SAPAK 15
Ynamly gepläň
1 Selanikliler 1:5
MAKSADY: Gepleýşiňizden aýdýan sözleriňiziň hakykatdygyna we wajypdygyna ynanýandygyňyz görünmeli.
NÄDIP ETMELI?
Gowy taýýarlanyň. Esasy pikirlere düşüner ýaly berlen temany gowy öwreniň. Şol pikirleriň dogrudygyny Mukaddes Kitabyň nädip subut edýändigine düşüniň. Esasy pikirleri birki agyz söz bilen aýdyň. Aýtjak zatlaryňyzyň diňleýjilere peýdasy hakda oýlanyň. Hudaýdan mukaddes ruhuny diläň.
Sözleriňizi saýlaň. Makaladaky sözleri sözme-söz gaýtalaman, öz sözüňiz bilen aýdyň. Saýlan sözleriňiz we jümleleriňiz aýdýan zatlaryňyza ynamlydygyňyzy görkezsin.
Ynamly we ýürekden gepläň. Sesiňiz gowy eşidiler ýaly gatyrak gepläň. Eger ýerlikli bolsa, diňleýjileriň ýüzüne seredip gürläň.