6—12 APREL, 2026
82-NJI AÝDYM «Yşygyňyz nur saçsyn»
Dogan-garyndaşlardan kömegi gaýgyrmaň
«Ýagşy işleri etmegi goýmalyň» (Gal. 6:9).
ESASY PIKIR
Ýehowa gulluk etmeýän dogan-garyndaşlarymyz bilen gowy gatnaşykda bolmagy we olara imanymyz hakda sypaýyçylyk bilen gürrüň bermegi öwreneliň.
1, 2. Okuw geçip başlansoň dogan-garyndaşlar bilen aramyzda nähili kynçylyk döräp biler?
ISA pygamber yzyna düşüp gitmek islän adama: «Öýüňe git, dogan-garyndaşlaryňa Ýehowanyň... saňa eden ähli zatlaryny gürrüň ber» diýdi (Mar. 5:19). Näme üçin? Sebäbi ol islendik adamyň gowy habary eşiden badyna, dogan-garyndaşlaryna aýtmak isleýändigini bilýärdi.
2 Siz Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyňyzda öwrenýän zatlaryňyzy dogan-garyndaşlaryňyza begenip gürrüň berensiňiz. Belki-de, dogan-garyndaşlaryňyzyň käbiri gürrüň berýän zatlaryňyzy halan däldirler. Ýa-da gönümel wagyz edeniňiz üçin öýkeländirler. Makalada berilýän maslahatlar şeýle ýagdaýlarda hem Mukaddes Kitabyň kada-kanunyny bozmazlyga, hem-de dogan-garyndaşlarymyz bilen gowy gatnaşygy saklamaga kömek eder.
3. Biz makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Biz makalada dört zat hakda gürrüň ederis. 1) Dogan-garyndaşlarymyzyň ýagdaýyna düşünsek, olar Ýehowa barada bilmek islemese-de, söýgimizi görkezmegi öwreneris. 2) Göwnümize degenlerinde özümizi nähili alyp barmalydygyny bileris. 3) Sabyrly bolmagyň we umyt etmegiň olara öwrenýän zatlarymyzyň hakykatdygyna düşünmäge nädip kömek edýändigine serederis. 4) Dogan-garyndaşlar söýýändigimize düşüner ýaly näme edip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.
ÝAGDAÝYNA DÜŞÜNIŇ
4. Isa hoş habary diňlemedik adamlar bilen özüni nähili alyp bardy?
4 Isa hoş habary diňlemedik adamlardan ýüzüni sowmady. Ol özüni üzümçilikde işleýän we agajyň miwe bermegi üçin her dürli usullary ulanýan bagbana meňzetdi (Luka 13:6—9). Şu mysaly gürrüň berende, Isanyň ýehudylara iman etmäge we yzyna eýermäge kömek edip ýörenine üç ýyldan gowrak wagt geçipdi. Isa näme üçin ýehudylara kömek etjek bolýardy? Isanyň adamlara ýüregi awaýardy, olaryň ýagdaýyna düşünýärdi. Şonuň üçin sabyrly öwredýärdi.
5. Isanyň näme üçin ýehudylara kömek edesi gelýärdi?
5 Dini ýolbaşçylar ýehudylara Ýehowa barada hakykaty öwretmeýärdiler. Şonuň üçin Isanyň olara ýüregi awaýardy. Isa: «Olar çopansyz goýunlar ýalydy» diýdi (Mar. 6:34). Hatda ol ölmezinden öň Iýerusalim şäherine seredip aglady. Sebäbi ol köp adamlaryň Ýehowa hem-de Ogluna iman etmeýändigi üçin heläk boljakdygyny bilýärdi (Luka 19:41—44). Eger bizem Isa ýaly dogan-garyndaşlarymyzyň ýagdaýynyň gözgynydygyna we kömege mätäçdigine düşünsek, öwrenýän zatlarymyz barada gürrüň bermegi bes etmeris.
6. Biz näme üçin dogan-garyndaşlarymyza sabyrly bolmaly? (Galatýalylar 6:9).
6 Galatýalylar 6:9-y okaň. Eger dogan-garyndaşlarymyz aýdýan zatlarymyzy diňlemese, sabyrly bolmaly we «ýagşy işleri etmegi goýmaly däl». Sebäbi olara aňyna, ýüregine siňip giden ynançlaryny, garaýyşlaryny aýryp, Ýehowa iman etmek üçin wagt gerek. Siziň özüňiz hem şol adamlar ýaly birwagtlar «umytsyz ýaşaýardyňyz, Hudaýy tanamaýardyňyz» (Efes. 2:12). Ýöne size sabyrly bolandyklary üçin Ýehowa barada öwrenip, durmuşyňyzy üýtgedip bildiňiz. Eger dogan-garyndaşlaryňyza sabyrly bolsaňyz, olara Ýehowa barada öwrenmäge kömek edersiňiz.
SEBÄBINI BILIŇ
7. Isanyň Mesihdigine ynanmaga doganlaryna näme päsgel beren bolmaly?
7 Isanyň doganlary onuň Jelilede görkezen gudratlary hakda eşiden bolmaly (Luka 4:14, 22—24). Başda olar Isa iman etmeýärler (Ýah. 7:5). Munuň sebäbi Mukaddes Kitapda aýdylmaýar. Ýöne käbir ýehudylaryň näme üçin Isanyň yzyna eýermändigi düşündirilýär. Käbirleri il-günüň gepinden çekindiler, goňşy-golamlaryndan gorkdular (Ýah. 9:18—22). Köpler bolsa Isany çagalygyndan tanansoň, ony Mesih hökmünde kabul edip bilmediler (Mar. 6:1—4). Belki-de, Isanyň öz doganlary hem şu zatlar sebäpli onuň şägirdi bolan däldirler. Belki, siziňem dogan-garyndaşlaryňyza hoş habary kabul etmäge şeýle zatlar päsgel berýändir.
8. Dogan-garyndaşlarymyz näme sebäpden biz barada erbet zatlary aýtmaklary mümkin?
8 Olaryň özüni alyp barşynyň sebäbine düşünjek boluň. Dogan-garyndaşlary Isa: «Ol akylyndan azaşypdyr» diýdiler. Olaryň arasynda Isanyň doganlary hem bolan bolmaly (Mar. 3:21). Olar näme üçin şeýle diýdikä? Şol wakadan görşümiz ýaly, Isa adamlara wagyz edip, keselleri sagaltmak bilen başagaýdy welin, iýip-içmäge-de wagty ýokdy (Mar. 3:20). Olar: «Isa wagyz etjek diýip, iýip içmekdenem geçýär» diýip pikir eden bolmaly. Belki, dogan-garyndaşlarymyz bize-de: «Dini diýip ölüp ýatyr» diýýändir. Biz aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen dogry iş edýändigimizi görkezmeli.
9. Maşgala agzalarymyza Ýehowanyň Şaýatlary barada nädogry pikirini üýtgetmäge näme kömek edip biler? (1 Petrus 3:1, 2; surata serediň).
9 Size derek edim-gylymyňyz geplesin. Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen mähirli gepleşsek we ýagşy edim-gylymly bolsak, olar Ýehowanyň Şaýatlary baradaky nädogry pikirini üýtgederler (1 Petrus 3:1, 2-nji aýatlary okaň). Aýdaly, uýanyň äri Ýehowa gulluk etmeýär. Ol öýde wagty aýaly ýygnaklara gatnaşýar, wagza gidýär. Şonda äri özüni üns berilmeýän ýaly duýmagy mümkin. Äri özüni ýeke duýmaz ýaly, uýa gün tertibini üýtgedip biler. Meselem, ol äri işli ýa-da öýde däl wagty wagza gidip biler. Eger uýa wagza gitmek we ärine üns bermek meselesinde paýhasly bolsa, onda äri Ýehowanyň Şaýatlary barada nädogry pikir etmez.
Mähirli gepleşsek we ýagşy edim-gylymly bolsak, ýanýoldaşymyz Ýehowanyň Şaýatlary barada nädogry garaýşyny üýtgeder (9-njy abzasa serediň)f.
10. Adamlar bizi tankytlanda Isadan nädip görelde alyp bileris?
10 Her bir zady subut etjek bolmaň. Ildeşleri Isa: «Hajymelik, arakhor» diýdiler. Emma Isanyň gahary gelmedi ýa-da olaryň aýdýan zatlarynyň nädogrudygyny subut etjek bolmady. Gaýtam ol adamlara eşiden zatlaryna görä baha bermän, edýän işine seretmelidigini aýtdy (Mat. 11:19). Şeýle-de Isa hemme zadyň ýerini bilýändigini we şatlanyp ýaşaýandygyny görkezdi (Ýah. 2:2, 6—10-njy aýatlary deňeşdiriň). Adamlar biz barada-da erbet zatlary aýdyp bilerler. Şonda olaryň aýdýan zatlarynyň ýalandygyny subut etjek bolmaly däl. Gaýtam edim-gylymymyz bilen her zadyň öz ýeriniň bardygyny we içgysgynç ýaşamaýandygymyzy görkezip bileris. Şonda olar biz barada aýdylýan gep-gürrüňleriň ýalandygyna düşünerler.
SABYRLY BOLUŇ
11. Isa doganlary bilen özüni nähili alyp bardy?
11 Mukaddes Kitapda Isanyň doganlaryna sabyrly bolandygy aýdylýar. Isanyň Kana şäherinde görkezen ilkinji gudratyny doganlary gören bolmaly (Ýah. 2:11, 12). Olar gudrat görse-de, Isanyň Mesihdigine ynanmadylar. Yzyna eýerip, şägirdi bolmandygy üçin Isa doganlaryndan geçmedi. Şondan üç ýyla golaý wagt geçse-de, Isanyň doganlaryna bolan garaýşy üýtgemedi. Mukaddes Kitapda onuň doganlary bilen mähirli gepleşendigi aýdylýar (Ýah. 7:5—8).
12. Dogan-garyndaşlarymyzdan umydymyzy üzmezlige näme kömek eder?
12 Biz Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygy barada oýlansak, onda dogan-garyndaşlarymyz hakykata gelýänçä sabyrly bolarys we olardan hiç haçan umydymyzy üzmeris. Ýalan dinler ýok edilende, belki, dogan-garyndaşlarymyz biziň ýalan din barada aýdandygymyzy ýatlarlara (Ylh. 17:16). Olar uly betbagtçylyk başlandan soň, Ýehowa gulluk etmegi saýlamagy mümkin. Emma şu günlerem dogan-garyndaşlarymyzyň başyna her hili kynçylyklar gelip biler. Eger elimizde baryny edip kömek etsek, olar biziň söýgimizi görerler we Mukaddes Kitapdan bilim almak islärler.
SÖÝGIŇIZI GÖRKEZIŇ
13. Biz köp wagtymyzy Ýehowa gulluk etmäge bersek-de, nämäni ýatdan çykarmaly däl?
13 Biz köp wagtymyzy Ýehowa gulluk etmäge bersek-de, dogan-garyndaşlarymyzy ýatdan çykarmaly däl. Biz olary gowy görýändigimizi, gatnaşmak isleýändigimizi görkezmeli (Mat. 7:12). Biz muny nädip edip bileris? Geliň, käbir usulyna seredeliň.
14, 15. Dogan-garyndaşlarymyzy gowy görýändigimizi nädip görkezip bileris? Mysal getiriň.
14 Halyndan habar alyp duruň. Eger dogan-garyndaşlarymyz bilen hal-ahwal soraşyp dursak, olary gowy görýändigimizi görkezeris. Meselem, olara SMS ýazyp ýa-da dynç alyşda, dost-ýarlarymyz bilen düşen suratlarymyzy iberip bileris. Kiçiräk sowgat bersek ýa-da hat ýazsak, dogan-garyndaşlarymyz olary ýatlaýandygymyzy bilerler. Eger dogan-garyndaşlarymyzyň aladasyny etmek üçin elimizde baryny etsek, olar çyndanam gowy görýändigimize düşünerler.
15 Geliň, Ermenistanda ýaşaýan Anna hakda gürrüň edeliň. Onuň maşgalasy doglan günleri we baýramçylyklary bellemek üçin üýşýärdiler. Anna hakykata gelensoň, dogan-garyndaşlary: «Indi Anna bizi ýatdan çykarar, ol biziň bilen kän gatnaşmaz» diýip pikir edýärler. Şeýle-de olar Ýehowanyň Şaýady bolansoň, Annanyň durmuşy has-da kynlaşar öýdüp gorkýarlar. Anna şeýle gürrüň berýär: «Dogan-garyndaşlarymyňka gidenimde durmuşym, edýän işlerim barada gürrüň berýärin. Şeýle-de olary öýüme myhmançylyga çagyrýaryn we joralarym bilen tanyşdyrýaryn. Şeýdip, olaryň köpüsi meniň joralarym bilen tanyşdylar we olar bilen arkaýyn gürrüňdeş bolýarlar. Garyndaşlarymyň köpüsi meniň bagtlydygymy görüp, känbir alada etmeýändiklerini aýdýarlar».
16. Isa Ýakubyň aladasyny edýändigini nädip görkezdi? (Çykgyda serediň).
16 Aladasyny edýändigiňizi görkeziň. Isa direlenden soň, jigisi Ýakubyň ýanyna baryp, onuň bilen gepleşdi (1 Kor. 15:7). Ýakup Isanyň ony ýatdan çykarmandygyny görüp begenendir. Belki-de, şol gezek Ýakup Isanyň Mesihdigine hakykatdan ynanandyr. Şondan soň Ýakup dogan-garyndaşlaryna Isa bilen görşendigi hakda gürrüň berendir we olary Isanyň Mesihdigine ynandyrandyrb (Res. 1:14).
17. Biz Rimliler 12:15-däki maslahata nädip eýerip bileris? (Surata serediň).
17 Rimliler 12:15-i okaň. Hemme adamlarda bolşy ýaly, dogan-garyndaşlarymyzyň durmuşynda ajy-süýji günleri bolup bilerc. Eger biz olaryň mätäç wagty dadyna ýetişsek, olar Ýehowanyň Şaýatlary barada nädogry pikirini üýtgederler. Meselem, dogan-garyndaşlarymyzyň biriniň çagasy dünýä inse, olaryň şatlygyna goşulyp sowgat berip bileris. Eger ýakynlaryndan biri aradan çyksa, göwünlik berip, hat ýazyp ýa-da elimizden gelen kömegi edip bileris. Esasanam, kyn günlerinde jaň etmegi, SMS ýazmagy ýa-da habar alyp gaýtmagy ýatdan çykarmaň.
Dogan-garyndaşlarymyzyň şatlykly hem gaýgyly güni ýanynda bolsak, olaryň Ýehowanyň Şaýatlaryna bolan nädogry garaýşy üýtgär (17-nji abzasa serediň)g.
18. Andreasdan näme öwrenýäris?
18 Dogan-uýalar bilen tanyşdyryň. Andreas Isanyň Mesihdigini bilende, derrew dogany Petrusy onuň ýanyna getirdi (Ýah. 1:40—42). Bizem dogan-garyndaşlarymyzy käte ýygnaga ýa-da dost-joralarymyz bilen oturanymyzda myhmançylyga çagyryp bileris. Eger olary dogan-uýalar bilen tanyşdyrsak, Ýehowanyň Şaýatlarynyň hem özleri ýaly sada, akýürekli adamlardygyna göz ýetirerler.
19. Dogan-garyndaşlar bilen özümizi nähili alyp barmaly? (1 Petrus 3:15).
19 1 Petrus 3:15-i okaň. Dogan-garyndaşlarymyz biziň käbir zatlary näme üçin etmeýändigimize doly düşünmeseler-de, olar bilen mähirli gepleşýändigimize we hormat goýýandygymyza üns berýärler. Baýramçylyklara ýa-da däp-dessurlara gatnaşmasak-da, dogan-garyndaşlarymyz üçin wagt tapsak begenerler. Meselem, biz baýramçylyk günleri däl-de, başga wagt olaryňka myhmançylyga gidip ýa-da sowgat berip bileris.
UMYDYŇYZY ÜZMÄŇ
20. Ýakubyň göreldesi bizi nädip ruhlandyrýar?
20 Ýakup Isa bilen şäher-şäher, oba-oba aýlanyp wagyz etmek mümkinçiligini elden gidirdi (Gal. 1:18, 19; 2:9). Ýöne ol soň Isanyň şägirdi boldy. Ol Isanyň ýerde wagty şägirtlerine öwreden zatlaryndan köp sapak edinendir. Meselem, ol mesihçilere ýazan hatynda Isanyň Dagdaky wagzyndad öwreden zatlaryna meňzeş mysallary agzady.
21. Dogan-garyndaşlarymyzdan näme üçin umydymyzy üzmeli däl?
21 Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen näçe mähirli bolsak-da, aladasyny etsek-de, olaryň bize garşy çykmagy ýa-da Ýehowa barada bilmek islemezligi mümkin. Biz näme üçin olardan umydymyzy üzmeli däl? Biz olara her gezek ýagşylyk edip, rehimdar Hudaý Ýehowanyň we Ogly Isanyň göreldesine eýereris (Luka 6:33, 36). Wagtyň geçmegi bilen, dogan-garyndaşlarymyz ýagşy edim-gylymymyzy görüp, nädogry garaýşyny üýtgederler. Şeýle-de üns bermeýän ýaly bolsalar-da, Ýehowa hem-de wadalary hakda aýdan zatlarymyzy ýatda saklarlar. Geliň, dogan-garyndaşlardan umydymyzy üzmäliň we ýagşylyk etmegi goýmalyň. Şonda olaryň Ýehowa gulluk edýändigini görmek bagty bize-de ýetdirer.
60-NJY AÝDYM Halas edýän habar
a «Ýehowanyň uly betbagtçylykda çykarjak hökümi» diýen makalany okaň (w24.05 sah. 11, abz. 11—13).
b Isa direlensoň onuň iki jigisi, Ýakup bilen Ýahuda mesihçi boldy.
c «Ýehowanyň Şaýady bolmadyk garyndaşlaryň toýuna ýa ýasyna barsa bolýarmy?» diýen çarçuwa serediň.
d Ýakup 1:2 bilen Matta 5:11, 12-ni; Ýakup 1:19 bilen Matta 5:22-ni; Ýakup 1:22; 2:24 bilen Matta 7:21-i; Ýakup 2:13 bilen Matta 5:7; 6:14, 15-i deňeşdiriň.
e Köpräk bilmek üçin «Okyjylaryň sowallaryny» okaň (w02-U 15/5; w13 15/11).
f SURATYŇ BEÝANY: uýa wagza gitmezden öň ärine nahar taýýarlaýar.
g SURATYŇ BEÝANY: şol uýa iman etmeýän gaýynenesini wagtal-wagtal görmäge barýar.