20—26 APREL, 2026
49-NJY AÝDYM Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň
Suwa çümdürilmegi maksat goýuň
«Rehim edilýän wagt geldi!» (2 Kor. 6:2).
ESASY PIKIR
Häzir Ýehowa bilen dostlaşmagyň we suwa çümdürilmegiň tüýs wagty.
1. a) Suwa çümdürilmegiň nähili peýdasy bar? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
SEN özüňi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürildiňmi? Onda Hudaýdan päk ynsap diläp, Onuň gullukçysy bolmagy ýüregiňe düwensiň (1 Pet. 3:21). Sen suwa çümdürilip, heniz suwa çümdürilmediklere gowy görelde görkezýärsiň. Bütin ömrüňi Ýehowa bagyş etmek iň gowy karar. Sen entek suwa çümdürilmedik bolsaň-da, Ýehowany söýýänsiň we Oňa gulluk etmek isleýänsiň. Günäleriňe toba edip, Ýehowa bilen dostlaşmak üçin suwa çümdürilmegiň wajypdygyna düşünýänsiň (Res. 2:38—40). Belki, saňa şol ädimleri ätmäge päsgel berýän zatlar bardyr. Şu makalada käbirlerine suwa çümdürilmäge nämäniň päsgel berýändigi, dünýäniň soňunyň ýakyndygyny näme üçin ýatdan çykarmaly däldigi we suwa çümdürilmegi näme üçin soňa goýmaly däldigi hakda gürrüň ederis.
NÄME PÄSGEL BERÝÄR?
2. Käbirleri suwa çümdürilmäge näme üçin ýaýdanýar?
2 Käbirleri suwa çümdürilmäge gorkýarlar. Olar Ýehowa gulluk etmek islese-de, Ony razy edip bilmerin öýdýärler. Eger sizde-de şeýle gorky bar bolsa, onda Ýehowanyň bizden kämillige garaşmaýandygyny ýatdan çykarmaň. Şeýle-de elimizde baryny edip gulluk etsek, Ony razy edip biljekdigimiz hakdaky aýatlary okaň (Zeb. 103:13, 14; Kol. 3:23). Eger garşy çykarlar ýa-da yzarlarlar öýdüp gorksaňyz, Ýehowadan berk iman diläň. Şonda mezmurçy ýaly: «Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?» diýersiňiz (Zeb. 118:6).
3. Käbirleri suwa çümdürilmegi näme üçin soňa goýýar? (Surata serediň).
3 Käbirleri: «Men entek Ýehowa barada köp zat öwrenmeli» diýip, suwa çümdürilmegi soňa goýýarlar. Ýöne suwa çümdürilmek üçin Mukaddes Kitaby ýatdan bilmek hökman däl. Geliň, Mukaddes Kitapdan bir waka seredeliň. Pawlus bilen Silas türmede otyrdy. Ýehowa olary türmeden halas etmek üçin güýçli ýer titretdi. Şol gije Pawlus bilen Silas türmäniň gözegçisine we onuň öý-içerisine Ýehowa hem Isa barada köp zatlary öwretdi. Türmäniň gözegçisi we onuň maşgalasy ýer titremäniň Ýehowanyň gudratydygyna düşündiler. Netijede, olar haýal etmän «suwa çümdürildiler» (Res. 16:25—33). Senem Ýehowany tanap, Oňa ýürekden gulluk edýänsiň, Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny öwrenensiň we günäleriňe toba edip, Ýehowa gulak asyp ýaşamagy ýüregiňe düwensiň. Eger şu zatlary edýän bolsaň, onda sen suwa çümdürilmäge taýyn (Mar. 12:30).
Pawlus bilen Silas türmäniň gözegçisine we onuň maşgalasyna wagyz edýär. Olaram haýal etmän «suwa çümdürilýär» (3-nji abzasa serediň).
4. Käbirleri ýene näme sebäpden suwa çümdürilmäge ýaýdanýar? (Surata serediň).
4 Käbirleri Ýehowany razy edip suwa çümdürilmek islese-de, durmuşyny üýtgetmek kyn bolar öýdýärler. Elbetde, gelýän kararyň durmuşyňa nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly (Luka 14:27—30). Ýöne käbirleri Ýehowa gulluk etmek üçin köp zatdan geçmeli bolar öýdüp alada edýärler. Kandaza bilenem şeýle bolupdy. Ol hakykaty çagalygyndan bilýärdi, ýöne bilýän zatlaryny durmuşynda ulanmaýardy. Ol ulalansoň ýene-de Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Kandaza şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa gulluk etmek üçin näme etmelidigini bilýärdim, ýöne maňa şol wagtky ýaşaýşym ýaraýardy. Men Ýehowany begendirmeýändigimi bilsemem, durmuşymy üýtgetmek kyn bolar öýdýärdim». Başgalar bolsa: «Suwa çümdürilsem Ýehowanyň talaplaryna doly eýerip ýaşap bilmerin» diýip alada edýärler. Olar agyr günä etmekden we ýygnakdan çykarylmakdan gorkýarlar. Eger senem şu zatlary alada edýän bolsaň näme edip bilersiň?
Käbirleri Ýehowa gulluk etmek üçin köp zatdan geçmeli bolar öýdüp alada edýärler (4-nji abzasa serediň).
5. Suwa çümdürilmäge ýaýdanýan bolsak näme hakda oýlanmaly? (Matta 13:44—46).
5 Biz bir zat satyn almakçy bolanymyzda onuň diňe bahasy hakda däl-de, peýdasy hakda-da oýlanýarys. Adatça, biz peýdaly zady bahasy näçä dursa-da alýarys. Edil şonuň ýaly, suwa çümdürilmek üçin durmuşyňy üýtgetmegiň kyndygy hakda däl-de, eýsem Ýehowa bilen dostlaşyp, durmuşyň gowulaşjakdygy hakda oýlanmaly (Matta 13:44—46-njy aýatlary okaň). Isa muny düşündirmek üçin iki mysaly gürrüň beripdi. Mysallaryň ikisinde-de gymmatbaha zatlary tapan adam olary satyn almak üçin bütin emlägini satýar. Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary eşideniňde senem gymmatly hazyna tapdyň. Eger sen suwa çümdürilmek üçin durmuşyňy üýtgetmäge ýaýdanýan bolsaň, Isanyň gürrüň beren mysallary hakda oýlan. Özüňe şeýle soraglary ber: «Men hoş habaryň hazyna ýaly gymmatlydygyna ynanýarynmy? Men Ýehowa bilen dostlugymyň, gelejege bolan umydymyň we dogan-uýalaryň gadyryny bilýärinmi?» Şu soraglaryň jogaby suwa çümdürilmek üçin näme etmelidigini anyklamaga kömek eder.
6. Öwrenýän zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaga näme kömek edýär?
6 Isa daýhan baradaky mysalynda käbirleriniň hoş habary eşitse-de, durmuşyny üýtgetmejekdigini aýtdy. Emma ol hoş habary ýürekden kabul edip, öwrenen zatlaryna görä ýaşajaklaryň boljakdygyny nygtady (Luka 8:5—15). Eger sen öwrenýän zatlaryňa görä ýaşap bilmerin öýdüp alada edýän bolsaň ruhdan düşme. Ýehowa saňa «täze ýürek» berer, şonda Oňa gulak asmak islärsiň. Ýehowadan ýüregiňi ýumşatmagyny dileseň, öwrenýän zatlaryňy gowy görersiň we durmuşyňda ulanarsyň (Hyz. 18:31, çykgyt; 36:26).
7, 8. Käbir ýaşlara suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär? (Surata serediň).
7 Käbir ýaşlar Ýehowany gowy görse-de, suwa çümdürilmek üçin durmuşyny üýtgetmeýär, sebäbi adamlaryň täsirine düşýär. Meselem, käbir mugallymlar okuwçylara ahlak meselesinde käbir zatlary dogry diýip öwredýärler. Emma olaryň öwredýän zadyny Ýehowa nädogry hasaplaýar. Eger sen olaryň maslahatyna eýerseň, ýalňyşarsyň we durmuşda kösenersiň (Zeb. 1:1, 2; Nak. 7:1—5). Sen şeýle duzaga düşmez ýaly, mezmurçydan görelde alyp bilersiň. Ol: «Mugallymlarymdan hem paýhasly boldum, sebäbi öwüt-ündewiň hakda oýlanýaryn» diýdi (Zeb. 119:99).
8 Käte bolsa ene-atalar çagalaryny suwa çümdürilmekden saklaýarlar. Muny hatda özlerem bilmeýärler. Olar çagalarynyň ylymly-bilimli we hünärli bolmagyna köp üns berýärler. Ýa-da olara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin ruhy maksatlary goýmaga höweslendirmeýärler. Eger sen suwa çümdürilmek üçin ene-ataň kömegi gerek diýip pikir edýän bolsaň, olar bilen açyk gepleş. Sen näçe ýaşyňda bolsaňam, Ýehowa bilen dostlaşyp bilýärsiň (Nak. 20:11).
Ene-ataňyz bilen suwa çümdürilmek hakda gepleşiň (8-nji abzasa serediň).
9. Käbirleri taýyn bolsa-da, näme üçin suwa çümdürilmeýär?
9 Käbirleri taýýar bolsa-da, başgalara garaşyp suwa çümdürilmegi soňa goýýarlar. Olar dosty ýa-da maşgala agzalarynyň biri bilen bir günde suwa çümdürilmek isleýärler. Elbetde, gowy görýän adamyň bilen bir günde suwa çümdürilmek gowy zat. Ýöne diňe şol sebäpden suwa çümdürilmegi soňa goýsaň dogry bolarmy? Hudaýa özüňi bagyş edeniňde başga birine däl-de, diňe Ýehowa söz berýärsiň. Şonuň üçin başgalara garaşyp suwa çümdürilmegi soňa goýma (Rim. 14:12).
NÄME ÜÇIN SOŇA GOÝMALY DÄL?
10. Käbirleri ruhy taýdan ösmegi näme üçin soňa goýýar?
10 Käbirleri: «Dünýäniň soňy bu ýakynda gelmez» diýip arkaýyn bolýarlar. Emma şeýle pikir etsek dogry bolarmy? Isa şägirtlerine: «Siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly garaşmaýan wagtyňyz geler» diýdi (Luka 12:40).
11. Ýehowany gowy tanasak näme ederis we näme üçin? (Zebur 119:60).
11 Biz Ýehowany söýýändigimiz we Oňa gulak asmak isleýändigimiz üçin Oňa özümizi bagyş edip suwa çümdürilýäris. Ýehowany näçe gowy tanasak, Onuň bizi güýçli söýýändigine we kada-kanunlarynyň peýdalydygyna düşüneris (Zebur 119:60-y okaň). Ýakup şägirt Ýehowa gulak asmagyň ýene bir peýdaly tarapyny aýtdy: hiç bir adam ertir näme boljakdygyny bilmeýär. Şonuň üçin: «Öwrenen zatlarym boýunça ýaşamaga entek wagt bar» diýip arkaýyn bolmaň! Kim bilip dur, belki, ertir giç bolar (Ýak. 4:13—17).
12. Biz Isanyň üzümçilik baradaky mysalyndan näme öwrenýäris?
12 Geliň, Isanyň üzümçilik baradaky mysalyna seredeliň. Ol mysalynda bir sagat işlän işçileriň uzak gün işlän işçiler bilen deň hak alandygyny aýdýar. Bir sagat işlän işçiler işe näme üçin ir başlamadylar? Olar: «Bizi hiç kim işe çagyrmady» diýdiler. Olar ýalta däldi, uzakly gün işlemäge taýyndy, ýöne olary işe çagyran bolmady. Olar işe çagyrylan badyna işläp başladylar (Mat. 20:1—16). Şu günler Isa bizi şägirdi bolmaga we hoş habary wagyz etmäge çagyrýar. Biz onuň çakylygyny eşiden badymyza kabul etmeli.
13. Lutuň aýaly bilen bolan wakadan näme sapak edinýäris?
13 Dünýäniň soňy gelýänçä wagt bar diýip arkaýyn bolýan adama soňky minutlarda durmuşyny üýtgetmek kyn bolar. Isa muňa gowy düşünýärdi. Şonuň üçin şägirtlerine: «Lutuň aýalyny ýada salyň» diýip maslahat berdi (Luka 17:31—35). Lutuň aýaly Sodom bilen Gomorranyň tizden ýok ediljekdigini bilýärdi, ýöne ol emläginden geçmäge taýyn däldi (1 Mus. 19:23—26). Lutuň aýaly bilen bolan waka bize halas bolmak üçin gapynyň hemişe açyk bolmajakdygyny ýatladýar. Ýehowanyň bellän wagtynda şol gapy ýapylar we halas bolmak üçin giç bolar (Luka 13:24, 25).
14. Biz pygamberlikleriň ýerine ýetişine näme üçin ünsli bolmaly?
14 Bütin dünýäde bolýan wakalar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň dogrudygyny görkezýär. Pygamberlikde aýdylýan käbir wakalar siziň ýaşaýan ýeriňizde ýerine ýetmese-de, başga ýerlerde ýerine ýetýär. Olary görüp, suwa çümdürilmek üçin aýgytly ädim ädiň. I asyrda Petrus resul mesihçilere: «Ähli zadyň soňy golaýlady. Şonuň üçin... taýýar boluň... hüşgär boluň» diýip duýdurdy (1 Pet. 4:7; çykgyt). «Soňy» diýlende Iýerusalimiň we ybadathananyň ýer bilen ýegsan boljak döwri göz öňünde tutulýan bolmaly. Petrus hatyny Iýerusalimden uzakda ýaşaýan mesihçilere ýazypdy. Olar şäheriň weýran boljagyny gözi bilen görmeýärdiler (1 Pet. 1:1). Emma olar pygamberligiň ýerine ýetişini eşidip, Ýehowanyň beýleki wadalarynyň hem ýerine ýetjekdigine ynanmalydylar. Edil şonuň ýaly, sizem ýerine ýetýän pygamberliklere ünsli boluň. Şonda dünýäniň soňunyň golaýdygyna düşünersiňiz we haýal-ýagallyk etmän suwa çümdürilersiňiz.
15. Ýehowanyň gününe nädip taýýarlanyp bileris? (2 Petrus 3:10—13).
15 Petrus resul ikinji hatynda Ýehowanyň gününe nädip taýýar bolmalydygyny düşündirdi. I asyrdaky mesihçiler üçin Ýehowanyň gününe entek köp wagt bardy. Ýöne Petrus olara şol güne «bar ünsüni bermelidigini» aýtdy (2 Petrus 3:10—13-nji aýatlary okaň). Biz Ýehowanyň gününiň ýakyndygy barada oýlansak, oňa bar ünsümizi bereris. Şeýle-de «mukaddes ýaşasak, ýagşy işleri edip, Hudaýa wepaly bolsak» Ýehowanyň gününe taýýar bolarys. Dogrudanam, ýagşy işleriňizi görende Ýehowanyň begenjiniň çägi bolmaz. Özüňizi bagyş edip suwa çümdürileniňizde bolsa, size hasam guwanar.
HÄZIR TÜÝS WAGTY!
16. Suwa çümdürilmek üçin amatly wagt haçan? (2 Korinfliler 6:1, 2; surata serediň).
16 Häzir özüňi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmegiň tüýs wagty (2 Korinfliler 6:1, 2-nji aýatlary okaň). Filipusa duşan Efiopiýaly wezir haýal etmän suwa çümdürilmelidigine düşündi. Ol hoş habary eşitdi, suwa çümdürilmek üçin suwuň bardygyny gördi. Ol: «Men ilki hoş habar barada köpräk bileýin. Öňümizden ýene suwly ýer çykar-la» diýmedi. Gaýtam: «Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» diýdi (Res. 8:26, 27, 35—39). Efiopiýaly wezir bize gowy görelde galdyrdy. Ol suwa çümdürilensoň «begenip ýoluny dowam etdi».
Efiopiýaly wezirden öwreniň: häzir suwa çümdürilmegiň tüýs wagty! (16-njy abzasa serediň)a.
17. Siz nämä ynamly bolup bilersiňiz?
17 Eger sen suwa çümdürilmäge ýaýdanýan bolsaň, Ýehowanyň seniň bilen dostlaşmak isleýändigine ynamly bol (Rim. 2:4). Ol saňa ruhy taýdan ösmäge päsgel berýän gorkyny, gaýgy-aladany ýeňmäge, daş-töweregiň täsirine garşy durmaga kömek eder. Suwa çümdürilip Ýehowany razy edýändigiňe guş bolup uçaýjak bolarsyň. Şeýle-de Hudaýa gulluk etmek üçin geçen zatlaryňa asla ökünmersiň (Flp. 3:8, 13). Sen «öňdäki zatlara», ýagny Ýehowanyň özüni bagyş edip suwa çümdürilen gullukçylaryna berýän wadalarynyň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşarsyň (Res. 3:19).
38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer
a SURATYŇ BEÝANY: Filipusa suwa çümdürilmek isleýändigini aýdan efiopiýaly wezir ýaly, Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler hem ýaşululara suwa çümdürilmek isleýändigini aýdyp biler.