1—7 IÝUN, 2026
111-NJI AÝDYM Şatlanyň!
Ýigrenseler-de biz bagtly
«Adamlar sizi ýigrenende... bagtlysyňyz» (Luka 6:22).
ESASY PIKIR
Ýehowa gulluk edýändigimiz üçin ýigrenseler-de, bagtly bolup bileris.
1. Isa näme diýdi we onuň sözleri näme üçin geň galdyrýar?
ISA pygamber Dagdaky wagzynda: «Adamlar sizi ýigrenende... bagtlysyňyz» diýdi (Luka 6:22). Isany diňläp oturan adamlar onuň aýdanlaryna geň galandyrlar. Sebäbi hiç birimiz adamlaryň bizi ýigrenmeklerini islemeýäris. Isa näme üçin şeýle sözleri aýtdyka? Gyzykly sorag, şeýle dälmi?! Isanyň şägirtlerini şu günlerem köp adamlar ýigrenýär. Biz makalada adamlaryň bizi näme sebäpden ýigrenýändigi we ýigrenseler-de näme üçin bagtly bolup bilýändigimiz hakda gürrüň ederis.
NÄME ÜÇIN ÝIGRENÝÄRLER?
2, 3. Mesihçileri näme üçin yzarlaýarlar we biz garşy çykýan adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly? (Ýahýa 16:2, 3).
2 Ýehowa gulluk edýändigimiz üçin ýigrenýärler. Isa şägirtlerini yzarlan, hatda olaryň käbirini öldüren adamlar hakda şeýle sözleri aýtdy: «Olar... Atany-da, meni-de tanamaýarlar» (Ýahýa 16:2, 3-nji aýatlary okaň). Aslynda, Hudaýyň halkyna kim garşy çykýar? Elbetde, Şeýtan. Ol «şu dünýäniň taňrysy» (2 Kor. 4:3, 4). Şeýtan adamlaryň Ýehowany tanamagyny islemeýär. Şonuň üçin adamlary Hudaýyň gullukçylaryna garşy çykar ýaly edýär (Ýah. 8:42—44). Biz garşy çykýan adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly? Adamlaryň Şeýtanyň täsirine düşýändigine düşünýäris, şol sebäpli olary ýigrenmeýäris.
3 Geliň, wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan Pawela hakda gürrüň edeliň. Ony Ýehowa sežde edýändigi üçin tussag edýärler, it ýenjen ýaly ýençýärler we birnäçe aýlap bir adamlyk gözenekde saklaýarlar. Pawel şeýle gürrüň berýär: «Men Şeýtanyň we jynlaryň Ýehowa sežde etdirmejek bolýandygyny bilýärdim. Türmäniň işgärleriniň köpüsi bizi ýigrenmeýärdi. Olar diňe özlerine tabşyrylan işi ýerine ýetirýärdiler». Horwatiýada ýaşaýan bir dogana ene-atasy Ýehowa gulluk edýändigi üçin azar baryny berýär. Ol: «Meniň ganym duşmanym ene-atam däl-de, Şeýtan» diýýär (Efes. 6:12).
4. Isa bilen Stefanusdan näme öwrenýäris? (Surata serediň).
4 Biz duşmanlarymyzy ýigrenmeýäris, gaýtam olar üçin dileg edýäris (Mat. 5:44). Isa bilen Stefanus bize gowy görelde görkezdi. Rim esgerleri Isany pürse çüýleýärler. Şonda Isa: «Atam, olary bagyşla» diýip, Ýehowadan esgerleriň günäsini geçmegini haýyş edýär (Luka 23:34). Isa märekäniň duşmanlarynyň täsirine düşüp, ony öldürmegi talap edýändigine düşünendir. Ol adamlaryň näme edýändigine düşünmeýändigini bilýärdi. Stefanus hem Hudaýdan özüni daşlan adamlary bagyşlamagyny ýalbardy (Res. 7:58—60). Ýehowa Isa bilen Stefanusyň dilegine jogap berdimi? Elbetde, Isany ölüme tabşyran adamlaryň köpüsi wagtyň geçmegi bilen toba edip, oňa iman etdiler. Isanyň şägirdi bolup, suwa çümdürildiler (Res. 2:36—41). Stefanusyň öldürilmegini goldan tarsusly Sawul hem soňra Isanyň şägirdi bolýar we eden işine ýürekden ökünýär (1 Tim. 1:13).
Isa bilen Stefanusdan görelde alyp, bizi yzarlaýan adamlar üçin doga edip bileris (4-nji abzasa serediň).
5. Sezar bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
5 Ýehowa şu günlerem bize garşy çykýan adamlar üçin edýän dileglerimize jogap berýär. Geliň, Wenesuelada ýaşaýan Sezar hakda gürrüň edeliň. Kakasy oňa hakykat ýolunda ýöreýändigi üçin azar baryny berýär. Sezar şeýle gürrüň berýär: «Meniň ejem hem gowy aýal, hem gowy eje. Ol hemişe Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýardy. Ol kakamy hem närazy etmeýärdi. Ejem bize kakama hormat goýmagy öwredýärdi. Şeýle-de kakamyň talap edýän zatlary Hudaýyň islegine garşy gelmeýän bolsa, oňa hormat goýup gulak asmalydygyny öwredýärdi». Birnäçe ýyldan soň Sezaryň kakasynyň garaýşy üýtgeýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Bir gezek men Ýehowa doga etdim we kakama Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip etdim. Ol hem ylalaşdy. Şonda begenjimiň çägi bolmady». Şeýdip, Sezaryň kakasy Mukaddes Kitapdan okuw geçýär we suwa çümdürilýär. Elbetde, bize garşy çykýan adamlaryň hemmesi hakykata gelmeýär. Emma hormat goýýandygymyzy we edim-gylymymyzy görüp, olaryň köpüsiniň ýüregi ýumşaýar. Olar Ýehowanyň Şaýatlarynyň erbet adamlar däldigine göz ýetirenlerinde örän begenýäris. Biz adamlaryň «ýer ýüzüniň Kazysy» Ýehowany tanap, hakykata geljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (1 Mus. 18:25).
6. Markus 13:13-e görä, adamlar bizi näme üçin ýigrenýär?
6 Isanyň şägirdi bolandygymyz üçin ýigrenýärler. Isa mesihçilere: «Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener» diýdi (Markus 13:13-i okaň). Käbir terjimelerde bolsa Isanyň «adyna iman edýändigimiz üçin» adamlaryň bizi ýigrenjekdigi aýdylýar. Isanyň «ady» diýlende onuň ornuny we Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolmaga haklydygyny görkezýär. Biz adamlar ýaly ýerdäki patyşalara däl-de, Ýehowanyň bütin ýer ýüzüniň üstünden bellän patyşasyna, ýagny Isa Mesihe bil baglaýarys. Şol sebäpli adamlar bizi ýigrenýärler. Emma adamlaryň bize garşy çykmagy we ýigrenmegi uzak dowam etmez. Sebäbi Isa 1914-nji ýyldan bäri höküm sürýär. Ol tizden ähli hökümetleri ýok eder.
7, 8. Käbir adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryny ýene näme sebäpden ýigrenýärler? (Ýahýa 15:18—20; surata serediň).
7 Şu dünýäden däldigimiz üçin ýigrenýärler. Isa şägirtlerine: «Siz dünýäden däl... Şonuň üçin dünýä sizi ýigrenýär» diýdi (Ýahýa 15:18—20-nji aýatlary okaň). I asyrdaky mesihçiler ýaly biziňem garaýşymyz, özümizi alyp barşymyz we gep-sözümiz şu dünýädäki adamlaryňky ýaly däl. Şol sebäpli adamlar köp dogan-uýalary mekdepde, işde kemsidýärler, üstünden gülýärler we azar berýärler (1 Pet. 4:3, 4). Emma wagtyň geçmegi bilen, käbir adamlaryň Ýehowanyň Şaýatlaryna bolan garaýşy üýtgäp, hormat goýýandygyny görenimizde begenýäris.
8 Geliň, Merkezi Amerikada ýaşaýan Ignasio hakda gürrüň edeliň. Ony mekdepde mugallymlarynyň biri Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygy üçin kemsidýärdi. Ýöne okuwy tamamlamanka mugallymy Ignasiodan adamlar hormat goýmasa-da, näme üçin Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşaýandygyny soraýar. Ignasio mugallymyna Hudaýyň kada-kanunlarynyň ony köp zatda goraýandygyny aýdýar. Soňra mugallymyny ýygnak duşuşygyna çagyrýar, ol hem gelýär. Mugallymy ýygnakda dogan-uýalaryň söýgüsini, mähirli gepleşýändigini görüp haýran galýar. Soňra Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ignasio ýaly mugallymy hem garşylyklara duş gelýär. Emma şonda-da Mukaddes Kitapdan okuw geçmegini dowam edip, ruhy taýdan ösýär we suwa çümdürilýär.
Biz näçe ýaşymyzda bolsak-da, batyrgaýlyk bilen imanymyzy gorap bileris (8-nji abzasa serediň)b.
9, 10. a) Mesihçiler şu dünýädäki adamlardan nämede tapawutlanýar? b) Pawlus resuldan näme öwrenýäris?
9 Biz şu dünýäden däldigimiz üçin syýasata we uruşlara goşulmaýarys (Ýah. 18:36). Biz Rimliler 13:1-däki maslahata eýerip, ýaşaýan ýurdumyzyň kanunlaryna gulak assak-da, syýasy meselelere goşulmaýarys. Şonuň üçin saýlawlara gatnaşmaýarys we ses bermeýäris. Biz diňe Ýehowa we Onuň Patyşalygyna wepaly bolmagy saýladyk. Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsini hak Hudaýa gulak asýandygy üçin türmä basýarlar. Emma dogan-uýalar türmede-de wagyz etmegini bes etmeýärler. Olar birnäçe ýyllap öý tussaglygynda we türmede oturan Pawlusyň göreldesine eýerýärler (Res. 24:27; 28:16, 30). Pawlus türmede bolsa-da, mümkinçilik dörände wagyz edýärdi. Ol türmäniň gözegçilerine, kazyýet işgärlerine, hökümdarlara we patyşalara wagyz etdi. Pawlus hatda Rim imperatory Nerona hem wagyz eden bolmaly (Res. 9:15).
10 Şu günlerem türmede oturan dogan-uýalar kazylara, hökümet ýolbaşçylaryna we garawullara wagyz edýärler. Bitaraplygy saklandygy üçin alty ýyldan gowrak türmede oturan dogan şeýle diýýär: «Men türmä jeza hökmünde däl-de, Ýehowanyň akýürekli adamlara hoş habary wagyz etmek üçin tabşyran ýumşy hökmünde garaýaryn». Ýehowanyň biz arkaly akýürekli adamlara hoş habary ýetirýändigine diýseň minnetdar (Kol. 4:3). Geliň, indi Ýehowa gulluk edýändigimiz sebäpli ýigrenseler-de, näme üçin bagtly bolup bilýändigimiz hakda gürrüň edeliň.
ÝIGRENSELER-DE, NÄME ÜÇIN BAGTLY BOLUP BILERIS?
11. Synaglar nädip imanymyzy berkidýär? Mysal getiriň.
11 Pygamberlik ýerine ýetýär. Ýehowa ilkinji pygamberlikde Şeýtanyň we onuň nesliniň, ýagny yzyna eýerýän adamlaryň gullukçylaryny ýigrenjekdigini aýtdy (1 Mus. 3:15). Şol pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isa-da dünýäniň bizi ýigrenjekdigini belläp geçdi (Mat. 10:22; Mar. 13:9—12; Luka 6:22, 23; Ýah. 15:20). Mukaddes Kitaby ýazan beýleki adamlar hem ol hakda aýtdylar (2 Tim. 3:12; Ýak. 1:2; 1 Pet. 4:12—14; Ýahd. 3, 17—19). Şonuň üçin bizi yzarlanlarynda, garşy çykanlarynda geň galmaýarys. Gaýtam Mukaddes Kitapdaky pygamberligiň ýerine ýetýändigine begenýäris. Yzarlamalar, garşylyklar biziň hak Hudaýa sežde edýändigimizi subut edýär. Wagyz işi çäklendirilen ýurtda ýaşaýan uýa şeýle gürrüň berýär: «Men özümi Ýehowa bagyş edenimden soň iru-giç garşylyklaryň, synaglaryň boljakdygyny bilýärdim. Şonuň üçin yzarlama bolanda ýa-da garşy çykanlarynda geň galmaýaryn we gorkmaýaryn». Uýanyň Ýehowa gulluk etmegine kes-kelläm garşy çykanlaryň biri onuň äridi. Äri oňa azar berýärdi, hatda Mukaddes Kitabyny we edebiýatlaryny ýakypdy. Uýa synaglarda gorkup, Ýehowa gulluk etmegini bes etmedi. Gaýtam onuň imany hasam berkedi (Ýew. 10:39). Uýa sözüni şeýle dowam edýär: «Men synaglaryň boljakdygyny bilýärdim, sebäbi ol hakda pygamberlik edilendi. Garşylyklara duş gelenimde, hakyky dini tapandygyma göz ýetirdim».
12. Türmede oturan dogana synaglara döz gelmäge näme kömek etdi?
12 Biz synaglaryň boljakdygyny bilsek-de, başymyza gelende oňa döz gelmek aňsat bolmaýar. Türmede oturan bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Käte men alada edip ruhdan düşýärdim, hatda aglaýardym». Dogana şeýle ýagdaýlardan baş alyp çykmaga näme kömek etdikä? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men her gün Hudaýa dileg edýärdim. Günüň dowamynda kyn ýagdaýlar bolanda Ýehowadan kömek soraýardym. Azar berenlerinde bolsa, hammama girip gapysyny gulplaýardym-da, Ýehowa içimi dökýärdim». Şeýle-de dogan Ýehowanyň geçmişdäki we häzirki gullukçylarynyň wepalylygy hakda oýlanýar. Şeýdip, ol synaglara döz gelýär we Isanyň şägirtlerine wada berişi ýaly, ýüreginde parahatlygy saklaýar (Ýah. 14:27; 16:33).
13. Bizi ýigrenenlerinde ruhdan düşmezlige näme kömek edýär?
13 Söýgi ýigrençden üstün çykýar. Isanyň Atasyna bolan söýgüsi soňky demine çenli sowamady. Ol dostlaryny hem ýürekden söýýärdi (Ýah. 13:1; 15:13). Eger Isa ýaly Ýehowany hem-de dogan-uýalary ýürekden söýsek, bizi ýigrenenlerinde ruhdan düşmeris. Pawlus resulyň mysaly muňa has gowy düşünmäge kömek edýär.
14. Pawlusa Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek etdi?
14 Öldürilmezinden biraz wagt öň, Pawlus dosty Timoteosa şeýle sözleri ýazdy: «Hudaý gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi... berdi» (2 Tim. 1:7). Pawlus näme diýjek bolduka? Eger mesihçi Ýehowany bütin ýüregi bilen söýse, hatda kyn ýagdaýlarda-da berk durup bilýär (2 Tim. 1:8). Pawlus Ýehowa gulluk edýändigi üçin öldüriljekdigini bilýärdi. Ýöne ol Ýehowany ýürekden söýýändigi üçin soňky demine çenli wepaly boldy (Res. 20:22—24).
15. Dogan-uýalar imandaşlaryna söýgüsini nädip görkezýärler? (Surata serediň).
15 Biz synaglarda, yzarlamalarda berk durýan dogan-uýalary söýýäris. Pawlus üçin janyny howp astyna salan Akila bilen Priska ýaly şu günlerem käbir dogan-uýalar yzarlanjakdygyny bilseler-de, imandaşlaryna söýgüsini görkezýärler (Rim. 16:3, 4). Meselem, Russiýadaky dogan-uýalaryň köpüsi tussag edilen imandaşlaryny ruhlandyrmak üçin kazyýet jaýynyň öňüne üýşýärler. Tussag edilen uýalaryň biri kazyýet jaýynyň öňüne üýşen dogan-uýalary görüp, begenjinden ýaňa damagy dolup dili tutulýar. Dogan-uýalaryň görkezen söýgüsi onuň güýjüne güýç goşýar. Dogrudanam, söýgi ýigrençden üstün çykýar. Şol söýgi hem bizi bagtly edýär.
Wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýerdäki dogan-uýalar janaýamaz söýgüsini görkezýärler (15-nji abzasa serediň)c.
16. Petrus näme üçin yzarlanýanlaryň bagtlydygyny aýtdy? (1 Petrus 4:14).
16 Ýigrenenlerinde çydamly bolsak, Hudaýy razy edýäris (1 Petrus 4:14-i okaň). Petrus resul Hudaýa gulluk edýändigi üçin yzarlanýanlaryň bagtlydygyny aýtdy. Sebäbi yzarlamalar, synaglar Hudaýyň ruhunyň «üstümize inýändigini» subut edýär. Ol yzarlamalarda berk durup, Hudaýy razy etmekden gowy zadyň ýokdugyna düşünýärdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden biraz wagt geçensoň, ýehudylaryň ybadathanasyndaky garawullara Petrus bilen resullary wagyz edýändigi üçin tutup getirmegi tabşyrýarlar. Emma Petrus olardan gorkmaýar we imanyny goraýar (Res. 5:24—29). Petrus bilen resullary gamçylasalar-da, wagyz etmegini bes etmeýärler. Gaýtam «Isanyň ady üçin masgara bolandyklaryna begenýärler». Bizem şol şägirtler ýaly kyn ýagdaýlarda şatlygymyzy ýitirmän bileris (Res. 5:40—42).
17. Ölüminiň öň ýanyndaky gije Isa şägirtlerine näme diýdi?
17 Ölüminiň öň ýanyndaky gije Isa şägirtlerine: «Meni söýýän adamy Atam hem söýer. Men hem ol adamy söýerin» diýýär (Ýah. 14:21). Tizden adamlar bizi ýigrenmän, gaýtam Ýehowa sežde edýändigimiz üçin söýerler (2 Sel. 1:6—8). Emma şol günler gelýänçä, bizi ýigrenseler-de, şatlanyp ýaşamaga köp sebäbiň bardygyny ýatdan çykarmalyň.
149-NJY AÝDYM Ýeňiş aýdymy
a Käbir atlar üýtgedildi.
b SURATYŇ BEÝANY: Ignasionyň mugallymyna wagyz edişi suratlandyrylýar.
c SURATYŇ BEÝANY: dogan-uýalaryň tussag edilip äkidilip barýan imandaşyny goldaýandygy suratlandyrylýar.