25—31 MAÝ, 2026
135-NJI AÝDYM Ýehowa: «Oglum, paýhasly bol» diýýär
Düşünjeli hereket — getirer köp bereket
«Düşünje bilen iş tutan üstünlik gazanar» (Nak. 16:20).
ESASY PIKIR
Düşünjeli bolsak kyn ýagdaýlarda dogry hereket ederis.
1, 2. Düşünjeli bolmak näme aňladýar we onuň nähili peýdasy bar?
KIMDIR biri size hormat goýman, gödek gepleşipdimi? Ýa-da siz barada nädogry pikir edip göwnüňize degipdimi? Ýa bolmasa bir ýagdaý sebäpli gorkup alada edipdiňizmi? Şeýle ýagdaýlarda özüňi dogry alyp barmak aňsat bolmaýar. Ýöne Mukaddes Kitapda düşünjeli bolmagyň köp ýagdaýda kömek edýändigi aýdylýar.
2 Düşünjeli bolsak diňe görýän zadymyza görä karara gelmän, ýagdaýa hemmetaraplaýyn serederis. Biz şeýle ýagdaýyň näme üçin bolandygy ýa-da kimdir biriniň näme üçin şol hereketi edendigi hakda oýlanarys. Şonda paýhasly bolup haçan, näme diýmelidigini bileris (Nak. 10:19; Zeb. 4:4). Şeýle-de gaharymyz gelende ýa göwnümize degenlerinde özümize erk ederis. Maslahat berenlerinde ýa-da düzedenlerinde bolsa gulak asmak aňsat bolar (Nak. 19:20). Şeýdip, Ýehowany razy ederis we özümize hem adamlara zyýan ýetirmeris. Düşünjeli bolmak, esasanam, kyn ýagdaýlarda gaharymyzy saklamaga we ýalňyş hereket etmezlige kömek edýär. Geliň, Mukaddes Kitapdan üç waka hakda gürrüň edeliň. Şol wakalardan düşünjeli bolmagyň nädip pesgöwünli bolmaga, gaharyňa erk etmäge we Ýehowa bil baglamaga kömek edýändigini öwreneliň.
TEKEPBIR DÄL-DE, PESGÖWÜNLI BOLUŇ
3. Nagyman kimdi?
3 Biz ýalňyşmaz ýaly pesgöwünli bolmaly (1 Pet. 5:5). Eger düşünjeli bolsak, ýagny bir zat etmezden öň gowy oýlansak ýalňyşmarys. Geliň, Nagyman hakda gürrüň edeliň. Ol Ysraýyl topragynyň demirgazygynda ýerleşýän Siriýa ýurdunda ýaşaýardy. Nagyman ýöne-möne adam däldi, ol Siriýanyň goşunbaşysydy. Nagyman heýwere keseline uçrapdy, endam-janyny ýara basypdy (2 Pat. 5:1).
4. Nagyman nädip paýhasly hereket etdi?
4 Nagymanyň öýünde ysraýylly hyzmatkär gyzjagaz bardy. Gyzjagaz onuň aýalyna ysraýylly bir pygamberiň Nagymany sagaldyp biljekdigini aýdýar (2 Pat. 5:2, 3). Nagyman: «Öz-ä bir çagajyk. Üstesine-de, ýesir alnyp getirilen hyzmatkär. Heý-de, ol maňa ýagşylyk edermi?» diýip pikir edip bilerdi. Ýöne Nagyman hondanbärsi bolman, gyzjagazyň aýdan zatlary hakda oýlanýar we onuň aýdyşy ýaly edýär. Ol Ysraýyla gitmek üçin Siriýa patyşasyndan rugsat alýar (2 Pat. 5:4, 5).
5. Nagyman Ysraýyla gelende näme bolýar?
5 Nagyman sagalmak üçin Ysraýyl patyşasy Ýehoramyň ýanyna gelýär. Başda Ýehoram Siriýa patyşasy onuň bilen uruşmak üçin bahana gözleýändir öýdýär. Alyşa Nagymanyň gelendigini eşidende, Ýehorama: «Şol adamy meniň ýanyma iber» diýýär (2 Pat. 5:6—9). Nagyman Alyşanyň öýüne gelende garaşan zady çykmaýar. Nagyman bilen gürleşmeg-ä aňyrda dursun, Alyşa hatda öýünden hem çykmaýar. Gaýtam Alyşa onuň ýanyna adam iberip, sagalmak üçin näme etmelidigini aýdýar (2 Pat. 5:10).
6. a) Nagyman näme üçin habarçyny diňlemek islemeýär? b) Nagymanyň hyzmatkärleri düşünjelidigini nädip görkezdiler we netijesi nähili boldy? (2 Patyşalar 5:13, 14).
6 Nagyman öňünden Alyşanyň çykmandygyny, habarçysyny iberendigini halamaýar. Ol «gaharyna yzyna öwrülip gaýdýar» (2 Pat. 5:11, 12). Nagyman: «Men Siriýanyň goşunbaşysy, ýöne Alyşa meni äsgermeýär» diýip pikir eden bolmaly. Şeýle-de ol: «Alyşanyň Siriýa ýurduna-da göwni ýetmeýär» diýip pikir eden bolmaly. Nagymanda nähili pikirler dörän bolsa-da, ol sagalman öýüne gaýtjak boldy. Ýöne hyzmatkärler Alyşanyň Nagymana kömek etmek isleýändigine düşünýärdiler. Şonuň üçin hojaýynyndan pygamberiň aýdyşy ýaly etmegi ýalbaryp haýyş edýärler. Nagyman özüni peseldip, pygamberiň aýdyşy ýaly edýär. Şeýdip, heýwere keselinden gutulýar (2 Patyşalar 5:13, 14-nji aýatlary okaň).
7. Biz Nagymandan näme öwrenýäris? (Nakyllar 22:4; surata serediň).
7 Biziň üçin sapak. Bir zat etmezden öň gowy oýlanmaly. Düşünjeli adam duýga berilmeýär, ol pesgöwünli bolýar. Pesgöwünli adam hemme zady bilmeýändigini boýun alýar. Käte Ýehowa başgalaryň üsti bilen ýagdaýa gowy düşünmäge kömek edýär. Nagyman Ýehowanyň gullukçysy däldi, ýöne ol pesgöwünli bolup ysraýylly gyzjagazyň, hyzmatkärleriniň, esasanam, Ýehowanyň pygamberiniň aýdanyny edýär. Şeýdip, düşünjelidigini görkezýär. Nagyman duýgularyna berilmändigi üçin dogry hereket edýär we keselinden sagalýar. Aýdaly, biz Mukaddes Kitap arkaly berlen maslahaty halamaýarys ýa-da berlen görkezmä düşünmeýäris. Şeýle ýagdaýda bir zat aýtmazdan ýa-da etmezden öň gowy oýlanmaly. Sebäbi biziň maslahaty we görkezmäni kabul edişimiz tekepbir ýa pesgöwünli adamdygymyzy görkezýär (Nakyllar 22:4-i okaň).
Bize maslahat berenlerinde, ýüze çykan kynçylyk hakda aýdanlarynda ýa-da görkezme berlende Nagyman ýaly pesgöwünli bolup diňlemeli (7-nji abzasa serediň).
GAHARYŇYZA ERK EDIP, RAHATLYGY SAKLAŇ
8. Düşünjeli bolmak haçan kyn bolup biler?
8 Düşünjeli bolmak gaharly wagtymyz özümize erk edip, rahatlygy saklamaga kömek edýär. Biri aýtmasyz zady aýdyp ýa-da etmesiz hereketi edip gaharymyzy getirende, muny etmek aňsat bolmaýar (Efes. 4:26). Geliň, Dawut bilen Abygaýylyň kyn ýagdaýlarda nädip düşünjeli bolandygyna seredeliň.
9. Dawudyň ýagşylygyna Nabal nähili jogap berdi?
9 Dawut bilen bolan ýagdaýy göz öňüne getiriň. Dawut ýigitleri bilen Sawul patyşadan gaçyp, Paran çölüne gidýär (1 Şam. 25:1). Çölde wagty ol tüçjar baý adam Nabalyň sürülerini goraýar (1 Şam. 25:15, 16). Gyrkym döwri gelende Dawut ýigitlerini Nabalyň ýanyna iberip, iýer-içer ýaly zat soraýar. Ýigitler Nabal bilen sylaşykly gepleşýär (1 Şam. 25:6—8). Ýöne gadyrbilmez Nabal Dawudyň eden ýagşylyklary hakda birjigem oýlanmaýar. Ol gödek gepleşip, ýigitleriň ýüzüni alyp goýberýär (1 Şam. 25:10, 11).
10. Dawut bilen Abygaýyl düşünjelidigini nädip görkezdi? (1 Şamuwel 25:32, 33; surata serediň).
10 Dawudyň ýerine siz bolan bolsaňyz, özüňizi nähili duýardyňyz? Elbetde, Dawudyňky ýaly gaharyňyz gelerdi. Onuň gahardan ýaňa gany depesine urup, Nabaly öldürmek isleýär (1 Şam. 25:13, 21, 22). Dawut bilen ýigitleri Nabaly öldürmäge barýarkalar, Abygaýyl olary saklaýar. Abygaýyl düşünjelidigini nädip görkezýär? Ol Dawudyň gowy adamdygyny bilýärdi, gaharlanandygy üçin Dawudy ýazgarmaýar. Gaýtam oňa gaharyna erk etmäge kömek edýär. Abygaýyl Dawuda birgiden sowgatlary getirýär we oňa pesgöwünlilik bilen maslahat berýär (1 Şam. 25:18, 23—31). Dawut Abygaýyly ünsli diňläp, Ýehowanyň islegine düşünýär. Şeýdip, ol köşeşýär we günä etmekden saklanýar (1 Şamuwel 25:32, 33-nji aýatlary okaň).
Abygaýyl paýhasly bolany üçin, Dawut hem ony diňläni üçin gandöküşiklik bolmady (10-njy abzasa serediň).
11. Düşünjeli bolmak gaharymyz gelende nädip kömek edýär? (Nakyllar 19:11).
11 Biziň üçin sapak. Gaharlanmaga sebäp bolsa-da, ýumşak jogap berer ýaly näme etmelidigi hakda oýlanmaly. Düşünjeli bolsak, gahara ýol berip ýalňyş hereket etmeris (Nakyllar 19:11-i okaň). Abygaýyl Ýehowanyň garaýşyny ýatladansoň, Dawudyň ýüregi düşüşýär. Gaharyňyz gelende sizem derrew jogap bermäge ýa-da hereket etmäge howlukmaň (Ýak. 1:19). Özüňizi ele almak üçin Ýehowa doga ediň we Onuň ýagdaýa nähili garaýandygy hakda oýlanyň.
12. Dogan-uýalar düşünjeli bolmaga we özümize erk etmäge nädip kömek edýärler?
12 Ýehowa Abygaýylyň üsti bilen Dawuda kömek etdi. Ol dogan-uýalar arkaly bize-de kömek edýär. Abygaýyl Dawuda köşeşmäge kömek etdi we Ýehowanyň garaýşyny ýatlatdy. Dogan-uýalar hem bize Ýehowanyň garaýşyny ýatladyp bilýärler. Eger biri gaharyňyzy getirse, ýagdaýa Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga kömek etjek dogan ýa uýa bilen gepleşiň (Nak. 12:15; 20:18). Eger biri joraňyzyň ýa-da dostuňyzyň gaharyny getirse, onda Abygaýyldan görelde alyp, oňa Ýehowanyň garaýşyny düşündiriň. Şeýdip, Ýehowanyň goldawy bilen oňa özüne erk etmäge we düşünjeli bolmaga kömek edersiňiz.
GORKA BASYLMAN, ÝEHOWA BIL BAGLAŇ
13. Düşünjeli bolmak gorky dörände nädip kömek edýär?
13 Käte kyn ýagdaýa düşenimizde gorky gaplap alýar. Ýöne biz Ýehowanyň islendik adamdan ýa-da islendik zatdan güýçlüdigi hakda oýlansak, Oňa bil baglarys (Zeb. 27:1). Ýehowa bize çykalgasyz ýaly bolup görünýän ýagdaýlarda-da kömek edip bilýär. Ýunus pygamber muňa öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol Ýehowany gowy görse-de, Hudaý oňa kyn ýumuş tabşyranda gorkup yza çekildi.
14. Ýunus näme üçin gorkan bolmaly?
14 Ýehowanyň tabşyran ýumşuny eşidip, belki-de, Ýunusyň el-aýagy ysgyndan gaçandyr. Ol Ninewiýa gidip, Ýehowanyň olary tizden ýok etjegini wagyz etmelidi (Ýun. 1:1, 2). Eger Ýunusa derek Ýehowa size şol ýumşy tabşyran bolsa, özüňizi nähili duýardyňyz? Ysraýyldan Ninewiýa şäherine barmak üçin Ýunus bir aýlap pyýada ýol ýöremelidi. Üstesine-de, assiriýalylar zalym, doňýürek halk diýip tanalýardy. Mukaddes Kitapda Ninewiýa hatda «ganhor şäher» diýilýär (Nah. 3:1, 7). Ýehowanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmegiň deregine, Ýunus gaçyp gidýär (Ýun. 1:3).
15. Ýehowa bil baglamaga Ýunusa näme kömek etdi? (Ýunus 2:6—9).
15 Ýunus gämä münüp Ninewiýa däl-de, başga şähere ýola düşýär. Ýolda ony deňze oklaýarlar, ýöne Ýehowa Ýunusy gudrat bilen halas edýär. Şeýdip, ol Ýehowanyň çäksiz güýjüni görýär (Ýun. 1:15, 17). Şol ýagdaý Ýunusa ömürlik sapak bolýar. Ol Ninewiýa gitmäge gorkmaly däldigine, Ýehowanyň ony islendik howply ýagdaýda gorap bilýändigine düşünýär (Ýunus 2:6—9-njy aýatlary okaň). Hudaý Ýunusa ikinji gezek mümkinçilik berýär. Ýunus Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Ninewiýa gidip wagyz edýär we adamlar ony diňleýär. Şeýdip, bütin şäher halas bolýar (Ýun. 3:5).
16. Düşünjeli bolmak howsala düşmezlige nädip kömek edýär? (Nakyllar 29:25; surata serediň).
16 Biziň üçin sapak. Hiç zat, hatda adamdan gorky Ýehowa gulak asmaga päsgel bermeli däl (Nakyllar 29:25-i okaň). Ýunus Ýehowanyň kömek edişi hakda oýlanyp, heniz bolmadyk zatlar üçin gorkmaly däldigine düşündi. Şeýdip, ol nähili ýagdaý bolsa-da, Ýehowanyň arkasynda durjagyny özüne ýatlatdy. Eger bizem Ýehowanyň geçmişde nädip kömek edendigi we gorandygy hakda oýlansak, heniz bolmadyk ýagdaýlary göz öňüne getirip howsala düşmeris. Şeýle-de Ýehowanyň dogan-uýalara kyn ýagdaýlarda nädip kömek edendigi hakda oýlansak, Oňa hasam bil baglarys (Ýew. 13:6). Dogan-uýalar, geliň, hemişe Ýehowa bil baglalyň we başgalara-da Ýehowa bil baglamaga kömek edeliň.
Ýunusyň wakasyndan düşünjeli bolmagy öwrenýäris. Şonda Hudaýyň tabşyrygyna gulak asarys we kyn ýagdaýlarda-da üstünlik gazanarys (16-njy abzasa serediň).
DÜŞÜNJELI BOLMAGY ÖWRENIŇ
17. Biz nädip düşünjämizi artdyryp bileris?
17 Makaladan bilşimiz ýaly, düşünjeli bolmak bize kyn ýagdaýlarda dogry hereket etmäge kömek edýär. Biz nädip düşünjeli bolup bileris? Ýehowa düşünjäniň gözbaşy. Ol her bir gullukçysyna Sözi we mukaddes ruhy arkaly düşünjeli bolmaga kömek edýär (Neh. 9:20; Zeb. 32:8). Ol bize özümizi dogry alyp barmaga we duýgularymyza erk etmäge kömek etjek maslahatlary berýär (Zeb. 119:97—101). Eger Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlary gowy özleşdirsek we Ýehowadan mukaddes ruhuny dilesek düşünjämizi artdyrarys. Şeýdip, ýagdaýa Ýehowanyň garaýşy ýaly gararys we öwredişi ýaly hereket ederis (Nak. 21:11, çykgyt).
18. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
18 Dogan-uýalar, geliň, mundan beýlägem Ýehowadan akyldarlyk diläliň (Zeb. 14:2). Şonda «düşünjeden ýüz öwürmeris» (Nak. 21:16). Biz her bir ýagdaýda düşünjelidigimizi görkezsek, Ýehowany begendirip ýaşarys.
42-NJI AÝDYM Hudaýyň bendesiniň dilegi