24—30 AWGUST, 2026
65-NJI AÝDYM Öňe git!
Wagyz toparyňyz bilen ýakyndan işleşiň
«Bütin janym bilen Ýehowany wasp ederin.Ýygnakda, dogruçyllaryň öňünde taryplaryn» (Zeb. 111:1).
ESASY PIKIR
Toparymyzdaky wagyzçylar bilen işleşmegiň peýdaly taraplaryny bileris.
1, 2. Käbir dogan-uýalaryň wagyz topary hakda näme diýýändiklerini gürrüň beriň.
WAGYZÇY bolan günüňiz ýadyňyza düşýärmi? Şol gün ýatdan çykmajak günleriň biri bolandyr. Indi siz ýygnagyňyzdaky beýleki wagyzçylar ýaly wagyz edip, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryp bilýärsiňiz (Zeb. 148:1, 2, 12, 13). Şeýle-de sizi bir topara belländirler. Birnäçe dogan-uýadan ybarat bolan şeýle topara wagyz topary diýilýär. Isa ähli şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary «bütin ýer ýüzüne» wagyz etmegi tabşyrdy. Sizem şol topardaky dogan-uýalar bilen wagyz edip, Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip bilýärsiňiz (Mat. 24:14).
2 Geliň, käbir wagyzçylaryň wagyz topary hakda näme diýýändiklerine seredeliň. Wendia şeýle gürrüň berýär: «Men toparymdaky dogan-uýalardan köp zatlary öwrenýärin. Olar maňa ökdelik bilen wagyz etmäge, okuw geçirmäge, Ýehowa bilen dostlugymy berkidýän ruhy maksatlary goýmaga kömek edýärler. Şeýle-de olar bilen ýakyndan dostlaşdym». Riç bolsa: «Toparyň gözegçisi bolmak uly jogapkärçilik. Dogan-uýalar gyzyklanýanlara ruhy taýdan ösüp, suwa çümdürilmäge kömek edýärler. Ýöne topar gözegçileri wagyzçylara suwa çümdürilenden soň hem Ýehowa bilen dostlugyny berkidip, yhlasly bolmaga kömek edýärler» diýýär. «Wagyz toparymy şeýle bir gowy görýärin! Toparymdaky dogan-uýalar edil maşgalam ýaly» diýip, Dina-da belläp geçýär.
3. Şu makaladan nämeleri bileris?
3 Biz şu makalada, ilki bilen, wagyz toparynyň gözegçisi we onuň kömekçisiniň borçlary hem-de olaryň toparyndaky dogan-uýalara nädip kömek edýändigi hakda gürrüň ederis. Soňra öz toparymyzdaky wagyzçylara nädip kömek edip biljekdigimize serederis. Mundan başga-da, olar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň peýdasy barada gürrüň ederis.
TOPAR GÖZEGÇISI WE KÖMEKÇISI
4. a) Topar gözegçisiniň nähili jogapkärçiligi bar? b) Ol nädip toparynyň aladasyny edýär? («Topar gözegçileri üçin maslahatlar» diýen çarçuwa serediň).
4 Wagyz toparynyň gözegçisi edip ýaşulyb dogan bellenýär. Topar gözegçisi dogan-uýalara Ýehowa bilen dostlaşmaga we ökde wagyzçy, mugallym bolmaga kömek edýär. Nädip? Birinjiden, ol toparyndaky her bir dogan-uýanyň aladasyny edýär (Nak. 27:23). Her biri bilen ýakyndan tanyşýar, üns berýär we gyzyklanyp durýar. Şeýdip, olaryň Hudaý bilen dostlugyny berkidýär, göwnüçökgünlige düşende ruhlandyrýar we kynçylykda kömegini gaýgyrmaýar (Nak. 12:25; Işa. 32:2; Ýak. 2:15—17). Ikinjiden, ol toparyndaky her bir wagyzça yzygiderli wagza çykmaga kömek edýär. Her hepde toparyndaky dogan-uýalar bilen wagza çykmak üçin elinde baryny edýär. Şeýle-de ol her bir wagyzçy bilen işleşip ruhlandyrýar we ökde wagyz etmäge, mugallym bolmaga kömek edýär. Eger ol topary bilen işleşip ýetişmese, muny etmegi kömekçisine ýa başga bir talaba laýyk gelýän dogana tabşyryp biler. Üçünjiden, ol suwa çümdürilen doganlara ýygnakda borçlary almaga kömek edýär (1 Tim. 3:1). Ol doganlara hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolmak üçin talaplara laýyk gelmäge kömek edýär. Meselem, gowy häsiýetleri we ukyplary öwrener ýaly maslahat berýär, ýürekden öwýär, başga-da gerekli zatlary öwredip durýar. Ýaşulular maslahaty şu zatlary başarjak ýaşuly dogany wagyz toparynyň gözegçisi edip belleýär.
5. Topar gözegçilerinde nähili kynçylyklar bolýar?
5 Wagyz toparynyň gözegçilerine borjuny ýerine ýetirmek hemişe aňsat bolmaýar. Germaniýada ýaşaýan Ýorg diňe bir wagyz toparynyň gözegçisi däl, onuň ýygnakda başga-da borçlary bar. Ol: «Maňa hem toparyma seretmek, hem ýygnagyň başga işlerini etmek aňsat bolmaýar. Şonuň üçin hepdäniň dowamynda toparymdaky her bir wagyzçydan habar alyp ýetişmeýärin» diýýär. Ugandada ýaşaýan 70 ýaşly Abel bolsa: «Biziň ýygnagymyzda barmak basyp sanaýmaly ýaşuly hem hyzmatçy bar. Toparlarda wagyzçylaryň sany köp. Men wagyzçylary yzygiderli idäp, ruhlandyrmak islesemem ýetişip bilmeýärin» diýýär. Surinamda ýaşuly bolup gulluk edýän Obed şeýle gürrüň berýär: «Men tälim bermegi gowy görýärin, ýöne wagtyň, güýjüň köp gidýär. Onsoňam, tälim berýän adamyň maksatlaryna ýetýänçä köpräk wagt gerek bolýar. Şol sebäpli tälim berenimden, ýygnakda başga işleri edenimi gowy görýärin». Geliň, topar gözegçilerine şeýle ýagdaýda nämäniň kömek edýändigini bileliň.
6. Gözegçiler toparyndakylaryň her biriniň nädip aladasyny edip biler?
6 Eger toparda wagyzçylaryň sany az bolsa, onda gözegçi olaryň her birine Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek edip bilýär. Ýöne käbir ýygnaklarda ýaşulularyň sany az bolansoň, muny etmek aňsat bolmaýar. Şeýle ýagdaýda ýaşulular maslahaty topardaky dogan-uýalaryň sanyny däl-de, toparlaryň sanyny köpeldip biler. Olar käbir toparlara seretmek üçin wagtlaýynça hyzmatçy doganlary belläp bilerler. Şeýdip, gözegçiler toparyndaky wagyzçylara Ýehowa wepaly gulluk etmäge we kynçylyklara döz gelmäge kömek edip bilerler.
7. Gözegçiler toparyndakylaryň aladasyny ýene nädip edip biler? (1 Petrus 5:2; surata serediň).
7 Eger siz wagyz toparynyň gözegçisi bolsaňyz, ýygnagyňyzda-da ýaşuly az bolsa, onda kömekçiňize topardaky dogan-uýalaryň aladasyny etmegi öwrediň (1 Petrus 5:2-ni okaň). Dogana käbir işleri etmegi tabşyryň. Meselem, ondan käte wagyz duşuşygyny geçirmegi we şol gün toparda wagyz işini gurnamagy haýyş ediň. Kömekçiňiz bilen topardaky her bir wagyzça ukyplaryny ösdürmäge we Hudaý bilen dostlugyny berkitmäge nädip kömek edip biljekdigiňiz hakda maslahat ediň. Çopançylyk ideglerine kömekçiňizi hem alyp gidiň. Idegden öň dogany ýa uýany nädip ruhlandyrmalydygy hakda gürrüň ediň. Idegden soň bolsa, kömekçiňizi öwüp, ýene nämede ökdeleşmelidigini aýdyň. Şeýdip, siz dogany gelejekde topar gözegçisi bolmaga taýýarlarsyňyz (2 Tim. 2:2). Siz toparyňyzdaky tejribeli dogan-uýalardan hem beýleki wagyzçylara ökdeleşmäge kömek etmegi haýyş edip bilersiňiz. Pionerler we Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalar täze wagyzçylara wagyzda ökdeleşmegi öwredip bilerler. Olara gürrüňdeşlige başlamagy, gyzyklanýan adam bilen gürrüňi dowam etmegi we Mukaddes Kitap okuwyny geçirmegi görkezip bilerler. Geliň, indi toparymyzdaky wagyzçylara kömek etmegiň üç usuly hakda gürrüň edeliň.
Ýaşuly topar hyzmatçysyna wagyz duşuşygyny geçirmegi tabşyryp, tälim berip biler (7-nji abzasa serediň).
TOPARYŇYZDAKY WAGYZÇYLARA KÖMEK EDIŇ
8. Toparyňyzdaky wagyzçylara nädip kömek edip bilersiňiz? (Rimliler 1:12).
8 Bile wagyz ediň. Dogan-uýalar bilen wagyz edip, siz «birek-biregi ruhlandyrýarsyňyz» (Rimliler 1:12-ni okaň). Şeýle-de adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda özüňizi arkaýyn duýýarsyňyz we käbir ýerlerde birek-birege gorag bolýarsyňyz. Eger işiňiz sebäpli toparyňyz bilen geçirilýän duşuşyklara gatnaşyp bilmeseňiz, başlygyňyz bilen gepleşiň. Belki, haýyş etseňiz, ol iş wagtyňyzy üýtgeder (Neh. 2:4—6). Ýa-da siz garrylyk, keselçilik sebäpli toparyňyz bilen wagza çykyp bilmeýän bolsaňyz, ýagdaýyňyzy gözegçiňize düşündiriň. Ol siziň üçin topardaky dogan-uýalar bilen Internetde hat ýazmagy ýa-da Mukaddes Kitap okuwyna gatnaşmagy gurnap biler. Eger siz ýaş, sagdyn bolsaňyz-da, yzygider wagza çykmaýan bolsaňyz näme edip bilersiňiz? Onda her hepde toparyňyzdaky dogan-uýalaryň biri bilen wagza belleşiň. Durmuşda nämäniň wajypdygy we wagtyňy nämä berseň dogry bolýandygy hakda oýlanyň (Rim. 12:11; Kol. 4:5). Görşümiz ýaly, toparyňyzdaky dogan-uýalar bilen yzygiderli wagza çykmaga jan etseňiz, olaryň her birine kömek edip bilersiňiz. Munuň üçin Ýehowa doga edip kömek soraň. Ol «siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» (Flp. 2:13).
9. Toparymyzdaky dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşmak üçin näme edip bileris? (Rimliler 12:13).
9 Myhmansöýer boluň. Biz «myhmansöýer bolsak», toparymyzdaky dogan-uýalary söýýändigimizi görkezeris (Rimliler 12:13-i okaň). Wagyz duşuşygy geçiriler ýaly, öýümizi teklip edip bileris. Käbir ýygnaklarda wagyz toparlary gezekleşip, jemagat nutugy bilen çykyş etmäge gelen dogany myhman alýarlar. Eger nutukçy dogan ýygnakdan soň myhmançylyga galyp bilmese, gezegi ýeten topar şonda-da ýygnanyşýar we birek-biregi ruhlandyrýar. Ýörite pioner bolup gulluk edýän Sara şeýle gürrüň berýär: «Öýe myhman gelmeli bolanda uly alada bolýar. Şonuň üçin saçagy uludan ýazyp, ony-muny bişirjek bolup başagaý bolup ýörmeýärin. Gaýtam dogan-uýalar bilen köpräk gürrüňdeş bolup, olary ýakyndan tanajak bolýaryn». Eger toparymyzdaky wagyzçylary ýakynlarymyz ýaly gowy görsek, olar bilen dostlugymyz berkär, Ýehowa-da ýakynlaşarys (Neh. 8:10; Res. 20:35).
10. Ökde wagyzçy, mugallym bolmak islesek näme etmeli? (Nakyllar 1:5; 27:17; surata serediň).
10 Kömek soraň. Eger biz ökde wagyzçy, mugallym bolsak, yzygiderli wagza çykarys we toparymyzdaky dogan-uýalar bilen höwes bilen işleşeris. Belki, siziň käbir zatlarda hasam ökdeleşesiňiz gelýändir. Onda toparyňyzdaky pionerden ýa-da tejribeli wagyzçydan kömek soraň (Nakyllar 1:5; 27:17-nji aýatlary okaň). Bu barada topar gözegçiňize hem duýduryň. Ol size kömek etmek üçin elinde baryny eder. Şeýle-de Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalardan maslahat sorap bilersiňiz. Hezer atly uýa utanjaň bolsa-da, dogan-uýalardan kömek sorady. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men bir pioner uýadan gaýtadan ideg etmäge kömek etmegi haýyş etdim. Ol meni höwes bilen yzygiderli wagza äkidýärdi. Şeýdip, gaýtadan ideglerimiň biri bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym. Men ondan kömek sorap gowy edipdirin. Indi men wagza höwes bilen gidýärin». Dogrudanam, toparymyzdaky wagyzçylara kömek etmegiň gowudan-gowy usullary bar.
Wagyz topary birek-biregi gowy tanamaga we ýakyndan işleşmäge kömek edýär (10-njy abzasa serediň).
TOPAR BILEN ÝAKYNDAN IŞLEŞMEGIŇ PEÝDASY
11, 12. Wagyz toparyňyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň nähili peýdasy bar? Mysal getiriň.
11 Ýehowa bilen dostlugymyz berkeýär. Toparymyzdaky dogan-uýalar bilen wagyz etmegiň diňe olara däl, özümize-de köp peýdasy bar. Meselem, Ýehowa wagyz toparlary arkaly ýetimleriň, dul aýallaryň we garry dogan-uýalaryň aladasyny edýär (1 Sel. 2:8; Ýak. 1:27). Toparymyzdaky dogan-uýalar bilen işleşip ökde wagyzçy bolmagy we şägirt taýýarlamagy öwrenýäris. Suwa çümdürilen doganlar ýygnakda her dürli işleri ýerine ýetirip, köp dogan-uýalara kömek edip bilýärler (1 Tim. 3:10).
12 Geliň, ýokarda agzalan Wenda wagyz topary bilen işleşmegiň nähili kömek edendigini bileliň. Ol şeýle diýýär: «Kakam biziň Ýehowa gulluk etmegimize garşy çykýardy. Şonuň üçin ejem dynç günleri toparyndaky dogan-uýalar bilen wagza çykyp bilmeýärdi. Ýöne men gidýärdim. Men pioner bolup gulluk edýän garryja uýa bilen dostlaşdym we onuň bilen yzygiderli wagza çykýardym. Ol maňa nädip ökdelik bilen wagyz etmelidigini görkezýärdi we ýygnakda köp işleri etmäge kömek etdi. Topar gözegçimiz maňa birnäçe gezek Mukaddes Kitapdan maslahat berdi. Şol maslahatlar häzirem kömek edýär».
13. Wagyz toparymyz bilen işleşmegiň ýene nähili peýdasy bar? (Surata serediň).
13 Jana-jan dostlaryň köpelýär. Biz toparymyzdaky dogan-uýalar bilen «eginme-egin» wagyz edip gowy dost bolýarys (Flp. 1:27). Wagyz toparynda dogan-uýalar köp bolmansoň, köpçülikden çekinýän wagyzçylara dost tapmak aňsat bolýar (2 Kor. 6:13). Şeýle-de kesellänimizde, göwnüçökgünlige düşenimizde, dogan-garyndaşlardan biri aradan çykanda toparymyzdaky dogan-uýalar ýeke goýmaýarlar (1 Sel. 5:14). Uly betbagtçylyk golaýlaşdygy saýyn, biz dost-ýarlaryň kömegine hasam mätäç bolýarys (Mat. 24:21). Elbetde, dost-ýarlarymyz biziň kynçylyklarymyzy aýryp bilmeýärler. Ýöne olaryň söýgüsi, goldawy bize kynçylyklara döz gelmäge güýç berýär (Nak. 17:17).
Wagyz toparyndaky iki uýa bile wagza çykýar (13-nji abzasa serediň).
14. Wagyz topary bize kyn ýagdaýlarda nädip kömek edýär?
14 Kyn günde ýeke galmaýarys. Her birimiz garaşylmadyk ýagdaýda medisina kömegine mätäç bolup bilýäris. Ýa-da ýaşaýan ýerimizde tebigy betbagtçylyk, keselçilik bolup bilýär. Şeýle-de yzarlamalara duş gelip ýa-da hiç zatsyz galyp bilýäris. Şeýle ýagdaýda topar gözegçileri kömegini gaýgyrmaýarlar. Meselem, tebigy betbagtçylyk bolanda olar toparyndakylar bilen habarlaşyp, nämeleriň gerekdigini anyklaýarlar. Soňra olara däri-derman, iýmit, suw, egin-eşik berýärler we ýaşamaga ýer tapyp berýärler. Mundan başga-da, topar gözegçileri şeýle ýagdaýlarda kimlere goşmaça kömegiň gerekdigi hakda Gulluk komiteti bilen maslahatlaşýarlar we olara kömek etmegi ýola goýýarlar. Görşümiz ýaly, wagyz toparynyň köp peýdasy bar. Olar kynçylyklarda we gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda derrew dadymyza ýetişýärler.
15. Ýehowanyň maşgalasy näme etmek isleýär?
15 Bilşimiz ýaly, Ýehowanyň maşgalasy örän uly. Gökde Ýehowa wepaly perişdeleriň sany-sajagy ýok. Ýer ýüzünde bolsa dokuz milliondan gowrak adam Ýehowa gulluk edýär. Olaryň sany günsaýyn artýar (Zek. 8:23; Ylh. 5:11). Gökdäki perişdelerem, Hudaýyň ýerdäki gullukçylaram Patyşalyk baradaky hoş habary köp adamlaryň eşitmegini isleýär (Ylh. 14:6, 7). Şonuň üçin, geliň, toparymyzdaky wagyzçylar bilen elimizde baryny edip işleşeliň! Olar bilen hyzmatdaşlyk edip hem özümize, hem dogan-uýalara kömek edýäris. Esasanam, Ýehowa Hudaýy bütin ýürekden şöhratlandyrýarys (Zeb. 111:1).
61-NJI AÝDYM Şaýatlar, öňe!
a Käbir atlar üýtgedildi.
b Eger ýaşuly ýetmeýän bolsa, onda ukyply hyzmatçy wagyz toparyna seretmäge bellenip biler. Şeýle ýagdaýda dogana wagyz gözegçisi diýilmeýär, sebäbi diňe ýygnak ýaşulusy wagyz toparynyň gözegçisi bolup bilýär. Şonuň üçin dogana topar hyzmatçysy diýilýär. Ýaşulular dogana görkezme berip, wagyz toparynyň aladasyny etmäge kömek edýärler.