54 ÝAHÝA RESUL
Dyz epmedik goja
ÝAHÝA resulyň ýaşy birçene ýetipdi. Ol eline syýa bilen galamyny alyp: «Häzir soňky sagatdyr» diýip ýazýar. Ýahýa ýygnakda imandan dänenleriň we ýalan mugallymlaryň köpeljekdigini bilýärdi. Sebäbi bu barada Halypasy Isa we Pawlus resul aýdypdy. Resullar ýygnagy imandan dänenleriň täsirinden goramak üçin aýgytly hereket edipdi, emma olaryň köpüsi aradan çykypdy (Mat. 7:15; Res. 20:29, 30; 2 Sel. 2:6, 7). Ýahýa ýygnakda imandan dänýänleriň gün-günden köpelýändigini görende örän gynanandyr. Ýöne ol gol gowşuryp oturmady. Garry goja bolsa-da, olara garşy göreşdi.
Ýahýa garran çagy Patmos adasyna sürgün edilýär, ýygnakda imandan dänýänleriň köpelýändigini görýär. Ol kynçylyklara nädip döz geldi?
Ýahýa resul 90 ýaşlaryndady. Ony Hudaý we Isa hakda wagyz edýändigi üçin Egeý deňzindäki kert gaýaly Patmos adasyna sürgün edýärler. Ýahýa ruhdan düşmezlige näme kömek etdi? Halypasy Isanyň: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýen sözleri onuň güýjüne güýç goşandyr (Mat. 28:20).
Isa pygamberiň şu sözleri aýdanyna 60 ýyldan gowrak wagt geçipdi. Ýahýa Patmos adasynda görnüş görýär. Görnüşde oňa Halypasy Isa Hudaýdan gelen ylhamy aýdýar. Ol Halypasyny görende we sesini eşidende örän begenendir. Ýahýa «Halypasynyň gününde» mesihçileriň Hudaýa arassa sežde etjekdigini we agzybir gulluk etjekdigini görýär. Şeýle-de ol Isa Mesihiň wepaly şägirtlerine Şeýtanyň hüjümlerine garşy durmaga kömek etjekdigini hem görýär.
Isa Mesih gelejekde boljak zatlary «Ýahýa alamatlaryň üsti bilen gürrüň berýär». Ýahýa bu zatlara doly akyl ýetirip bilmese-de, bir zada düşünýär: Ýehowa bilen Isa imandan dänenlere mesihçileri hak ýoldan sowmaga ýol bermez. Halypasynyň gününde Ýehowanyň halky arassa sežde eder we Hudaýdan bol bereket alar. Şeýtan gökdäki söweşde ýeňlip ýer ýüzüne zyňlar, soňra ebedilik ýok ediler. Görnüş Ýahýany ruhlandyrýar. Ol gören zatlaryny birin-birin ýazýar.
Bili bükülen garry goja sürgünde ýaşamak aňsat bolan däldir. Ýöne ol şatlygyny ýitirmeýär, ruhdan düşmeýär. Rim imperatory Domisian mesihçileri zalymlyk bilen yzarlaýardy. Ol aradan çykansoň, Ýahýa resul sürgünden azat bolýar. Ol Efesde ýaşan bolmaly. 100 ýaşlaryndaka Ýehowa oňa üýtgeşik ýumuş tabşyrýar.
Ýahýa resul Hudaýyň ylhamy bilen Isa baradaky dördünji Hoş habary ýazýar. Ol ýazan hatynyň tizden-tiz ýygnaklara barjagyny bilýärdi. Haty okan dogan-uýalaryň imanynyň berkejekdigine we olaryň hakykaty gorajakdygyna ynanýardy. Hatyň duşmanlary hem öjükdirjekdigine düşünýärdi. Ýöne Ýahýa olardan birjigem çekinmedi.
Isanyň aradan çykanyna 70 ýyla golaý wagt geçipdi. Emma Halypasynyň aýdan sözleri we eden işleri Ýahýanyň şu günki ýaly ýadyndady, sebäbi mukaddes ruh ýadyna salýardy. Ýahýanyň ýazan wakalarynyň 90 göterimi beýleki Hoş habarlarda duş gelmeýär. Meselem, Lazaryň ölümden direlişi we dini ýolbaşçylaryň onuň kastyna çykyşy hakda diňe Ýahýa ýazýar (Ýah. 11:1—46; 12:10). Ýa-da Isanyň ölmezinden öňki gije şägirtleri bilen eden gürrüňi, Hudaýa eden dogasy Ýahýanyň hoş habarynda has giňişleýin ýazylan. Biz Ýahýanyň imanyňy berkidýän wakalary ýazandygyna diýseň minnetdar!
Şol döwür Ýahýa resul ýygnaklara ýene üç hat ýazýar. Ol imandan dänenleri batyrgaýlyk bilen paş edýär. Mesihçilere olar bilen gatnaşmazlygy, hatda salam hem bermeli däldigini aýdýar. Ýahýa dogan-uýalara birek-biregi söýmegi we gelejege umytly garaşmagy ündeýär. Şeýle-de ol «Hudaý söýgüdir» diýýär, dogan-uýalaryň biri-birini ruhlandyrmalydygyny we maslahat berip düzetmelidigini aýdýar. Ol «hakykat ýolunda ýöreýän» dogan-uýalara guwanýandygyny ýazýar. Onuň hatlary mesihçilere soňuna çenli berk durmaga kömek edendir.
Şu günler ýygnaklarda Ýahýa resulyň döwründäki ýaly imandan dänenler bolmasa-da, olar bize howp salyp biler. Ýöne Ýehowa olaryň arassa seždäni hapalamagyna ýol bermez (Işa. 54:17; Res. 3:21). Biziňem Ýahýa ýaly kynçylyklara duş gelmegimiz, yzarlanmagymyz ýa tussag edilmegimiz mümkin. Geliň, goja Ýahýadan görelde alalyň, batyrgaý bolup, Hudaýyň ýolundan ýöräliň!
Aýatlary okaň
Sorag
Ýahýa batyrgaýlygyny nädip görkezdi?
Gözleg geçiriň
1. Ýahýanyň dogumly adam bolandygyny nireden bilýäris? (bt sah. 33, çarçuwa abz. 3, 4).
2. Dini ýolbaşçylar Ýahýany näme üçin «sada we bilimsiz» adam hasaplaýardylar? (Res. 4:13; w08 15/5 sah. 30, abz. 6).
3. Ýahýa haýsy manyda Isa gelýänçä «ýaşady»? (Ýah. 21:22; w05 15/1 sah. 13, abz. 14, 15).
4. Isa baradaky Hoş habary Ýahýanyň ýazandygyny näme subut edýär? (bsi08-1 sah. 12, abz. 3, 4). A
Fondation Martin Bodmer, Cologny (Genève)
Surat A: «Ýahýanyň Hoş habary», b. e. takmynan 200-nji ýyly
Göreldesine eýeriň
Ýahýa ýazan hatlarynda töleg gurbany we peýdasy hakda 100-den gowrak agzaýar. Biz Ýahýa ýaly nädip töleg gurbanyna minnetdar bolup bileris?
Ýahýa Hudaýyň ylhamy bilen Mukaddes Kitabyň bäş kitabyny ýazanda 100 ýaşlaryndady. Bu waka Ýehowanyň garry dogan-uýalaryň gadyryny bilýändigini nädip subut edýär? B
Surat B
Biz Ýahýa ýaly ýene nädip batyrgaý bolup bileris?
Oýlanmak üçin soraglar
Şu wakadan Ýehowa barada näme öwrendiňiz?
Ýehowa şu wakany Mukaddes Kitaba näme üçin ýazdyrdy?
Ýahýanyň Isa Mesih bilen gökde höküm sürmäge saýlanandygyna näme üçin begenýärsiňiz?
Köpräk bileýin diýseňiz
Garry dogan-uýalar Ýahýa resul ýaly batyrgaý bolup bilermi?
Ýahýa resul söýgi hakda köp ýazdy. Onuň hatlaryndan we göreldesinden köp zatlary öwrenýäris.
«Isanyň „gowy görýän şägirdinden“ görelde alyň» (w21.01 sah. 8—13).