ISA PYGAMBERDEN ÖWRENIŇ
Hudaý bilen dostlaşmak üçin wagt tapyň
Hudaý bilen dostlaşmak üçin wagt tapsaňyz durmuşyňyz manyly bolar. Geliň, Isa pygamberiň näme öwredendigini bileliň.
Isa pygamber näme diýdi?
«Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» (Matta 5:3).
Biziň ählimiz şu soraglaryň jogabyny bilesimiz gelýär: Durmuşyň manysy näme? Näme üçin köp adamlar ejir çekýär? Adam ölenden soň näme bolýar? Şu soraglaryň jogabyny bilsek, özümizi bagtly duýarys.
«Adam diňe çörek bilen däl, Ýehowanyňa agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» (Matta 4:4).
Adam ýaşamak üçin iýip içmeli. Edil şonuň ýaly, ýokardaky soraglaryň jogabyny bilsek, Allatagala bilen dostlaşarys. Isa pygamber hem bize Hudaýyň kömeginiň gerekdigini aýtdy.
«Seniň sözüň hakykat» (Ýahýa 17:17).
Isa pygamber Allatagala barada, esasanam, Mukaddes Kitapdan öwrenip bolýandygyny aýtdy.
Hudaý bilen dostlaşmak üçin wagt tapsaňyz, hakykatdanam, bagtly bolarsyňyz. Şu zatlar size kömek eder:
Mukaddes Kitaby mugtuna okaň.
Mukaddes Kitapdan mugtuna okuw geçmegi haýyş ediň.
a Ýehowa hak Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» atly makalany okaň.