SAPAK 10
Sesiňizi üýtgedip gepläň
Nakyllar 8:4, 7
MAKSADY: Pikiri düşnükli aýtmak we diňleýjiniň ýüregine täsir etmek üçin sesiň gatylygyny, tizligini hem-de äheňini üýtgedip gepläň.
NÄDIP ETMELI?
Sesiň gatylygyny üýtgediň. Esasy pikiri nygtamak we diňleýjileri höweslendirmek üçin gatyrak gepläň. Mukaddes Kitapdan höküm habaryny okanyňyzda-da şeýle ediň. Emma gorky we gaýgy-alada ýaly duýgulary bermek üçin ýuwaşrak gepläň. Diňleýjini indiki aýdyljak zatlara gyzyklandyrmak üçin hem şeýle ediň.
Sesiň äheňini üýtgediň. Eger sizde ýerlikli bolsa, şatlykly duýgulary bereniňizde, bir zadyň ölçegini ýa-da aralygyny düşündireniňizde gatyrak gepläň. Gynanç ýa-da gaýgy-hasrat ýaly duýgulary bereniňizde ýumşak gepläň.
Sesiň tizligini üýtgediň. Şatlykly duýgyny bereniňizde biraz tiz gepläň. Wajyp pikirleri aýdanyňyzda bolsa haýalrak gepläň.