Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w26 Iýun sah. 31
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Meňzeş maglumat
  • «Bu zatlaryň başga manysynyň» biziň üçin uly ähmiýeti bar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Hudaýyň Patyşalygyna imanyňyzy berkidiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Siz patyşalar we ruhanylar bolarsyňyz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
w26 Iýun sah. 31

Okyjylaryň sowallary

Pawlus Galatýalylar 4:24-de haýsy iki äht barada aýdýar?

Pawlus resul Ybraýymyň aýallary Sara hem-de Hajar barada gürrüň berenden soňra şeýle sözleri aýdýar: «Munuň başga-da manysy bar: iki aýal iki ähti aňladýar» (Gal. 4:22—24). Öň edebiýatlarymyzda iki ähtiň biri Kanun ähtini, beýlekisi bolsa täze ähti aňladýar diýip düşündirilipdi. Ýöne şu aýatlara gözleg geçirenimizden soň, başga manysynyň bardygyna düşündik. Pawlus täze äht barada däl-de, Ybraýym bilen baglaşylan äht barada gürrüň beren bolmaly. Geliň, munuň käbir sebäplerine seredeliňa.

Pawlus Hajary Sinaý dagyna deňeýär (Gal. 4:25). Hajar b. e. öň 1513-nji ýylda Sinaý dagynda baglaşylan Kanun ähtini aňladýar (2 Mus. 19:5, 6). Ýehudylaryň ählisi günäli bolansoň, Musanyň kanunyna gyşarnyksyz eýerip bilmeýärdi. Şol sebäpli Kanun olara günäniň guludygyny ýatladýardy. Şeýle-de Kanun ähti ysraýyl halkyna Mesihi tanamaga kömek etmelidi. Sebäbi diňe Mesih Kanuny doly berjaý edip bilýärdi. Mesih kämil janyny gurban berensoň, adamlar günäden hem ölümden azat bolup bilýärdi (Gal. 3:19, 24, 25). Mesih arkaly Hudaýyň niýeti ýerine ýetensoň, Musanyň kanunyna eýerip ýaşamak gerek däldi (Rim. 10:4).

Pawlus Sarany Hajardan tapawutlandyrýar. Ol Sara «Hudaýyň wadasyna görä» ogul dünýä inderen «azat aýal» diýýär (Gal. 4:23). Şol wada Ybraýym bilen baglaşylan äht (Gal. 3:29; 4:28, 30). 1 Musa 22:18-de Ýehowa äht barada şeýle diýýär: «Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň (Ybraýymyň) nesliň arkaly bereket alar, sebäbi sen maňa gulak asdyň».

Ybraýym bilen baglaşylan ähtden Ýehowanyň Erem bagynda beren wadasy hakda-da käbir zatlary bilip bolýar (1 Mus. 3:15). Biz ähtden wada edilen «nesliň» Ybraýymyň neslinden geljekdigini bilýäris. Pawlus şol «nesliň» Isa Mesihi aňladýandygyny aýtdy. Emma «Mesihe degişliler», ýagny Isa bilen gökde höküm sürjek 144 000 saýlananlar hem şol nesle degişli (Gal. 3:16, 29; Ylh. 14:1—3). Hudaýyň Ybraýyma beren wadasyna görä, Isanyň Mesihdigine iman edip oňa gulak asýanlar köp bereketleri alarlar.

Biz Pawlusyň sözlerinden näme öwrenýäris? Ol Musanyň kanunyna gulak asýan ýehudylaryň Hajar ýaly guldugyny aýtdy. Eger olar Ybraýymyň «nesli» Isa Mesihe gulak assalar, Sara ýaly azat bolup bilýärler. Mesih olary günäniň we ölümiň gulçulygyndan halas edip bilýär (Ýah. 8:32—34). Emma Isa iman etmeýän ýehudylar Kanun ähtiniň başda näme üçin berlendigine düşünmeýärdiler. Kanun ähti olary Mesihiň töleg gurbanyna iman etmäge taýýarlamak üçin berlipdi.

Galatýadaky mesihçileriň köpüsi ýehudy däldi we Musanyň kanunyna eýerip ýaşamaýardylar. Käbir ýehudylar başga milletli mesihçileri Musanyň kanunyna eýertjek bolýardylar, olardan sünnetlenmegi talap edýärdiler. Pawlus olara şeýle etmegiň nädogrudygyny, Musanyň kanunyna eýermegiň gerek däldigini düşündirdi. Indi olar azat, sebäbi Mesihe iman edýärler (Gal. 5:1, 10—14).

a  Öňki düşündiriliş «Garawul diňi» žurnalynda çykypdy (w06-U 15/3 sah. 10—12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş