Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w26 Iýun sah. 26—30
  • Kuba topragynda 70 ýyl bäri gulluk edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kuba topragynda 70 ýyl bäri gulluk edýäris
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • KYN DÖWÜRLER GELIP ÝETDI
  • HEM ENE-ATA, HEM PIONER BOLDUK
  • YZARLAMA DÖWRI HEM ETRAP GÖZEGÇIDIM
  • ÝADGAÝ ÜÝTGESE-DE, ŞATLYGY ÝITIRMEDIK
  • «Arzuwym hasyl boldy»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa doga-dileglerime jogap berdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowa barada öwrenmegi we öwretmegi halaýaryn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalary goldalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
w26 Iýun sah. 26—30
Gustawo bilen Emiliýa Jozef.

TERJIMEHAL

Kuba topragynda 70 ýyl bäri gulluk edýäris

GUSTAWO JOZEF GÜRRÜŇ BERDI

MEN 1947-nji ýylda Kubanyň bir adasynda dünýä indim. Ol Karib deňzi bilen Atlantik okeanynyň birleşýän ýerinde ýerleşýär, özem gaty owadan. Biz üç çaga, men maşgalada iň ulusy. Menden kiçi iki gyz jigim bar. Biz Esmeralda obasynda ýaşadyk.

Kiçijik obamyzyň halky asuda ýaşaýardy. Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen bir-birimize ýakyn ýaşaýardyk. Biz iýmitden, puldan kösenmeýärdik.

Bäş ýaşlarymdakam ejem bilen kakam Walton Jones atly dogan bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladylar. Ol örän yhlaslydy, biziň obamyza gelmek üçin on sagada golaý ýol ýöreýärdi. Ol her gezek gelende biz atamlara üýşýärdik we onuň bilen Mukaddes Kitap barada birnäçe sagatlap gürrüň edýärdik. Ejem bilen kakamyň hem-de kakamyň jigileri Pedro bilen Elanyň öwrenýän zatlary ýüregine jüňk bolýardy. Şonuň üçinem olar köp wagt geçip-geçmänkä suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady boldular. Ela häzir 100 ýaşlarynda, ol Kubada pioner bolup gulluk edýär.

Şol döwür Kubada Ýehowanyň Şaýatlary arkaýyn wagyz edýärdiler we ýygnaklara barýardylar. Kubanyň halky hem Ýehowanyň Şaýatlaryny gowy tanaýardy, sebäbi olar öýden-öýe wagyz edýärdiler. Biz gyzyklanýan adamlara bermek üçin hemişe ýanymyzda edebiýatlary göterýärdik. Biz gaty köp ýöreýärdik. Ýehowa arkaýyn gulluk eden döwrümizi ýatlamagy gowy görýärin. Ýöne soň kyn döwürlerem boldy (2 Tim. 4:2).

KYN DÖWÜRLER GELIP ÝETDI

Ýadyma düşýär, men şol wagtam bäş ýaşlarymdadym. Kakam inisi bilen kongrese gatnaşmak üçin adanyň ol çetine gitdi. Gynansak-da, olar ýolda hapa suw içip kesellediler. Öýe gelensoňlar, daýymyň saçy düşüp ýaramady. Ýöne soň gowulaşyp gitdi. Kakam bolsa aradan çykdy. Şonda ol ýaňy bir 32 ýaşyndady.

Kakam ölensoň, ejem bizem alyp erkek doganynyňka göçüp gaýtdy. Ol Lombillo obasynda ýaşaýardy. Biz dogan-garyndaşlarymyzdan, atamlardan aýrylmaly bolduk, olary gaty gowy görýärdik. Emma biz Ýehowa gulluk etmegimizi goýmadyk.

Lombillo obasynyň golaýynda emeli köl bardy. Men 1957-nji ýylyň 26-njy awgustynda şol kölde suwa çümdürildim. Şonda 10 ýaşymdadym. Şondan iki ýyl geçer-geçmez, Kubada Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýagdaýy bütinleý üýtgedi. 1959-njy ýylda hökümet agdarylyp, döwletiň dolandyrylyşy üýtgedi.

Hökümet birgiden esgerleri ýygnap, güýçli goşun döretmek isledi. Şonda Ýehowanyň Şaýatlaryna hasam kyn boldy. Olar bitaraplygyny saklap, goşunda gulluk etmekden ýüz öwürdiler. Şonuň üçin biz öňki ýaly açyk wagyz edip ýa-da ýygnaklara baryp bilmeýärdik. Hökümet ahyry Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işini gadagan etdi. Ýüzlerçe Hudaýa wepaly doganlary türmä basdylar. Esgerler olaryň käbirlerini urup-ýençdiler, hatda aç-suwsuz goýdular. Käte bolsa gan goşulan iýmitleri berýärdiler. Ýöne Mukaddes Kitaba garşy gelýändigi üçin olardan hem iýip bilmeýärdiler.

Biz garşy çyksalar-da, wagyz etmegi gadagan etseler-de, ýygnaklary geçirmegi goýmaýardyk (Ýew. 10:25). Biz kongresleri fermalarda we şolar ýaly adamlaryň kellesine gelmejek başga ýerlerde geçirýärdik. Bir gezek doganlaryň biri kongres geçirmek üçin ullakan goýun ýatagyny berdi. Biz ýatakdan goýunlary çykaryp, ony arassalap ýetişmesek-de, kongresi geçirdik. Şonda kongresi goýunlar bilen bileje diňledik (Mik. 2:12).

Biz kyn döwürde imanymyzy berkitmäge kömek eden doganlara örän minnetdar. Doganlar kongresiň nutuklaryny ýazga geçirýärdiler we Kubadaky ýygnaklara iberýärdiler. Käte hemme nutuklary taýýarlap ýazga geçirmek üçin bary-ýogy iki sany dogan bellenýärdi. Doganlar nutuklary gizlenip ýazdyransoňlar, käte towuklaryň sesini ýa-da başga-da gülkünç sesleri eşidýärdik. Eger kongres geçýän ýerde tok bolmasa, onda dogan tok beriji enjam oturdylan welosipediň pedalyny aýlap durýardy. Şeýdip, kongresiň ýazgysyny diňleýärdik. Elbetde, biz başga ýurtdaky dogan-uýalar ýaly arkaýyn wagyz edip, ýygnaklara gatnaşyp bilmeýärdik ýa-da hemme edebiýatlar ýokdy. Ýöne Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmäge gerekli zatlar hemişe-de bolýardy. Biz Ýehowa şatlanyp gulluk edýärdik (Neh. 8:10).

HEM ENE-ATA, HEM PIONER BOLDUK

Men 18 ýaşymda Floridada pioner bolup gulluk edip başladym. Bir ýyl dolmanka, meni Kamagweý şäherine ýörite pioner edip bellediler. Ol ýerde Emiliýa atly owadan uýa bilen tanyşdym. Ol Santýago-de-Kuba şäherindendi. Biz Emiliýa bilen duşuşyp başladyk we bir ýylyň içinde toý etdik.

Surat: 1) Gustawo bilen klasdaşlary surata düşýärler. 2) Gustawo bilen Emiliýanyň toý güni ýylgyryp düşen suraty.

(Çepde) Ýaşulular üçin Patyşalyk gulluk mekdebi (Kuba, 1966)

(Sagda) Toý günümiz (1967)

Men hökümetiň şeker öndürýän zawodynyň birinde uzakly gün işläp başladym. Biz Emiliýa bilen pioner bolup bilmesegem, Ýehowa köpräk gulluk edesimiz gelýärdi. Şonuň üçin men başlygyma günortan sagat 15:00-dan agşam 23:00-a çenli işläp biljekdigimi aýtdym, olam razylaşdy. Men ir turmagy halamaýardym, ýöne irden boş bolamsoň, yzygider wagza gidip, Emiliýa bilen hemme duşuşyklara gatnaşyp bilýärdim.

1969-njy ýylda ilkinji perzendimiz Gustawo dünýä indi. Oglumyz doglan wagtlary jogapkär doganlar maňa etrap gözegçisi bolup gulluk etmegi haýyş etdiler. Şol wagtlar Kubada çagaly bolsaňam etrap gözegçisi bolup gulluk edip bolýardy. Şeýdip, biziň durmuşymyzda gyzykly hem başagaý günler başlandy. Etrap gözegçisi bolup gulluk etmek Emiliýa ikimiz üçin Ýehowanyň berekedidi. Şol döwürler biziň ýene bir oglumyz Abyt, soňra Abner doguldy. Birnäçe ýyldan soň bolsa gyzymyz Maheli dünýä indi.

Etrap gözegçisi bolup gulluk eden ýyllarymy ýatlanymda begenýärin. Şol wagt men Ýehowanyň Kubadaky halkynyň aladasyny edişini gözüm bilen görýärdim. Şeýle-de Ýehowa bize çagalarymyzy hakykat ýolunda terbiýelemäge kömek etdi. Geliň, men size etrap gözegçisi bolup gulluk eden wagtlarymyz Emiliýa ikimiziň durmuşymyzyň nähili bolandygy hakda aýdyp bereýin.

YZARLAMA DÖWRI HEM ETRAP GÖZEGÇIDIM

Kubada wagyz işi gadagan edilensoň, dogan-uýalara ýygnaga gitmek, wagyz etmek has-da kynlaşdy. Ýygnak jaýlary ýapyldy. Missionerleri ýurtdan çykardylar. Köp ýaş doganlary bolsa tussag edip, türmä basdylar. Hawanadaky filial hem ýapyldy.

Gustawo bilen Emiliýanyň elinde ispan dilindäki «Oýanyň» žurnallary bar.

Etrap gözegçisi wagtym (1990-njy ýyllar)

Biz ýygnaklary diňe dynç günleri idäp bilýärdik. Şonuň üçin her ýygnak bilen iki hepde diňe dynç günleri işleşýärdik. Adamlaryň, polisiýa işgärleriň gözüne düşmejek bolup tigirde gidýärdik, ýanymyza-da köp goş almaýardyk. Biz ýygnaklary aç-açan idemeýärdik. Dogan-uýalaryňka hamala garyndaşlarymyzyňka myhmançylyga barýan ýaly gidip gelýärdik. Muny etmek känbir kynam däldi. Sebäbi biz dogan-uýalaryňka baranymyzda, özümizi olaryň ýakyn hossary ýaly duýýardyk. Şonuň üçin ýygnaklary idäp ýörenimiz ýadymyzdanam çykýardy (Mar. 10:29, 30). Ýöne seresap bolmaly ýagdaýlar hem bolýardy. Köplenç polisiýa işgärleri bizi yzarlap, sorag-ideg edýärdi. Eger olar biziň kimdigimizi biläýseler, myhman alan dogan-uýalary tussag edip bilýärdiler (Rim. 16:4).

Şol döwürler köp dogan-uýalaryň ýagdaýy pesräk bolsa-da, bizi myhman alýardylar. Käbir ýerlerde çybyn-çirkeý köp bolýardy. Ýöne dogan-uýalar biz rahat ýatyp biler ýaly peşehanasyny berýärdiler. Käbirleri bolsa öz iýjegini zordan tapsa-da, bizi öýüne myhman alýardy. Käte biz myhman boljak ýerimize iýjek-içjegimizi eltýärdik.

Biz ýygnaklary idemäge gidenimizde çagalarymyzyň diňe birini alyp gidip bilýärdik. Galanlaryny öýde ejeme, gyz jigime goýup gaýdýardyk. Çagaly gitmegiň gowy tarapam bolýardy. Käte polisiýa işgärleri bizi barlaýardy. Olar edebiýatlary tapmaz ýaly, çagamyzyň hapa arlyklaryny goýýan ýerimizde gizleýärdik.

Emiliýa näçe sagbolsun aýtsaňam az. Ol Ýehowa uzak wagtly gulluk etmegimiz üçin, çagalarymyzy terbiýelemek üçin gaty köp işleri etdi. Men hem şeker öndürýän zawotda işläp, hem etrap gözegçisi bolup gulluk edip bildim. Käte dynç günleri boş bolar ýaly, hepdede birki gezek köpräk işleýärdim. Zawotda işläp ýören döwürlerim wezipämi üýtgetdiler. Meni toparyň iş dolandyryjysy edip bellediler. Şonuň üçin hepdäniň ýedi günem işlemelidim. Men mundan boýun gaçyryp bilmeýärdim. Ýöne dynç günleri ýygnaklary idemäge gidenimde topardaky işgärler işsiz galmaz ýaly, olara ýeterlik iş tabşyryp gidýärdim. Şonuň üçin başlyklar dynç günleri işe çykmandygymy bilen hem däldirler.

ÝADGAÝ ÜÝTGESE-DE, ŞATLYGY ÝITIRMEDIK

Gustawo welaýat kongresinde nutuk bilen çykyş edýär (1994)

Wagyz işine rugsat berlensoň, ilkinji geçirilen kongres (1994)

1994-nji ýylda Kubadaky jogapkär doganlar etrap gözegçilerini Hawanada geçiriljek ýörite duşuşyga çagyrdylar. Şol wagt biz 80 sanydyk. Ençeme ýyldan soň ýene-de bir-birimiz bilen didarlaşyp biljekdigimize gaty begendik. Duşuşygyň başynda guramadaky käbir özgerişlikler hakda gürrüň etdik. Soňra doganlar bizi haýran galdyrdylar. Olar döwlet işgärlerine atlarymyzy bermek isleýändiklerini aýtdylar.

Doganlar bize döwlet işgärleri bilen Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyny gowulamak üçin olar bilen gürrüňdeş bolandyklaryny aýtdylar. Olar hem ähli etrap gözegçileriniň adyny sorapdyrlar. Bizem atlarymyzyň berilmegine razy bolduk. Şondan soň hökümet işgärleri kän azar bermedi.

Şeýdip, biz entek kanun taýdan rugsat berilmese-de, arkaýyn wagza gidip, ýygnaklara gatnap başladyk. Görüp otursak, hökümet işgärleri käbirimiziň adymyzy öňem bilýän eken. Ýöne özümiziňem aýtmagymyzy isläpdirler.

1994-nji ýylyň sentýabr aýynda hökümet bize filialymyzy açmaga rugsat berdi. Biz 20 ýyl mundan öň ýapylan filialymyzy ýene öňki ýerinde açyp bildik.

1996-njy ýylda bir dogan jaň edip, Emiliýa ikimizi Beýtelde gulluk etmäge çagyrdy. Biz muňa garaşmandyk. Ýöne men doganlara iki çagama seretmelidigimi aýtdym. Doganlar şonda-da biziň Beýtelde gulluk etmegimizi isleýändigini aýtdylar. Şeýlelikde, biz çakylygy kabul edip Hawana göçdük.

Surat: 1) Emiliýa bilen uýalar Beýtelde tikin-çatyn işlerini edýärler. 2) Gustawo Kongresler köşgünde nutuk bilen çykyş edýär.

(Çepde) Emiliýa Kubadaky Beýtelde tikin-çatyn bilen meşgullanýar (2000-nji ýyllaryň başy)

(Sagda) Kongresler köşgüniň açylyşy (2012)

Dogrymy aýtsam, başda Beýtel gullugyny halamadym. Men birnäçe ýyllap etrap gözegçisi bolup gulluk edemsoň, bar pikirim, ýüregim şol gullukdady. Men dogan-uýalary alada edýärdim. Beýtelde gulluk etsem, olara känbir kömegim degmeýän ýaly bolýardy. Ýöne beýtelçiler, esasanam, aýalym Emiliýa garaýşymy düzetmäge kömek etdi. Şeýdip, wagtyň geçmegi bilen gullugymy halap başladym. Häzirem men Beýtelde şadyýan gulluk edýärin.

Surat: 1) Gustawo sahnada mesihçi är-aýallar üçin mekdebiň talyplaryna ýüzlenýär. 2) Gustawo filial komitetiniň dört agzasy bilen dur.

(Çepde) Mesihçi är-aýallar üçin mekdebiň gutardyşy (2013)

(Sagda) Kubadaky filial komitetiniň agzalary (2013)

Gustawo bilen Emiliýa gyzy we giýewsi bilen otyrlar.

Etrap kongresinde gyzym hem giýewimiz bilen

Emiliýa ikimiz indi ýaş däl. Ýöne biz ýyllaryň dowamynda tanyşan, bile gulluk eden dogan-uýalarymyzy ýatlap begenýäris. Esasanam, çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň Ýehowa gulluk edýändigine monça bolýarys. Bizem ýyllary arka atan Ýahýa ýaly: «Çagalarymyň hakykat ýolunda ýöreýändigini eşidip, şatlygymyň çägi bolmady» diýýäris (3 Ýahýa 4).

Emiliýa ikimiziň Beýtelde gulluk edip ýörenimize eýýäm 30 ýyl bolup gelýär. Biz garrasagam, saglygymyz gowy bolmasa-da, Beýteldäki borjumyzy ýerine ýetirmek üçin elimizde baryny edýäris. Elbetde, Ýehowa gulluk eden ýyllarymyzda hemme zat gülala-güllük bolmady. Emma biz Kubada takmynan 70 ýyl bäri «bagtly Hudaýa» gulluk edýändigimize diýseň begenýäris (1 Tim. 1:11; Zeb. 97:1).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş