Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w26 Aprel sah. 20—25
  • «Hudaýyň göwünlik berişi ýaly», göwünlik bereliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Hudaýyň göwünlik berişi ýaly», göwünlik bereliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GÖWÜNLIK BERMEK NÄME AŇLADÝAR?
  • NÄDIP GÖWÜNLIK BERMELI?
  • GÖWÜNLIGE MÄTÄÇ BOLANYMYZDA NÄME ETMELI?
  • Beýtelçileri ruhlandyran çäre
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Ýehowa hiç wagt ýeke goýmaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • «Ähli ýas tutýanlara göwünlik beriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Zorlugyň pidasy bolanlara teselli beriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
w26 Aprel sah. 20—25

22—28 IÝUN, 2026

90-NJY AÝDYM Birek-biregi ruhlandyralyň

«Hudaýyň göwünlik berişi ýaly», göwünlik bereliň

«Biz hem Hudaýyň göwünlik berişi ýaly… göwünlik berip bilýäris» (2 Kor. 1:4).

ESASY PIKIR

Ýehowadan görelde alyp, göwünlik bermegi öwreneliň.

1. Biz näme üçin göwünlik bermeli?

BIZ «dürli synaglar sebäpli» kynçylyk çekip ruhdan düşýäris (1 Pet. 1:6). Şonuň üçin göwünlik bermeklerini isleýäris. Başgalaryň bize göwünlik bermegini isleýşimiz ýaly, bizem kynçylyga düşenlere göwünlik bermeli (Mat. 7:12). Ýehowa «her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaý». Ýehowadan görelde alyp, biz birek-birege göwünlik bermeli (2 Kor. 1:3, 4; 1 Sel. 4:18). Ýöne muny borçly bolandygymyz üçin däl-de, dogan-uýalary söýýändigimiz üçin etmeli. Şu makalada biz 1) göwünlik bermegiň näme aňladýandygyny, 2) dogan-uýalara nädip göwünlik bermelidigini, 3) özümize göwünlik berilmegini islesek näme etmelidigini bileris.

GÖWÜNLIK BERMEK NÄME AŇLADÝAR?

2. «Göwünlik» diýip terjime edilen söz näme aňladýar?

2 Mukaddes Kitapda «göwünlik» diýip terjime edilen grek sözüniň giň manysy bar. Ol «ruhlandyrmagy», «öwüt-ündew bermegi» ýa-da «höweslendirmegi» aňladýar (Rim. 12:8). «Göwünlik» diýip terjime edilen söz göni manyda «ýanymda bolaý» diýmegi aňladýar. Şol sözi eşideniňde kömege mätäç dostunyň derrew dadyna ýetişýän adam göz öňüňe gelýär. Elbetde, ol dostuna kömek etmek üçin nähili usul ulansa-da, esasy zat, oňa özüne gelmäge kömek edýär. Şeýdip, dostuna hakykatdan göwünlik berýär.

3. Biz Barnabasdan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

3 Geliň, bir waka seredeliň. I asyrda hemmeleriň dadyna ýetişýän Ýusup atly mesihçi bardy. Resullar oňa Barnabas diýip at dakypdy. Şol at «göwünlik ogly» diýmegi aňladýar (Res. 4:36). Barnabas adyna mynasyp ýaşapdyr. Şol ady alandan soň Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde oňa Ýusup diýip ýüzlenilmändir. Mukaddes Kitapda Barnabasyň mätäç dogan-uýalara kömek edendigi aýdylýar. Meselem, Sawul mesihçi bolansoň, Iýerusalime gaýdýar we şol ýerdäki dogan-uýalar bilen tanyşmak isleýär. Sawul mesihçi bolmanka köpleri yzarlansoň, dogan-uýalar ondan gorkýarlar. Emma Barnabas Sawula ýagşylyk etmäge gorkmaýar. Ol Sawuly resullar bilen tanyşdyrýar (Res. 9:26—28).

Barnabas Sawuly resullar bilen tanyşdyrmak üçin olaryň biriniň öýüne getirýär. Resullar oňa müňkürlik bilen seredýärler.

Barnabas adyna mynasyp ýaşaýardy (3-nji abzasa serediň).


NÄDIP GÖWÜNLIK BERMELI?

4. Biz nädip göwünlik berip bilýäris? (Rimliler 1:11, 12).

4 Mümkinçilik bolsa görmäge baryň. Ýehowa gullukçylaryna dogan-uýalar arkaly göwünlik berýär. Bir gezek Ýehowa perişdesini iberip, Ylýas pygamberi ruhlandyrýar (1 Pat. 19:4—7). Pawlus resulyň dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin olary göresi gelýärdi (Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary okaň). Bizem dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin aýak üstünden baryp gaýtman, olaryň ýanynda biraz oturmaly (1 Kor. 16:7). Eger görmäge baryp bilmeýän bolsak, olara jaň etsek, hat ýa-da SMS ýazsak begenerler. Ýehowa biz arkaly dogan-uýalara göwünlik bermek islände, Oňa ýol berýärismi?

5. Dogan-uýalary ruhlandyrmak käte näme üçin kyn bolup biler?

5 Soňky günlerde ýaşaýyş gitdigiçe kynlaşýar. Dogan-uýalar göwünlik berilmegine hasam mätäç bolýarlar. Biz efesli Onisifordan görelde alyp bilýäris. Pawlus Rimde tussaglykda otyrka, Onisifor ony ruhlandyrmak üçin gözleýär. Munuň üçin Onisifory türmä basyp ýa-da öldürip bilýärdiler (2 Tim. 1:16—18). Russiýadaky dogan-uýalar Onisifordan görelde alyp, imany üçin türmede oturan dogan-uýalary ruhlandyrýarlar. Olar azatlykdan mahrum ediljekdiklerini bilseler-de, tussag edilen imandaşlaryny ruhlandyrmak üçin kazyýete barýarlar. Biz Ýehowanyň geçmişdäki hem häzirki gullukçylaryndan birek-birege göwünlik bermegi we yzarlamalarda şatlygymyzy ýitirmezligi öwrenip bileris. Şonda janymyza howp abansa-da, agyr güne düşen dogan-uýalary ruhlandyrmaga taýyn bolarys.

6. Biz Ýehowadan nädip görelde alyp bileris? (Surata serediň).

6 Sözüni bölmän diňläň. Ylýas pygamberiň janyna howp abananda, ol Ýehowa içini döküp gaýgy-aladasyny aýdýar. Ýehowa Ylýasyň ýagdaýyny we başdan geçirýän duýgularyny bilse-de, ony ünsli diňledi. Ylýas pygamber şol bir zady gaýta-gaýta aýtsa-da, Hudaý onuň sözüni bölmedi (1 Pat. 19:9, 10, 14). Habakuk pygamber daş-töwereginde bolýan zalymlygy we erbetligi görüp, nähili duýgulary başdan geçirýändigini Ýehowa gürrüň berýär. Hudaý hem ony ünsli diňleýär. Habakuk pygamber Ýehowadan näme sebäpden zalymlyga ýol berýändigini soranda, Hudaý oňa gaharlanmaýar (Hab. 1:2, 3). Şu günlerem Ýehowa entek hiç zat aýtmankak ýagdaýymyzy gowy bilýär. Ýöne Ol biziň doga-dileglerimizi ünsli diňleýär. Biz Ýehowadan görelde alyp, dogan-uýalary ünsli diňlemeli. Olar bize ýagdaýyny gürrüň berip durka, aýdasymyz gelýän zady aýtjak bolup, sözüni bölmeli däl. Ýa-da bir zady nädogry aýtsalar, olara gaharlanmaly däl. Şeýle-de olar şol bir zady gaýta-gaýta aýtsalar-da, «diňlemäge taýyn bolmaly» (Ýak. 1:19; Nes. 7:9).

Bir uýa ruhdan düşüp, imandaşyna içini dökýär. Wagt bir çene barsa-da, ol uýany sabyrly diňleýär.

Dogan-uýalar derdini aýdanda, Ýehowadan görelde alyp olary ünsli diňläň (6-njy abzasa serediň).


7. Adama nähili kömegiň gerekdigini nädip bilmeli?

7 Kömek etmek üçin ýagdaýyna düşüniň. Biz Ýehowa ýaly adamlaryň ýüregini görüp bilmeýäris. Olara nähili kömegiň gerekdigini bilmek üçin ünsli diňlemeli. Biz adamyň daşyndan seredip, onuň ýagdaýyna düşünip bilmeris. Adamlar dürli-dürli bolýar. Olar şol bir kynçylyga uçrasa-da, şol bir kömege mätäç bolmaýar. Biz adamlary mähirli diňlemeli we nähili kömegiň gerekdigini bilmek üçin käbir soraglary berip bileris (Nak. 20:5).

8. Isa Marta bilen Merýeme nädip göwünlik berdi? (Surata serediň).

8 Geliň, Isanyň Marta bilen Merýeme nädip göwünlik berendigini bileliň. Olaryň ikisem Lazaryň ölenine gynanyp hasrat çekýärdi. Isa Marta direliş hakda aýdyp göwünlik berýär we imanyny berkidýär. Merýeme bolsa direliş hakda biragyzam aýtmaýar. Gaýtam onuň bilen gynanyp aglaýar we Lazaryň nirede jaýlanandygyny soraýar (Ýah. 11:20—35). Şeýdip, Isa Marta bilen Merýeme göwünlik berende, şol bir usuly ulanmaýar. Biziň üçin sapak: göwünlik bermeli bolanda hemmelere şol bir usuly ulanman, gaýtam adamyň ýagdaýyna düşünip, kömek etjek bolmaly.

Surat: ýaşuly aýaly aýrylan iki dogany ideýär. 1) Ýaşuly aglap oturan doganyň egninde elini goýup göwünlik berýär. 2) Ýaşuly garry dogan bilen suratlaryny görýär, soňra oňa aýat okap berýär.

Adama nähili kömegiň gerekdigine düşünseňiz, göwünlik berip bilersiňiz (8-nji abzasa serediň)a.


9. Biz Mukaddes Kitap arkaly nädip göwünlik berip bileris? (Rimliler 15:4, 5).

9 Mukaddes Kitaba esaslanyň. Eger siz kynçylyga düşen adama Mukaddes Kitapdaky aýatlaryň esasynda göwünlik berseňiz, Ýehowanyň wadalaryna bolan imanyny berkidersiňiz (Rimliler 15:4, 5-nji aýatlary okaň). Şol umyt olaryň göwnüni göterip, Ýehowanyň söýýändigine we aladasyny edýändigine ynamyny artdyrar (Işa. 40:31). Göwünlik berýän aýatlary nädip tapmaly? Siz jw.org saýtyndan göwünlik berýän makalalary tapyp, ondaky aýatlary belläp alyň. Soňra Ýehowa dileg edip, Sözi arkaly göwünlik bermäge kömek soraň. Ýehowa-da mukaddes ruhy arkaly size gerekli wagty aýatlary ýadyňyza salar (Ýahýa 14:26).

10. Biz dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin nähili geplemeli?

10 Mähirli gepleşiň. «Göwünlik» diýip terjime edilen söz asyl nusgada «öwüt-ündew bermek», «höweslendirmek» diýen manylary hem berýär. Käte biz adama göwünlik bermek üçin onuň kynçylyga bolan garaýşyny düzetmeli bolýarys. Şonuň üçin näme diýjekdigimiz hakda oýlanmaly we aýtjak sözlerimizi saýlamaly. Sebäbi biz adamy ruhdan düşürmän, gaýtam ruhlandyrmak isleýäris (Nak. 12:18). Ylýas pygamber Ýehowa: «Ysraýyllar… pygamberleriňi gylyçdan geçirdiler, diňe men galdym. Indi olar meni hem öldürjek bolýarlar» diýdi. Ylýas ýalňyş pikir etse-de, Ýehowa onuň ýalňyşyny göni ýüzüne aýtmaýar. Onuň bilen mähirli gepleşip, garaýşyny düzedýär (1 Pat. 19:15—18). Eger bizem mähirli bolsak we aýtjak sözlerimizi saýlap geplesek, onda dogan-uýalara kömek edip bileris. Ýygnakda nutuk bilen çykyş edenimizde ýa-da jogap berenimizde dogan-uýalary ruhdan düşürmeli däl. Gaýtam aýdýan sözlerimiz ýakymly bolup, olary ruhlandyrmaly we imanyny berkitmeli.

11. Dogan-uýalara kyn ýagdaýda ýene nähili kömek gerek bolýar? (1 Ýahýa 3:18).

11 El kömegini beriň. Kynçylyk çekýän adam diňe göwünlik berilmegine däl, käte el kömegine-de mätäç bolýar (1 Ýahýa 3:18-i okaň). I asyrda ýaşan Barnabas mätäç dogan-uýalara kömek etmek üçin melleginiň bir bölegini satyp, puluny resullara getirip berýär (Res. 4:36, 37). Şu günlerem köp mesihçiler Barnabasdan görelde alyp, dogan-uýalardan kömegini gaýgyrmaýarlar. Polşada ýaşaýan Gabriýela uýanyň öýüni sil alyp, köp ýerine zyýan ýetirýär. Ol dogan-uýalaryň beren goldawy hakda şeýle diýýär: «Men ene-atam bilen bile ýaşaýaryn. Öýümizi suw alanda: „Indi näme etsekkäk? Ony nädip bejererkäk?“ diýip alada etdik. Ýöne golaýymyzdaky ýygnaklardan kömege gelen doganlar öýümizi bir günüň içinde bejerip berdiler. Şonda men Ýehowanyň kynçylyk çekýänlere gullukçylary arkaly kömek edýändigine göz ýetirdim».

12. Kynçylyklarda çydamly bolmagyň nähili peýdasy bar?

12 Çydamly boluň. Selanik şäherindäki dogan-uýalaryň yzarlamalara garamazdan, Ýehowa wepaly gulluk edýändigini eşidip, Pawlusyň imany berkeýär. Ol çeken zähmetiniň hözirini görüp begenýär (1 Sel. 3:5—8). Pawlus özüniňem kynçylyklarda Ýehowa wepaly bolsa, beýleki dogan-uýalaryň imanyny berkidip biljekdigine düşünýärdi (Kol. 2:1, 2). Eger biz kynçylyklarda Ýehowa wepaly bolsak, dogan-uýalary ruhlandyrarys. Olar hem kyn ýagdaýlarda Ýehowanyň kömek etjekdigine asla şübhelenmezler.

13. Ruhdan düşenlere göwünlik bermek üçin ýene näme etmeli?

13 Sabyrly boluň. Ruhdan düşen dogana ýa-da uýa göwünlik berenimizden soň hem, onuň ýagdaýy derrew gowulaşmazlygy ahmal. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda: «Mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň» diýilýär (1 Sel. 5:11). Şu sözler dogan-uýalary gaýta-gaýta ruhlandyrmalydygyny görkezýär. Biz ruhdan düşenlere göwünlik berenimizde sabyrly bolmaly (1 Sel. 5:14). Käte biziň özümizem ruhdan düşüp, göwünlik berilmegine mätäç bolýarys. Geliň, şeýle ýagdaýda näme etmelidigini bileliň.

GÖWÜNLIGE MÄTÄÇ BOLANYMYZDA NÄME ETMELI?

14, 15. Ruhdan düşenimizde näme etmeli?

14 Ýehowadan kömek soraň. Ruhdan düşeniňizde Ýehowadan ýüregiňize giňlik bermegini diläň (Zeb. 94:19). Oňa nähili duýgulary başdan geçirýändigiňizi aýdyň (Zeb. 62:8). Elbetde, siz entek Ýehowa aýtmankaňyz Ol siziň ýüregiňizdäkini bilýär. Emma siz Oňa içiňizi döküp, ýagdaýyňyza düşünýändigine we kömek etjekdigine ynanýandygyňyzy görkezýärsiňiz. Ýehowa iman bilen dileg eden gullukçysyna kömek etmek üçin hökman çykalga açýar (Mar. 11:24). Filipililer 4:6, 7-nji aýatlarda hem Ýehowadan kömek sorap ýalbarsak, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygynyň» ýüreklerimizi we pikirlerimizi gorajakdygy aýdylýar.

15 Dogan-uýalardan kömek soraň. Dostuňyza ýa-da ýaşula ýürek derdiňizi gürrüň beriň. Eger siz dogan-uýalara nähili duýgulary başdan geçirýändigiňizi we ýagdaýyňyzy bolşy ýaly aýtmasaňyz, olar size göwünlik berip bilmezler (Nak. 14:10). Siz olardan ýagdaýyňyz hakda gürrüň bereniňizde ünsli diňlemegi haýyş ediň ýa-da göwünlik berýän aýady, makalany tapmaga kömek soraň.

16. Ruhlandyrjak bolanlarynda nähili ýagdaý bolmagy mümkin we biz nämäni ýatdan çykarmaly däl?

16 Sabyrly we geçirimli boluň. Dogan-uýalar käte ruhlandyrjak bolup, göwnüňize degmegi mümkin. Olaryň aýdan sözi ýa hereketi ýagdaýyňyzy hasam beterleşdirip biler. Şeýle ýagdaýda sabyrly bolup, olardan öýkelemäň (1 Kor. 13:4, 7). Şeýle-de Ýakup 3:2-däki: «Eger kim sözünde ýalňyşlyk goýbermese, ol kämildir» diýen sözleri ýadyňyza salyň. Ýatdan çykarmaň, dogan-uýalar bilgeşleýin göwnüňize degmeýär. Olar hem siziň ýaly günäli adam. Ýagşylyk etmek isleseler-de, käte ýalňyşýarlar (Mat. 26:41).

17. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

17 Biz kyn döwürde ýaşaýarys, şonuň üçin ählimiz hem göwünlik berilmäge we ruhlandyrylmaga mätäç. Durmuş gitdigiçe kynlaşýar, üstesine Hudaýyň duşmanlary bize güýçli gazap bilen topulýar. Şol sebäpli birek-biregi öňküdenem has köp ruhlandyrmaly we göwünlik bermeli. Geliň, birek-birege göwünlik bermek üçin elimizden gelen kömegi gaýgyrmalyň.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Göwünlik bermek näme aňladýar?

  •  Birek-birege nädip göwünlik bermeli?

  •  Göwünlige mätäç bolanymyzda näme etmeli?

130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň

a SURATYŇ BEÝANY: ýaşuly ýaňy-ýakynda aýaly ölen dogany gynanyp diňleýär. Soňra ol birnäçe ýyl mundan öň aýaly ölen başga bir dogany görmäge barýar we olar suratlara seredip, könäni ýatlaýarlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş