SÖZSOŇY
«Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn»
1. Biz näme üçin Mukaddes Kitapdan batyrgaý adamlaryň wakasyny okamaly?
INE, kitabyň soňuna hem gelip ýetdik. Biz geçmişde ýaşan batyrgaý erkekdir aýallar bilen ýakyndan tanyşdyk. Olardan köp zatlary öwrendik. Ýöne Mukaddes Kitapda başga-da mert ärler, gaýratly gelin-gyzlar hakda ýazylan. Biz olar hakda-da öwrensek, Ýehowa batyrgaý gulluk etmegi ýüregimize düweris.
2. Şu kitapda ady agzalmadyk haýsy gahrymanlary bilýärsiňiz?
2 Şu kitapda ady agzalmadyk, ýöne Ýehowa mertlik bilen gulluk eden Mukaddes Kitabyň haýsy gahrymanyny tanaýarsyňyz? Belki, Işaýa, Ýermeýa, Hyzkyl, Ýunus ýa-da Melek ýaly pygamberler ýadyňyza düşer. Pawlus resul olar barada şeýle diýdi: «Käbirleriniň üstünden güldüler, käbirlerini bolsa gamçyladylar, hatda zynjyrlara bagladylar». Başgalary bolsa «kynçylyk, mätäçlik çekdiler», olara ýowuz daraşdylar, hatda öldürdiler (Ýew. 11:36, 37). Hawa, olar kynçylygyň öňünde dyz epmediler, soňky demine çenli Ýehowa wepaly boldular.
3, 4. Mukaddes Kitapda ady agzalmadyk iki zenan Dawut patyşanyň janyny nädip halas etdi?
3 Mukaddes Kitapda ady agzalmadyk mert adamlaryň wakalary ýazylan. Geliň, Dawut patyşanyň döwrüne dolanalyň. Onuň ogly Abselim kakasyny tagtdan agdarjak bolýar. Şol sebäpli Dawut Iýerusalimden gaçyp gaýtmaly bolýar. Ol dosty Sadyk ruhana şähere dolanyp, ogly Abselimiň etsem-petsemlerini habar berip durmagy tabşyrýar. Sadyk «hyzmatkär gyz» arkaly Dawudyň iki ýigidine habar ýollaýar. Mukaddes Kitapda ol gyzyň ady agzalmaýar. Ýöne «hyzmatkär gyz» janyny orta goýup, Dawudyň ýigitlerine Sadyk ruhanynyň habaryny ýetirýär. Bir ýigit olary görüp, Abselime şugullaýar. Dawudyň iki ýigidi bir adamyň öýüne baryp, guýusynda gizlenýär. Öý eýesiniň aýaly guýynyň agzyny ýapyp, üstüne däne sepýär. Abselimiň esgerlerine bolsa ýalňyş ýoly salgy berýär. Onuň hem ady Mukaddes Kitapda agzalmaýar. Şeýlelikde, mert zenanlar Ýehowanyň saýlan patyşasy Dawudyň janyny goraýar (2 Şam. 15:23—37; 17:8—22).
Hyzmatkär gyz we Dawudyň ýigitlerini gizlän aýal batyrgaý hereket etdi.
4 Mukaddes Kitapdaky batyrgaý adamlary sanasaň sanabermeli. Olaryň köpüsiniň ady agzalsa, köpüsiniňki agzalmandyr. Käbiri baý, atly-abraýly bolsa, käbiri garyp, ýönekeý adamlardy. Ýöne olar batyrgaýlyk bilen Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirdiler. Olaryň her biri biziň üçin görelde mekdebi.
Hudaýdan batyrgaýlyk diläň
5—7. Pawlus resula batyrgaý bolmaga näme kömek etdi?
5 Mukaddes Kitapdaky batyrgaý adamlaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Olar batyrgaý bolup dogulmady ýa-da synaglarda öz güýji bilen wepaly galmady. Olara näme kömek etdi?
6 Geliň, Pawlus resul hakda gürrüň edeliň. Ol Silas bilen Filipide wagty märeke olara garşy aýaga galýar. Olar Pawlus bilen Silasyň eşiklerini çykaryp, taýak bilen ýençýärler, aýagyny gandallap, türmäniň içki gözenegine salýarlar (Res. 16:12, 19—24). Azat bolansoň Pawlus wagyz etmäge gorkdumy? Belki, gorkandyr, sebäbi ol hem biziň ýaly adamdy. Ýöne Ýehowa Pawlusa wajyp iş tabşyrypdy. Ol Selanik şäherinde wagyz etmelidi. Oňa başyny dik tutup, Selanige tarap ýola düşmäge näme kömek etdi?
7 Pawlus hatynda şeýle ýazdy: «Bilşiňiz ýaly, biz başda Filipide görgi görüp, azap baryny çekdik. Emma ençeme garşylyklara garamazdan, Hudaýyň kömegi bilen size hoş habary batyrgaý wagyz etdik» (1 Sel. 2:2). Ol Ýehowanyň tabşyran işini birkemsiz ýerine ýetirmek üçin batyrgaý bolmalydygyny bilýärdi. Ýöne Pawlusa gorkusyny ýeňmäge näme kömek etdi? Pawlus özüne bil baglaman, Ýehowadan batyrgaýlyk sorap doga etdi. Ýehowa hem onuň dilegine jogap berdi.
8. Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?
8 Siz çekinjeň, ýaýdanjaň bolsaňyz-da, Pawlus resul ýaly mert bolup bilersiňiz. Munuň üçin Ýehowadan batyrgaýlyk diläp doga ediň (Res. 4:29).
9. Biz näme üçin Ýehowadan imanymyzy berkitmegini dilemeli?
9 Biz: «Imanymyzy berkit» diýip, Ýehowa doga etmeli, sebäbi iman Ýehowanyň mukaddes ruhunyň miwesi (Gal. 5:22, 23). Şeýle-de «iman galkany» mesihçileriň «söweş ýaraglarynyň» biri (Efes. 6:16). Mukaddes Kitapda «dünýäni iman bilen ýeňip» bolýandygy aýdylýar (1 Ýah. 5:4). Ýehowa iman edýän adam hiç zatdan gorkmaýar, sebäbi agyr günde Ýehowanyň dadyna ýetişjekdigine ynanýar. Şeýlelikde, her bir synaga mertlik bilen döz gelýär. Geliň, bizem Isanyň şägirtleriniň göreldesine eýerip: «Imanymyzy berkit» diýip diläliň (Luka 17:5).
«Mert boluň!»
10, 11. Pawlus ýewreý mesihçilere näme üçin batyrgaýlyk hakda ýazdy?
10 Pawlus resul ýewreýlere tüýs wagtynda hat ýazýar. Tizden Isa pygamberiň öňünden aýdyşy ýaly, Iýerusalim şäheri ýer bilen ýegsan bolmalydy (Luka 19:41—44; 21:20—24). Pawlus ýewreý mesihçilere batyrgaý bolmaga nädip kömek etdi? Ol Ýehowanyň: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýen wadasyny ýatlatdy. Eger olar Ýehowanyň wadasyna iman etseler, Pawlus resul ýaly: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?» diýerdiler (Ýew. 13:5, 6).
11 Mukaddes Kitapda b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalimiň nädip weýran edilendigi anyk aýdylmaýar. Ýöne biz bir zada ynamly bolup bileris: ýewreý mesihçileri Pawlusyň masahatyna gulak asyp janyny halas etdi. Şeýle-de Isa pygamberiň görkezmesine eýerip, dessine «daglara gaçdy» (Luka 21:20, 21).
12. a) Agyr synaglara mertlik bilen döz gelmäge näme kömek edýär? b) Synaglara mertlik bilen döz gelen dogan-uýalaryň wakasyny gürrüň beriň. Olaryň göreldesi sizi näme etmäge höweslendirýär? («Olaryň imanyndan görelde alyň» diýen çarçuwa serediň).
12 Başymyza nähili agyr gün düşse-de, biz mert durup bileris (Hyz. 38:1, 2, 10—12; Mat. 24:21). Ýehowa penasynda aman saklajakdygyny wada berýär (Hyz. 38:19—23; 2 Sel. 3:3). Ol wepaly bendelerini hiç haçan taşlamaz. Ýehowa Ýuşa aýdyşy ýaly bize-de: «Batyrgaý hem dogumly bol!» diýýär (Ýuşa 1:7, 9, 18). Isa pygamberem: «Mert boluň!» diýýär. Ol Ýehowanyň mukaddes ruhuny berjekdigini wada berýär. Mukaddes ruhuň kömegi bilen biz islendik synaga batyrgaýlyk bilen döz geleris (Ýah. 14:26; 15:26, 27; 16:33). Hiç kimden we hiç zatdan gorkman, başymyzy dik tutarys.
Ýehowa mukaddes ruhuny berjekdigini wada berýär. Mukaddes ruhuň kömegi bilen biz islendik synaga mertlik bilen döz geleris.
13. Synaglarda berk durmaga sizi näme höweslendirýär?
13 Tizden ýer ýüzünde asuda we parahat durmuş bolar. Hudaýa soňky demine çenli wepaly galan adamlar direler. Siz şu kitapda agzalan mert ýigitler, gaýratly gelin-gyzlar bilen görşersiňiz. Siz olar bilen eginme-egin işleşip, bütin ýer ýüzüni gülzarlyga öwrersiňiz. Olar Şeýtanyň dünýäsinde Ýehowa gulluk edendigi üçin görgi baryny gördüler. Siz olardan: «Gelen kararyňyza ökünýärsiňizmi?» diýip sorasaňyz näme jogap bererler? Olar ynam bilen: «Ýehowany saýlandygymyza birjigem ökünmeýäris» diýerler. Şu günler sizem Ýehowa üçin her dürli synaglara mertlik bilen döz gelýärsiňiz. Şeýle etmegiňizi dowam ediň. Soňuna çenli Ýehowa wepaly bolmagy ýüregiňize düwüň. Şonda Jennetde Ýehowa gulluk etmegi saýlandygyňyza asla ökünmersiňiz.