6—12 IÝUL, 2026
98-NJI AÝDYM Mukaddes Kitap Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy
Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýeriň
«Şonda akyl-paýhasly bolup, mukaddes gullugy berjaý edip bilersiňiz» (Rim. 12:1).
ESASY PIKIR
Mukaddes Kitapdan prinsipleri tapmagy öwreniň.
1, 2. a) Mukaddes Kitap haçan ýazyldy? b) Mukaddes Kitabyň maslahaty näme üçin güýjüni ýitirmeýär?
MUKADDES KITAP iň gadymy kitap. Onuň ilkinji kitabynyň ýazylanyna 3 500 ýyl boldy. Soňky kitabynyň ýazylanyna bolsa 2 000 ýyla golaý wagt geçdi. Köpler: «Döwür üýtgedi, Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýermegiň peýdasy ýok» diýýärler (Ýew. 4:12; 2 Tim. 3:16, 17). Ýöne şu günler millionlarça adamlar Hudaýyň Sözündäki öwüt-nesihatlara gulak asyp, kynçylyklary ýeňip geçýär, bagtly we agzybir ýaşaýar.
2 Mukaddes Kitabyň ýazylanyna ençeme asyr geçenem bolsa, ondaky maslahatlar güýjüni ýitirmeýär, sebäbi onda älem-jahany ýaradan Beýik «Biribaryň» sözleri ýazylan (1 Tim. 4:10; Rim. 16:26, 27). Şeýle-de onda döwre görä üýtgemeýän prinsipler bar. Şol prinsipler geçmişde peýdaly bolşy ýaly, şu günler hem peýdaly.
3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Mukaddes Kitabyň prinsipleri näme? Prinsiplere düşünmek näme üçin wajyp? Mukaddes Kitaby okanyňda prinsipleri nädip tapmaly? Şeýle-de makalada Isa pygamberiň prinsiplere düşünmäge nädip kömek edendigini bileris.
MUKADDES KITABYŇ PRINSIPLERI NÄME?
4. Mukaddes Kitabyň prinsipleri näme?
4 Mukaddes Kitapdaky üýtgemeýän hakykatlara prinsipler diýilýär. Hudaýyň Sözündäki kanunlar prinsipe esaslanýar. Prinsip kanun görnüşinde hem bolup bilýär (Mat. 22:37). Kanun belli bir döwür ýa-da ýagdaý üçin berilýär, emma prinsip kanunyň näme üçin berlendigine düşünmäge kömek edýär. Ýehowa kanun berende belli bir sebäbe esaslanýar. Eger kanunyň näme üçin berlendigine düşünsek, onuň arkasyndaky prinsipi dürli ýagdaýda ulanyp bileris (Zeb. 119:111). Sebäbi kanun ýatyrylyp ýa üýtgäp bilýär, prinsip bolsa hiç haçan üýtgemeýär (Işa. 40:8).
5. Kanun bilen prinsipiň tapawudyny düşündiriň. (Surata serediň).
5 Kanun bilen prinsipiň tapawudyna düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Aýdaly, ejesi nahar bişirip durka, oguljygyna: «Gazanyň golaýyna gelme!» diýip tabşyrýar. Oglanjyk ulaldygyça ejesiniň näme üçin şeýle tabşyrygy ýa kanuny berendigine düşünýär. Ejesi ogluna diňe gyzgyn gazanyň däl-de, ütük ýa peç bolsun, islendik gyzgyn zada degse, bir ýerini ýakjakdygyny aýdypdy. Oglan ulalansoň, ejesi ýaly gazanda süýji naharlary bişirer, ýöne bir ýerini ýakmaz ýaly seresap bolar. Görşümiz ýaly, ejesiniň «gazanyň golaýyna gelme!» diýen tabşyrygy güýjüni ýitirdi, ýöne «gyzgyn zada degseň, bir ýeriňi ýakarsyň» diýen prinsip üýtgemedi.
Kanun ýatyrylyp ýa üýtgäp bilýär, prinsip bolsa hiç haçan üýtgemeýär (5-nji abzasa serediň).
PRINSIPLERE DÜŞÜNMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?
6. a) Dogry karara geler ýaly Ýehowa Mukaddes Kitaba nämeleri ýazdyrdy? b) Ýehowa erkinligimize hormat goýýandygyny nädip görkezýär?
6 Ýehowa bizi gowy görýär, bela-beterden, howp-hatardan goramak üçin kada-kanunlary berýär (Ýak. 2:11). Şeýle-de biziň şol kada-kanunlary näme üçin berendigine düşünmegimizi isleýär. Mukaddes Kitapda her bir ýagdaý üçin belli bir düzgün ýok. Biz prinsipe gowy düşünsek, kanun ýok wagty hem paýhasly karara geleris. Ýehowa bizi erkin edip ýaratdy. Ol biziň özüni begendirýän kararlara geljekdigimize ynanýar. Eger prinsiplere görä ýaşamagy öwrensek, Ýehowany söýýändigimizi we höwes bilen gulak asmak isleýändigimizi görkezeris (Gal. 5:13).
7. Prinsipleriň wajypdygyny haýsy mysal görkezýär? (Surata serediň).
7 Kanunyň aňyrsyndaky prinsipe düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Uly ýollaryň käbirinde sürüjiniň näçeräk tizlik bilen sürmelidigini, nirelerde durup bilýändigini görkezýän ýol belgileri bar. Eger sürüji bellenen tizlikden geçse ýa-da durmasyz ýerde dursa, jerime tölemeli bolar. Emma käbir ýol belgileri ýoluň typançakdygyny, haýwanlaryň geçýändigini duýdurýar. Ökde sürüji şol belgileri görende, ulagy seresap sürer. Belki, gar-ýagyşly, ümürli howada sürüji tizligini hasam peselder we başga-da howpsuzlyk çärelerini görer. Edil şonuň ýaly, biz Mukaddes Kitapda ýazgarylýan işleri edip, Hudaýyň kanunyny bozmaly däl. Şeýle-de erbet pikirleriň we endikleriň duzagyna düşüp, prinsipleri bozmaly däl. Sebäbi prinsipleri bozýan adam, soňabaka kanunam bozýar. Eger Ýehowanyň pikirlenişine düşünsek, ony begendirýän işleri ederis.
Ýol belgileri howp-hatardan goraýar, Mukaddes Kitabyň prinsipleri günä etmekden goraýar (7-nji abzasa serediň).
8. Mukaddes Kitaby nädip okamaly we näme üçin? (Rimliler 12:1, 2).
8 Mukaddes Kitapdaky prinsipleri tapmagyň we olar boýunça ýaşamagyň köp peýdasy bar. Biz Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenýäris. Mukaddes Kitaby okanymyzda özümize şeýle soraglary bermeli: «Ýehowa şu wakany näme üçin ýazdyrdy? Ondan näme sapak edinip bilerin?» Eger Mukaddes Kitapdaky wakalardan wajyp sapak edinsek, Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwreneris. Hudaýyň «ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine» düşüneris (Rimliler 12:1, 2-nji aýatlary okaň).a
9. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegiň nähili peýdasy bar? (Ýewreýler 5:13, 14).
9 Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşasak, imany berk mesihçi bolarys. Eger Ýehowanyň pikirlerine düşünsek, Dostumyzy gynandyrýan işleri etmeris (Ýewreýler 5:13, 14-nji aýatlary okaň). Adatça, ene-atalar çagalaryny goramak üçin näme etmelidigi, näme etmeli däldigi barada birtopar düzgünleri goýýarlar. Çagalar şol düzgünleriň näme üçin goýlandygyna düşünmese-de, ene-atasyndan temmi almajak bolup gulak asýarlar. Ýöne Ýehowa bize agy-garany saýgarmaýan çagalar ýaly däl-de, akylly-başly adamlar ýaly garaýar. Ol biziň görkezmelere gulak asyp, dogry işleri etjekdigimize ynanýar. Dogry işleri edenimizde bolsa, begenjiniň çägi bolmaýar (Zeb. 147:11; Nak. 23:15, 26; 27:11).
MUKADDES KITAPDAN PRINSIPLERI NÄDIP TAPMALY?
10. Mukaddes Kitapdaky prinsipleri tapmak üçin näme etmeli?
10 Mukaddes Kitaby özümize sapak edinmek üçin okasak we kanunyň näme üçin berlendigine düşünsek, prinsipleri taparys hem-de Ýehowa ýaly pikirlenmegi öwreneris. Biz, ilki bilen, Hudaýdan akyldarlyk dilemeli we pikirleniş ukybymyzy ösdürmeli (Nak. 2:10—12). Hudaýyň Sözüni okanymyzda özümize şu soraglary bermeli: «Ýehowa şu kanuny näme üçin berdi? Eger ol wakadaky adamyň eden işini ýigrenen bolsa, şuňa meňzeş haýsy hereketleri ýazgarýarka? Wakadan öwrenen zadymy durmuşda nädip ulanyp bilerin?» Ýehowanyň kanuny näme üçin berendigine düşünsek we sapak edinsek, ony begendirýän kararlara geleris.
11. Isa pygamber nädip Mukaddes Kitapdaky prinsipleri tapmagy öwretdi? (Surata serediň).
11 Isa pygamber Dagdaky wagzynda Mukaddes Kitapdaky prinsipleri tapmagy öwretdi. Häzir üç mysala serederis. Isa pygamber her mysalda Töwradyň kanunyny aýtdy we onuň näme üçin berlendigini, ýagny kanunyň aňyrsyndaky prinsipi düşündirdi. Eger Isanyň öwreden zatlary hakda oýlansak, prinsip boýunça ýaşamagy öwreneris we paýhasly kararlara geleris.
Isa pygamber Dagdaky wagzynda Mukaddes Kitapdaky prinsipleri tapmagy öwretdi (11-nji abzasa serediň).
12. Matta 5:21, 22-nji aýatlardaky kanunyň aňyrsynda nähili prinsip bar? (Surata serediň).
12 Matta 5:21, 22-nji aýatlary okaň. «Adam öldürme». Şu kanunyň aňyrsynda hiç bir adamy ýigrenme diýen prinsip bar. Diýmek, biz hiç kime ýamanlyk etmeli däl, sögünmeli däl, hatda pikirimizde-de ýigrenmeli däl. Elbetde, doganyny ýigrenýän adama ganhor diýip bolmaz. Ýöne ol şonda-da Hudaýyň öňünde günäkär, sebäbi ol kanunyň aňyrsyndaky prinsipi bozýar. Isa pygamberiň aýtmagyna görä, eger adam doganyna gaharlansa, sögünse ýa kemsitse, Allanyň öňünde «jogap bermeli» bolar, sebäbi ýigrenjiň soňy ölüme eltýär (1 Ýah. 3:15).
13. Biz Matta 5:21, 22-nji aýatlardaky prinsipe nädip eýermeli? (Surata serediň).
13 Biz Matta 5:21, 22-nji aýatlardaky prinsipe nädip eýermeli? Biz ýüregimizdäki öýke-kinäni köki bilen sogrup taşlamaly (3 Mus. 19:18; Eýp. 36:13). Ýogsam göwnümize degen adama ýamanlyk etmegimiz, gybatyny etmegimiz, töhmet atyp, abraýdan düşürmegimiz mümkin (Nak. 10:12; 20:19; 25:23). I asyrda Internet ýokdy, ýöne Isa pygamberiň öwreden prinsipi bize-de peýdaly. Biz şol prinsip boýunça ýaşasak, sosial ulgamlaryny we hat ýazyşylýan programmalary ulananymyzda ünsli bolarys. Biz Internetde göwnümize degen adamy abraýdan düşürýän zatlary ýaýratmarys.
(12, 13-nji abzaslara serediň).
14. Matta 5:27, 28-nji aýatlardaky kanunyň aňyrsynda nähili prinsip bar? (Surata serediň).
14 Matta 5:27, 28-nji aýatlary okaň. «Zyna etme». Şu kanunyň aňyrsynda ahlaksyzlyga eltýän pikirlerden gaçar dur diýen prinsip bar. Isa pygamber aýalyndan başga gelin-gyza azgyn höwes bilen seredýän adamyň Hudaýyň öňünde günä gazanýandygyny aýtdy. Şol sebäpli kellämize ahlaksyz pikirler gelse, näçe kynam bolsa ünsümizi başga zada sowjak bolmaly (Mat. 5:29, 30). Şu prinsip diňe är-aýallara däl, durmuş gurmadyklara-da degişli.
15. Biz Matta 5:27, 28-nji aýatlardaky prinsipe nädip eýermeli? (Surata serediň).
15 Biz Matta 5:27, 28-nji aýatlardaky prinsipe nädip eýermeli? Biz ahlaksyz zatlaryň pikirini etmeli däl (2 Şam. 11:2—4; Eýp. 31:1—3). Elbetde, imany berk mesihçi pornografiýanyň hiç bir görnüşini görmez ýa dünýädäki adamlar ýaly, «men pornografiýa görsemem, ahlaksyzlyk edemog-a» diýip pikir etmez ýa-da «pornografiýanyň ýigrenji görnüşini göremog-a» diýip özüni aklamaz. I asyrda elektron enjamlary, filmler, suratlar ýokdy. Ýöne Isa pygamber şu prinsip arkaly Ýehowanyň ahlaksyz suratlary, wideolary ýigrenýändigini düşündirdi. Eger biz birine Internetde azgyn suratlary, wideolary ibersek, hat ýazsak ýa jaň edip ahlaksyz gürrüňleri etsek, Ýehowa gynanar. Şu prinsipe eýerýän är-aýallar biri-birine wepaly bolar we agzybir ýaşar (Mel. 2:15). Hatda maşgala gurmadyk dogan-uýalaram şu prinsipe eýerip, ahlaksyzlyk etmekden gaça durup biler (Nak. 5:3—14).
(14, 15-nji abzaslara serediň).
16. Matta 5:43, 44-nji aýatlardaky kanunyň aňyrsynda nähili prinsip bar? (Surata serediň).
16 Matta 5:43, 44-nji aýatlary okaň. «Ýakynyňy söý». Şu kanunyň aňyrsynda ähli adamlary söý, olara ýagşylyk et diýen prinsip bar. Gynansagam, Isa pygamberiň döwründe ýehudylar diňe ildeşleri bilen gatnaşýardylar, başga halklary bolsa duşmany hasaplaýardylar. Ýöne Isa Ýehowanyň şu kanuny näme üçin berendigini düşündirdi. Gökdäki Atamyz Ýehowa milletine, medeniýetine, tire-taýpasyna seretmezden, ähli adamlary söýmegimizi isleýär (Mat. 5:45—48).
17. Matta 5:43, 44-nji aýatlardaky prinsipe nädip eýermeli? (Surata serediň).
17 Biz Matta 5:43, 44-nji aýatlardaky prinsipe nädip eýermeli? Biz ähli adamlary söýýäris, şonuň üçin uruşlara, syýasy dawalara goşulmaýarys (Işa. 2:4; Mik. 4:3). Başga milletden, tire-taýpadan bolan ýa başga dine uýýan adamlar bilen sylaşykly gepleşýäris, ýagşylyk edýäris (Res. 10:34, 35). Özümiziň ýa-da dogan-garyndaşlarymyzyň göwnüne degen adamlardan öýkeläp ýörmeýäris, olary ýürekden bagyşlaýarys (Mat. 18:21, 22; Mar. 11:25; Luka 17:3, 4).
(16, 17-nji abzaslara serediň).
PRINSIPLERE EÝERIP ÝAŞAŇ
18. a) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?
18 Ýehowanyň bize çagalar ýaly däl-de, uly adamlar ýaly garaýandygyna diýseň begenýäris. Ol bize birtopar düzgünleri, kada-kanunlary bermedi, gaýtam Mukaddes Kitapdaky prinsipler esasynda dogry kararlara gelmegimizi isleýär (1 Kor. 14:20). Geliň, mundan beýlägem karara gelenimizde «Ýehowanyň islegine düşünjek bolalyň» (Efes. 5:17). Biz Ýehowa Hudaýymyzy söýýäris, razy etmek isleýäris. Biz temmi almakdan däl-de, ony gynandyrmakdan gorkýarys. Ýehowa bize dogry kararlara geler ýaly prinsiplerden başga ynsabam berdi. Indiki makalada ynsap barada gürrüň ederis.
95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar
a Ýehowa her bir ýagdaý üçin kada-kanunlary bermedi. Şol sebäpli biz prinsipler boýunça ýaşamagy öwrenmeli. Muny nädip etmeli? Biz karara gelmezden öň, Mukaddes Kitapdan birnäçe prinsipi tapyp, olaryň baglanyşygyny biljek bolmaly. Soňra ýüze çykan meseläni prinsipler arkaly nädip çözüp bolýandygy hakda oýlanmaly. Şeýtsek, Ýehowany razy ederis, işimiz ugruna bolar. I asyrda kada-kanunlar, däp-dessurlar ýehudylaryň ganyna siňipdi. Olar kanun bolmasa duran ýerinden gymyldamaýardy. Ýöne käbir ýehudylar Isa pygambere iman edip şägirdi bolansoň, oýlanmak ukybyny ösdürip, kanun boýunça däl-de, prinsip boýunça ýaşamagy öwrenmeli boldy.