17-nji aprel, anna
Sizi hiç kim aldaýmasyn (2 Sel. 2:3).
Pawlus resulyň Selaniklilere ýazan hatyndan näme öwrenýäris? Belki, biz Mukaddes Kitaba garşy gelýän gep-gürrüňleri ýa-da akylyňy haýran edýän habarlary eşitmegimiz mümkin. Şol habara dessine ynanmagyň deregine, onuň dogrumy ýa-da nädogrudygyny anyklamaly. Şeýle ýagdaý Sowet Soýuzy döwründe bolupdy. Doganlara bir hat gelýär. Ol hat edil Baş edaradan gelen ýalydy, aslynda, ony duşmanlar iberipdi. Şol hatda Sowet Soýuzyndaky doganlara Baş edaradan aýrylyp, özbaşdak gurama bolmak maslahat berilýärdi. Emma wepaly doganlar hatda ýazylan zatlaryň iman edýän taglymatlaryna gabat gelmeýändigine göz ýetirdiler. Şonuň üçin doganlar duzaga düşmedi. Şu günler hakykatyň duşmanlary döwrebap tehnologiýa arkaly her hili gep-gürrüňleri we ýalan maglumaty ýaýradýar, Hudaýyň halkynyň arasynda agzalalyk döretmek üçin elinde baryny edýär. Eger biz şol maglumatyň Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýändigine göz ýetirsek, ýalana özümizi aldatmarys we «aljyraňňylyga düşmeris» (2 Sel. 2:2; 1 Ýah. 4:1). w24.07 sah. 12, abz. 14, 15
18-nji aprel, şenbe
Eger biri günä etse... kömekçimiz... bardyr (1 Ýah. 2:1).
Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy. Biz her gün ençeme kararlara gelýäris. Ömrüňi Ýehowa bagyş edip halkynyň arasyna goşulmak iň wajyp kararlaryň biri. Ýehowa şu ädimi ätmegimizi isleýär. Ol bizi söýýär, ýagşylyk isleýär. Onuň dostlary ebedi ýaşar (5 Mus. 30:19, 20; Gal. 6:7, 8). Ýehowa biziň höwes bilen gulluk etmegimizi isleýär. Ol hiç bir adamy mejburlamaýar. Eger suwa çümdürilen mesihçi Hudaýyň kanunyny bozup, günä etse näme? Ol toba etmese ýygnakdan çykarylýar (1 Kor. 5:13). Ýöne Ýehowa onuň toba edip ýene-de ýygnaga dolanmagyny isleýär. Aslynda, Hudaý töleg gurbanyny adamlaryň günäsini ýuwmak üçin berdi. Ol günäkärleri hem gowy görýär. Şonuň üçin olary toba çagyrýar (Zek. 1:3; Rim. 2:4; Ýak. 4:8). w24.08 sah. 14, abz. 1, 2
19-njy aprel, ýekşenbe
Ýüregiňde akyldarlyk kök ursa, meniň kalbym şatlanar (Nak. 23:15).
Ýahýa üçünji hatyny ýazanda käbir adamlar ýygnakda ýalan taglymatlary öwredýärdi we bölünişik döredýärdi. Ýöne ýygnakda «hakykat ýolunda ýöreýänler» hem bardy. Olar Ýehowa gulak asyp, tabşyryklaryny berjaý edip ýaşaýardylar (2 Ýah. 4, 6). Şol mesihçiler Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asyp diňe Ýahýany däl, Ýehowany hem begendirýärdi (Nak. 27:11). Biz näme öwrenýäris? Hudaýa wepaly adam şatlanyp ýaşaýar (1 Ýah. 5:3). Biz Ýehowany razy edýändigimize begenýäris. Ol biziň şu dünýä gyzman hakykaty kabul edendigimize guwanýar. Muňa perişdeler hem şatlanýar (Luka 15:10). Biz dogan-uýalaryň Hudaýa wepaly bolýandygyny görüp diýseň begenýäris. Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende Jennetde ebedi ýaşarys (2 Sel. 1:4). Şonda zalym dünýäniň soňunda Ýehowa wepaly bolandygymyza örän begeneris. w24.11 sah. 12, abz. 17, 18