Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w26 Aprel sah. 14—19
  • Kynçylyklara Ýehowa ýaly serediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kynçylyklara Ýehowa ýaly serediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • KYNÇYLYKLARA DOGRY GARAÝYŞDA BOLMALY
  • DOGRY GARAÝYŞDA BOLMASAK ZYÝAN ÇEKERIS
  • BAŞYMYZA KYNÇYLYK DÜŞENDE NÄME ETMELI?
  • Beýik Biribara bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowa bizi çydamly edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýehowa hiç wagt ýeke goýmaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
w26 Aprel sah. 14—19

15—21 IÝUN, 2026

122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

Kynçylyklara Ýehowa ýaly serediň

«Agyr günler başyma inse-de, kalbym tabşyryklaryňa baglydyr» (Zeb. 119:143).

ESASY PIKIR

Kynçylyklara Ýehowanyň garaýşy ýaly garasak, olara döz geleris we şatlygymyzy ýitirmeris.

1, 2. Kynçylyklara döz gelmek üçin näme etmeli? (Surata serediň).

ÝEHOWANYŇ köp gullukçylarynyň durmuşy kynçylykdan, «jebir-jepadan» doly (Zeb. 90:10). Käbir dogan-uýalara maşgala agzalary azar berýär, Ýehowa gulluk etmegini bes etdirjek bolýar. Başgalary bolsa wagyz edýändikleri üçin yzarlaýarlar, türmä basýarlar. Käbir dogan-uýalar garrylykdan, keselçilikden kösenýär. Käbirleri bolsa ýakyny aradan çykandygy ýa-da durmuşynda pajygaly ýagdaý bolandygy üçin gaýgy-hasrat çekýär. Belki, siziňem durmuşyňyzda gaýgy-hasrat çekdirýän, alada etdirýän ýagdaýlar bolýandyr.

2 Kynçylyklara döz gelip biler ýaly, olara dogry garaýyşda bolmaly. Näme üçin? Aýdaly, siz ulag sürüp barýarsyňyz. Siz öňüňizden çykan howpy görüp, deňinden sowlup geçýärsiňiz ýa-da ulagyň tizligini peseldýärsiňiz. Ýa bolmasa ulagy wagtlaýyn saklaýarsyňyz. Eger ulagyň aýnasy hapa bolsa, siz howpy görüp ondan gaçyp bilmersiňiz. Durmuşda bolýan kynçylyklary hem şol howpa meňzetse bolýar. Ulagyň arassa aýnasynyň howpy görmäge kömek edişi ýaly, dogry garaýyş hem kynçylyklardan baş alyp çykmaga kömek edýär. Şu makalada biz birinjiden, Ýehowanyň kynçylyklara nähili garaýyşda bolmagymyzy isleýändigini bileris. Ikinjiden, dogry garaýyşda bolmasak nähili zyýan çekjekdigimize serederis. Üçünjiden, başymyza kynçylyk düşende näme etmelidigini öwreneris.

Ulagyň aýnasy hapa bolansoň, sürüji öňündäki böwedi birbada görmeýär.

Kynçylyklara dogry garaýyşda bolsak, baş alyp çykmak aňsat bolar (2-nji abzasa serediň).


KYNÇYLYKLARA DOGRY GARAÝYŞDA BOLMALY

3. Biz näme üçin kynçylykdan gaçyp-gutulyp bilmeris?

3 Kynçylykdan gaçyp-gutulyp bolmaýar. Biziň hemmämiz bikämil, üstesine-de, Şeýtanyň golastyndaky dünýäde ýaşaýarys. Şonuň üçin hemmämiz kynçylyk çekýäris. Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, kynçylyklar hasam köpeler. Adamlar köp ýerlerde bolýan tebigy betbagtçylykdan we erbet adamlaryň edýän zalym işlerinden kösenerler (Mat. 24:8; 2 Tim. 3:13). Elbetde, Ýehowa gelejekde şol kynçylyklary aýrar. Ýöne häzir aýyrsa, Şeýtana şu dünýäde höküm sürmäge kömek eden ýaly bolardy. Şeýtan höküm sürýärkä, biziň kynçylykdan gözümiz açylmaz (Nes. 9:12).

4. Biz ýene näme sebäpden kynçylyk çekýäris?

4 Isanyň şägirdi bolandygymyz üçin kynçylyk çekýäris. Isa köplenç şägirtlerine yzyna eýerýändigi üçin yzarlanjakdygyny aýdýardy (Mat. 24:9; Ýah. 16:2). Biz Isanyň şägirdi bolandygymyz üçin yzarlanjakdygymyzy bilýäris we Hudaýa wepaly galmak isleýäris (1 Sel. 3:3, 4). Eger kynçylyklarda çydamly bolsak, dogry ýoldan ýöreýändigimize we Ýehowanyň hem-de Isanyň ebedi ýaşaýşa ýetirjekdigine ynanyp bileris. Şeýle-de biz Hudaýa wepaly bolsak, ýalançy Şeýtanyň däl-de, Ýehowanyň tarapyndadygymyzy görkezeris. Şeýtan häli-häzire çenli: «Adamlar Hudaýy gowy görmeýär, Oňa öz peýdasy üçin sežde edýär» diýip töhmet atýar. Şonuň üçin ol Hudaýyň halkyna has-da güýçli topulýar (Eýp. 1:9—11). Ýöne biz çydamly bolsak, Ýehowany söýýändigimizi subut ederis we Onuň ýüregini şatlandyrarys (Nak. 27:11).

5. Nesihat 7:13, 14-nji aýatlardan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

5 Ýehowa kynçylyklaryň öňüni almaýar. Hudaý hiç bir adama erbetlik etmeýär ýa-da zyýan ýetirmeýär (Ýak. 1:13). Ýöne näme üçin Süleýman patyşa: «Ýaman günem hak Hudaý berdi» diýip ýazdy? (Nesihat 7:13, 14-nji aýatlary okaň). Mukaddes Kitabyň başga ýerlerinde aýdylyşy ýaly, Ýehowa hiç haçan erbetlik etmeýär. Ýöne Ýehowa erbetlikleriň öňüni hem almaýar. Süleýman patyşa kynçylyklarda dogry garaýyşda bolar ýaly gowy maslahat berdi. Birinjiden, biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýarys. Şonuň üçin durmuşda gowy günlerem, erbet günlerem bolar. Biz her bir gowy günümize Ýehowanyň sowgady hökmünde garamaly we Oňa edýän ýagşylyklary üçin minnetdarlyk aýtmaly. Ikinjiden, ol ertirki günümiziň nähili boljakdygyny bilmeýändigimizi ýatlatdy. Şonuň üçin hiç bir adam ertirki gününiň gowy ýa erbet boljakdygyny bilip bilmeýär. Diýmek, gowy adamlaryňam, erbet adamlaryňam başyna kynçylyk düşüp bilýär.

Surat: bir adam howlusyndaky ekini hasyl berende begenýär, guranda bolsa gynanýar. 1) Ol gyzaryp bişen pomidorlary ýygýar. 2) Başga bir gün bolsa pomidorlarynyň gurandygyna gynanýar.

Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýandygymyz üçin käte şatlykly, käte bolsa gaýgyly günleriň boljakdygyny ýatdan çykarmalyň (5-nji abzasa serediň).


6. Ýehowa näme üçin kynçylyklaryň öňüni almaýar? (Ýewreýler 12:7, 11).

6 Kynçylyklara dogry garaýyşda bolsak, özümize däl-de, Ýehowa bil baglamagy öwreneris. Ýehowa biziň başymyza düşen ýagdaýlary bilýär. Kösenenimizde gynanýar we hemişe kömek edýär. Biz «tüm-garaňky jülgeden ýöresek-de», ýagny kynçylyklar sebäpli kösensek-de, Ýehowa bize ýol görkezýär, söýýändigine ynandyrýar we çydamaga güýç berýär (Zeb. 23:4). Mundan başga-da, biz kynçylyklarda özümizi gowy tanap bilýäris. Ejiz we gowşak taraplarymyzy görüp, olary düzedip bilýäris (Ýewreýler 12:7, 11-nji aýatlary okaň). Meselem, Eýýup pygambere pesgöwünlilik ýetmeýärdi. Elbetde, Ýehowa Eýýubyň başyna kynçylyk indermedi. Ýöne Eýýup sapak ediner ýaly, kynçylyklarynyň öňüni hem almady (Eýp. 42:1—6). Görşümiz ýaly, Ýehowa kynçylyklaryň öňüni almasa-da, olardan baş alyp çykmaga kömek edýär we bereket berýär (Rim. 8:35—39).

7. Yzarlansak-da näme üçin şatlanyp bileris?

7 Yzarlansak-da şatlanyp bileris. Hudaýa gulluk edýändigimiz üçin yzarlasalar: «Ýehowa maňa kömek etmeýär, Ol menden razy däl» diýip pikir etmeli däl. Gaýtam yzarlamalar Ýehowanyň bizden razydygyny görkezýär (Mat. 5:10—12). Hudaýa gulak asýandygymyz üçin yzarlanýandygymyza düşünsek, resullar ýaly şatlanarys (Res. 5:40—42). Yzarlamalarda berk dursak, adamlara Ýehowa barada hakykaty bilmäge kömek ederis we «Hudaýy şöhratlandyrarys» (1 Pet. 2:12). Ýehowa Ýusuby türmeden çykansoň däl-de, heniz türmedekä goldap bereketledi. Edil şonuň ýaly, kynçylyklarda Ýehowa biziňem dadymyza ýetişer (1 Mus. 39:3, 23).

8. Kynçylyklarda Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek eder?

8 Kynçylyklaryň soňy hökman geler. Kynçylyklar şu dünýäde başymyzy alyp durmaýar. Emma ähli kynçylyklaryň soňy täze dünýäde geler. Muny Eýýubyň durmuşyndan görse bolýar. «Ýehowa Hudaý Eýýuba öňküsindenem has köp bereket berdi» (Eýp. 42:12). Edil şonuň ýaly, Ýehowa bize täze dünýäde pikir edişimizden hem köp bereketleri berer. Häzir ömrümiz örän gysga, özem kynçylykdan doly. Ýöne biz gelejekde durmuşdan ebedi lezzet alyp ýaşarys. Her birimiziň Ýehowanyň wada beren täze dünýäsini gözümiz bilen göresimiz gelýär. Şol günlere ýetmek üçin Ýehowa wepaly gulluk edeliň (Mat. 24:13).

DOGRY GARAÝYŞDA BOLMASAK ZYÝAN ÇEKERIS

9. Kynçylyklara dogry garaýyşda bolmasak näme bolar?

9 Kynçylyklara dogry garaýyşda bolmasak ýagdaýy has-da kynlaşdyrarys. Başymyza inýän kynçylyklary Ýehowadan görmegimiz mümkin. Eýýup başda kynçylyklaryny Ýehowadan görüp, «Hudaýy däl-de, özüni dogry hasaplady» (Eýp. 32:2). Edil şonuň ýaly, Nagomy hem başda çekýän hasratyny Ýehowadan görüpdi (Rut 1:13, 20, 21). Eger Eýýup bilen Nagomy garaýşyny düzetmedik bolsa, Ýehowa gaharlanyp, Oňa gulluk etmegini bes ederdiler (Nak. 19:3). Ýehowa olara ýamanlyk etmän, gaýtam aladasyny edýändigine düşünmäge kömek etdi, wepaly bolandyklary üçin bereketledi.

10. Kynçylyk başymyza düşende nämä şübhelenmegimiz mümkin?

10 Biz kynçylyklarda Ýehowany günäkärlemesek-de, aladamyzy edýändigine şübhelenmegimiz mümkin. Şonda ruhdan düşüp, Oňa gulluk edesimiz gelmez (Nak. 24:10). Köp kynçylyklary başdan geçiren Dawut we Habakuk pygamberler käte Ýehowanyň dileglerini eşidýändigine şübhelenipdirler (Zeb. 10:1; Hab. 1:2). Ýöne olar Ýehowa dileg etmegini goýmandyrlar. Ýehowa hem olaryň dilegine jogap berip kömek etdi. Ýehowanyň size-de kömek etjekdigine şübhelenmäň (Zeb. 10:17).

11. Kynçylyk başymyza inende ruhdan düşmez ýaly näme etmeli?

11 Biz: «Ýehowa kösenmegimize ýol bermez» diýip pikir etsek, kynçylyk bolanda ruhdan düşeris (1 Pet. 4:12). Isanyň şägirtleri bilenem şeýle bolupdy. Isa olara özüniň yzarlanjakdygyny, öldüriljekdigini aýtsa-da, olar muňa ynanmadylar (Luka 18:33, 34). Meselem, Petrus: «Hudaý Oglunyň ejir çekmegine hiç haçan ýol bermez» diýip pikir edýärdi. Isa ejir çekmeginiň, öldürilmeginiň Ýehowanyň islegidigine şübhelenmeýärdi. Emma ol Petrus ýaly pikir eden bolsa, Hudaýa gulak asyp bilmezdi. Şonuň üçin ol Petrusy şol bada düzedýär (Mar. 8:31—33). Hatda Isa ölensoň hem şägirtleri onuň näme üçin ölendigine şol wagt düşünmediler. Ýöne Isa olary söýýärdi we kömek etmegini bes etmedi. Ol direlensoň şägirtlerine görnüp, «mukaddes kitaplardaky özi hakda ýazylan zatlary düşündirdi» we näme üçin ejir çekendigini aýtdy (Luka 24:25—27, 32, 44—48). Şägirtleriň Isadan öwrenen zatlary olary öňünde boljak synaglara taýýarlady. Bizem Mukaddes Kitapdan yzarlamalar we synaglar barada öwrenip, olara taýýarlanyp bileris.

12. Kynçylyklara dogry garaýyşda bolmasak özümizi nähili duýarys?

12 Eger biz kynçylyklara dogry garaýyşda bolmasak, olar bolşundan has agyr görner. Munuň nädip şeýle bolýandygyny Isa üzümçilik baradaky mysalynda düşündirdi. Üzümçilikdäki işgärleriň käbiri özüni haky iýlen ýaly duýup nägile boldular. Ýöne üzümçiligiň eýesi olaryň birine: «Dostum, men adalatsyzlyk etmedim» diýdi (Mat. 20:10—13). Dogrudanam, hojaýyn işgärleriň hakyny iýmedi. Emma olar hojaýyndan köp ýa-da garaşmaly däl zada garaşandygy üçin nägile boldular. Şu günler hem käbir dogan-uýalar guramada isleýän borjuna ýetip bilmese ýa-da ony goýmaly bolsa, özüne adalatsyzlyk edilen ýaly duýmagy mümkin. Şunuň ýaly kyn ýagdaýlarda dogry garaýyşda bolmaga bize näme kömek edip biler?

BAŞYMYZA KYNÇYLYK DÜŞENDE NÄME ETMELI?

13. Kynçylyga düşenimizde nähili pikirleriň döremegi mümkin?

13 Ýehowanyň gullukçylary kynçylyklaryň boljakdygyny bilýärler. Ol hakda Mukaddes Kitapda aýdylýar. Olar köplenç kynçylyga düşen adamy Mukaddes Kitapdaky aýatlar arkaly ruhlandyrýarlar. Ýöne kynçylyk öz başymyza düşende dogry garaýyşda bolmak, oňa döz gelmek aňsat bolmaýar. Şeýle ýagdaýda biz erbet iş edip Ýehowadan temmi alýandyrys ýa-da Hudaý dileglerimizi diňlemeýändir öýtmegimiz mümkin. Geliň, dogry garaýyşda bolmaga kömek edýän maslahatlara seredeliň.

14. Kynçylyga düşenimizde näme hakda doga edip bileris? (Filipililer 4:13).

14 Ýehowadan kömek soraň. Ýehowa doga edip kynçylygyňyzy, başdan geçirýän duýgularyňyzy gürrüň beriň. Ýehowanyň nädip kömek etmegini isleýän bolsaňyz, Oňa açyk aýdyň. Kynçylyga döz gelmäge güýç hem akyldarlyk berer ýaly mukaddes ruhuny diläň. Ýöne ýatdan çykarmaň, Ýehowa siziň dilegiňize pikir etmedik usulyňyz arkaly hem jogap berip biler (Efes. 3:20). Belki, Ýehowa size perişdeler ýa-da dogan-uýalar arkaly kömek eder (Zeb. 34:7). Şonuň üçin Hudaýyň nädip kömek edýändigine ünsli boluň we minnetdarlyk aýdyň. Ýehowa size kömek etmek üçin mukaddes ruhuny näçe gerek bolsa berer we islendik kynçylykdan alyp çykar (Filipililer 4:13-i okaň).

15. Kynçylyga düşeniňizde näme etmegi goýmaly däl? (Surata serediň).

15 Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidýän işleri etmegi goýmaň. Kynçylyga düşeniňizde ruhy işleri öňkiňiz ýaly edip bilmezligiňiz ahmal. Ýöne şol döwür Ýehowanyňky ýaly garaýyşda bolmak has wajyp. Şol sebäpli dogry garaýyşda bolmaga kömek etjek zatlary okaň we diňläň (Zeb. 119:143). Mukaddes Kitaby her gün okaň, okan zatlaryňyz barada oýlanyň we çuňňur gözleg geçiriň. Yzygiderli wagza çykyň, ýygnak duşuşyklaryna baryň we jogap beriň. Dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyň, sizi olardan çetleşdirjek zatlardan bolsa daşlaşyň (Nak. 18:1).

Hassahanada ýatan dogan Internet arkaly «Garawul diňi» duşuşygyna gatnaşýar. Ol «Garawul diňi» žurnalyndan makalany we Mukaddes Kitapdan aýatlary yzarlaýar.

Ýehowa ýakynlaşmaga we kynçylyklara döz gelmäge kömek edýän işleri goýmaň (15-nji abzasa serediň).


16. Kynçylyga düşenimizde nämelere şübhelenmegimiz mümkin we olary nädip ýeňmeli? (2 Korinfliler 10:4, 5).

16 Şübhäni aýryň. Kynçylyk başyňyza inende özüňiz we Ýehowa baradaky nädogry pikirler «berk gala» ýaly daşyňyzy gabamagy mümkin (2 Korinfliler 10:4, 5-nji aýatlary okaň). Nädogry pikirleri ýeňmek üçin näme etmeli? Mukaddes Kitap we guramanyň çykarýan edebiýatlary arkaly Ýehowanyň garaýşyny öwreniň. Aýdaly, Ýehowanyň sizden razydygyna şübhelenýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda Pawlus hakda gözleg geçiriň. Pawlus yhlasly wagyz etse-de, köp kynçylyklara duş gelýärdi. Ýöne ol wagyz etmegini goýmady. Ýehowanyň we Isanyň özünden razydygyna berk ynanýardy (2 Kor. 11:23—27). Ýa-da siz öňki eden günäleriňiziň bagyşlanandygyna şübhelenýän bolsaňyz, Ýehowanyň günäleri bagyşlaýandygy hakdaky aýatlary tapyň (Işa. 43:25). Olary okaň we oýlanyň (Zeb. 119:97). Ýa bolmasa, dogan-garyndaşlardan biri aradan çykan bolsa, Ýehowanyň gullukçylaryny goraýandygyna şübhelenip başlansyňyz. Onda edebiýatlarymyzdan Ýehowanyň kynçylyklara näme üçin ýol berýändigi we nähili ýagdaý bolsa-da, hiç bir zadyň bizi Ondan aýra salyp bilmejekdigi hakda gözleg geçiriň (Zeb. 91:9—12). Mundan başga-da, agyr kynçylyklara duş gelse-de, şatlygyny ýitirmän Ýehowa gulluk edýän dogan-uýalar hakda okaň.

17. Başymyza kynçylyk düşende näme etmeli?

17 Belki-de, häzir siziň durmuşyňyzda hemme zat ýag ýalydyr. Munuň üçin Ýehowa minnetdarlyk aýdyň (Nes. 7:14). Ýagşylyklary hakda oýlanyp, Ony şöhratlandyryň. Başyňyza kynçylyk düşende bolsa dogry garaýyşda boluň, Ýehowa bil baglap ýaşaň. Şonda Ýehowa «synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga açar» (1 Kor. 10:13). Emma dogan-uýalaryň başyna kynçylyk düşende olara nädip kömek etmeli? Bu hakda indiki makalada giňişleýin düşündirilýär.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Kynçylyklara dogry garaýyşda bolmaga näme kömek edýär?

  •  Kynçylyklara dogry garaýyşda bolmasak nähili zyýan çekeris?

  •  Başymyza kynçylyk düşende näme etmeli?

150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş