29 IÝUN—5 IÝUL, 2026
131-NJI AÝDYM «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn»
Söwer ýaryňyz bilen ýakyn dost boluň
«Dostlar bardyr, dogandan hem ýakyndyr» (Nak. 18:24).
ESASY PIKIR
Maşgala bagtly bolar ýaly är-aýal Ýehowany söýmeli we bir-biri bilen ýakyn dost bolmaly.
1. Gowy dostlar näme üçin Ýehowadan sowgat?
GOWY dostlar Ýehowadan sowgat (Ýak. 1:17). Olar hak Hudaýy hem bizi söýýärler. Şatlanan wagtymyz şatlanyp, kyn günümizde ýanymyzda bolýarlar we göwünlik berýärler. Gerek ýerinde öwüt-ündewini hem maslahatyny gaýgyrmaýarlar. Hakykatdanam, ynamdar dostlar «ýüregi şatlandyrýar» (Nak. 27:9).
2. Är-aýal näme üçin ýakyn dost bolmaly? (Matta 19:6).
2 Är-aýal bagtly bolar ýaly birek-birek bilen ýakyn dost bolmaly. Ýöne dostluk öz-özünden berkemeýär. Munuň üçin olar tagalla etmeli bolýarlar. Eger olaryň ikisem dostlugyny berkidýän işleri etmeseler, özlerini ýeke duýarlar, söýgüsi sowar, hatda bir-birine gaharlanyp gezerler. Ýöne olar biri-birine ysnyşsalar, bir beden bolup, ýakyn dostlukdan lezzet alarlar (Matta 19:6-ny okaň). Biz şu makalada är-aýallaryň dostlugyny nädip berkitmelidigine serederis. Geliň, ilki bilen, durmuş gurmadyk dogan-uýalaryň ömürlik dost boljak ýanýoldaşy nädip saýlamalydygy hakda gürrüň edeliň.
ÖMÜRLIK ÝOLDAŞY NÄDIP SAÝLAMALY?
3, 4. Ömürlik dost boljak ýanýoldaşy nädip tapmaly? (Nakyllar 18:22).
3 Biz wajyp karara gelmezden öň, onuň peýdaly hem zyýanly taraplary hakda oýlanýarys. Wajyp kararlar biziň bütin ömrümize täsir edýär. Şol sebäpli ýedi ölçäp bir kesmeli.
4 Durmuş gurmak meselesi iň wajyp kararlaryň biri. Sebäbi biz ömürlik dost bolup biljek ýanýoldaş saýlaýarys. Maşgala ojagyny Ýehowa döretdi. Gowy ýanýoldaş saýlamagy hem diňe Ol gowy öwredip bilýär. Ol ýigidiň gowy aýal bolup biljek gyzy, gyzyň bolsa gowy är bolup biljek ýigidi saýlamagyny isleýär. Bize kimiň gowy ýanýoldaş bolup biljekdigini Ýehowa has gowy bilýär (Nakyllar 18:22-ni okaň; Işa. 48:17, 18). Hudaýyň Sözündäki kada-kanunlar bize gowy ýanýoldaş tapmaga kömek edýär.
5. Biz näme üçin suwa çümdürilen mesihçi bilen durmuş gurmaly?
5 Biz suwa çümdürilip Ýehowanyň dosty bolýarys (Zeb. 25:14). Eger durmuş gurjak bolsak, ýanýoldaşy Ýehowanyň dostlaryndan saýlamaly (1 Kor. 7:39). Şeýdip, biz Ýehowanyň kada-kanunlaryna hormat goýýandygymyzy görkezeris. Saýlan ýanýoldaşymyz hem Ýehowadan bereket bolar (Nak. 19:14). Biz Hudaýa iman etmeýän adam bilen durmuş gurmasak, özümizi köp kynçylyklardan gorarys (2 Kor. 6:14). Şonuň üçin: «Imandaşlarymyň arasyndan özüme mynasyp ýanýoldaş tapmadym» diýip, Ýehowany söýmeýän adam bilen durmuş gurmaň. Ýa-da: «Ol iru-giç hakykata geler» diýip, özüňizi aldap ýalňyşlyk goýbermäň.
6, 7. Tanyşlyk döwri haýsy soraglaryň üstünde oýlanmaly?
6 Elbetde, islendik suwa çümdürilen mesihçi saňa gowy ýanýoldaş bolup bilmez. Eger sen birini halan bolsaň, şu soraglar hakda oýlana: ol öýünde özüni nähili alyp barýar? Başgalaryň aladasyny edýärmi? Olara hormat goýýarmy? Nähili adamlar bilen dostlaşýar? Düşünişmezlik bolanda, ony nädip çözýär? Ol hemişe öz sözüni gögertjek bolýarmy? Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary bozulmaýan ýagdaýlarda başgalaryň pikirini diňleýärmi? Puly nädip sowýar?
7 Başga-da käbir soraglar saňa ony ýakyndan tanamaga kömek eder: saýlajak ýanýoldaşym Ýehowany söýýärmi? Onda Ýehowa ýaraýan häsiýetler barmy? Eger onuň bilen durmuş gursam, Ýehowa köpräk gulluk etmäge kömek edip bilermi? Maksatlarymyz deň gelýärmi? Biz onuň bilen diňe goňşy bolup ýaşarysmy ýa-da ýakyn dost bolarys? (Kol. 3:9, 10). Eger sen uýa bolsaň, özüňe şu soragy ber: «Saýlan ýigidim ýakyn dost hem gowy maşgalabaşy bolup bilermi?» (1 Kor. 11:3). Eger sen dogan bolsaň, özüňe şu soragy ber: «Saýlan gyzym meni goldarmy, ýalňyşsam-da gelen kararyma hormat goýarmy?» Elbetde, şu zatlary anyklamak üçin wagt gerek bolýar, sebäbi adamy derrew tanap bolmaýar. Dogan-uýalar, tanyşlyk döwri durmuş gurmak isleýän adamyňyzy gowy tanaň.
8, 9. Tanyşlyk döwri dogry karara gelmäge näme kömek edýär? (Surata serediň).
8 Eger tanyşlyk döwri adamy gowy tanap bilseňiz, dogry karara gelersiňiz. Durmuş gurmak isleýän adamyňyzy başgalardan sorap-idäň. Siz onuň ýygnagyndaky dogan-uýalardan abraýy, häsiýetleri barada soraň. Meselem, dogan-uýalar ony pesgöwünli, mähirli we paýhasly adam hökmünde tanaýarmy? Fransuz Gwianaly Sara uýa Daniýel bilen durmuş gurýar. Sara şeýle gürrüň berýär: «Tanyşlyk döwri Daniýel hakda onuň bilen pioner bolup gulluk eden we bir öýde ýaşan dogandan, ýygnak ýaşulusyndan we ýygnagyndaky uýalardan soradym. Şeýle-de bizi gowy tanaýan dost-ýarlarymyz bilen gepleşdim». Durmuş gurmak isleýänler duşuşyk döwri geçmişde bolan we häzirki bolýan ýagdaýlar barada biri-birine açyk aýtmaly. Sebäbi käbir ýagdaýlar durmuş guransoňlar köp kynçylyklary döredip bilýär.
9 Durmuş gurmak isleýän adamyň saňa gowy ýanýoldaş bolup biljekdigine şübhelenseň ýa-da dogan-uýalardan biri onuň erbet häsiýeti barada aýtsa, muňa sowuk-sala seretme. Şonda onuň bilen durmuş gurmaly ýa gurmaly däldigini dogry çözüp bilersiňb. Geliň, indi bolsa durmuş guranlara dostlugyny berkitmäge nämäniň kömek edýändigine seredeliň.
Tanyşlyk döwri birek-biregi gowy tanaň (8, 9-njy abzaslara serediň).
BILE WAGT GEÇIRIŇ
10. Är-aýal biri-birine näme üçin wagt tapmaly?
10 Maşgala ojagynda söýgi sowamaz ýaly, är-aýal başagaý bolsalar-da, biri-birine wagt tapmaly. Olar günüň dowamynda bolup geçen zatlar hakda gürrüň etse, duýgularyny, pikirlerini açyk aýtsa, söýgüsini görkezse we göwnüni göterýän ýönekeýje işleri bile etse, bir-birine has-da ýakynlaşar.
11. Är-aýal näme sebäpden biri-birinden sowaşyp bilýär?
11 Biri-birine ýakyn dost bolan är-aýal aýry bolanyndan, bile bolanyny gowy görýärler. Elbetde, olar hemişe bile bolup bilmezler. Ýöne är-aýal uzak wagtlap aýry bolsa, olaryň dostlugyna zyýan ýeter. Meselem, käbirleri daşary ýurda işlemäge gidýärler we uzak wagtlap maşgalasyndan aýra ýaşaýarlar. Olar gazanç edip, maşgalasyny aç-hor etmeýärler. Emma olar uzak wagtlap biri-birinden aýra düşendigi üçin, maşgalasynda başga kynçylyklar döreýär.
12, 13. a) Käbir är-aýallar bir-biri bilen wagt geçirmek üçin näme edýär? (Surata serediň). b) Ýanýoldaşymyz durmuşda näçenji orunda durmaly? («Ýanýoldaş durmuşda näçenji orunda durmaly?» diýen çarçuwa serediň).
12 Geliň, käbir är-aýallaryň wagtyny bile geçirmek üçin näme edendiklerine seredeliň. Guamda ýaşaýan Leýa şeýle gürrüň berýär: «Ärim ikimiz käbir işleri aýry edäýmesek ýa käbir ýerlere aýry gidäýmesek, köp işleri bile edýäris». ABŞ-da ýaşaýan Roksana şeýle diýýär: «Ikimizem başagaý bolanymyzsoň, köp işleri planlap edişimiz ýaly, bile geçirjek wagtymyzy hem planlap başladyk» (Amos 3:3-i deňeşdiriň). Fransiýaly Damýen: «Biz biri-birimiziň halaýan zatlarymyz bilen gyzyklanyp başladyk. Wagtyň geçmegi bilen, özümizem şol zatlary haladyk» diýýär (Mat. 7:12). ABŞ-da ýaşaýan Keýti bolsa: «Gepleşen wagtymyz ünsümizi bölmez ýaly, telefonlarymyzy aýyrýarys» diýýär.
13 Är-aýal Ýehowa bilen dostlugyny berkidýän işleri bile etmeli. Fransiýada ýaşaýan Merýem şeýle gürrüň berýär: «Biz her gün irden Mukaddes Kitaby okaýarys. Halan pikirlerimizi we olary durmuşda nädip ulanjakdygymyzy biri-birimize gürrüň berýäris. Men her gün şol pursatlara sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Şeýle-de men ärim bilen Ýehowa doga etmegi gowy görýärin. Onuň dileglerini diňläp, Ýehowany ýürekden söýýändigini görýärin». Ýokarda agzalan Keýti şeýle diýýär: «Ärim ikimiz bile wagyz etmegi gowy görýäris. Biz adamlara Ýehowa barada gürrüň berenimizde birek-biregiň berk imanyny görüp, hasam ysnyşýarys. Şeýdip, biri-birimizden köp zady öwrenýäris» (Nak. 27:17).
Ýanýoldaşyňyz bilen wagt geçirip, hasam ýakyn dost boluň (12, 13-nji abzaslara serediň).
KYNÇYLYKLAR SEBÄPLI DAŞLAŞMAN, YSNYŞYŇ
14, 15. Är-aýal maşgalada döreýän kynçylygy ýeňmäge näme üçin jan etmeli? Mysal getiriň.
14 Är-aýal hemişe bagtly bolar diýip bolmaz, sebäbi olaryň ikisem günäli. Mukaddes Kitapda «maşgala gurýanlarda täze kynçylyklaryň dörejekdigi» açyk aýdylýar (1 Kor. 7:28). Pawlus şu sözleri aýdanda maşgala guranlarda bolýan kynçylyklary göz öňüne tutdy. Är-aýal kynçylyk dörände ony çözmek we biri-birinden sowaşmazlyk üçin jan etmeli. Näme üçin?
15 Aýdaly, meşhur bina zyýan ýetip, onuň köp ýeri jaýrylýar. Binanyň eýesi ony ýumrup aýyrman, bejermeli diýen karara geler. Ol munuň üçin ýyllar gerek bolsa-da, wagtyny, güýjüni, hatda puluny harç eder. Sebäbi bina onuň arzyly zady. Maşgala ojagy hem mizemez baýlyk. Hatda iň ýakyn dost bolan är-aýallarda hem düşünişmezlik, kynçylyk döreýär. Jaýrylan binany bejerip bolşy ýaly, maşgala ojagynda sowan söýgini tutaşdyryp bolýar. Elbetde, munuň üçin är-aýal güýjüni, wagtyny aýamaly däl. Şonda Ýehowa olaryň maşgalasyny dargatmazlyk üçin jan edýändigini görüp begener (Mel. 2:16). Şeýdip, är-aýal diňe biri-birini däl-de, maşgalany döreden Ýehowany söýýändigini we hormat goýýandygyny görkezer.
16. 1 Korinfliler 13:4—8a-nji aýatlara görä, maşgalanyň dargamazlygyna näme kömek edýär? (Surata we «Dostlugy berkitmäge kömek edýän maslahatlar» diýen çarçuwa serediň).
16 Maşgalada sene-mene dörände derrew aýry ýaşajak bolmaň (1 Kor. 7:10, 11). Gaýtam: «Ýanýoldaşym bilen düşünişip ýaşamak üçin elimde baryny etdimmi?» diýip oýlanyň. Mukaddes Kitapdan söýginiň nähili bolmalydygy barada öwreniň. 1 Korinfliler 13:4—8a-nji aýatlarda (okaň) agzalýan söýgini durmuşda nädip görkezmelidigi hakda oýlanyň. Ýanýoldaşyňyzdan daşlaşmak üçin däl-de, onuň bilen ysnyşmak üçin näme etmelidigiňiz hakda oýlanyň. Maşgala bagtly bolar ýaly ýanýoldaşyňyzyň üýtgetmeli häsiýetleri hakda däl-de, özüňiziň üýtgetmeli häsiýetleriňiz hakda oýlanyň. Ýehowa dileg edip kömek soraň. Size kömek etjek wideolary, edebiýatlary tapyň. Şeýle-de ýaşululardan we ruhy taýdan ösen dogan-uýalardan maslahat soraň. Mukaddes Kitapda maşgala ojagy üç örüm ýüpe meňzedilýär. Şol ýüpüň iň berki Ýehowa. Eger siz Ýehowanyň aýdanyny etseňiz, maşgala ojagy berk hem bagtly bolar (Nes. 4:12).
Maşgalada kynçylyk dörände, bir-birekden daşlaşman, gaýtam ýakynlaşyň (16-njy abzasa serediň).
17. Durmuş guranlar we gurmak isleýänler nädip bagtly bolup biler?
17 Ýehowa her bir gullukçysynyň, maşgala guranlaryň hem, gurmadyklaryň hem bagtly bolmagyny isleýär. Eger sen durmuş gurmak isleýän bolsaň, ömürlik ýanýoldaş saýlanyňda kelte gaýtma. Eger sen durmuş guran bolsaň, ýanýoldaşyň bilen ýakyn dost bolmaga jan et. Ýehowanyň kömegi bilen maşgalaňyzda döreýän kynçylyklary bile çözüň. Şonda söýgüli ýaryň bilen «bagtly döwran sürersiň» (Nes. 9:9).
132-NJI AÝDYM Biz bir beden
a Şol soraglar hakda dogan hem, uýa hem oýlanmaly.
b Birek-biregi gowy tanamaga kömek edýän maslahatlary «Tanyşlyk döwri paýhasly karara geliň» diýen makalanyň «Biri-biriňizi içgin tanaň» sözbaşysyndan okaň (w24.05).