18-nji aprel, şenbe
Eger biri günä etse... kömekçimiz... bardyr (1 Ýah. 2:1).
Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy. Biz her gün ençeme kararlara gelýäris. Ömrüňi Ýehowa bagyş edip halkynyň arasyna goşulmak iň wajyp kararlaryň biri. Ýehowa şu ädimi ätmegimizi isleýär. Ol bizi söýýär, ýagşylyk isleýär. Onuň dostlary ebedi ýaşar (5 Mus. 30:19, 20; Gal. 6:7, 8). Ýehowa biziň höwes bilen gulluk etmegimizi isleýär. Ol hiç bir adamy mejburlamaýar. Eger suwa çümdürilen mesihçi Hudaýyň kanunyny bozup, günä etse näme? Ol toba etmese ýygnakdan çykarylýar (1 Kor. 5:13). Ýöne Ýehowa onuň toba edip ýene-de ýygnaga dolanmagyny isleýär. Aslynda, Hudaý töleg gurbanyny adamlaryň günäsini ýuwmak üçin berdi. Ol günäkärleri hem gowy görýär. Şonuň üçin olary toba çagyrýar (Zek. 1:3; Rim. 2:4; Ýak. 4:8). w24.08 sah. 14, abz. 1, 2
19-njy aprel, ýekşenbe
Ýüregiňde akyldarlyk kök ursa, meniň kalbym şatlanar (Nak. 23:15).
Ýahýa üçünji hatyny ýazanda käbir adamlar ýygnakda ýalan taglymatlary öwredýärdi we bölünişik döredýärdi. Ýöne ýygnakda «hakykat ýolunda ýöreýänler» hem bardy. Olar Ýehowa gulak asyp, tabşyryklaryny berjaý edip ýaşaýardylar (2 Ýah. 4, 6). Şol mesihçiler Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asyp diňe Ýahýany däl, Ýehowany hem begendirýärdi (Nak. 27:11). Biz näme öwrenýäris? Hudaýa wepaly adam şatlanyp ýaşaýar (1 Ýah. 5:3). Biz Ýehowany razy edýändigimize begenýäris. Ol biziň şu dünýä gyzman hakykaty kabul edendigimize guwanýar. Muňa perişdeler hem şatlanýar (Luka 15:10). Biz dogan-uýalaryň Hudaýa wepaly bolýandygyny görüp diýseň begenýäris. Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende Jennetde ebedi ýaşarys (2 Sel. 1:4). Şonda zalym dünýäniň soňunda Ýehowa wepaly bolandygymyza örän begeneris. w24.11 sah. 12, abz. 17, 18
20-nji aprel, duşenbe
Goý, her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin (1 Kor. 10:24).
Doganlar, siz göwnüňize ýaraýan gyzy haçana çenli synlamaly? Eger siz derrew söz aýtsaňyz, onda howlukmaç karara gelersiňiz (Nak. 29:20). Emma uzaga çekseňiz, esasanam, gyz synlaýanyňyzy aňýan bolsa, belli bir karara gelip bilmeýän adam ýaly görnersiňiz (Nes. 11:4). Unutmaň, gyzy näçe synlasaňyz-da, onuň gowy ýanýoldaş boljagyny 100 göterim anyklap bilmersiňiz. Munuň üçin tanyşlyk açmaly. Esasy zat, siz maşgalanyň ýüküni çekmäge taýyn bolmaly we gyza göwnüňiz ýetmeli. Uýalar, biriniň sizi halaýandygyny duýsaňyz näme etmeli? Göwnüňiz ýok bolsa, onda näz edip ýörmäň, onuň duýgusyny oýnamaň, ýogsam ýüregine ýara salarsyňyz (Efes. 4:25). w24.05 sah. 23, abz. 9, 10