31 AWGUST—6 SENTÝABR, 2026
89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al
Ýygnaklarda ünsli diňläň
«Aýdýan zatlarymy ünsli diňläň» (Luka 8:18).
ESASY PIKIR
Ýygnakda ünsli diňlemäge kömek edýän maslahatlar.
1, 2. a) Şu günler Ýehowa halky üçin näme edýär? (Zebur 23:1, 2, 5). b) Biz makalada näme hakda gürrüň ederis?
ÝEHOWA bize Mukaddes Kitapdaky hakykatlary öwretmek üçin ähli gerekli zatlary berýär. Şonuň üçin biz Dawut ýaly: «Ýehowa meniň Çopanym, hiç zada mätäç bolmaryn» diýýäris (Zebur 23:1, 2, 5-nji aýatlary okaň).
2 Ýehowa bize, esasan, ýygnak duşuşyklarynda köp zatlary öwredýär. Biz köplenç ýygnakda öňki bilýän zatlarymyzy öwrenýäris. Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk etsek-de, Mukaddes Kitaby gowy bilsek-de, şol zatlary gaýtalap dursak peýdaly bolýar (2 Pet. 1:12). Ýygnak duşuşyklarynda bilýän zatlaryňyz gaýta-gaýta öwredilse ünsli diňlemek kyn bolýarmy? Onda şu makaladaky maslahatlar size ýygnaklarda ünsli diňlemäge kömek eder. Makalanyň başynda ýygnaklarda kimiň tälim berýändigi hakda gürrüň ederis. Soňra ýygnakda näme üçin ünsli diňlemelidigini bileris. Şeýle-de ýygnaga gelenler ünsli diňlär ýaly, çykyş edýänleriň näme etmelidigi hakda öwreneris.
ÝEHOWA ÝYGNAKLAR ARKALY ÖWREDÝÄR
3. Ýehowa biziň bilen nädip gepleşýär we Onuň gullukçylary nädip Mukaddes Kitaba esaslanyp öwredýärler?
3 Ýehowa bize habaryny Mukaddes Kitap arkaly ýetirýär (2 Tim. 3:16, 17). Şonuň üçin Isa haçan, haýsy aýady aýtmalydygyny bilýärdi. Ol Hudaýyň Sözüni şeýle bir ökdelik bilen öwredýärdi welin, adamlar geň galyp: «Ol dini mekdepde okamasa-da, mukaddes kitaplary nireden bilýär?» diýişýärdiler (Ýah. 7:15). Isa Hudaýyň Sözüni düşündirende, akýürekli adamlar höwes bilen diňleýärdi. I asyrdaky mesihçiler, ýagny Pawlus bilen Apollos hem adamlara Ýehowanyň islegini düşündirmek üçin Mukaddes Kitapdan aýatlary getirip öwredýärdi (Res. 17:2, 3; 18:24, 28). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary makalalary, wideolary, nutuklary we teleýaýlymlary Mukaddes Kitaba esaslanyp çykarýar. Köplenç ýygnaga ilkinji gezek gelýän adamlar diňe Mukaddes Kitapdaky ýazylan zatlary öwrenýändigimize haýran galýarlar. Ýygnakda çykyş edýänler Mukaddes Kitapdan öwredýärler. Olar diňe bir aýatlary okap bermän, ony düşündirýärler we durmuşda nädip ulanyp boljakdygyny görkezýärler (Luka 24:32).
4. Ýygnaklarda ünsli diňlemek näme üçin wajyp?
4 Birine gulak asmak üçin, ilki bilen, onuň näme diýýändigini bilmeli. Ýehowanyň hem islegini ýerine ýetirmek üçin ýygnakda öwredýän zatlaryny ünsli diňlemeli. Eger biz Ýehowany ünsli diňlesek we öwredişi ýaly ýaşasak, Ony razy ederis (Nak. 27:11).
ÝYGNAKDA NÄME ÜÇIN ÜNSLI DIŇLEMELI?
5. Ýehowany söýsek näme ederis? (Ýahýa 4:23, 24; 1 Ýahýa 5:3).
5 Ýehowany söýýändigimiz üçin ýygnaklarda ünsli diňleýäris (Matta 22:37). Ýehowany tanadygymyzça, Ony öňküdenem beter söýýäris. Şol söýgi bize Ýehowanyň aýdan-diýeninden çykman, gulak asmaga we Mukaddes Kitapda öwredilişi ýaly sežde etmäge höweslendirýär (Ýahýa 4:23, 24; 1 Ýahýa 5:3-nji aýatlary okaň).
6. Ýehowa ýygnaklarda näme öwredýär?
6 Adamlary söýýändigimiz üçin ýygnaklarda ünsli diňleýäris (Mat. 22:39). Ýehowa ýygnaklarda dogan-uýalaryň aladasyny etmegi, adamlara hak Hudaýy tanamaga kömek etmegi öwredýär. Meselem, «Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň» broşýurada wagyzda nähili häsiýetleriň gerekdigi aýdylýar. Biz ýygnakda şol broşýuradaky maslahatlara eýermegi öwrenýäris. Eger size wagyzda adamlar bilen gürrüňdeşlige başlamak kyn bolýan bolsa, onda «Wagyzda ökdeleşiň» diýen bölümde dogan-uýalar ýumuşlary bilen çykyş edenlerinde ünsli diňläň.
7. Ýehowa gulak asmak näme üçin wajyp?
7 Bagtly ýaşamak isleýändigimiz üçin ýygnaklarda ünsli diňleýäris. Ýehowa geçmişdäki gullukçylaryna aýdyşy ýaly, bize-de bagtly ýaşamak islesek, Oňa gulak asmalydygyny öwredýär (5 Mus. 32:44—47). Eger biz ýygnaklarda ünsli diňlesek ruhlanarys, kynçylyklarda çydamly bolmagy öwreneris we täze dünýä gelýänçä sabyrly garaşarys (Rim. 8:25). Soňky günlerde ýaşaýandygymyz üçin Ýehowa gulak asmak we köp wagtymyzy Oňa gulluk edip geçirmek has-da wajyp (Mat. 24:42—44; Ylh. 1:3).
BAŞGALAR ÜNSLI DIŇLÄR ÝALY NÄME ETMELI?
8. Ýygnakda nutuk bilen çykyş edýän doganlar näme üçin ökdeleşmeli?
8 Ýygnakda nutuk bilen çykyş edýän doganlar has-da ökdeleşmeli. Eger dogan nutugyna gowy taýýarlansa we nutukdaky pikirleriň Mukaddes Kitaba esaslanýandygyny düşündirse, Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar Mukaddes Kitabyň hakykatlaryna gowy düşünerler. Dogan-uýalara bolsa Mukaddes Kitaba has gowy düşünmäge we öwrenen zadyny durmuşynda ulanmaga kömek eder. Eger siz ýygnakda çykyş edýän bolsaňyz, muňa sowuk-sala garamaň. Sebäbi siz köplere kömek edip bilýärsiňiz. Indiki abzaslarda berilýän maslahatlar ökde mugallym bolmaga kömek eder. Şol maslahatlar, esasan, ýygnakda nutuk bilen çykyş edýän doganlara degişli bolsa-da, oňa ýygnakda ýumşy bolan dogan-uýalar hem eýerip bilerler (2 Tim. 4:2; Tit. 1:9).
9. Nutugyňyz düşnükli bolar ýaly näme edip bilersiňiz?
9 Pikirleriňizi düşnükli hem yzygider aýdyň. Eger siz nutuk bilen çykyş edýän bolsaňyz, onda diňleýjileriň aýdýan zatlaryňyza düşünmeklerini we pikiriň yzygiderligini tutmaklaryny isleýänsiňiz. Eger nutukda esasy pikirler köp bolsa, diňleýjilere ünsli diňlemek kyn bolýar. Nutugyňyz düşnükli bolar ýaly näme edip bilersiňiz? 1) Nutugyň başynda esasy pikirleri belläp geçiň. 2) Pikirleri garym-gatym etmän, her pikiri aýratynlykda düşündiriň. Esasy pikirleriň birini düşündirip bolanyňyzdan soň, beýlekisine geçmänkäňiz biraz säginiň. 3) Nutugyň soňunda esasy pikirleri gaýtalaň.
10. Çykyş etjek nutugyňdaky pikirler näme üçin ilki öz ýüregiňe täsir etmeli?
10 Nutukda aýtjak pikirleriňiz ilki öz ýüregiňize jüňk bolsun. Şonda ýürekden çykyş edersiňiz, diňleýjilerem muny duýarlar (Nak. 2:4, 5; Res. 4:20). Çykyş etjek nutugyňyz ýüregiňize täsir eder ýaly, ondaky pikirler we aýatlar hakda oýlanyň. ABŞ-da ýaşaýan garryja dogan ýaş wagty diňlän nutugy hakda şeýle gürrüň berýär: «Şol doganyň nutugy häli-häzirem ýadymda. Ol Mukaddes Kitaby okanyňdan soň, oýlanmagyň wajypdygyny gaty gowy düşündiripdi. Men onuň çykyş edişinden özüniň hem Mukaddes Kitaby okansoň oýlanýandygyna düşündim. Şol nutukdan soň Mukaddes Kitaby okanymda köp zatlary öwrenip başladym, Ýehowa bilen hem dostlugym berkedi».
11. Nutuk bilen çykyş edýän doganlar 1 Timoteos 4:13—16-njy aýatlardan näme öwrenip biler?
11 Diňleýjileriň ýagdaýy hakda oýlanyň we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga kömek etjek maslahatlary beriň. Ýöne bir maglumat bermäň-de, diňleýjileri aýatlar arkaly ruhlandyryň we öwrenen zatlaryny durmuşda nädip ulanyp biljekdigini görkeziň. Meselem, Pawlus resul Timoteosa Efesde gulluk edende Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge nämeleriň kömek etjekdigini ýekeme-ýeke agzady (1 Timoteos 4:13—16-njy aýatlary okaň). Sizem diňleýjilere nähili maslahatlaryň gerekdigi hakda oýlanyň we nutukda öwrenen zatlaryny durmuşda nädip ulanyp biljekdiklerini düşündiriň.
12. Näme üçin adaty çykyş etmeli?
12 Çykyşyňyz adaty bolar ýaly, nutugy birnäçe gezek aýdyp görüň. Nutugy sözme-söz ýazmasaňyz ýa-da okap çykyş etmeseňiz, diňleýjilere ünsli diňlemek we aýdylýan zatlara düşünmek aňsat bolar. «Gowy okamagy öwreniň, ökde mugallym boluň» broşýurada şeýle maslahat berilýär: «Diňleýjileriň ýagdaýyna hem-de tema düşünýändigiňiz görner ýaly adaty gepleşikdäki ýaly gepläň. Aýdýan sözleriňiz ýürekden çyksyn». Eger adaty çykyş etseňiz, diňleýjiler ünsli diňlär, öwredýän zatlaryňyz gyzykly bolar we bilen zatlaryny durmuşynda ulanmak islärler.
13. Ökde nutukçydan näme üçin maslahat soramaly? (Surata serediň).
13 Ökde nutukçydan maslahat soraň. Dogana taýýarlan nutugyňyzy görkeziň we çykyş edeniňizde onuň beren maslahatlaryna eýeriň. Şeýle-de nutuk bilen çykyş edişiňizi diňläp görmegi haýyş ediň we ökdeleşer ýaly nämeleriň üstünde işlemelidigini soraň (Nak. 1:5). Kemçiligiňi görmek özüňe kyn bolýar. Şonuň üçin dogan size nutugy has düşnükli edip, peýdasyny görkezer ýaly näme etmelidigini aýdyp bilýär. Biz ökde mugallym bolmak isleýäris, şonda Mukaddes Kitabyň hakykatlarynya adamlara gowy düşündirip peýdasyny görkezip bileris.
Tejribeli nutukçydan ökdeleşer ýaly kömek soraň (13-nji abzasa serediň).
HASAM ÜNSLI BOLAR ÝALY NÄME ETMELI?
14. Biz mezmurçynyň sözleri hakda näme üçin oýlanmaly? (Zebur 119:24, 111, 167).
14 Ýehowanyň öwredýän zatlarynyň wajypdygyna düşünsek, ýygnakda hasam ünsli diňläris. Hudaýyň öwredýän hakykatlary bize agyr günlerde kynçylyklardan baş alyp çykmaga kömek edýär (2 Tim. 3:1). Eger ýygnakda öňki bilýän zatlarymyz gaýta-gaýta öwredilse, onda Zebur 119-njy bapdaky sözler hakda oýlanalyň. Mezmurçy Ýehowanyň öwüt-nesihatlarynyň gadyr-gymmatlydygy hakda ýazdy (Zebur 119:24, 111, 167-nji aýatlary okaň).
15. Ýygnaklarda öwrenýän zatlarymyzyň gadyryny bilmäge näme kömek edýär?
15 Biz Ýehowanyň öwüt-nesihatlarynyň hemişe gadyryny bilmeli. Munuň üçin ysraýyllar bilen bolan waka hakda oýlanmaly (2 Mus. 16:15, 31). Ýehowa ysraýyl halkyna çölde manna beripdi. Başda olar mannany halapdylar. Ýehowanyň beren mannasy olar üçin bal ýalydy. Manna olary açlykdan halas edipdi. Ýöne soňabaka käbirleri her gün manna iýmekden ýadadylar (4 Mus. 21:5). Şu günler biz ýygnakda käbir hakykatlary gaýta-gaýta öwrenýäris. Ýöne biz şol bir zatlary öwrenýäris diýip, olary peýdasyz hasaplamaly däl. Ysraýyllar ýaly gadyrbilmez bolmaly däl. Ýygnakda öwrenýän zatlarymyzyň Ýehowadan bereketdigini ýatdan çykarmalyň. Wepaly hyzmatkär olary pikirlenip saýlaýar. Şonuň üçin ýygnaklarda öwrenýän hakykatlarymyz bize durmuşda dogry kararlara gelmäge kömek edýär we ebedi ýaşaýşa eltýär (Nak. 3:13, 16—18; Ýah. 17:3).
16. Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalara ýygnakda ünsli diňlemäge näme kömek edýär? («Ünsli diňlemek üçin maslahatlar» diýen çarçuwa serediň).
16 Indiki maslahatlara eýersek, ýygnakda hasam ünsli diňläris. Geliň, Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalara ýygnaklarda ünsli diňlemäge nämeleriň kömek edýändigini bileliň. Ýehowa 30 ýyldan gowrak gulluk edýän Eşli şeýle gürrüň berýär: «Öňünden taýýarlanyp barsam, ýygnakda ünsümi jemläp bilýärin. Eger taýýarlanmasam jogap bermek kyn, pikirlerim hem dagynyk bolýar». Hakykat ýolundan ýöreýänine 52 ýyl bolan Jozef şeýle diýýär: «Biz ýygnakda şol bir temalary gaýta-gaýta geçsek-de, men olardan ýadamaýaryn. Sebäbi dürli nutuklardan, dogan-uýalaryň jogaplaryndan täze zatlary öwrenýärin. Eger dogan ökde nutukçy bolmasa, men onuň çykyş edişine däl-de, aýdýan zatlaryna üns berýärin. Sebäbi ol Hudaýyň Sözünden öwredýär».
17. Ýygnaklarda ünsli diňlemäge ýene haýsy maslahatlar kömek edýär? (Surata serediň).
17 Geliň, ýygnakda ünsli diňlemäge kömek edýän käbir maslahatlara seredeliň. 1) Ýygnakda uklap oturmaz ýaly, öňünden agyr nahar iýmäň. 2) Irräk gelip ýygnak başlamanka ýeriňizde oturyň. 3) Ýygnakda ünsüňizi sowmaz ýaly, elektron enjamlaryňyzyň sesini öçüriň. 4) Çykyş edýän doganyň gürrüň etjek zatlary hakda oýlanyň. 5) Ünsüňizi daş-töwerege däl-de, nutukça beriň. 6) Bellik ediň ýa-da esasy pikirler ýatda galar ýaly suratyny çekiň. 7) Getirilen aýatlar hakda oýlanyň we olaryň bir-biri bilen baglanyşygyny görjek boluň. 8) Özüňize şeýle sorag beriň: «Öwrenen zatlarym arkaly dogan-uýalara ýa-da wagyz edenimde adamlara nädip kömek edip bilerin?» 9) Kongresden öň onuň meýilnamasyny, temasyny, nutuklaryň atlaryny we ondaky aýatlary okap çykyň. 10) Kongres başlanda Ýehowanyň öwretmek isleýän zatlaryny diňlemäge taýýar bolar ýaly, ýeriňizde oturyp öňünden goýulýan sazlary diňläň we wideolary görüň.
Telefona güýmenmän, ýygnakda ünsli diňläň (17-nji abzasa serediň).
ÝEHOWANY ÜNSLI DIŇLÄŇ
18. Biz näme üçin ýygnaklarda ünsli diňlemeli?
18 Ýehowany razy edip ýaşamagy öwrener ýaly, biz ýygnaklarda ünsli diňlemeli (Zeb. 23:3; 31:3). Ýehowanyň öňünde hemişe dogry işleri etmek üçin bize Onuň görkezmesi gerek. Şol sebäpli ýygnaklarda aýdylýan zatlary ünsli diňlemeli we olara görä ýaşamaly (Luka 8:18). Ýehowa gulak asyp ýaşaýan adam häzirden bagtly bolar we gelejekde ebedi ýaşaýyş sylagyny alar (Zeb. 119:2, 14).
87-NJI AÝDYM Geliň, ýygnakda ruhlanalyň!
a Ökde nutukçy bolmak üçin gerekli maslahatlary «Gowy okamagy öwreniň, ökde mugallym boluň» broşýuradan we «Wagyz mekdebi» kitabyndan tapyp bilersiňiz.