:1—5; Eýp. 2:4; Ýah. 8:44). Biz Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýýäris we onuň mukaddes adyny aklamak isleýäris. Biz adamlara Ýehowanyň mähirli, rehimdar, adalatly we söýgüden doly Hudaýdygyny wagyz edýäris. Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzündäki ähli kynçylyklary aýyrjakdygyny we adamlary Jennetde ebedi ýaşatjakdygyny gürrüň berýäris (Zeb. 37:10, 11, 29; 1 Ýah. 4:8). Biz adamlara Ýehowany tanatsak, Şeýtan Iblisiň ýalançydygyny subut ederis. Şeýle-de biz Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde adymyza görä ýaşasak, Ýehowanyň mukaddes adyny aklarys. w24.05 sah. 18, abz. 12