Kör adamlara berilýän kömek
Alymlaryň aýtmagyna görä, bütin dünýäde gözi asla görmeýän 43 million adam bar. 295 million adamyň bolsa gözi gowy görmeýära. Gynansak-da, şeýle adamlaryň köpüsini kemsidýärler, hatda olara adalatsyzlyk hem edýärler.
Allatagala kör adamlaryň nädip aladasyny edýär? Mukaddes Kitapda bu barada näme diýilýär? Ýehowanyň Şaýatlary olara nädip kömek edýär?
Allatagala kör adamlaryň nädip aladasyny edýär?
Mukaddes Kitapda Ýehowanyňb kör adamlaryň ýürekden aladasyny edýändigi aýdylýar. Hudaý olara adalatsyzlyk edilmegini islemeýär. Ol kör adamlaryňam Mukaddes Kitapdan bilim alyp, ýagty gelejege umydynyň bolmagyny isleýär.
Aýat: «Köri azaşdyrana nälet bolsun!» (5 Musa 27:18).
Manysy: Geçmişde Hudaýyň Musa beren kanunynda kör adamlara ýowuz daraşmaly däldigi aýdylypdyr. Bu kanun kör adamlara adalatsyzlyk edilmez ýaly öňüni alýardy.
Aýat: «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar» (Resullar 10:34).
Manysy: Allatagala hemmeleri, hatda kör adamlary hem gowy görýär.
Aýat: «Isa... ençeme körleriň gözüni açdy» (Luka 7:21).
Manysy: Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edende, kör adamlaryň gözüni açdy. Şeýdip, ol Hudaýyň Patyşalygynyň gelejekde etjek işlerini görkezdi.
Aýat: «Körleriň gözi açylar» (Işaýa 35:5).
Manysy: Tizden ýeriň ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlar. Şonda Ýehowa kör adamlaryň gözüni açjakdygyny wada berýär.
Ýehowanyň Şaýatlarynyň berýän kömegi
Bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlary kör adamlara-da Hudaýyň hoş habaryny wagyz edýärler. Munuň üçin nämeler edilýär?
Gözi gowy görmeýän ýa-da asla görmeýän adamlar okap, diňläp biler ýaly, biz Mukaddes Kitaby, okuw geçmek üçin edebiýatlary we wideolary dürli görnüşde çykarýarys. Meselem, olar Braýl elipbiýinde, uly harply görnüşde taýýarlanylýar. Şeýle-de ses ýazgylary hem çykarylýar.
Biz her hepde ýygnaklary geçirýäris. Oňa hemmeler, hatda kör adamlaram gatnaşyp bilýär.
Biz adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edýärisc.
Sapak geçmek üçin pul alynmaýar. Sebäbi biz Isa pygamberiň: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýen tabşyrygyna eýerýäris (Matta 10:8).
Ýehowanyň Şaýatlary kör adamlaryň ýürekden aladasyny edýärler. Biziň bilen hak Hudaýa sežde etmek isleýän adamlar gowy dostlary taparlar. Geliň, käbir gözi görmeýän Ýehowanyň Şaýatlarynyň başdan geçiren wakalary hakda gürrüň edeliň.
Şwesiýaly Talita Alnaşiniň dogabitdi gözi gowy görmeýärdi. Ene-atasynyň Hudaý barada öwretmek üçin eden tagallasy, şeýle-de dost-ýarlarynyň Talita we maşgalasyna beren goldawy hakda biliň.
ABŞ-ly Jeýmas Raýanyň doglanda gulagy ker bolýar, biraz wagtdan bolsa gözi hem görmän başlaýar. Oňa durmuşyny manyly etmäge nämäniň kömek edendigini biliň.
Filippin adalarynda ýaşaýan Sintiýi Pablonyň gözem görmeýär, gulagam eşitmeýär. Koronawirus keseli (COVID-19) ýaýran döwri imandaşlary oňa nädip kömek etdiler? Muny bilmek üçin «Dogan-uýalar koronawirusyň ýaýran döwri kör hem ker uýamyzy goldaýar» atly makalany okap görüň.
Kör adamlar Mukaddes Kitapdan bilim alyp biler ýaly nämeler edilýär?
Braýl elipbiýindäki edebiýatlar çykarylýar. Biz Mukaddes Kitaby tutuşlygyna ýa-da bölekleýin Braýl elipbiýinde birnäçe dilde çap edýäris (haýsy dillerde çap edilýändigini bilmek üçin «Mukaddes Kitap Braýl elipbiýinde» atly çarçuwa seret). Mundan başga-da, biz Mukaddes Kitaba esaslanan ençeme edebiýatlary Braýl elipbiýinde çykarýarys. Braýl harplaryny öwrenmek isleýänler üçin «Braýl elipbiýini öwreniň» atly broşýura hem çap edildi. Şol broşýuradan kör adamlar gözi görýän biriniň kömegi bilen braýl harplaryny okap öwrenip bilýär.
Braýl elipbiýinde çap edilen edebiýatlary almak ýa-da köpräk bilmek üçin Ýehowanyň Şaýatlaryna ýüz tutuň.
JW.ORG saýtyndaky Braýl bellik enjamy üçin gerekli edebiýatdyr wideolary ýükläňd.
Edebiýatlar uly harply edip çap edilýär we maglumatlary ekranda ulaldyp bolýar. Uly harply çap edilen edebiýatlarymyzyň köpüsi gözi gowy görmeýän adamlar üçin niýetlenen. JW.ORG saýtyndaky maglumatlar ulaldyp arkaýyn okap biler ýaly edildi. Ondaky tekst ýa-da surat näçe ulaldylsa-da, bulaşyk görkezmeýär. JW Library programmasynda hem edebiýatlaryň tekstini ulaldyp ýa-da kiçeldip okap bolýar.
Uly harply çap edilen edebiýatlary almak ýa-da köpräk bilmek üçin Ýehowanyň Şaýatlaryna ýüz tutuň.
JW.ORG saýtyndan uly harply edebiýatlaryň elektron görnüşini ýükläň. Elektron edebiýatlaryň harplarynyň ululygy çap edilen edebiýatlaryňky bilen birmeňzeş.
Edebiýatlaryň ses ýazgylary çykarylýar. Biz 200-den gowrak dilde Mukaddes Kitabyň ses ýazgylaryny, Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlaryň hem ses ýazgylaryny çykarýarys. Şol ses ýazgylarda hatda suratlar hem düşündirilýär.
JW.ORG saýtyndan we JW Library programmasyndan ses ýazgylary diňläň ýa-da ýükläp alyň.
JW.ORG saýtyndan ekranyň ýüzüne çykýan hatlary okap berýän programmae üçin gerekli zatlary ýükläň.
Wideolarymyzyň sesli düşündiriliş görnüşinif çykarýarys. Ýehowanyň Şaýatlary 100-den gowrak dillerde Mukaddes Kitaba esaslanan wideolaryň sesli düşündiriliş görnüşini çykarýar. Bu wideolar adamlara Hudaýyň Sözündäki maslahatlara düşünmäge we olara eýerip ýaşamaga kömek edýär.
Wideolaryň sesli düşündiriliş görnüşini şu aşakdaky wideolar ýygyndysyndan görüp bilersiňiz:
Ýygnaklar we kongresler. Bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlary hak Hudaý barada bilim almak we Oňa sežde etmek üçin her hepde ýygnanyşýar. Mundan başga-da, biz her ýyl uly ýygnaklary hem geçirýäris. Şol ýygnaklarda wideolar görkezilýär. Kör adamlar diňläp biler ýaly wideolaryň sesli düşündirilişi hem görkezilýär. Şeýle-de gözi görmeýän we gulagy eşitmeýän adamlaryň elinden tutup, hereketler arkaly ýygnaklarda aýdylýan zatlara düşünmäge kömek edýäris. Biz hiç bir adamy ala tutmaýarys, hemmeleri gujak açyp garşy alýarys.
Meksikaly Hose Luis Aýala doglanda ker bolup dogulýar. 29 ýaşanda bolsa gözi kör bolýar. Oňa ýygnaklary birinji orunda goýmaga we Mukaddes Kitaby başgalara ökdelik bilen öwretmäge nämäniň kömek edendigini biliň.
a Şeýle adamyň gözüni hiç hili bejerip bolmaýar. Gözüň gowy görmese gündelik edýän işleriňe, durmuşyňa täsir edýär. Şu makalada «kör adam» diýlende, gözi gowy görmeýän we asla görmeýän adamlaryň ikisem göz öňünde tutulýar.
b Hudaýyň ady Ýehowa (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» atly makalany okaň.
c Mukaddes Kitap okuwynyň geçirilişini görkezmegi haýyş ediň.
d Braýl bellik enjamy ýanyňda götermek üçin amatly. Ol enjamda braýl harplaryny ýazyp, okap ýa-da sesli diňläp bolýar. Enjamdaky nokatjyklar ýazanyňda aşak-ýokaryk gidip braýl harplaryny emele getirýär. Eger şu enjamyňyz bar bolsa, onda kagyz görnüşindäki braýl kitaplary ulanmak gerek bolmaýar.
e Bu programma ekranyň ýüzüne çykýan hatlary sesli okap berýär. Şu enjam arkaly adam edebiýaty islän ýerinden diňläp bilýär.
f Ekranda nämäniň bolup geçýändigini sesli düşündirmek üçin döredilen.