20—26 IÝUL, 2026
133-NJI AÝDYM Ýehowa ýaşlykdan gulluk ediň
Okuwa girmek babatda dogry karara geliň
«Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» (Nak. 14:15).
ESASY PIKIR
Okuwa girmek babatda kömek edýän prinsipler we maslahatlar.
1, 2. a) Ýaşlar nähili karara gelmeli bolýar? b) Okuwa girmek diýlende haýsy okuwlar göz öňünde tutulýar? («Düşündirilişe» serediň).
ÝAŞLAR, belki, sizden: «Mekdebi gutaransoň, kim bolasyň gelýär?» diýip sorandyrlar ýa-da bu hakda özüňiz hem oýlanýansyňyz. Belki, siz pioner bolmagy arzuw edýänsiňiz, ýöne pioner bolsaňam, özüňi eklemeli we işlemeli (2 Sel. 3:10). Şonuň üçin häzirden: «Haýsy işiň başyny tutsamkam, haýsy käri öwrensemkäm?!» diýip oýlanýansyňyz.
2 Käbir ýaşlar ene-atasy bilen maslahatlaşyp, mekdebi gutaransoň okuwa girmegi maksat goýýar.a Eger sizem okuwa girmek isleýän bolsaňyz, makaladaky maslahatlar dogry karara gelmäge kömek eder. Makaladaky pikirler ýaşlara we ene-atalara peýdaly bolar. Şeýle-de olara okuw girmek isleýän dürli ýaşdaky mesihçiler hem eýerip biler.
OKUWA GIRMEK HÖKMANMY?
3. Käbir mesihçiler näme üçin okuwa girmek kararyna gelýär?
3 Käbir ýurtlarda gowy gazanç etmek üçin okuwly bolmak hökman däl. Käbir ýurtlarda bolsa diplomyň bolmasa ýüzüňe-de seretmeýärler. Irdenden agşama çenli lütüň sünýänçä işlemeli bolýarsyň. Kän aýlyk hem tölenmeýär. Şeýle ýurtlarda okuwly dogan-uýalar köpräk wagyz edip bilýärler we gullugyň dürli görnüşine gatnaşýarlar. Ýöne okuwa girmegiň öz dert-aladasy bolýar.
4. Okuwa girmek babatda kim karara gelmeli? (Çykgyda serediň).
4 Mukaddes Kitapda: «Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» diýilýär (Gal. 6:5). Kämillik ýaşyna ýeten mesihçiler okuwa girmelimi ýa-da girmeli däldigini özleri çözýär.b Ene-atasy çagalarynyň ukybyny göz öňünde tutup, olary belli bir tarapa ugrukdyryp biler (Efes. 6:1). Şeýlelikde, çagalar mekdebi gutaransoň, okuwa girmek babatda paýhasly karara gelip biler (Nak. 22:6).
5. Okuwa girmelimi ýa-da girmeli däldigini haçan çözmeli we näme üçin? (Surata serediň).
5 Ýaşlaryň käbiri mekdebi gutarmanka, okuwa girmelimi ýa-da girmeli däldigini çözýär. Olar bu babatda ene-atasy bilen maslahatlaşýar. Ene-atasy çaganyň ukybyny göz öňünde tutup, haýsy okuwa girmelidigi barada gepleşmeli. Olar çagalarynyň saýlajak hünärine görä, mekdep sapaklaryny çuňňur öwrenmäge höweslendirip biler. Çagalar mekdebi gutarmanka, haýsy okuwa girjekdigini hökman çözmelimi? Ýok, hökman däl (Nak. 21:5). Käbir ýaşlar mekdebi gutaransoň işe girýär, pioner gullugyna başlaýar. Durmuşa gadam basansoň, okuwa girmelimi ýa-da girmeli däldigini çözýär. Hatda orta ýaşdaky mesihçiler hem okuwa girmek kararyna gelip biler.
Ene-atalar çagalaryna okuwa girmek babatda dogry karara gelmäge kömek etmeli (5-nji abzasa serediň).
6. Dogry karara gelmek üçin näme etmeli?
6 Okuwa girmek hakda dogry karara gelmek üçin, ilki bilen, Ýehowadan akyldarlyk diläň (Ýak. 1:5). Şeýle-de şu iki sorag hakda oýlanyň: 1) Men okuwa näme üçin girjek bolýaryn? (Zeb. 26:2). 2) Okuwa girmegiň nähili peýdaly we zyýanly taraplary bar? (Nak. 14:15). Geliň, şular hakda gürrüň edeliň.
OKUWA NÄME MAKSAT BILEN GIRJEK BOLÝARSYŇYZ?
7. Okuwa girmek isleýän bolsaňyz näme hakda oýlanmaly?
7 Eger siz okuwa girmek hakda oýlanýan bolsaňyz, özüňizden: «Men näme üçin okuwa girmek isleýärin?» diýip soraň. Käbirleri köpräk gazanmak we gowy görýän kärinde işlemek üçin okuwa girýärler. Eýsem aýlyklyja işde işlemek erbetmi? Ýok, erbet däl (1 Tim. 5:8). Ýöne Mukaddes Kitapda Hudaýa bil baglaman, baýlyga kowalaşmagyň howpludygy aýdylýar (Nak. 23:4, 5; 1 Tim. 6:8—10; 1 Ýah. 2:17). Eger siz baýlyk toplamak ýa-da «ýokary okuwy gutardy» diýen ady almak üçin okuwa girseňiz, hiç haçan bagtly bolmarsyňyz, Ýehowa bilen dostlugyňyz hem bozular.
8, 9. a) Mesihçiler ýokary okuwa nähili garaýar? (Matta 6:33). b) Josefina, Morina we Aýris uýalardan näme öwrendiňiz?
8 Hiç zat Ýehowa edýän seždäňizden öňe geçmesin (Mat. 22:37, 38; Flp. 3:8). Saýlajak okuwyňyz Ýehowa gulluk etmäge päsgel bermän, gaýtam mümkinçilik döretsin (Matta 6:33-i okaň).
9 Käbir ýaşlar okuwa girse-de, Ýehowa bilen dostlugynyň bozulmagyna ýol bermedi. Çilide ýaşaýan Josefina uýa şeýle diýýär: «Gutaran ugrum Ýehowa köpräk gulluk etmäge mümkinçilik berýär. Okuw döwri bilimi däl-de, Ýehowany birinji orunda goýanym üçin imanym gowşamady». Morina uýa saç kesmegi we bejermegi öwredýän bir ýyllyk kursa girýär. Ol şeýle diýýär: «Men wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek isleýärdim. Şonuň üçin saç kesmegi öwrendim. Okuwy gutaramsoň, gözellik salonyna işe girdim. Pul toplap wagyzçylaryň az ýerine göçdüm. „Hünärli kişi hor bolmaz“ diýlişi ýaly baran ýerimde derrew iş tapdym, gözellik salonyna işe girdim». Aýris uýa birnäçe ýyl okap, diş lukmany bolup işläp başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Ýokary bilimiň peýdaly taraplary bar, emma ol hakyky bagtyň açary däl. Bilýäňizmi, hakyky bagtyň açary nämede? Eger Hudaýa gulluk etmek durmuşyňda birinji orunda dursa, senden bagtly, senden şadyýan adam ýok». Dogrudan-da, Alla bilen dostlugymyz durmuşda birinji orunda bolsa, gelýän kararlarymyza hiç haçan ökünmeris.
ÝEDI ÖLÇÄP BIR KESIŇ
10. 5 Musa 32:29-daky prinsip okuw babatda dogry karara gelmäge nädip kömek edýär?
10 Belki, siz belli bir käri saýlap, şol ugurdan okuwa girmegi ýüregiňize düwensiňiz. Ýöne karara gelmäge howlukmaň. Belki, siz şol hünäri öwredýän başga okuwa girersiňiz ýa-da düýbünden başga hünäri saýlarsyňyz (Nakyllar 18:17-ni deňeşdiriň). Şu günler Internet has-da ösdi. Käbir okuwlar onlaýn geçirilýär. Şeýle-de siz gazanç etmek üçin hökman diplomly bolmaly diýip pikir etmäň. Finlýandiýada ýaşaýan Ýohanna uýa ýokary okuwa girmedi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Orta mekdebi gutaramsoň, pioner gullugyna başladym we ýarym günlük işde işleýärdim. Men dürli ýerlerde işledim we Ýehowanyň „seni aç-hor etmerin“ diýen wadasynda durýandygyna göz ýetirdim». Her işiň zyýanly we peýdaly taraplary bar. Şonuň üçin siz: «Okuwa girsem peýda alarynmy ýa zyýan çekerin?» diýip oýlanyň (5 Musa 32:29-y okaň; 1 Kor. 10:23). Geliň, okuw bilen bagly käbir soraglaryň jogabyny bileliň.
11. Okuwa hepdede näçe sagat gitjekdigi hakda oýlanmak näme üçin wajyp? (Surata serediň).
11 Okuwa hepdede näçe sagat gider? Siz diňe sapaklara däl-de, okuwa baryp gaýtmak, öý işlerini etmek üçin näçe wagtyň gitjekdigi hakda oýlanyň. Okuwdan daşary siziň Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkitmäge, hojalygyň işlerini etmäge wagtyňyz galarmy? (Flp. 1:10). Günuzyn okasaňyz, kelläňiz çişip, ýygnaga taýýarlanmaga we şahsy okuwyny geçirmäge güýjüňiz bolarmy? Hindistanda ýaşaýan Jeroz şeýle diýýär: «Okuw bar güýjümi we wagtymy aldy. Men wagza seýrek çykýardym, ýygnaga bir barsam, bir barmaýardym. Başga okuwa giräýmeli ekenim, şonda Ýehowa köpräk gulluk etmäge hem wagtym, hem güýjüm bolardy». Ýarym günlük we öý işlerini az berýän kurslar hem bar. Mozambikde ýaşaýan Rebeka şol kurslaryň birine ýazylýar. Ol şeýle diýýär: «Men günde bary-ýogy iki sagat okaýardym. Hatda pioner gullugyny hem goýmadym».
Okuwdan daşary siziň Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkitmäge, hojalygyň işlerini etmäge wagtyňyz galarmy? (11-nji abzasa serediň).
12. Saýlan okuwyňyza ökünmez ýaly näme hakda oýlanmaly? (Nesihat 12:1).
12 Okuw näçe ýyllyk? Okuwlar birnäçe aý ýa-da ýyl dowam edýär. Siz: «Ýaşlygym biderek geçdi» diýip ökünmez ýaly dogry okuwy saýlaň (Efes. 5:15—17). Ýaşlar, okuwa girseňiz-de, Ýehowa eliňizde baryny edip gulluk etmäge, hatda pioner bolmaga wagtyňyz bolarmy? (Nesihat 12:1-i okaň). Belki, saýlan hünäriňiz boýunça ençeme ýyllyk däl-de, birnäçe aýlyk kurslar bardyr. Siz uniwersitetde däl-de, hünär mekdeplerinde okasaňyz wagtyňyz kän gitmez, çykdajy hem az bolar. Çilide ýaşaýan Mario dogan şeýle diýýär: «Men iki ýyllyk tehnikumda okadym. Uniwersitete garanyňda okuw tölegi ep-esli azdy. Men hepdede dört gün okaýardym we pioner gullugymy hem dowam etdim».
13. Başga şähere okuwa gidýän ýaşlar nähili synaga duş gelýär?
13 Okuw nirede ýerleşýär? Belki, siz öýüňiziň golaýyndaky okuwlaryň birine girersiňiz. Emma başga şäherlere gidip okamaly bolsaňyz ýa talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamaly bolsaňyz näme? Ene-ataňyzdan aýry ýaşasaňyz ýa-da Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlaryňyz bilen ýaşasyňyz, Alla bilen dostlugyňyz bozular (Nak. 22:3; 1 Kor. 15:33). Mozambikde ýaşaýan Matias dogan bir ýyllyk hünär mekdebinde okady. Okuwyň tölegi köp bolmasa-da, gelen kararyna ökündi. Ol şeýle diýýär: «Okuw başga şäherde ýerleşýärdi. Kursdaşlarym keýp çekip, edenini edip ýaşaýardy. Men olara goşulmajak bolup, elimde baryny edýärdim. Ýaşlar, meniň maslahatymy alsaňyz, ene-ataňyzy goýup, başga şähere okuwa gitmäň». Russiýada ýaşaýan bir uýa şeýle diýýär: «Men talyplar bilen ýaşaman, öýden gatnap okadym. Şeýdip, köp synaglaryň öňüni aldym». Bilýäňizmi, käbir kurslary öýden çykman hem Internet arkaly okap bolýar.
14. Luka 14:28-däki maslahat dogry karara gelmäge nädip kömek edýär?
14 Okuw tölegi näçe bolar? Käbir ýurtlarda okuw tölegi gymmat däl, hatda hökümet hem kömek edýär. Siziň ýaşaýan ýeriňizde hem şeýle bolsa, köp çykdajy etmän okuwa girip bilersiňiz. Käbir okuwlaryň tölegi örän gymmat bolýar. Üstesine, synaga taýýarlyk görmek üçin mugallym tutup, oňa-da pul tölemeli bolýar. Ýokary okuw jaýyna girýän ýaşlar ençeme ýyllap bergide ýaşamaly bolýar. Mozambikde ýaşaýan Adilson dogan bilen hem şeýle boldy. Ol saýlan okuwyna ökünip şeýle diýýär: «Mamam bilen babam okuwyň dört ýyllyk tölegini tölemek üçin gury çörek iýip ýaşadylar». Ýaşlar, okuwa girmezden öň özüňize şu soraglary beriň: «Okuwyň tölegi näçe? Öýümizdäkilere agram düşmezmi? Belki-de, arzanrak okuwlar bardyr? (Luka 14:28-i okaň). Eger okuw üçin bergä batsam, ony näçe ýylda üzerin? Okuwy gutaryp işe başlasam, aýlygym hem özümi eklemäge, hem bergimi ýapmaga ýetermi?» (Nak. 22:7).
15. Okuwa girmezden öň saýlajak ugruň hakda näme üçin oýlanmaly?
15 Saýlajak ugruňyzdan iş tapyp bilersiňizmi? Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlaryň haýsy işde işleýändigini we näme kär edýändigini biliň. Käbir okuwlar talyplara hünär öwretmän, umumy bilim berýär ýa-da filosofiýa ýaly taglymatlary öwredýär (Kol. 2:8). Hindistanda ýaşaýan bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Okan okuwymda umumy bilim berdiler, ýöne tejribe sapaklaryny geçirmediler. Tejribäm bolmansoň, işe-de almadylar». Käbir okuwlar talyplara hünär öwretse-de, şol ugurdan iş tapmak kyn bolýar. Merkezi Afrika Respublikasynda ýaşaýan Sablim howa sowadyjyny bejermegi öwrenýär. Ol şeýle diýýär: «Meniň ýaşaýan ýerimdäki adamlar bir zat döwülse ussa çagyrmaýar, gaýtam özleri bejerýär».
16. Haýsy soraglar hünäriňizi dogry saýlamaga kömek eder?
16 Okuwy gutaransoň, saýlan işiňiz göwnüňize ýararmy? (Nes. 3:12, 13). Iş ýeriňiz saglygyňyza zyýan ýetirmezmi? Işdeşleriňiz göriplik, bäsdeşlik etmezmi? Başlygyňyz iş üstüne iş berip, sizi gyssamazmy? Aýlygyňyz näçe çykar? Özüňizi doly ekläp bilersiňizmi? Işleýän ugruňyzdan wagtal-wagtal tälim almaly bolarsyňyzmy? Saýlan işiňiz Ýehowa bilen dostlugyňyzy gowşatmazmy? (Nes. 12:13). Elbetde, ýaşaýan ýeriňizde köpler işsiz kösenýän bolsa, saýlamaga mümkinçiligiňiz hem ýokdur. Şonuň üçin okuwa girmänkäňiz, iş tapyp boljak ugry saýlaň. Hindistanly Tabita uýa alty aýlyk tikinçilik kursuny gutardy. Ol şeýle diýýär: «Meniň pioner bolasym gelýärdi, şonuň üçin tikinçi bolmagy saýladym. Tikinçi bolsaň, öz eliň, öz ýakaň bolýar. Müşderiňem köp bolýar, işi gurnamak üçin köp çykdajy hem gerek däl». Häzir elinden dür dökülýän Tabita uýa pioner bolup gulluk edýär.
17. a) Okuwa girmek babatda gerekli maglumaty nireden tapmaly? b) Mukaddes Kitabyň haýsy prinsipleri dogry karara gelmäge kömek eder? («Mukaddes Kitabyň prinsipleri hakda oýlanyň» diýen çarçuwa serediň).
17 Görşümiz ýaly, okuwa girmek babatda dogry karara gelmek aňsat däl. Siz ýokary okuw jaýlaryna baryp sorag-ideg ediň ýa-da Internet sahypalaryna girip maglumat toplaň. Ýaşaýan ýeriňizde gutarjak ugruňyzdan nähili iş ýerler bar? Şol ugurdan okaýan ýa-da işleýän adamdan maslahat soraň (Nak. 13:10). Olardan: «Şu okuwyň ýa işiň nähili peýdaly we zyýanly taraplary bar?» diýip soraň. Ýehowa wepaly gulluk edýänler bilen maslahatlaşyň (Nak. 15:22). Olar haýsy okuwa girmegi ýa haýsy işde işlemegi maslahat berýär? Belki, olaryň teklibi ýatsaňyz-tursaňyz kelläňize-de gelmez.
18. Hakyky bagtyň açary nämede?
18 Görşümiz ýaly, okuwa girmegiň peýdaly we zyýanly taraplary bar. Şonuň üçin, ilki bilen, Ýehowa doga edip akyldarlyk soraň. Elbetde, diplomyňyz bolsa, aç-hor bolmarsyňyz. Ýöne diňe Ýehowa bilen dostlugy berk adamyň bagtly bolýandygyny unutmaň (Zeb. 16:9, 11). Allatagala gullukçylarynyň diplomy bolsun, bolmasyn, iýjek-içjegini ýetirip durar (Ýew. 13:5). Siz girjek okuwyňyzy saýlan bolsaňyz näme? Okuw döwri Ýehowa bilen dostlugyňyz bozulmaz ýaly näme etmeli? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.
45-NJI AÝDYM Ýüregimiň oý-pikirleri
a DÜŞÜNDIRILIŞ: şu we indiki makalada «okuwa girmek» diýlende mekdebi gutaran ýaşlaryň islendik ýerde bilim almagy göz öňünde tutulýar. Muňa şular degişli: uniwersitet, institut, kollej, hünär mekdebi, tehnikum, üç aýlyk ýa-da alty aýlyk gysga kurslar we ş. m.
b Öň edebiýatlarymyzda ýokary okuw jaýyna girmek maslahat berilmeýärdi. 2005-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynda «Ene-atalar, siz çagalaryňyzyň kim bolmagyny isleýärsiňiz?» diýen makalada ýokary okuwyň howply taraplary agzalýar. Okuwa girmegiň häzirem zyýanly taraplary bar. Indi okuwa girmelimi ýa girmeli däldigini her bir mesihçiniň özi çözýär. Okuwa girmek isleýän mesihçiler we çagalaryny okuwa salmak isleýän maşgalabaşylar karara gelmänkä, Ýehowa doga edip Mukaddes Kitabyň prinsipleri hakda oýlanmaly hem-de okuw babatda gerekli maglumatlar toplamaly. Hiç kim, hatda ýaşulular hem mesihçiniň gelen kararyny ýazgarmaly däl (Ýak. 4:12).