13—19 APREL, 2026
52-NJI AÝDYM Ömrüňizi Ýehowa bagyş ediň
Suwa çümdürilmek näme üçin wajyp?
«Şägirt taýýarlaň... suwa çümdüriň» (Mat. 28:19).
ESASY PIKIR
Suwa çümdürilmegiň manysyny we onuň näme üçin wajypdygyny bileliň.
1. Suwa çümdürilmegiň Mukaddes Kitabyň esasy taglymatydygyny nireden bilýäris?
GYZYKLANÝAN adamlar suwa çümdürilende begenjimiziň çägi bolmaýar. I asyrdaky mesihçiler Pentikost gününde ençeme adamlaryň suwa çümdürilendigini görüp örän begenipdiler. Şol gün Petrus resul suwa çümdürilmegiň näme üçin wajypdygyny düşündiripdi (Res. 2:38, 40, 41). Pawlus resul suwa çümdürilmegiň «Mesih hakdaky esasy taglymata» degişlidigini aýdypdy (Ýew. 6:1, 2). Diýmek, suwa çümdürilmek Mukaddes Kitabyň esasy taglymaty. Biz oňa gowy düşünmeli.
2. Biz näme üçin suwa çümdürilmegiň manysyna düşünmeli?
2 Adam jaý guranda apy-tupanda ýykylmaz ýaly onuň düýbüni berk tutýar. Edil şonuň ýaly, Mukaddes Kitabyň hakykatlaryna, şol sanda suwa çümdürilmegiň manysyna düşünsek imanymyz berk bolar. Biz suwa çümdürilmedik bolsak-da ýa-da suwa çümdürilenimize ençeme ýyl geçenem bolsa, suwa çümdürilmegiň näme üçin wajypdygyna düşünmeli. Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: suwa çümdürilmek nämäni aňladýar? Nädip suwa çümdürilýär? Biz näme üçin Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmeli?
SUWA ÇÜMDÜRILMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?
3. Adam suwa çümdürilip nämäni subut edýär?
3 Suwa çümdürilmek bilen adam Mukaddes Kitapdan Ýehowa Hudaý we Isa Mesih barada öwrenen zatlaryna ynanýandygyny görkezýär. Ol günälerine toba edip, Ýehowa gulluk etmek üçin durmuşyny üýtgedendigini subut edýär. Şeýle-de Hudaýyň diňe Isa Mesih arkaly günäden hem ölümden azat edýändigine düşünýändigini görkezýär. Mundan başga-da, ol Hudaýa doga edip, islegini ýerine ýetirjekdigini we guramasyna gulak asjakdygyny söz berendigini iş ýüzünde görkezýär. Siz sözüňizde durup, ýagny özüňizi Hudaýa bagyş edip suwa çümdürileniňizde ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöräp başlaýarsyňyz.
4. Suwa çümdürilmek nämäni aňladýar? (Surata serediň).
4 Siz suwa çümdürileniňizde suwa doly girip çykýarsyňyza. Ol köplenç ölüp, soňra direlmek bilen deňeşdirilýär (Koloslylar 2:12-ni deňeşdiriň). Näme üçin şu deňeşdirmä ýerlikli diýse bolýar? Siz suwa çümeniňizde öňkiňiz ýaly ýaşamagyňyzy bes edýändigiňizi görkezýärsiňiz. Suwdan çykanyňyzda bolsa, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin täze durmuşa başlaýarsyňyz.
Suwa çümdürileniňizde öňki durmuşyňyz üçin ölüp, Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşamak üçin direlýärsiňiz (4-nji abzasa serediň).
5. Suwa çümdürilmäge taýýarlyk görmegi näme bilen deňeşdirse bolýar we näme üçin? (1 Petrus 3:18—21).
5 1 Petrus 3:18—21-nji aýatlary okaň. Suwa çümdürilmäge taýýarlyk görmegi Nuhuň gämi gurmak üçin eden işleri bilen deňeşdirse bolýar. Nuha uly gämini gurmak başda kyn bolup görnendir. Eger siz Ýehowa barada ýaňy-ýakynda bilim alyp başlan bolsaňyz, suwa çümdürilmek üçin talaplara laýyk gelmek kyn bolup görünmegi mümkin. Emma şol talaplara hökman laýyk gelmelimi? Hawa. Hudaý Nuh pygambere gämini nädip gurmalydygyny anyk aýtdy. Ol tupanda halas bolar ýaly gämini Hudaýyň aýdyşy ýaly gurmalydy. Ýehowa Nuh pygambere gämini gurmaga kömek etdi. Sebäbi ol Ýehowa iman etdi we gulak asdy. Bizem Nuh ýaly Hudaýyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirip bileris (1 Mus. 6:22).
6. Suwa çümdürilmek bizi nädip halas edýär?
6 Petrus resul suwa çümdürilmek bilen «halas bolýandygymyzy» aýtdy. Ýöne adamyň günäleriniň bagyşlanmagy üçin onuň diňe suwa çümdürilmegi ýeterlik däl. Diňe Isanyň töleg gurbany bizi günäden azat edip bilýär (1 Ýah. 1:7). Bize suwa çümdürilmegi Ýehowanyň özi tabşyrdy. Şonuň üçin muny etmek örän wajyp. Şeýle-de biz suwa çümdürilmek bilen «Hudaýdan päk ynsap dileýäris». Ýehowa Isanyň töleg gurbany arkaly biziň günälerimizi bagyşlamak isleýär. Suwa çümdürilmek biziň janymyzy «halas edýär», ýagny ebedi ýaşamaga ýol açýar.
SUWA ÇÜMDÜRILMEK DABARASY NÄHILI GEÇIRILÝÄR?
7. Suwa çümdürilmek çäresi nähili geçmeli?
7 Mukaddes Kitapda suwa çümdürilmek üçin suwa doly girip çykmalydygy aýdylsa-da, köp zatlar anyk aýdylmaýar. Biz Mukaddes Kitapdan suwa çümdürilende näme etmegiň ýerlikli ýa-da ýerlikli däldigini anyklap bilýäris. Meselem, Mukaddes Kitabyň prinsipleri suwa çümdürilýän adamyň nähili eşik geýmelidigini ýa-da dabara gatnaşýan adamlaryň özüni nähili alyp barmalydygyny bilmäge kömek edýär (1 Kor. 14:40; 1 Tim. 2:9). Adatça, ýaşulular suwa çümdürýär. Emma biz olary hormatly iş edýändigi üçin öwüp, arşa çykarmaly däl (1 Kor. 1:14, 15). Suwa çümdürilmek üçin köp şaýadyň bolmagy hökman däl (Res. 8:36).
8. Suwa çümdüriljeklere nähili soraglar berilýär we näme üçin? (Resullar 2:38—42; surata serediň).
8 Mukaddes Kitapda «halas bolmak üçin... wagyz etmelidigimiz» aýdylýar (Rim. 10:9, 10). Biz diňe adamlara Hudaý barada gürrüň berenimizde däl-de, eýsem suwa çümdürilenimizde hem köpçüligiň öňünde wagyz eden ýaly bolýarys. Şol sebäpli suwa çümdürilýänlere iki sorag berilýär. Birinjisi, «Günäleriňe toba edip, özüňi Ýehowa bagyş etdiňmi we Hudaýyň Isa Mesih arkaly halas edýändigine ynanýarsyňmy?» Şu sorag adamyň suwa çümdürilmek üçin eden işlerini görkezýär. Pentikost güni Petrus resul hem adamlara: «Toba edip... suwa çümdüriliň» diýende, şu soraga meňzeş sözleri aýdypdy. Ikinjisi, «Suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolýandygyňa we guramasyna goşulýandygyňa düşünýärsiňmi?» Şu sorag adamyň suwa çümdürilenden soňky ätjek ädimlerini görkezýär. Ol Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmesine gulak asjakdygyny we dogan-uýalar bilen eginme-egin gulluk etjekdigini söz berýär. Pentikost gününde suwa çümdürilen adamlar hem beren sözüne görä ýaşadylar (Resullar 2:38—42-nji aýatlary okaň). Şol iki soraga ýürekden «hawa» diýip jogap berenler suwa çümdürilýär.
Suwa çümdürileniňizde «halas bolmak üçin wagyz edýärsiňiz» (8-nji abzasa serediň)d.
9. Her bir adam Hudaýy razy etmek üçin näme etmeli?
9 Belki, siz Hudaý barada bilim almankaňyz arassa, halal ýaşansyňyz, agyr günä eden dälsiňiz. Ýa-da siz mesihçi maşgalada ulalansyňyz. Ene-ataňyz size Ýehowany söýmegi öwredendir. Size şonda-da Hudaýy razy etmek üçin toba edip, suwa çümdürilmek hökmanmy? Elbetde! Nähili önüp-ösen bolsak-da, ähli adamlar günäli. Şonuň üçin biz Hudaý bilen dostlaşyp bilmeýäris (Zeb. 51:5). Emma biz Ýehowa barada bilim alyp öz islegimizi däl-de, Onuň islegini edip ýaşamagy ýüregimize düwdük. Şeýlelikde, biz kiçi bolsun, uly bolsun, ähli günälerimize ökünip, Hudaýyň halamaýan işlerini etmegi bes etdik. Şeýdip, Onuň isleýşi ýaly ýaşap başladyk. Şu ädimlerden soň biz suwa çümdürilip bilýäris (Res. 3:19).
10. Başga dindekäňiz suwa çümdürilen bolsaňyz näme etmeli?
10 Belki, siz öň başga dindekäňiz suwa çümdürilensiňiz. Emma hakykaty bileniňizden soň Ýehowanyň Şaýady bolmak üçin suwa çümdürilmeli. Sebäbi siz öň Ýehowa Hudaý we Isa baradaky hakykata doly düşünmeýärdiňiz. Şeýle-de Hudaýa doga edip, özüňizi bagyş eden bolsaňyz-da, Onuň islegine doly düşünmän söz berdiňiz. Efesdäki adamlaryň käbiri suwa çümdürilen bolsa-da, Isa baradaky hakykata doly düşünmeýärdi. Şol sebäpli olar täzeden suwa çümdürildilerb (Res. 19:1—5). Şu günler Ýehowa adamlaryň Özi barada bilim alyp we islegine doly düşünip suwa çümdürilmegini isleýär.
«ATA, OGUL WE MUKADDES RUHUŇ ADY BILEN SUWA ÇÜMDÜRILMEK»
11. «Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmek» nämäni aňladýar? (Matta 28:18—20).
11 Isa şägirtlerine «Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmegi» tabşyrdy (Matta 28:18—20-nji aýatlary okaň). Şol sözler näme aňladýar? Mukaddes Kitapda biriniň «ady» diýlende onuň at-abraýy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de onuň tutýan ornuny we erk-ygtyýaryny görkezýär. Biz Ýehowanyň hem-de Isanyň ady bilen suwa çümdürilenimizde, olaryň bize näme etmelidigini aýtmaga hakynyň hem-de ygtyýarynyň bardygyna düşünýäris. Mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilenimizde bolsa, onuň görkezmesine eýerýäris. Geliň, «Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmegiň» manysyna jikme-jik düşüneliň.
12. Atanyň ady bilen suwa çümdürilmek nämäni aňladýar? (Ylham 4:11; surata serediň).
12 Atanyň ady bilen suwa çümdürilmek. Ýehowa biziň gökdäki Atamyz. Ol bize ýaşaýyş berdi. Ýehowa ähli zady ýaradan Gudratygüýçli Hudaý (Ylham 4:11-i okaň). Ýehowa biziň dogalarymyzy eşidýär. Biz Oňa doga edenimizde we Ol barada adamlara gürrüň berenimizde adyny tutýarys (Zeb. 65:2). Atanyň ady bilen suwa çümdürilmek ýene bir zada ynanmagy aňladýar. Pentikost güni Petrusy diňläp duran adamlar Ýehowany tanaýardylar. Emma olar Ýehowanyň ebedi ýaşaýşy diňe Isa Mesih arkaly berjekdigine düşünmelidiler (Rim. 5:8).
Suwa çümdürilenden soňam Atanyň ornuna we ygtyýaryna düşüniň (12-nji abzasa serediň).
13. Ogluň ady bilen suwa çümdürilmek nämäni aňladýar? (Surata serediň).
13 Ogluň ady bilen suwa çümdürilmek. Biz Isanyň Hudaýyň ýeke-täk Ogludygyny bilýäris. Diňe Isa arkaly Ýehowa bilen dostlaşyp biljekdigimize düşünýäris (Ýah. 14:6). Şeýle-de Isanyň Halasgärdigine ynanýarys, ol biziň üçin janyny gurban berip, ebedi ýaşaýşa ýol açdy. Şol sebäpli biz diňe suwa çümdürilen günümiz däl-de, eýsem her gün onuň yzyna eýerip ýaşamak isleýäris (1 Ýah. 2:6). Biz Isa ýaly yhlasymyzy gowşatman wagyz edýäris (Luka 4:43). Isadan görelde alyp yzarlamalarda Hudaýa wepaly bolýarys (2 Tim. 3:12). Isa ýygnagyň başy, şonuň üçin onuň bellän adamlaryna höwes bilen gulak asýarys. Olar bize görkezme berýär we aladamyzy edýär (Efes. 4:8, 11, 12; 5:23).
Suwa çümdürilenden soňam Ogluň ornuna we ygtyýaryna düşüniň (13-nji abzasa serediň).
14. a) Mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmek näme aňladýar? (Surata serediň). b) Saýlanan mesihçiler ýene haýsy manyda suwa çümdürilýär? («Saýlananlar ýene haýsy manyda çümdürilýär?» diýen çarçuwa serediň).
14 Mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmek. Biz mukaddes ruhuň adam ýa-da Üç ýüzli taňry däl-de, Hudaýyň güýjüdigine düşünýäris. Geçmişde pygamberler Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly pygamberlik etdiler. Mukaddes Kitaby ýazan adamlar bolsa Hudaýyň Sözüni mukaddes ruh arkaly ýazdylar (2 Pet. 1:20, 21). Şeýle-de biz agyr günäleri etmeýäris, sebäbi agyr günäleri etsek, Ýehowa mukaddes ruhuny hem bize, hem ýygnaga bermeýär (Efes. 4:30).
Suwa çümdürilenden soňam mukaddes ruhuň ornuna düşüniň (14-nji abzasa serediň).
15. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
15 Eger siz suwa çümdürilen bolsaňyz, onuň näme üçin wajypdygyny özüňize ýatladyp duruňc. Şeýle-de özüňizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürileniňizde beren sözüňize görä ýaşaň. Eger siz suwa çümdürilmedik bolsaňyz, onda şol wajyp ädimi ätmäge näme päsgel berýär? Indiki makalada suwa çümdürilmek üçin haýsy ädimleri ätmelidigi hakda gürrüň ederis.
161-NJI AÝDYM Şatlanyp gulluk ederin
a Mukaddes Kitapda «suwa çümdürilmek» diýip terjime edilen grek sözi suwa doly girmegi ýa-da çümmegi aňladýar. Diýmek, suwa çümdürilmek käbir dinlerde öwredilişi ýaly ýöne bir suw sepmegi däl-de, suwa doly girip çykmagy aňladýar.
b Efesdäki adamlar «Ýahýanyň öwredişi ýaly suwa çümdürilendiklerini» aýtdylar (Res. 19:3). Suwa çümdürýän Ýahýa ýehudylara Musanyň kanunyna garşy eden günälerini boýun almagy ündeýärdi we günälerine toba edenleri suwa çümdürýärdi (Mar. 1:4, 5). Emma Musanyň kanuny ýatyrylansoň, adamlara Ýahýanyň öwredişi ýaly suwa çümdürilmek hökman däldi. Şondan bäri Ýehowa adamlary halas edýän diňe ýekeje suwa çümdürilişi makullaýar (Efes. 4:5).
c JW.ORG saýtyndaky we JW Library programmasyndaky «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby» diýen bölümdäki «Suwa çümdürilmek näme?» diýen makalany okaň.
d SURATYŇ BEÝANY: kongresde suwa çümdüriljekler imany hakda hemmeleriň öňünde wagyz etmek üçin ýerinden turýar.