53 PAWLUS RESUL
«Mert boluň»
PAWLUS ady bilen tanalýan tarsusly Sawula gyzykly syýahat garaşýardy. Ol uzak-uzak ülkelere gidip, hoş habary wagyz etmelidi we şägirt taýýarlamalydy. Syýahat näçe gyzykly bolsa-da, Isa pygamber onuň «köp görgi görjekdigini» aýtdy. Şondan 20 ýyl geçensoň, Pawlus korinflilere ikinji hatyny ýazýar. Ol hatynda «ençeme gezek urlandygyny, birnäçe sapar ölümiň bäri ýanyndan gaýdandygyny... üç gezek gämi heläkçiligine uçrandygyny, bir gije-gündizi deňziň ortarasynda geçirendigini» aýdýar. Pawlus öňünde ýene bir gämi heläkçiliginiň bardygyndan habarsyzdy.
Pawlus resul Ýahudanyň Kaýsariýa şäherinde türmede otyrdy. Açgöz hem parahor hökümdar Pawlus azatlyga çykmak üçin para berer öýdýärdi. Garaşany çykmansoň, ol Pawlusy türmeden boşatmaýar. Iki ýyldan soň onuň ýerine başga hökümdar geçýär. Adalatyň dikelmejekdigine gözi ýeten Pawlus Sezara arz edýär. Şeýdip, ony Sezaryň ýanyna Rime ugradýarlar. Rime barmak aňsat däldi, gämili 3000 kilometre golaý ýol geçmelidi. Pawlusyň ýanynda dostlary «Luka lukman» bilen Aristarhus bardy (Kol. 4:14).
Gämi Kiçi Aziýanyň Mira duralgasyna gelende ýüzbaşy Ýuliý tussaglary Müsürden Italiýa bugdaý daşaýan gämä mündürýär. Olar ugranda güýçli ýel turup başlaýar, ýoly dowam etmek kyn bolýar. Luka iki gezek «ýele garşy ýüzmegiň kyn bolandygyny» ýazýar. Olar Gözel duralgalar diýen ýere gelende Pawlus gyşy şol ýerde geçirmeseler, ýoly dowam etmegiň kyn boljakdygy hakda oýlanýar.
Pawlus dymyp oturmagyň wagty däldigini bilýärdi. Ol dogumlanyp ýüzbaşy Ýuliýe: «Ýolumyzy dowam etsek zyýan çekeris» diýip maslahat berýär. Ýöne ol Pawlusy diňlemän, deňizçilere gulak asýar. Ýuliý soňra Pawlusy diňlemändigine ökünendir. «Ýel şeýle bir güýçlüdi welin, ýele garşy ýüzmek başartmansoň, ýeliň ugruna ýüzmeli bolýarlar». Ýel barha güýjeýärdi, tolkunlar möwç urýardy. Birnäçe günläp apy-tupan köşeşmedi, «gämi... eýläk-beýläk kowlup ýördi». Deňizçiler gämi gark bolmaz ýaly ýükleri suwa zyňyp başlaýarlar. Ençeme günläp hiç kimiň damagyndan bir döwüm çörek geçmeýär. Iki hepdä golaý wagt geçensoň, Luka: «Halas bolmak umydymyzy-da üzdük» diýip ýazýar.
Pawlus tussag bolsa-da, gämi heläkçiliginde adamlaryň janyny halas etdi
Adamlar ölümini boýun alyp otyrdy. Şonda Pawlus olary ruhlandyryp: «Mert boluň, ähliňiz halas bolarsyňyz, diňe gämi çym-pytrak bolar» diýýär. Deňizçiler gaýygy deňze düşürip gaçjak bolýar. Pawlus ýüzbaşa deňizçiler gaçsa, hiç kimiň halas bolmajakdygyny aýdýar. Şonda esgerler gaýygyň ýüpüni kesýär.
Daň atanda Pawlus ysgyn-mydardan gaçan adamlara bir agyz çörek iýmegi maslahat berýär. Ol: «Saçyňyzyň ýekeje tary-da gaçmaz» diýip adamlary ruhlandyrýar. Soňra hemmäniň öňünde Ýehowa doga edip minnetdarlyk aýdýar. Gämidäkiler Pawlusyň aýdyşy ýaly, «ruhlanyp, çörek iýip başlaýarlar», galan bugdaýlary deňze taşlaýarlar. Jahan ýagtylanda gäminiň burny batyp galýar, tolkunlaryň zarbyna gämi bölek-bölek bolup başlaýar. Ýöne Pawlusyň aýdyşy ýaly, «hemmeler halas bolup», sag-aman kenara çykýar.
Şeýlelikde, olar Malta adasyna gelýär. Pawlus bilen ýoldaşlary adanyň ilatyna hoş habary yhlasly wagyz edýär. Pawlus Ýehowanyň gudraty bilen ençeme syrkawlary sagaldýar. Maltanyň ilaty Pawlus bilen ýoldaşlaryna sylag-hormat edip, ýola salyp goýberýär.
Pawlus soňky demine çenli batyrgaý boldy. Ol ýaz aýlarynda Rime gelýär we iki ýyla golaý öý tussaglygynda saklanýar. Ol ýanyna gelýän adamlara wagyz edýärdi, dogan-uýalara ruhlandyryjy hatlary ýazýardy. Azatlyga çykansoňam wagyz etmegini goýmady. Şol sebäpli Pawlusy ýene-de Rimde tussag edýärler. Bu gezek wepaly we gaýduwsyz dogana ölüm jezasy berilýär. Emma ol ölümden gorkmaýardy. Ol «soňky duşman ölümi» Ýehowanyň ýok etjekdigini ýazdy (1 Kor. 15:26). Hudaýyň bellän wagtynda Pawlus sylag aljakdygyny, gökde Isa Mesihiň ýanynda patyşa we ruhany bolup ebedi höküm sürjekdigini bilýärdi.
Aýatlary okaň
Sorag
Pawlus batyrgaýlygyny nädip görkezdi?
Gözleg geçiriň
1. Pawlusa Sawul hem diýipdirler. Ýöne ol näme üçin Pawlus ady bilen tanalmak isläpdir? (bt bap 11, abz. 7, çykgyt).
2. Pawlus Tarsusa gelensoň, Antakyýa gidýänçä dokuz ýyl geçýär. Şol döwre «ümsümlik ýyllary» hem diýilýär. Şol döwür ol nähili kynçylyklara uçran bolmaly? (w00 15/7 sah. 26, 27, çarçuwa abz. 3, 4).
3. Pawlusyň ýüzbaşy Ýuliýe ýoly dowam etmezlik hakda beren maslahaty näme üçin paýhaslydy? (Res. 27:9, 10; wp17.5 sah. 9, abz. 3, 4). A
Surat A: I asyrdaky söwda gämisi; Pawlus Mira duralgasynda şular ýaly gämä münen bolmaly.
4. Maltanyň ilaty näme üçin Pawlusa «ganhordyr» öýtdi? (Res. 28:4; w15 1/10 sah. 9, abz. 5, 6).
Göreldesine eýeriň
Pawlus gämidäkilere Hudaýyň olary halas etjekdigini, «saçynyň ýekeje tarynyň-da gaçmajakdygyny» aýtdy (Res. 27:22, 34). Mundan Ýehowa barada näme bilýäris? Şu waka ähli adamlara yhlasly wagyz etmäge nädip kömek edýär?
Pawlus doga edende adamlar «ruhlandy» (Res. 27:35, 36). Biz haýsy ýagdaýlarda doga edip başgalary ruhlandyryp bileris? B
Surat B
Biz Pawlus ýaly ýene nädip batyrgaý bolup bileris?
Oýlanmak üçin soraglar
Şu wakadan Ýehowa barada näme öwrendiňiz?
Ýehowa şu wakany Mukaddes Kitaba näme üçin ýazdyrdy?
Pawlusyň Isa Mesih bilen gökde höküm sürmäge saýlanandygyna näme üçin begenýärsiňiz?
Köpräk bileýin diýseňiz
I asyrda mesihçileriň hoş habary wagyz etmek üçin başga ýurtlara gämili gidendigini biliň.
«Deňizde... howply ýagdaýlara uçradym» (w99 15/3 sah. 29—31).
Ýaşuly doganlar Pawlusyň çydamlylygyndan we janaýamazlygyndan nädip görelde alyp biler?
«Sabyrly bolup Hudaýyň bereketlerini alan adamlaryň göreldesine eýeriň. Pawlus» (3:22).