3—9 AWGUST, 2026
113-NJI AÝDYM Hudaýyň parahatlygy
Dogan-uýalaryň kararyna hormat goýuň
«Pikiri siziňkiden tapawutlansa, ony ýazgarmaň» (Rim. 14:1).
ESASY PIKIR
Dogan-uýalary gelýän kararlary üçin ýazgarmaň.
1, 2. Gelýän kararlarymyz dogan-uýalaryňkydan näme üçin tapawutlanyp biler?
SIZ dogan-uýalaryň eden işi hakda eşidip ör-gökden gelipdiňizmi? Ýa-da dogan-uýalaryň biri: «Heý-de, şeýderlermi?» diýip üstüňize gelipdimi? Belki-de, siz şu wagt ýylgyryp: «Ýürejigim bol-a!» diýýänsiňiz.
2 Biziň gelýän kararlarymyz dogan-uýalaryňkydan ýer bilen gök ýaly tapawutlanyp biler, sebäbi dürli ýerde, medeniýetde önüp-ösdük, başdan geçirýän ýagdaýlarymyz hem meňzemeýär. Ýöne biz bir Alla sežde edýäris. Biz ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň bozulmagyna ýol bermeli däl (Efes. 4:3).
3. Käte bizi näme alada goýýar?
3 Aýdaly, dogan-uýalaryň biri bir işiň başyny tutjak bolýar. Göwnüňize bolmasa, onuň etjek işi siziň üçin nädogry ýaly. Siz alada edip: «Şu etjek bolýan işiň ýalňyş» diýýärsiňiz. Siz ol hakda şeýle biynjalyk bolýarsyňyz welin, dogan-uýalaryň ýanynda-da ol hakda gürrüň berip başlaýarsyňyz. Siz ony gowy görýärsiňiz, kömek etmek isleýärsiňiz. Ol ýalňyşaýmasyn, Ýehowa bilen dostlugy bozulaýmasyn diýip gorkýarsyňyz (Nak. 17:17).
4, 5. Dogan-uýalaryň garaýşy biziňkiden tapawutlansa näme etmeli däl?
4 Eger bir doganyň ýa uýanyň gelen karary bilen ylalaşmasaňyz, biynjalyk bolup özi bilen gürleşmelimi? Käbir ýagdaýlarda gürleşmelem bolýar. Meselem, onuň etjek işi Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän bolsa, ýumşaklyk bilen düzetmeli (Nak. 27:5, 6). Ýöne Hudaýyň kada-kanunlary bozulmaýan bolsa, oda-köze düşmäň. Bärde diňe siziň garaýşyňyz tapawutlanýar. Makalanyň baş aýadynda aýdylyşy ýaly, «pikiri siziňkiden tapawutlanýan» adamlary ýazgarmaň (Rim. 14:1).
5 Şonda-da dogan-uýalaryň pikiri, garaýşy ýeňse damaryňyzy gatadýan bolsa näme? Makalada başgalaryň kararyna näme üçin hormat goýmalydygyny we nädip etmelidigini bileris. Geliň, ilki dogan-uýalaryň biri-biri bilen çaknyşýan ýagdaýlaryna seredeliň.
GARAÝŞYMYZ TAPAWUTLANYP BILÝÄR
6, 7. Haýsy ýagdaýlarda dogan-uýalaryň garaýşy tapawutlanyp biler?
6 Biz dürli ýerde önüp-ösdük, çagalygymyz her dürli geçdi. Şonuň üçin pikirimiz we garaýşymyz tapawutlanyp biler. Belki, siz: «Biz mesihçi ahyry, bir pikirde bolmaly dälmi näme?» diýýänsiňiz. Geliň, käbir ýagdaýlara seredeliň. 1-nji ýagdaý: doganyň çagaka kakasy köp içýärdi, azar-ýamanyny berýärdi. Bir gün ony dogan-uýalar oturylyşyga çagyrýar. Oturylyşykda dogan-uýalaryň içýändigini görende, onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar. Ol: «Heý-de, hudaýhon adamlar arak içermi?!» diýip, olary ýazgarýar. 2-nji ýagdaý: agyr keselinden gutulan uýa başga uýanyň hem şol keselden ejir çekýändigini eşidýär. Ol uýa kömek etjek bolup duşan ýerinde: «Jora, senem berhiz tutaý, plan lukmana görnäý ýa-da şu ot-çöpleri içseň sagalarsyň, emiň-ýomuň şol bolar. Men-ä şeýtdim» diýip maslahat berýär. 3-nji ýagdaý: dogan hakykata gelmänkä, ýalan dini däp-dessurlary birkemsiz berjaý edýärdi. Bir gün ol dogan-uýalaryň Mukaddes Kitapda ýazgarylmaýan käbir milli däpleri berjaý edýändigini görýär. Onuň gahary gelip, şol dogan-uýalardan göwni geçýär.
7 4-nji ýagdaý: dogan Ýolbaşçylyk maslahatynyň sakgal ösdürmek, balak geýmek baradaky hasabatyny görýär. Ýöne oňa özgerişligi kabul etmek kyn bolýar. Ol: «Heý-de, mesihçi sakgal ösdürermi? Gelin-gyzlar jalbar geýermi?» diýip dogan-uýalary ýazgarýar. 5-nji ýagdaý: ýygnak ýaşulusy bir ýaş doganyň okuwa girjek bolýandygyny eşidip gynanýar. Ýaşuly dogan onuň öýüne baryp, ýaş doganyň ene-atasyna: «Ogluňyzy okuwa salsaňyz, imany gowşar. Öňem bir dogan okuwa girip, hakykatdan gidipdi» diýýär.
8. a) Ene-atalaryň garaýşy nämede tapawutlanyp biler? b) Biz näme üçin dogan-uýalary ýazgarmaly däl?
8 6-njy ýagdaý: bir är-aýal çagasyny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmaga» jan edýär (Efes. 6:4). Olaryň göwnüne bolmasa, ýygnagyndaky başga bir är-aýal çagasyny gowşak tutýar, känbir käýemeýär. Olar çagasyna öýe giç gelmäge, wideo oýunlary oýnamaga rugsat berýär ýa-da kiçi bolsa-da telefon alyp berýär. Birinji är-aýalyň çagasy kemsinip: «Planyň ene-atasy telefon alyp berdi, siz bolsa alyp bereňizok» diýýär. Şonda olar gaharlanyp: «Öz çagasyn-a bir başyna goýberýär. Üstesine, meniň çagamy hem azdyryp barýar» diýip, olary ýazgarmagy mümkin. Görşümiz ýaly, dogan-uýalaryň pikiri we garaýşy biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Käbiri puly köp sowsa, başgalary tygşytly bolýar. Käbiri her ýyl deňze dynç almaga gitse, başgalary asla gitmeýär. Käbiri her hepde eýläk-beýläk aýlanyp dynç alsa, käbiriniň eli degmeýär. Şeýle ýagdaýlary sanasaň sanabermeli. Ýöne biz dogan-uýalary ýazgaryp, ýygnakda agzalalyk döretmeli däl.
9. Biz nämäni göz öňünde tutmaly? (Surata serediň).
9 Bir meselede iki mesihçi dürli karara gelip biler, ýöne ikisiniň kararyna-da nädogry diýip bolmaz (Rim. 14:5). Mukaddes Kitapdaky «bir pikirde boluň» diýen tabşyryk mesihçileriň birmeňzeş karara gelmelidigini, birmeňzeş pikirlenmelidigini däl-de, Ýehowanyň kada-kanunlaryna gyşarnyksyz eýermelidigini aňladýar (2 Kor. 13:11). Aýdaly, siz dostlaryňyz bilen başga şähere gitmekçi bolýarsyňyz. Şol şähere ulagly, uçarly ýa-da otly bilen gidip bolýar. Siz dostlaryňyzy özüňiz bilen ulagda gitmeýändigi üçin ýazgarmarsyňyz, sebäbi olar ýagdaýyna we saglygyna görä nämeli gitjekdigini özleri çözýär. Şonuň ýaly dogan-uýalary şahsy meselede gelýän kararlary üçin ýazgarmaly däl. Biziň hemmämiz bir ugra barýarys, maksadymyz bir, ýagny Ýehowany her gün razy edip ýaşamak isleýäris (Mat. 7:1; 1 Sel. 4:11).
Bir şähere ulagly, uçarly ýa-da otly bilen gidip bolýar. Şonuň ýaly dogan-uýalaram şahsy meselede dürli-dürli kararlara gelip bilýär (9-njy abzasa serediň).
NÄME ÜÇIN HORMAT GOÝMALY?
10. Ýakup 4:12-ä görä näme etmäge hakymyz ýok?
10 Biz dogan-uýalaryň gelýän kararlaryna hormat goýmaly. Mukaddes Kitaba görä, biziň hiç kimi ýazgarmaga hakymyz ýok (Ýakup 4:12-ni okaň). Ýehowa ýeke-täk Kanun çykaryjymyz we Kazymyz. Diňe onuň nähili ýaşamalydy barada kada-kanunlary bermäge we olara eýermegi talap etmäge haky bar. Dogan-uýalar gelýän kararlary üçin biziň däl-de, Ýehowanyň öňünde hasap berer (Rim. 14:10). Şonuň üçin başgalary öz pikirimize eýertjek bolmaly däl.a
11. Ýehowa bizi nähili edip ýaratdy? (Surata serediň).
11 Ýehowa biziň birmeňzeş bolmagymyzy däl-de, agzybir bolmagymyzy isleýär. Daş-töweregiňize göz aýlaň. Ýehowa ähli zady dürli-dürli edip ýaratdy. Gar tozgajyklary biri-birine meňzemeýär. Hatda ýer ýüzünde ýaşaýan sekiz milliarddan gowurak adamlar hem biri-birine meňzemeýär. Belki, olaryň daş keşbi biri-birine çalym edip biler, ýöne içki dünýäsi, häsiýeti we pikirlenişi düýbünden başgadyr. Ýehowa gowy häsiýetlerimizden lezzet alýar. Tebigaty dürli reňkleriň bezeýşi ýaly, ýygnagy hem dürli häsiýetli we garaýyşly dogan-uýalar bezeýär. Geliň, şol agzybirlige we parahatlyga goşant goşalyň (Rim. 14:19).
Ýehowa biziň birmeňzeş bolmagymyzy däl-de, agzybir bolmagymyzy isleýär (11-nji abzasa serediň).
NÄDIP HORMAT GOÝMALY?
12, 13. Biriniň gelen karary biynjalyk etse näme etmeli? (Galatýalylar 6:1; «Biriniň gelen karary bilen ylalaşmasak näme etmeli?» diýen çarçuwa serediň).
12 Başgalaryň durmuşyna goşulmaň. Sizi bir zat biynjalyk edýän bolsa, özüňize şeýle sorag beriň: «Dogan ýa-da uýa, dogrudanam, Mukaddes Kitabyň kada-kanunyny bozdumy ýa onuň garaýşy meniňkä gabat gelmeýärmi?» Eger Hudaýyň kanunyny bozýan bolsa, özüňize şu soragy hem beriň: «Men onuň „ýalňyş ädim ädýändigini“ Mukaddes Kitap arkaly düşündirip bilerinmi ýa-da muny ýaşulular etse gowy bolar?» Eger özüňiz kömek etjek bolsaňyz, onuň garaýşyny ýumşaklyk bilen düzediň (Galatýalylar 6:1-i okaň). Köplenç dogan-uýalaryň gelýän karary ýalňyş däl-de, biziňkä gabat gelmeýär. Şeýle ýagdaýda olaryň durmuşyna goşulmaly däl, gepini etmeli däl, ýazgarmaly däl. Unutmaň, ol erkin adam, özüniň karara gelmäge haky bar (Rim. 14:2—4).
13 Muny şeýle mysal bilen deňeşdirse bolýar. Aýdaly, siz dostuňyz bilen kafe barýarsyňyz. Siz oňa: «Men näme nahar iýsem, senem şony iýersiň» diýersiňizmi? Ol-a gelşiksiz bolardy. Eger ol size şeýle diýse halarsyňyzmy? Elbetde, ýok! Her kimiň öz halaýan nahary bolýar. Şonuň ýaly siz dogan-uýalara: «Men-ä şeýle etdim, senem şeýle et» diýip, öz pikiriňize eýertjek bolmaň. Olaryň saýlawyna hormat goýuň.
14. Başgalary büdretmez ýaly näme etmeli? (1 Korinfliler 8:12, 13).
14 Karara geleniňizde dogan-uýalary büdretmäň. Biz dogan-uýalar bilen gowy gatnaşykda bolup, ýygnagyň agzybirligine goşant goşýarys (1 Korinfliler 8:12, 13-nji aýatlary okaň). Käte gelýän kararymyzyň Mukaddes Kitabyň kada-kanunyna garşy gelmeýändigine doly ynamlydyrys. Ýöne dogan-uýalaryň biri büdreýän bolsa näme peýdasy bar?b (1 Kor. 10:23, 24). Şeýle ýagdaýda: «Men ýalňyş hereket edemok, goý, ol garaýşyny düzetsin» diýmän, imandaşlarymyzyň garaýşyny göz öňünde tutmaly (Rim. 15:1). Belki, siz: «Ýokarky abzasda başgalaryň durmuşyna goşulmaly däldigi aýdylýar. Onda näme üçin dogan-uýalar meni ýazgaryp, gelen kararyma büdreýär?» diýersiňiz. Dogry aýdýarsyňyz, siziň dogan-uýalaryň kararyna hormat goýşuňyz ýaly, olar hem siziň kararyňyza hormat goýmaly. Biziň hemmämiz Rimliler 12:18-däki: «Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň» diýen maslahata eýermeli. Eger-de siz dogan-uýalar bilen agzybir ýaşamak üçin eliňizde baryny etseňiz, köp kelle agyrynyň öňüni alarsyňyz.
15. Ýaşulular nähili görelde görkezýär? (1 Korinfliler 4:6).
15 Ýaşulular başgalaryň kararyna hormat goýmakda görelde görkezýär. Olar düzgün goýmaýar we Mukaddes Kitapda «ýazylan zatlaryň çäginden çykmaýar» (1 Korinfliler 4:6-ny okaň). Ýaşulular öz pikirini öňe sürmeýär, görkezmelere we Mukaddes Kitapdaky maslahatlara gyşarnyksyz eýerýär. Biri maslahat sorasa, öz tejribesine däl-de, Hudaýyň Sözüne esaslanyp maslahat berýär (Işa. 48:17, 18).
16. Ýaşuly dogan maslahatda gelnen karary nädip goldap biler?
16 Ýaşuly maslahatda gelnen karary goldamaly. Sebäbi ýaşulular maslahatda karara gelmezden öň Ýehowa doga edýär, Mukaddes Kitabyň prinsiplerine seredýär. Elbetde, maslahatda ýaşulularyň pikiri tapawutlanyp biler, ýöne olar gelnen karary ýürekden goldamaly (Efes. 5:17). Şeýle-de ýaşuly öz pikirini öňe sürjek bolup, görkezmeleri ýoýmaly däl ýa-da sözüniň dogrudygyny subut etjek bolup, makaladan ýekeje sözlemi goparyp almaly däl.
17. Başgalaryň kararyna hormat goýsak nähili bereket alarys?
17 Görşümiz ýaly, Ýehowa bizi birmeňzeş edip ýaratmady, herimiziň öz pikirimiz, dünýägaraýşymyz bar. Ýehowa muny görüp begenýär. Dürli häsiýetli we medeniýetli dogan-uýalar ýygnagy bezeýär. Dogan-uýalar, geliň, mundan beýläk-de parahatlygy saklalyň, gelýän kararymyz bilen başgalary büdretmäliň we başgalaryň durmuşyna goşulmalyň. Şeýtsek, Ýehowadan bol bereket alarys we dogan-uýalar bilen gülşüp-degşip, agzybir gulluk ederis (Zeb. 133:1; Mat. 5:9).
89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al
a Käte wagyzçylaryň biri Mukaddes Kitabyň kada-kanunyny bozýar. Şonda ýaşulular onuň işini derňemeli bolýar. Şeýle ýagdaýda ýaşulular öz düşünjesine däl-de, Ýehowanyň adalatly kanunlaryna esaslanyp karara gelýär we «Ýehowa üçin höküm çykarýandygyna» düşünýär (2 Taryh 19:6-ny deňeşdiriň).
b «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 35-nji sapagynyň 5-nji sözbaşysyny okap bilersiňiz.