Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w26 Maý sah. 8—13
  • Ynsabyňyzy terbiýeläň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ynsabyňyzy terbiýeläň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • YNSAP NÄME?
  • YNSABYŇY NÄDIP TERBIÝELEMELI?
  • GÖZLEG GEÇIRIŇ
  • PÄK YNSAPLY BOLUŇ
  • Ynsabyňy nädip päk saklap bilersiň?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Dogry karara nädip gelmeli?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýyň kada-kanunlary we prinsipleri arkaly ynsabyňyzy terbiýeläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
w26 Maý sah. 8—13

13—19 IÝUL, 2026

127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?

Ynsabyňyzy terbiýeläň

«Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Gal. 6:5).

ESASY PIKIR

Mukaddes Kitabyň prinsipleri esasynda ynsabyňyzy terbiýeläň.

1, 2. a) Hudaý Adam ata bilen How enäni nädip ýaratdy? b) Olar Hudaýa minnetdar bolan bolsa näme ederdi?

ÝEHOWA adamzady erkin edip ýaratdy. Biz aň-düşünjesiz haýwanlar ýa-da jansyz robotlar ýaly däl. Mukaddes Kitapda ilkinji ynsan Adam atanyň Hudaýyň keşbinde ýaradylandygy aýdylýar (1 Mus. 1:26, 27). Adam ata bilen How ene oýlanyp, pikirlenip, özbaşdak karara gelip bilýärdi.

2 Ýehowa Adam ata bilen How enä birtopar düzgünleri bermedi. Olaryň bar etmeli zady: ýer ýüzüne gözegçilik etmelidi, perzent dünýä indirmelidi we ýekeje agajyň miwesinden iýmeli däldi (1 Mus. 1:28; 2:16, 17). Adam ata bilen How ene erkinlik beren Hudaýa minnetdar bolan bolsa näme ederdi? Olar Ýaradyjysyny söýüp hormat goýardy, höwes bilen gulak asardy we ýüregini begendirerdi (Nak. 23:15).

3. Adam ata bilen How ene näme etdi?

3 Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Hudaýy äsgermän tabşyrygyny bozdy. Olar Ýaradanyna tabyn bolman, özbaşdak ýaşamak isledi. Gadyr bilmez Adam ata bilen How enäniň Hudaýa söýgüsinden nam-nyşan galmady (1 Mus. 3:1—7). Olaryň eden işi sebäpli şu günler biz kösenip ýaşaýarys (Rim. 5:12).

4. a) Galatýalylar 6:5-e görä biziň nähili jogapkärçiligimiz bar? b) Makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Biz her gün dürli kararlara gelmeli bolýarys (Galatýalylar 6:5-i okaň). Käbir kararlara gelmek aňsat. Ýöne käte ýüze çykan mesele şeýle kyn welin, näme edip, näme goýjakdygymyzy bilmeýäris. Ýehowany begendirýän kararlara gelmek üçin näme etmeli? Hemişe Ýehowa sala salmaly (Nak. 16:3; Ýer. 10:23). Isa pygamber hiç haçan ýalňyşmasa-da, Ýehowadan maslahat soraýardy (Ýew. 5:7). Eger kämil adam Hudaýyň görkezmesine mätäç bolsa, biz ýaly bikämil adamlar has-da mätäç dälmi näme?! Hudaý bize dogry kararlara gelmäge kömek eder ýaly ynsap berdi. Geliň, ynsap barada gürrüň edeliň.

YNSAP NÄME?

5. a) Ynsap näme? b) Ýehowa ony näme üçin berdi? (Rimliler 2:14, 15).

5 Ynsap içimizdäki duýgy bolup, ýagşyny-ýamany saýgarmaga kömek edýär. Hatda Ýehowanyň kada-kanunlaryny bilmeýän adamlarda-da ynsap bar (2 Kor. 4:2). Ynsap pikirlerimiz, edýän işlerimiz üçin bizi ýa aklaýar, ýa-da günäkärleýär (Rimliler 2:14, 15-nji aýatlary okaň). Ynsap adamy erbet işleri etmekden saklaýar, ýagşy işleri etmäge bolsa höweslendirýär (1 Şam. 26:8—11). Ýehowanyň bizi erkin edip ýaratmagy hemişe dogry karara geljekdigimizi aňlatmaýar. Munuň üçin Ýehowa bize ynsap berdi. Ol bize dogry karara gelmäge we ýagşy-ýamany saýgarmaga kömek edýär.

6. Ynsap näme üçin ýalňyşdyryp bilýär?

6 Käte ynsap ýalňyşdyryp bilýär. Adam ata bilen How ene günä edensoň, biziň ynsabymyz bozuldy. Belki-de, adam erbet işleri etmek adaty zat hasaplanýan ýerde önüp-ösendir ýa-da öň günäli höwesleriň guly bolandyr. Şeýle zatlar hem adamyň ynsabyny küteldip biler. Mukaddes Kitapda ynsabyň «ejizleýändigi», «hapalanýandygy» ýa-da «tagma basylan» ýaly bolýandygy aýdylýar (1 Kor. 8:12; Tit. 1:15; 1 Tim. 4:2; Ýew. 10:22). Şeýle ynsapdan bize ne peýda?! Ol döwlen sagada meňzeýär. Sagady sazlaýşymyz ýaly, dogry ýoly salgy berer ýaly, ynsabymyzy hem terbiýelemeli (1 Pet. 3:16). Muny nädip etmeli?

YNSABYŇY NÄDIP TERBIÝELEMELI?

7, 8. a) Ynsabymyzy nädip terbiýelemeli? b) Mukaddes Kitabyň prinsipleri maksadymyza ýetmäge nädip kömek edýär? Mysal getiriň. (Surata serediň).

7 Ynsabymyzy nädip terbiýelemeli? Biz Mukaddes Kitaby her gün okap, Ýehowanyň halal-haram hasaplaýan zatlaryny öwrenmeli. Hudaýyň Sözündäki kada-kanunlar onuň garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Geçen makalada biz Ýehowanyň her bir ýagdaý üçin kada-kanun bermeýändigini bildik. Şonuň üçin Ýehowanyň pikirlerine, duýgularyna has gowy düşüner ýaly, Mukaddes Kitapdan prinsipleri tapmaly (Işa. 55:9).

8 Aýdaly, siz ýol-ýodasyz dag-düzleriň içinden geçip barýarsyňyz. Ýol salgysyny sorar ýaly daş-töwerekde adam-gara ýok. Belki-de, siz Güne, ýyldyzlara seredip, gündogary, günbatary çen bilen anyklarsyňyz. Ýöne eliňizde daglar, derýalar görkezilen karta bar bolsa, barmaly ýeriňizi tapmak aňsat bolar. Syýahatçynyň maksady çeşme-çaýly jülgä barmak bolsa, biziň maksadymyz her gün Ýehowany razy edip ýaşamak. Munuň üçin biz ýygy-ýygydan karta seretmeli, ýagny Mukaddes Kitaby okamaly we prinsipler hakda oýlanmaly. Şonda ynsabymyzy terbiýeläris, Ýehowa-da gelýän kararlarymyzdan razy bolar.

Syýahatçy elindäki karta seredip, dogry ýoldan barýandygyny anyklaýar.

Elimizde daglar, derýalar görkezilen karta bolsa, barmaly ýerimizi aňsat taparys. Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýersek, gelýän kararlarymyz bilen Ýehowany razy ederis (8-nji abzasa serediň).


9. Rimliler 9:1, 2-nji aýatlara görä ynsabymyzy terbiýelemäge näme kömek edýär?

9 Eger mukaddes ruh bize täsir etse, ynsabymyzy dogry terbiýeläris we Hudaýyň pikirlerine has gowy düşüneris (Rimliler 9:1, 2-nji aýatlary okaň). Şeýle-de Hudaýyň berýän güýji arkaly ýagşy işleri höwes bilen ederis (Flp. 2:13). Mukaddes ruhy alar ýaly näme etmeli?

10. Mukaddes ruh almak üçin näme etmeli? (Luka 11:10, 13).

10 Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň (Luka 11:10, 13-nji aýatlary okaň). Biz Ýehowanyň näçe gerek diýsek, mukaddes ruhuny berjekdigine ynamly bolup bileris (Ýah. 3:34). Ol görkezmelerine gulak asýan bendelerinden mukaddes ruhuny gaýgyrmaýar (Nak. 1:23; Ýak. 1:5). Biz ynsabymyzy terbiýelemek üçin ýene näme etmeli?

11. a) Biziň esasy maksadymyz näme? b) Ynsabymyzy näme üçin terbiýelemeli?

11 Her gün Ýehowany razy edip ýaşaň (Nak. 8:34, 35). Ýadyňyzda bolsa, bu biziň esasy maksadymyz. Biz bir karara gelmezden öň: «Ýehowa etjek işim hakda näme pikir edýärkä? Ol begenermi ýa-da güler ýüzi solarmy? Ýüregi ynjarmy?» diýip soramaly. Şonda ynsabymyzy dogry terbiýeläris. Biz durmuşda çylşyrymly ýagdaýlara duş gelýäris, terbiýelenen ynsap şol ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek edýär. Meselem, biz dynç almak, işlemek, bilim almak, dost tutunmak meselesinde dürli kararlara gelýäris. Olaryň käbiri hakda Mukaddes Kitapda anyk görkezme ýok. Onda biz şu meselelerde Ýehowany razy edip nädip dogry kararlara gelip bileris? (2 Kor. 1:12).

12. Biz ynsabymyzyň dogry ýoly salgy berýändigini ýa bermeýändigini nädip bilmeli? (Efesliler 5:10).

12 Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlanyň (Zeb. 49:3). Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň garaýşyna düşünmäge kömek edýän prinsipleri agtaryp tapyň (Efesliler 5:10-y okaň). Aýdaly, siz çykgynsyz ýagdaýa duş gelýärsiňiz. Ynsabyňyz şu meselede näme etmelidigini aýdýar. Ýöne ynsabyňyzyň dogry ýoly salgy berýändigini ýa bermeýändigini nädip bilmeli? Munuň üçin Mukaddes Kitapdan şol ýagdaýa gabat gelýän prinsipleri tapyň (Nak. 2:4—9, 11—13). Şol prinsipler arkaly siz hem ynsabyňyzy terbiýelärsiňiz, hem dogry karara gelersiňiz (Ýew. 5:14).

13. Biz ysraýyllaryň ýalňyşyndan näme sapak edinmeli?

13 Ilki karara gelip, soň şoňa laýyk gelýän prinsip gözlemäň. Geliň, geçmişde ýaşan ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. B. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilensoň, halkyň käbiri Ýahudada galýar. Olar eýýäm näme etjekdigini çözüpdiler, ýöne kiçi dilden bärde Ýermeýa pygambere sala salýarlar. Olar: «Goý, seniň Hudaýyň Ýehowa bize ýöremeli ýolumyzy görkezsin we näme etmelidigini aýtsyn» diýýärler (Ýer. 42:3—6). Ýehowanyň görkezmesi olara ýaramansoň, olar öňünden çözüp goýan zadyny etdiler. Şeýdip, köp kösendiler (Ýer. 42:19—22; 43:1, 2, 4). Biz ysraýyllaryň ýalňyşyny gaýtalamaly däl. Karara gelmezden öň Ýehowanyň garaýşyna düşüner ýaly prinsipleri gözlemeli, soňra şoňa görä hereket etmeli.

14. Näme üçin Mukaddes Kitabyň prinsipleri esasynda karara gelmeli?

14 Mukaddes Kitabyň prinsipleri esasynda karara geliň (Mat. 7:24—29; Ýak. 1:23—25). Şonda mukaddes ruhuň görkezmesine eýerersiňiz, Ýehowa-da bol bereket berer (Res. 5:32). Eger Ýehowanyň görkezmesine eýermeseňiz ýa garşy çyksaňyz, mukaddes ruhy gynandyrarsyňyz (Efes. 4:30; Işa. 63:10; Res. 7:51). Hudaýam mukaddes ruhuny bermegini bes eder (Zeb. 51:11; 1 Sel. 5:19). Onuň berýän güýji bolmasa eden işiňiz ugruna bolmaz (Efes. 3:16).

GÖZLEG GEÇIRIŇ

15, 16. a) Mukaddes Kitapdan prinsipleri nädip tapmaly? b) Haýsy prinsipler çilimi taşlamaga kömek edýär?

15 Gözleg-barlag geçiriň. Karara gelmeziňizden öň prinsipleri tapyň. Aýdaly, okuw geçýäniňiz çilimini taşlasy gelenok. Ol özüni aklap: «Mukaddes Kitapda çilim hakda hiç zat aýdylmaýar-a?! Ýehowanyň çilimi ýazgarýandygyny nädip bilýäris?» diýse, oňa Mukaddes Kitapdaky prinsipler arkaly nädip kömek edip bilersiňiz? «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» dadyňyza ýetişer. Siz «Çilim çekmek» bölümine girip, «Çilim çekmegiň näme zyýany bar?» diýen makalany tapyň («Ýaşlaryň sowallary, I tom», 33-nji baba serediň). Makaladaky haýsy prinsipler okuw geçýäne kömek eder?

16 Geliň, makaladaky üç prinsipe seredeliň. 1) Biz saglygymyza zyýan ýetirýän islendik zatdan gaça durmaly (2 Kor. 7:1). 2) Başgalaryň saglygyna zyýan ýetirmeli däl (Mat. 22:39). 3) Ýehowa erbet endigiňizi taşlamak üçin güýç diläp edýän dogaňyza jogap berer (1 Ýah. 5:14). Mukaddes Kitapda çilim çekmek barada hiç zat aýdylmasa-da, okuw geçýän prinsipler arkaly Ýehowanyň garaýşyna düşüner.

17. Ýaşlar toýuny abraý bilen sowar ýaly prinsipleri nireden tapmaly?

17 Ýaş çatynjalar toýuny abraý bilen sowar ýaly prinsipleri nireden tapyp biler? Ýene-de Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyna giriň. Siz «Toý tutmak we nikany resmileşdirmek» diýen bölüme girseňiz, birtopar makalalara gözüňiz düşer. Geliň, alty prinsipe seredeliň. 1) Toýuňyz Ýehowany şöhratlandyrsyn (1 Kor. 10:31, 32). 2) Egin-eşigiňiz, daş-keşbiňiz göze ilginç däl-de, salykatly bolsun (1 Tim. 2:9; 1 Pet. 3:3, 4). 3) Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine düşüp, toýuňyzy uludan tutmaň (Ýah. 17:14; Ýak. 1:27; 1 Ýah. 2:15, 16). 4) Toýuňyz tertip-düzgünli bolsun (1 Kor. 14:40). 5) Içhä-içişlik bolmasyn (Gal. 5:21). 6) Toýa gözegçilik etjek guramaçy belläň (Ýah. 2:8, 9).

18, 19. a) Prinsipleri tapmaga ýene haýsy kitap kömek edýär? b) Baýramçylyklar babatda dogry karara gelmäge haýsy prinsipler kömek eder? («Prinsipleri tapyň» diýen çarçuwa serediň).

18 Dogan-uýalar «Mukaddes Kitapdan maslahatlar» diýen kitapdan hem prinsipleri tapmagy gowy görýärler. Onda dürli temalar agzalýar. Islendik temany saýlasaňyz, şoňa degişli soraglary, aýatlary taparsyňyz. Aýatlar Mukaddes Kitapdaky prinsiplere düşünmäge kömek edýär. Aýdaly, siziň bir baýramçylygy bellemelimi ýa-da bellemeli däldigini bilesiňiz gelýär. «Baýramçylyklar» diýen bölüme girseňiz, «Mesihçileriň bellemeýän baýramçylyklary» diýen sözbaşyny görersiňiz.

19 «Ýalan din bilen bagly baýramçylyklara näme üçin gatnaşmaly däl?» diýen soragy hem görersiňiz (1 Kor. 10:21; 2 Kor. 6:14—18; Efes. 5:10, 11). Ol ýerde dogry kararlara gelmäge kömek edýän aýatlary we Mukaddes Kitapdan mysallary taparsyňyz. Biraz aşagrak düşseňiz, «Milli baýramçylyklar» diýen sözbaşa gözüňiz düşer. Ol ýerde «Mesihçiler Ýeňiş baýramyny bellemelimi?», «Mesihçiler meşhur adamlara bagyşlanan çärelere gatnaşmalymy?» diýen soraglar getirilýär we Mukaddes Kitabyň aýatlary hem-de mysallar ýazylan. Biz Ýehowanyň guramasy arkaly ynsabymyzy terbiýelemäge kömek edýän esbaplary berendigine minnetdar.

Prinsipleri tapyň

«Mukaddes Kitapdan maslahatlar» diýen kitapda dürli temalara degişli prinsipleri tapyp bolýar. Maşgala ýa-da şahsy okuwynda şu temalara degişli prinsipleri tapyň.

  • Serhoşlyk

  • Bagyşlamak

  • Dünýä bilen dost bolmak

  • Dogruçyl bolmak

  • Butparazlyk

  • Dinler

  • Ýalan sözlemek

  • Pul

  • Bitaraplygy saklamak

  • Pornografiýa

  • Dynç almak

  • Düşünişmezligi çözmek

  • Erbet işler

PÄK YNSAPLY BOLUŇ

20. Ynsaby terbiýelenen mesihçi nähili ýaşaýar?

20 Alla bizi erkin edip ýaratdy. Şeýle-de kalbymyza ynsap guýdy. Biz dogry kararlara gelip, Ýehowany begendirer ýaly ynsabymyzy terbiýelemeli. Munuň üçin Ýehowadan mukaddes ruhuny dilemeli we Mukaddes Kitapdan prinsipleri tapyp, şoňa görä ýaşamaly. Şeýle etsek, bizi erkin edip ýaradan we ynsap beren mähriban Atamyz Ýehowany şöhratlandyrarys (2 Tim. 3:16, 17; Ýew. 4:12).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Ynsap näme?

  •  Ynsabyňy nädip terbiýelemeli?

  •  Prinsipler dogry karara gelmäge nädip kömek edýär?

135-NJI AÝDYM Ýehowa: «Oglum, paýhasly bol» diýýär

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş