27 APREL—3 MAÝ, 2026
99-NJY AÝDYM Müňlerçe dogan-uýalar
Suwa çümdürilenden soň boljak synaglara taýýarlanyň
«Meni öz ýollaryňdan ýöret» (Zeb. 17:5).
ESASY PIKIR
Suwa çümdürilenden soň duş geljek kynçylyklara taýýarlanmaga kömek edýän maslahatlar.
1, 2. Synaglarda ýykylmaz ýaly näme etmeli? Mysal getiriň.
ŞEÝTANYŇ dünýäsinde häli-şindi kynçylyk bolup durýar. Isa-da «adamlaryň imanyny gowşatjak» zatlaryň boljakdygyny aýtdy (Mat. 18:7). Diýmek, biziň imanymyzy gowşatjak kynçylyklar bolar. Meselem, dogan-uýalar göwnümize degip biler ýa-da aramyzda düşünişmezlik döräp biler. Emma biz şeýle ýagdaýlara öňünden taýýarlanyp, Ýehowa wepaly gulluk edip bilýäris.
2 Geliň, bir ýagdaýa seredeliň. Ýehowa halkyna tebigy betbagtçylyklara öňünden taýýarlanmalydygyny ýatladyp durýar. Munuň üçin biz ýaşaýan ýerimizde, esasanam, şol ýere ýakynda göçüp baran bolsak, nähili tebigy betbagtçylygyň bolup biljekdigini bilmeli. Ondan soň betbagtçylyk bolanda halas bolar ýaly näme edip, näme goýjakdygymyzy öňünden çözmeli (Nak. 21:5). Edil şonuň ýaly, suwa çümdürilenden soň nähili synaglaryň bolup biljekdigi barada öňünden oýlanmaly. Şonda kynçylyk başymyza düşende el-aýagymyzy ýitirmeris, synaglarda ýykylmarys. Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetmez (Zeb. 17:5). Geliň, suwa çümdürilenden soň bolup biljek üç kynçylyk hakda gürrüň edeliň we olaryň her birine nädip taýýarlanmalydygyna seredeliňa.
GÖWNÜMIZE DEGENLERINDE
3. Ýygnakda nähili kynçylyk döräp biler?
3 Ilkinji gezek ýygnaga gelen günüňiz ýadyňyza düşýärmi? Siz Ýehowanyň halkynyň arasyndaky söýgini göreniňizde hakykaty tapandygyňyza hasam ynamly bolansyňyz (Ýah. 13:35; Kol. 3:12). Blenzab hem ýygnaga ilkinji gezek gelende şeýle duýgulary başdan geçiripdi. Ýöne suwa çümdürilenine köp wagt geçmänkä, onuň pikir etmedik zatlary bolýar. Blenza şeýle gürrüň berýär: «Bir uýa meniň bilen gaty gödek gepleşdi. Ol beýleki dogan-uýalar barada-da erbet zatlary aýdýardy. Men onuň bolşuny geň gördüm. Okuw geçenimde Ýehowanyň gullukçylarynyň parahat, agzybir halkdygyny öwrenipdim». Elbetde, dogan-uýalar Ýehowadan görelde alyp, gowy häsiýetleri ösdürmäge jan edýär. Ýöne olar günäli (Efes. 4:23, 24; 1 Ýah. 1:8). Käte dogan-uýalar sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degip bilýär (Ýak. 3:8). Gynansak-da, käbirleri dogan-uýalardan öýkeläp, Ýehowa gulluk etmegini bes edýärler.
4. Dogan-uýalar göwnümize degende Ýehowa gulluk etmegi bes etmez ýaly näme etmeli? (Efesliler 4:32).
4 Dogan-uýalar göwnümize degende Ýehowa gulluk etmegi bes etmez ýaly näme edip bileris? Biz Efesliler 4:32-däki (okaň) maslahata eýermegi öwrenmeli. Eger dogan-uýalar bilen mähirli we geçirimli bolsak, düşünişmezligiň öňüni alarys. Şeýle-de göwnüňize degen adamy derrew bagyşlamagy ýüregiňize düwüň. Muny nädip edip bolýar? Ýehowanyň ençeme gezek göwnüne degýändigimiz, ýöne onuň bizi bagyşlamakdan ýadamaýandygy hakda oýlanyň (Mat. 6:12). Şonda Ýehowanyň geçirimliligine minnetdar bolarsyňyz. Göwnüňize degen adamy hem bagyşlamak kyn bolmaz.
5. Göwnümize degenlerinde haýsy maslahat kömek eder? (Nakyllar 19:11; surata serediň).
5 Nakyllar 19:11-i okaň. Mukaddes Kitapda düşünjelic bolsak, göwnümize degenlerinde gaharymyza erk edip bilýändigimiz aýdylýar. Şol maslahat Rima gowy kömek etdi. Onuň suwa çümdürilenine birnäçe ýyl bolupdy. Rima şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalaryň aýdan sözüni ýa hereketini göwnüme alsam Nakyllar 19:11-däki sözleri ýatlaýaryn. Men dogan-uýalaryň geçmişi, terbiýesi hakda oýlanyp, olaryň näme üçin şeýle hereket edendigine ýa-da şeýle sözleri aýdandygyna düşünjek bolýaryn. Men olary gowy tanamak üçin wagza belleşýärin». Gowy maslahat diýip şuňa aýdaýsaň! Dogan-uýalary gowy tanaň. Olaryň ýagdaýyna düşünseňiz, göwnüňize degenlerinde bagyşlamak aňsat bolar.
Eger dogan ýa uýa bilen araňyzda düşünişmezlik bolsa, onuň bilen wagza çykyň (5-nji abzasa serediň).
6. Dogan-uýalar bilen dostlaşmaga näme kömek eder?
6 Dogan-uýalar bilen dostlaşmaga näme kömek eder? Dogan-uýalary gowy tanadygyňyzça, olaryň kemçiliklerini däl-de, gowy häsiýetlerini görüň (Nakyllar 10:12-ni deňeşdiriň; Rim. 12:10; Flp. 2:2, 3). Ýaňy-ýakynda suwa çümdürilen Mark şeýle etdi. Mark suwa çümdürileninden soň dogan-uýalar bilen köp gatnaşyp başlaýar. Olaryň kemçiliklerini görüp, käbir häsiýetlerini halamaýar. Dogan-uýalaryň kemçiligini görse-de, Ýehowadan daşlaşmazlyga Marka näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalaryň goýberýän ujypsyzja ýalňyşlaryny adamlaryň edýän erbet işleri bilen deňeşdireniňde hiç zat bolup galýar. Men dogan-uýalaryň ýalňyşyny ýatlap, içimi hümledip ýörmeli däldigine düşündim. Gaýtam olaryň ýagşy häsiýetlerini görüp, şolar hakda oýlanyp başladym». Eger sizem Mark ýaly dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerini görseňiz we olar hakda oýlansaňyz, dogan-uýalar bilen hasam jebisleşersiňiz.
GEÇMIŞI KÜÝSÄNIMIZDE
7. Geçmişi küýsemäge näme sebäp bolup biler?
7 Siz suwa çümdürilip Şeýtanyň dünýäsindäki adamlardan saýlanyp, Ýehowanyň Şaýady bolandygyňyza begenensiňiz. Siz: «Öňki durmuşyna hiç kimiň dolanasy gelmese gerek!» diýip pikir edensiňiz. Ýöne başyňyza kynçylyk düşende Ýehowa gulluk etmek üçin geçen zatlaryňyzy ýatlamagyňyz, hatda olary küýsäp başlamagyňyz mümkin (4 Musa 11:4—6-njy aýatlary deňeşdiriň). Meselem, käbir dogan-uýalar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin gowy aýlykly, ýöne köp wagtyny alýan işini taşladylar. Käbirileri bolsa Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlansoň, Ýehowa gulluk etmeýän dostlary bilen arasyny kesdiler. Başgalar Ýehowa ýaramaýan endiklerini taşladylar. Eger mesihçi öňki durmuşyna dolanyp, taşlan zatlaryny ýene edip başlasa we Ýehowa bilen dostlugy bozulsa gynançly bolmazmy?! Başymyza kynçylyk düşende öňki durmuşymyzy küýsäp, oňa dolanmaz ýaly näme edip bileris?
8. Ybraýym bilen Bibisaradan näme öwrenýäris?
8 Mukaddes Kitapda Ýehowa gulluk etmek üçin köp zadyndan geçen berk imanly adamlar hakda aýdylýar. Olaryň durmuşy hemişe bal ýaly bolmady. Kyn ýagdaýda olaram geçmişini küýsäp bilerdi. Olaryň biri Ybraýym bilen Bibisara. Ýehowa olara Ur şäherinden gaýdyp, çadyrda ýaşamagy tabşyrdy (Ýew. 11:8, 9). Olar Ýehowanyň aýdyşy ýaly owadan we berk galaly Ur şäherinden çykyp gaýtdylar. Olar Ur şäherinde goýup gaýdan zatlary hakda oýlanyp ýören ýa-da gowy durmuşy küýsän bolsalar, yzlaryna dolanasy gelerdi. Ýöne Ybraýym bilen Bibisara Ýehowanyň wadalary hakda oýlanyp gelejege seretdiler (Ýew. 11:15, 16).
9. Pawlus Ýehowa gulluk etmek üçin geçen zatlaryna nähili garady? (Filipililer 3:7, 8, 13).
9 Pawlus resul Ýehowa dogry sežde etmek üçin durmuşynda köp zady üýtgetdi. Meselem, Pawlus Isanyň şägirdi bolmanka il arasynda sylanýan, atly-abraýly Gamaliýelden ýehudylaryň kanunyny öwrendi (Res. 22:3). Pawlus mugallymy ýaly atly-abraýly dini ýolbaşçy bolup bilýärdi (Gal. 1:13, 14). Ýöne Pawlus Mesih baradaky hoş habary eşidensoň, ähli zadyndan geçdi. Isanyň şägirdi bolansoň onuň durmuşynda ähli zat gülala-güllük boldumy? Elbetde, ýok. Pawlusy urdular, türmä basdylar, hatda ildeşlerine ýigrenji boldy (2 Kor. 11:23—26). Eger Pawlus diňe kynçylyklary, öňki durmuşynyň häzirki durmuşyndan gowudygy hakda oýlanan bolsa, Isanyň şägirdi bolandygyna ökünerdi. Emma Pawlus Isanyň şägirdi bolmagyň uly hormatdygy hakda oýlandy we ünsüni gelejekde aljak sylagyna gönükdirdi. Ol Isanyň şägirdi bolup, köp zatdan geçenine birjigem ökünmedi (Filipililer 3:7, 8, 13-nji aýatlary okaň).
10. Biz köplenç näme hakda oýlanmaly? (Markus 10:29, 30; surata serediň).
10 Biziň üçin sapak. Eger siz Isanyň şägirdi bolmak üçin geçen zatlaryňyzy küýsäp başlasaňyz, onda olardan näme üçin geçendigiňiz hakda oýlanyň (Nes. 7:10). Siz ýitiren zatlaryňyza garanda has köp zat gazandyňyz. Meselem, älem-jahanyň eýesi Ýehowa bilen dostlaşdyňyz (Nak. 3:32). Dünýäniň haýsy künjegine barsaňyz-da gujak açyp garşy aljak dogan-uýalary edindiňiz (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň). Şeýle-de size ajaýyp gelejek garaşýar (Işa. 65:21—23). Eger siz Ýehowa gulluk edip, köp bereket alýandygyňyz barada hemişe oýlansaňyz geçmişi küýsemersiňiz.
Ýehowa üçin geçen zatlaryňyzy küýsemäň, gaýtam şatlanyp gulluk ediň (10-njy abzasa serediň)e.
11. Biz Rozmeriden näme öwrenýäris?
11 Rozmeri 50 ýaşlarynda suwa çümdürilýär. Geliň, oňa Ýehowa gulluk etmek üçin geçen zatlaryny küýsemezlige nämäniň kömek edendigini bileliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ilki-ilkiler Täze ýyl baýramyny bellemegi küýseýärdim. Sebäbi şonda maşgalamyz bilen üýşüp oturýardyk. Men olara sowgat bermegi gowy görýärdim. Çagalaryň arçanyň ýanynda oturyp, sowgadyny begenip açyşyny görenimde lezzet alýardym. Men diňe baýramçylyk güni däl-de, başga günlerem maşgalam bilen oturyp şatlanyp bolýandygyna düşündim. Ýylyň dowamynda islendik wagt biz maşgalamyz bilen üýşýärdik. Men olara sowgatlary berýärdim we olary gowy görýändigimi aýdýardym». Rozmeriniň ýene bir kynçylygy bardy. Ol şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýady bolanymda dostlarym meniň bilen gatnaşmagyny goýdy. Meniň olary göresim gelýärdi, içim gysýardyd. Ýöne men dürli ýaşdaky uýalar bilen wagza belleşýärdim. Şeýdip, köp uýalar bilen tanyşdym we olar bilen jora boldum. Olar meni gowy görýär, gadyrymy bilýär». Biz Rozmeriden näme öwrenýäris? Belki, sizem hakykata gelmänkäňiz gowy görüp eden zatlaryňyzy küýseýänsiňiz. Ýöne häzir sizde has gowy we hakykatdan bagtly edýän zatlar bar (Flp. 4:8, 9). Ýatdan çykarmaň, Ýehowa size ýitiren zadyňyzdan has köp zat berýär.
ÝEHOWA GULLUK ETMEGI BES EDENLERINDE
12. Ýygnakda bolýan haýsy kynçylyk size has agyr degip biler?
12 Siz Ýehowanyň Şaýady bolup, zalym dünýäden çykandygyňyza we hakykaty öwredýän, halal ýaşamaga jan edýän halkyň arasyna goşulandygyňyza begenýänsiňiz (Işa. 65:14). Emma käte ýygnakda biriniň günä edendigini eşidýänsiňiz. Olaryň käbiri hatda ýygnakdan hem çykarylýar (1 Kor. 5:13). Geliň, şeýle ýagdaýyň Samara nähili täsir edendigini bileliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Suwa çümdürilenime köp wagt geçmänkä, bir ýaşuly agyr günä edip ýygnakdan çykaryldy. Men: „Ýaşuly nädip Ýehowa we dogan-uýalara garşy günä edip bilýär?!“ diýip akylyma sygdyryp bilmedim». Elbetde, dogan-uýalar Ýehowany gowy görýär we Oňa wepaly gulluk etmek isleýär (1 Kor. 13:4, 7). Ýöne gynansak-da, her ýyl käbir dogan-uýalar ýygnakdan çykarylýar. Esasanam, dogan-garyndaşyň, dostuň ýa-da hormatlaýan adamyň günä edip ýygnakdan çykarylsa, agyr degýär.
13. Ýakynymyz Ýehowa gulluk etmegini bes etse, imanymyz gowşamaz ýaly näme etmeli?
13 Dostuň ýa-da dogan-garyndaşyň Ýehowa gulluk etmegini bes etse, imanyňy gowşatmazlyga näme kömek eder? Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidiň. Her bir adamyň Ýehowa bilen öz dostlugy bolmaly (Ýak. 4:8). Siziň dostlugyňyz başgalaryň wepalylygyna bagly bolmaly däl. Meselem, biz maşgalamyz bilen Mukaddes Kitaby öwrenýändiris, doga edýändiris, ýygnaklara taýýarlanyp, oňa gatnaşýandyrys. Ýöne biziň özümizem her gün Ýehowa doga etmeli we Mukaddes Kitaby okamaly (Zeb. 1:2; 62:8).
14. Biz Petrus resuldan näme öwrenýäris? (Ýahýa 6:66—68).
14 Biz Petrus resuldan köp zady öwrenip bilýäris. Bir gezek şägirtleriň köpüsi Isanyň yzyna eýermegi bes edipdiler. Şonda Petrus nämäniň nämedigine doly düşünen däldir. Ýöne onuň Ýahýa 6:66—68-nji aýatlarda (okaň) näme diýendigine üns beriň. Petrus başgalar näme etse etjek bolman, Isanyň öwreden hakykatlary hakda oýlandy. Şonuň üçin Isanyň yzyna eýermegi dowam etdi. Şu günlerem kimdir biri Ýehowa gulluk etmegini bes etse, guramanyň Ýehowa barada hakykaty öwredýändigini ýatdan çykarmaň. Mukaddes Kitapdan öwrenýän hakykatlaryňyzyň gadyryny biliň we Ýehowa wepaly boluň. Ýokarda agzalan Samara şeýle diýýär: «Men özüme hemişe bir zady ýatladýaryn: bir adamyň ýalňyşy bütin ýygnagyň ýalňyşýandygyny ýa-da guramanyň ýalňyş zat öwredýändigini aňlatmaýar. Adamlar ýalňyşsa-da, Ýehowa ýalňyşmaýar. Ol deňsiz-taýsyz Hudaý».
15. Emiliniň wakasyndan näme öwrenýäris?
15 Geliň, Emili hakda gürrüň edeliň. Onuň suwa çümdürilenine bir hepde geçensoň, ejesi maşgalasyny taşlap gidýär we ýygnakdan çykarylýar. Emili şeýle gürrüň berýär: «Ejem bizi taşlar, ýygnakdan çykarylar diýip, ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi. Bu meniň üçin agyr urgy boldy. Meniň ejemi göresim gelýärdi. Ýöne meni kyn günümde ýeke goýmadylar. Kakam meni gowy görýär we aladamy edýär. Dogan-uýalaram meni gyzy, jigisi, dogany ýaly gowy görýär. Ýehowa gulluk edýän adamlaryň ählisiniň başyna kynçylyk düşüp bilýär. Şonuň üçin dogan-uýalar bilen dostlaşmaly we birek-biregi ruhlandyrmaly» (1 Pet. 5:9). Entek başyňyza kynçylyk düşmänkä, dogan-uýalar bilen dostlaşyň we olary gowy tanaň. Agyr güne düşeniňizde dostlaryňyz sizi ýeke goýmaz.
16. Biz nämäni ýatdan çykarmaly däl? (Surata serediň).
16 Ýehowa bizi söýýändigi üçin terbiýeleýär (Ýew. 12:6). Ol ýygnakdan çykarylan dogan-uýalaryň toba edip, yzyna dolanmagyny isleýär (2 Pet. 3:9). Eger siziňem ýakynyňyz ýygnakdan çykarylan bolsa alada etmäň. Ýaşulular oňa Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge kömek etmek üçin elinde baryny eder (2 Tim. 2:24, 25).
Ýakynyňyz ýygnakdan çykarylsa, ýaşulularyň oňa Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge kömek etmek isleýändigini ýatdan çykarmaň (16-njy abzasa serediň)f.
17. Biz nämä ynamly bolup bileris?
17 Biz şu makalada suwa çümdürilenden soň bolup biljek kynçylyklaryň käbiri hakda gürrüň etdik. Ýöne siz şol kynçylyklara öňünden taýýarlanyp, Ýehowa wepaly gulluk edip bilýärsiňiz. Şeýle-de Hudaýyň hemişe kömek etmäge taýýardygyny ýatdan çykarmaň. Ol size şu wagta çenli kömek edip gelýär, gelejekde-de hökman kömek eder (1 Pet. 5:10). Ýehowa size kynçylyklarda berk durmaga güýç berer we çydamly eder. Eger Ýehowanyň kömegini kabul etseňiz, hiç bir kynçylyk sizi Ýehowadan daşlaşdyryp bilmez (Zeb. 119:165; Rim. 8:38, 39).
154-NJI AÝDYM Baky söýgi
a Makalada ýaňy-ýakynda suwa çümdürilen dogan-uýalar barada gürrüň edilse-de, ondaky maslahatlara dogan-uýalaryň ählisi eýerip biler.
b Käbir atlar üýtgedildi.
c Eger düşünjeli bolsak, dogan-uýalar göwnümize degende derrew öýkelemeris. Gaýtam olaryň näme sebäpden şeýle edendigi hakda oýlanarys. Şonda içimiz rahat bolar we dogany ýa uýany bagyşlarys.
d Dogan-uýalaryň ählisi Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleri we ýakynda suwa çümdürilenleri ýygnakda mähirli garşy almaly hem-de dostlaşmaly. «Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere suwa çümdürilmäge kömek ediň» diýen makalany okaň (w21.03 abz. 15, 16).
e SURATYŇ BEÝANY: uýa wagyzdaka gyzlaryň sport bilen meşgullanýandygyny görýär. Ol uýanyň gowy görýän oýnudy. Soňra uýa olaryň birine wagyz edýär. Belki, olar öň bir toparda oýnandyrlar.
f SURATYŇ BEÝANY: iki ýaşuly ýygnakdan çykarylan adamy idäp, ony Ýehowa dolanmaga höweslendirýär.