Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w26 Maý sah. 20—25
  • Talyplar, Hudaýa imanyňyz berk bolsun!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Talyplar, Hudaýa imanyňyz berk bolsun!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA SEŽDÄNI BIRINJI ÝERDE GOÝUŇ
  • DÜNÝÄNIŇ AKYLDARLYGY AŇYŇYZY ZÄHERLEMESIN
  • GOWY GÜN TERTIBINI DÜZÜŇ
  • KURSDAŞLARYŇYZ BILEN ARAŇYZA ÇÄK GOÝUŇ
  • ÖŇÜNDEN TAÝÝARLYK GÖRÜŇ
  • Okuwa girmek babatda dogry karara geliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Şu soraglaryň jogabyny biliň
    2025/2026-njy ýylyň etrap kongresiniň meýilnamasy. Etrap gözegçisiniň gatnaşmagynda
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Suwa çümdürilenden soň Isa pygamberiň «yzyna eýeriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
w26 Maý sah. 20—25

27 IÝUL—2 AWGUST, 2026

56-NJY AÝDYM Hakykata ýürekden ýapyş

Talyplar, Hudaýa imanyňyz berk bolsun!

«Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň» (Flp. 3:16).

ESASY PIKIR

Okuwa girjek ýaşlara Hudaý bilen dostlugyny berkitmäge kömek etjek dört maslahat.

1, 2. a) Okuwa girjek ýaşlar näme etmeli? b) «Şeýle etmegi dowam edeliň» diýen jümle nämäni aňladýar? (Filipililer 3:16).

KÄBIR dogan-uýalar orta mekdebi tamamlansoň, okuwa girmek kararyna gelýär. Olaryň maksady baýlyk toplamak däl-de, özüni ekläp, Ýehowa köpräk gulluk etmek. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, okuwa girmegiň zyýanly taraplaram bar. Seresap bolmasaňyz, Ýehowa bilen dostlugyňyz hem bozulyp bilýär (Ýak. 4:8a). Elbetde, okuwçy döwrüňiz siziň imanyňyz ençeme gezek synalandyr. Siz Ýehowa wepalylygyňyzy subut edensiňiz. Siz mundan hem beýläk «şeýle etmegi dowam etmeli» (Filipililer 3:16-ny okaň).

2 Aýatdaky «şeýle etmegi dowam edeliň» diýen jümläniň asyl nusgada «nyzam bilen öňe gideliň» diýen manysy bar. Şol jümle adatça esgerler nyzama düzülip ýörände ulanylýan eken. Gadyrly ýaşlar, okuwa girseňiz hem, ynamly ädimler bilen öňe gitmeli. Siz Ýehowa sežde edeniňizde bir ýerde durmaly hem däl, yza-da çekilmeli däl. Makalada muny etmäge kömek edýän dört maslahata serederis. Siz ol maslahatlary öňem bilýärsiňiz, mekdep okuwçysy döwri olara eýerdiňiz. Indi talyp ýyllaryňyz hem eýermeli.

ÝEHOWA SEŽDÄNI BIRINJI ÝERDE GOÝUŇ

3. Okuwa giren ýaşlarda nähili kynçylyk ýüze çykyp biler?

3 Kynçylyk. Okuwa girseňiz, gün tertibiňiz üýtgär. Siz okuw bilen başagaý bolup, bar ünsüňizi sapaklaryňyza berseňiz, Ýehowa seždäňiz ikinji orna geçip biler. Siziň ýygnakdan galmagyňyz, wagza belleşseňiz hem çykmazlygyňyz mümkin. Şahsy okuwyna derek öý işleriňizi etmegiňiz ýa-da doga etmän ýatyp galmagyňyz mümkin (Ylh. 2:4).

4. Biz näme üçin «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmeli»? (1 Korinfliler 15:58).

4 1 Korinfliler 15:58-i okaň. Tigir sürüp barýarkaňyz, pedalyny aýlamasaňyz, ahyrsoňy durarsyňyz. Ebedi ýaşaýşa eltýän ýolda hem durup galmaz ýaly «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmeli». Ýehowa göwünli-göwünsiz däl-de, janyňyz-teniňiz bilen sežde etmeli. Siz, ilki bilen, Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy, soňra talypdygyňyzy unutmaň (Mat. 22:37). Samanta uýa şeýle diýýär: «Okuwa girmänkäm özüme „Eger Ýehowa edýän seždäme päsgel berjek bolsa, men okuwy taşlaryn“ diýip söz berdim».

5. Hudaýa edýän seždämizi nädip birinji orunda goýmaly?

5 Taýýarlyk görüň. Hudaýa seždäňizi birinji orunda goýuň. Özüňizden: «Men okuwa girmänkäm, ýygnaklara yzygider barmak, yhlasly wagyz etmek, her hepde şahsy okuwyny geçirmek üçin näme etjekdigimi çözdümmi?» diýip soraň (Ýuşa 1:8; Mat. 28:19, 20; Ýew. 10:25). Şeýle-de şu soraglar hakda oýlanyň: «Mekdepde okaýan döwrüm Hudaýa seždämi birinji orunda goýýardymmy? Eger ruhy işlere sowuk-sala garan bolsam, häzir nämeleri düzedip bilerin?» Ýaşlar, okuwa girseňiz-de, Ýehowa janyňyz-teniňiz bilen gulluk etmegi ýüregiňize düwüň. Okuwyň öz ýeriniň, seždäniň öz ýeriniň bardygyny unutmaňa (Mat. 6:24).

6. Hudaý bilen dostlugyň gowşandygyny nädip anyklamaly? (Surata serediň).

6 Okuwa gireniňizden soň Ýehowa bilen dostlugyňyzyň berkmi, berk däldigini her aý barlap duruň. Muny nädip etmeli? Hudaý bilen dostlugy gowşan adam şeýle bolýar: ol ýygnaga bir barsa, bir barmaýar ýa gijä galyp gelýär. Ýygnakda wagty pikiri sapaklarynda bolýar ýa-da ýygnaga Internetden goşulanyny gowy görýär. Ol gysga we ýüzleý doga edýär. Mukaddes Kitaby bir okasa, bir okamaýar. Wagza çyksa-da, çaltrak öýe gaýtmak bilen bolýar. Eger özüňizde şu alamatlaryň birini duýsaňyz, derrew hereket ediň. Okuwa bolan yhlasyňyz durmuşyňyzdan Ýehowa bolan söýgini gysyp çykarmasyn.

Dogan «Garawul diňiniň» makalasyna taýýarlanýarka, aýatlary açyp okaýar.

Ýaşlar, okuw Ýehowa Hudaýa edýän seždäňizden öňe geçmesin (6-njy abzasa serediň).


DÜNÝÄNIŇ AKYLDARLYGY AŇYŇYZY ZÄHERLEMESIN

7. Ýokary okuw talyplaryň aňyna nähili täsir edýär?

7 Kynçylyk. Okuwda talyplara diňe bir hünär öwretmän, ateizm, ewolýusiýa ýaly «boş zatlary, ýagny dünýäniň düşünjeleri, akyldarlygy hem öwredilýär» (Kol. 2:8). Şeýle okuwda okaýan ýaşlaryň Ýehowa däl-de, özüne bil baglap başlamagy mümkin. Bir ýaş dogan şeýle gürrüň berýär: «Okuwda hünär öwretselerem, öwredýärler welin, her gün diýen ýaly „Gelejegiň öz eliňde! Hiç kimi diňleme! Öz bileniňi et“ diýip aýdyp durýarlar. Şeýle garaýyş Ýehowanyň öwüt-ündewine düýbünden garşy gelýär. Özümem şeýle pikir edip başlanymy duýman galypdyryn. Soňabaka maňa Ýehowa bil baglamak kyn boldy».

8. Aň-düşünjäňi näme üçin goramaly? (Nakyllar 5:1, 2).

8 Nakyllar 5:1, 2-nji aýatlary okaň. Mukaddes Kitapda: «Akylyňy ýitirme» diýip maslahat berilýär. Gowy görýän, gymmat saýýan zadyňy ýitirmejek bolsaň, gözüň göreji deý goraýarsyň, aýawly saklaýarsyň. Şeýtan, onuň dünýäsi aň-düşünjämizi zäherlejek bolýar (1 Pet. 5:8). Mähriban ýaşlar, okuwda abraýly mugallymlar, professorlar: «Ýaşaýyş öz-özünden döredi. Hudaý ýok» diýip öwredýändir. Talyp deň-duşlaryňyz bolsa: «Keýp çekip ýaşa. Ahlaksyzlyk etmegiň erbetligi ýok» diýýändir. Olar özleri bilen ylalaşmaýanlary sada, düşünjesiz hasaplaýandyr. Ýöne kimiň düşünjesizdigi belli — «dünýäniň akyldarlygy Hudaý üçin akmaklykdyr» (1 Kor. 3:18—20).

9. Aň-düşünjäňi goramak üçin näme etmeli?

9 Taýýarlyk görüň. Siz okuwa girmänkäňiz, iman edýän zatlaryňyzyň dogrudygyna göz ýetiriň. Özüňize şu soraglary beriň: «Men Ýehowanyň hak Alladygyna näme üçin ynanýaryn? Mukaddes Kitabyň üýtgedilmändigine näme üçin ynanýaryn? Men ahlak kadalarynyň dogrudygyna we erbetlikden goraýandygyna näme üçin ynanýaryn?» Elbetde, siz mekdep döwri aň-düşünjäňizi goramak üçin eliňizde baryny edensiňiz. Ýöne şu soraglar hakda oýlanyň: «Mekdepde mugallymlarym ewolýusiýa hakda ynamly gürrüň berende Hudaýyň bardygyna şübhelendimmi? Deň-duşlarymyň edýän erbet işlerine gözüm gidýärdimi?» Soraglaryň birine «hawa» diýip jogap berýän bolsaňyz, garaýşyňyzy düzetmek üçin derrew hereket ediň. Talyp döwrüňiz hiç kime aň-düşünjäňizi zäherletmäň (2 Tim. 2:16—18).b

10. Imanyňyz sarsmaz ýaly näme etmeli?

10 Okuw döwri özüňizi ýygy-ýygydan barlap duruň. Özüňize şu soraglary beriň: Deň-duşlarymyň ahlaksyz durmuşyna höwes edýärinmi? Mugallymlaryň filosofiýa, durmuş hakda öwredýän zatlarynyň Hudaýyň akyldarlygyna garşy gelýändigine düşünýärinmi? Ähli kynçylygy diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýyrjakdygyna ynanýarynmy? Gadyrly ýaşlar, goý, hiç zat imanyňyzy sarsdyrmasyn! Hudaýyň Sözüni her gün okaň. Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenseňiz we oýlansyňyz, iman edýän zatlaryňyzyň dogrudygyna doly göz ýetirersiňiz (1 Tim. 4:15).

GOWY GÜN TERTIBINI DÜZÜŇ

11. Gowy gün tertibini düzmeseňiz näme bolar?

11 Kynçylyk. Ine, okuwa-da girdiňiz. Siz wagtyň nädip geçýändigini bilýän dälsiňiz. Öý işlerini etmek, synaga taýýarlanmakdan ýaňa hiç zada eliňiz degýän däldir. Gowy gün tertibini düzmeseňiz ýadarsyňyz, halys tapdan düşersiňiz. Netijede, ýygy-ýygydan kesellemegiňiz we göwnüçökgünlige düşmegiňiz mümkin.

12. Wagtyňyzy näme üçin paýhasly ulanmaly? (Efesliler 5:15, 16).

12 Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň. «Wagtyňyzy paýhasly ulanmasaňyz», ähli zada ýetişjek bolup başagaý bolarsyňyz. Sebäbi siz okuwdan daşary maşgala agzalaryňyz, dogan-uýalar bilen görşüp gürrüňdeş bolasyňyz geler (Zeb. 133:1; Nak. 18:1). Hudaýa doga edip, şahsy okuwyny geçirip, onuň bilen dostlugyňyzy berkitmeli bolarsyňyz (Mat. 6:33). Hojalygyň işlerine kömek etmeli bolarsyňyz. Belki-de, okuwdan soň işlemeli bolarsyňyz. Şeýle-de kesellemez we göwnüçökgünlige düşmez ýaly, ýatyp dynç almaly, beden maşklaryny etmeli (Nes. 4:6; 1 Tim. 4:8). Şu zatlaryň hemmesine ýetişmek üçin gowy gün tertibi gerek.

13. Wagta eýeçilik etmek üçin näme etmeli?

13 Taýýarlyk görüň. Işlerini planlaşdyrýan adamyň maksady amala aşýar (Nak. 21:5). Şonuň üçin siz okuwa girmänkäňiz, gowy gün tertibini düzüň. Şeýle-de şu hakda oýlanyň: Mekdep döwri wagtyňyzy paýhasly ulanýardyňyzmy? Eger okuwçy wagtyňyz hiç zada ýetişmän başagaý bolan bolsaňyz, ýalňyşyňyzdan sapak ediniň. Wagt size däl-de, siz wagta eýeçilik ediň.c

14. Haýsy soraglar arkaly özüňi barlamaly?

14 Okuw döwri hem özüňizi ýygy-ýygydan barlaň. Şu soraglar hakda oýlanyň: Men wagtynda ýatyp dynjymy alýarynmy? Beden maşkyny edýärinmi? Dogan-uýalar bilen görüşmäge wagt tapýarynmy? Öý işlerime ýetişýärinmi? Eger ýetişmeýän bolsam sebäbi näme: sapaklarymyň köp bolandygy üçinmi ýa-da işimi soňa goýýandygym üçin? Maşgala agzalarym, dost-ýarlarym wagtymy dogry ulanmalydygym hakda maslahat berýärmi? Olaryň maslahatyna derrew eýerýärinmi ýa-da bir gulagymdan girip, beýlekisinden çykýarmy? Düzetmeli ýeriňiz bar bolsa, gol gowşuryp oturmaň. Şeýle-de işlerini gowy planlaşdyrýan dogan-uýalardan hem maslahat soraň (Nak. 11:14).

KURSDAŞLARYŇYZ BILEN ARAŇYZA ÇÄK GOÝUŇ

15. Kursdaşlaryňyz bilen ýakyndan gatnaşsaňyz nähili duzaga düşersiňiz?

15 Kynçylyk. Okuw döwri kursdaşlaryňyz oturylyşyga we üýşmeleňe çagyrar. Siziň hem gidesiňiz geler, sebäbi ýaşyňyz bir, okaýan sapagyňyz bir. Dogan-uýalara garanyňda olar bilen tirkeşeniňizi gowy görýänsiňiz. Ýöne seresap boluň. Olar bilen bir sapagy öwrenseňiz-de, bir Hudaýa gulluk etmeýändigiňizi unutmaň. Adam kim bilen köp gatnaşsa, şoňa-da meňzäp başlaýar (1 Kor. 15:33). Dört ýyl elektrik ugrunda okap işe başlan Maýkl şeýle gürrüň berýär: «Men hepdäniň bäş güni irdenden agşama çenli işleýärin. Işdeşlerim gelin-gyzlara azgyn höwes bilen seredýär, erbet aýdym-sazlary diňleýär we sögünip gepleýär. Soňabaka özümem olara meňzäp başladym».

16. Nakyllar 13:20-de näme maslahat berilýär?

16 Nakyllar 13:20-ni okaň. Mukaddes Kitapda çem gelen adam bilen dostlaşmak maslahat berilmeýär, gaýtam: «Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň» diýilýär. Diýmek, biz kim bilen tirkeşsek, gowy bolsun, erbet bolsun, şoňa meňzäp başlarys. Mähriban ýaşlar, özüňiz ýaly Ýehowany ýürekden söýýän, oňa jany-teni bilen gulluk edýän dogan-uýalar bilen dostlaşyň (Zeb. 101:6, 7; 119:63).

17. Kursdaşlaryň bilen ýakyndan gatnaşmaz ýaly näme etmeli?

17 Taýýarlyk görüň. Kursdaşlaryňyz bilen näçeräk wagt geçirjekdigiňizi çözüň. Trenton dogan şeýle gürrüň berýär: «Okuwda kursdaşlarymdan gaçyp özümi çetde tutup ýörmeýärin. Olar bilen salamlaşýaryn, hal-ýagdaý soraşýaryn, gerek bolsa kömek edýärin. Ýöne olar bilen okuwdan soň tirkeşmeýärin. Olar meniň kursdaşym bolsa-da, dostum däl». Ýaşlar, siz okuwa gireniňizde kursdaşlaryňyz bilen ýakyndan gatnaşmaz ýaly näme edip bilersiňiz? Muny bilmek üçin mekdep döwri klasdaşlaryňyz bilen dost-jora bolmaz ýaly nämeleri edendigiňiz hakda oýlanyň. Eger şu babatda käbir ýalňyşlary goýberen bolsaňyz, häzir düzetmegiň tüýs wagty. Siz Ýehowanyň dostlaryna ýüregiňizi açyň, ony tanamaýanlardan arany açyň.d

18. Özüňi nädip barlamaly? (Surata serediň).

18 Okuw döwri özüňizi wagtal-wagtal barlap duruň: «Kursdaşlarym bilen dost-jora bolýarynmy? Meniň gep-sözüm, özümi alyp barşym, gyzyklanýan zatlarym kursdaşlarymyňka meňzäp başladymy? Ýehowa kursdaşlarym bilen özümi alyp barşymy görüp begenýärmikä ýa gynanýarmyka?» (Zeb. 1:1). Eger üýtgäp başlanyňyzy duýsaňyz, aýgytly hereket ediň. Goý, siziň dostlaryňyz Ýehowany söýýän adamlaryň arasyndan bolsun. Şeýle-de kursdaşlaryňyza wagyz ediň, ýogsam olar hakykaty nädip eşitsin?!

Saç kesmegi we bejermegi öwrenýän uýa okuwdan soň kursdaşyna «Hudaý ähli dinleri kabul edýärmikä?» diýen kitapçany görkezýär.

Kursdaşlaryňyza wagyz etmäge çekinmäň (18-nji abzasa serediň)e.


ÖŇÜNDEN TAÝÝARLYK GÖRÜŇ

19. Okuwa nädip taýýarlyk görmeli? Mysal getiriň.

19 Balykçy balyga gitmänkä ähli zadyny ýekän-ýekän gözden geçirýär. Şonuň ýaly sizem okuwa girmänkäňiz makaladaky maslahatlary gowy öwreniň. Ýehowa imanyňyzy has-da berkidiň, «Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynyň». Siz okuwa baý bolmak, wezipä kowalaşmak üçin däl-de, gazanç edip Ýehowa köpräk gulluk etmek we ony şöhratlandyrmak üçin girýändigiňizi unutmaň (Efes. 6:11—13; 1 Kor. 9:26, 27; 10:31).

20. Imanyňy nädip barlamaly?

20 Mukaddes Kitapda: «Imanyňyzy, özüňizi barlap duruň» diýilýär (2 Kor. 13:5). Makaladaky maslahatlara eýerip özüňizi barlaň we şu soraglar hakda oýlanyň: «Hudaýa edýän seždäm durmuşymda birinji orunda durmy? Dünýäniň akyldarlygynyň duzagyna düşdümmi? Wagtymy paýhasly ulanýarynmy? Kursdaşlarym bilen däl-de, dogan-uýalar bilen dostlaşýarynmy?» Şu soraglar hakda diňe bir okuwa girýänler däl, işleýänler we mekdepde okaýanlar hem oýlanmaly. Mähriban ýaşlar, imanyňyzy hiç zat gowşatmasyn! Ýehowa Atamyz siziň tagallaňyza ak pata bersin (Nak. 3:5, 6).

OKUWA GIRMÄNKÄŇ NÄDIP…

  •  Hudaýa seždäni birinji ýerde goýmaly?

  •  aň-düşünjäňi goramaly?

  •  wagtyňy paýhasly ulanmaly we dostlaryňy ünsli saýlamaly?

87-NJI AÝDYM Geliň, ýygnakda ruhlanalyň!

a  Ýehowa yhlasly gulluk etmek barada köpräk bileýin diýseňiz, jw.org saýtyndan «Ýaşlaryň sowallary. Suwa çümdürilenimden soň näme etmeli? I bölüm, „Gowy endikleri ösdüriň“» (rus.) diýen makalany okap bilersiňiz.

b  Aň-düşünjäňizi nädip goramalydygyny bileýin diýseňiz, «„Dünýäniň akyldarlygyna“ özüňizi aldatmaň» diýen makalany okap bilersiňiz (w19.05).

c  Işleriňizi gowy planlaşdyrmagy öwreneýin diýseňiz, jw.org saýtyndan «Ýaşlaryň sowallary. Işlerime ýetişer ýaly wagty nädip paýhasly ulanmaly?» (rus.) diýen makalany okap bilersiňiz.

d  Paýhasly adamlar bilen dostlaşmagy öwreneýin diýseňiz, «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň «Gowy dostlary nädip tapmaly?» diýen 48-nji sapagyny okap bilersiňiz.

e SURATYŇ BEÝANY: Saç kesmegi we bejermegi öwrenýän uýa mümkinçilikden peýdalanyp, kursdaşyna wagyz edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş