MUKADDES KITABYŇ GAHRYMANY
Binaýa ýaly batyr hem wepaly boluň
Binaýa Dawut patyşanyň we Süleýmanyň goşunyndaky batyr esgerleriň biri. Ol ruhanynyň ogly, eline ýarag alyp görmändi. Sebäbi ruhanylar bilen lewiler söweşmeýärdiler. Muňa garamazdan, Binaýa Ýehowa üçin söweşlerde edermenlik görkezýär. Bir gezek garadan gaýtmaz Binaýa suwly çukura girip, ýolbarsy öldürýär. Şeýle-de äpet müsürli bilen söweşýär. Dawut patyşa Binaýany garawullaryň baştutany edip belleýär (2 Şam. 23:20—23).
Abselim bilen Adonyýar Dawut patyşa dönüklik edende, Binaýa Dawuda wepaly bolýar (2 Şam. 8:18; 15:18; 1 Pat. 1:8). Dawut patyşa garranda-da, Binaýa onuň ogly Süleýmanyň patyşa bellenmegine kömek edýär (1 Pat. 1:32—40). Hawa, başgalar dönüklik etse-de, Binaýa Ýehowa hem-de Onuň bellän patyşasyna wepaly bolýar.
Biz hem güýçli duşmanymyz Şeýtana hem-de onuň tarapdarlaryna garşy durmak üçin batyrgaý bolmaly. Şeýle-de Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamagy ýüregimize düwmeli (Efes. 6:11; 1 Pet. 5:8, 9). Käbirleri Ýehowadan ýüz öwürse-de, biz Oňa wepaly bolmaly. Ýehowanyň hem bize wepaly boljakdygyna ynamly bolmaly (2 Şam. 22:26).