Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mrt mak. 135
  • Bütin ýer ýüzünde parahatlyk bolar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bütin ýer ýüzünde parahatlyk bolar
  • Dürli temalar
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isa gelejekde näme eder?
  • Isa pygamber näme diýdi?
  • Parahatlyk. Ony nädip ösdürip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Adamzat näme üçin parahatlygy dikeldip bilmeýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
Dürli temalar
mrt mak. 135
cnt_01: Isa pygamber erkekdir aýallardan we çagalardan ybarat uly märekä öwredip otyr.

ISA PYGAMBERDEN ÖWRENIŇ

Bütin ýer ýüzünde parahatlyk bolar

Ähli adamlar asuda-parahat durmuşda ýaşasy gelýär. Müňlerçe ýyl bäri, syýasy ýolbaşçylar dawa-jenjelleri ýatyryp, parahatlygy dikeltmek üçin elinde baryny edýär. Käte olara az wagtlyk parahatlygy dikeltmek başardýar. Ýöne gynansak-da, wagtyň geçmegi bilen, adamlaryň arasynda ýene dawa-jenjel bolýar. Haçan hem bolsa bütin ýer ýüzünde parahatlyk bolarmy? Elbetde, bolar! Isa pygamberiň gelejekde etjek işleri we öwreden zatlary hakda bilsek, parahatlygyň boljagyna ynanarys.

Isa gelejekde näme eder?

Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň tizden parahatlygy dikeltmek üçin näme etjekdigi aýdylýar.

  • «(Isa)... Parahatlyk şazadasy diýler. Onuň hökümdarlygynyň çägi bolmaz, hemişe parahatçylyk bolar» (Işaýa 9:6, 7). Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa bütin ýer ýüzünde parahatlygy hemişelik dikelder.

  • «Ol perýat edýän garyby, hossarsyz mätäji halas eder» (Zebur 72:12—14). Isa ygtyýaryny adalaty dikeltmek üçin ulanar. Ol uruşlaryň, zorluk-sütemiň soňuna çykar. Şonda hiç bir adam ejir çekmez.

  • «Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, indi söweşmegi öwrenmezler» (Işaýa 2:4). Isa pygamber höküm sürende adamlar uruşmagy däl-de, oňşup ýaşamagy öwrenerler.

«Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüp, Isa pygamberiň gelejekde bütin ýeriň ýüzünde parahatlygy nädip dikeltjekdigini we şol ajaýyp durmuşda ýaşamak üçin näme etmelidigini biliň.

Isa pygamber näme diýdi?

Isa pygamberiň öwreden zatlary häzirem millionlarça adamlary agzybir edýär. Ol Dagdaky wagzynda gündeki durmuşda birek-birek bilen oňşup ýaşamaga kömek edýän peýdaly maslahatlary berdi. Geliň, şol maslahatlaryň käbirine seredeliň.

  • «Parahatlyk döredýän adamlar bagtlydyr» (Matta 5:9). Isa pygamber şägirtlerine diňe bir dawa-jenjelden gaça durmagy öwretmedi. Olary parahatlygyň ýok ýerinde, parahatlygy dikeltmäge höweslendirdi.

  • «Ilki doganyň bilen ýaraş. Soňra gurbanlygyňy ber» (Matta 5:23, 24). Isa düşünişmezligi derrew çözmegi maslahat berdi. Ol Hudaý bilen dostlaşmak isleýän adamyň başgalar bilenem agzybir bolmalydygyny aýtdy.

  • «Adamlary ýazgarmaň, şonda sizi-de ýazgarmazlar» (Matta 7:1). Isa pygamber «adamlary ýazgarmaň» diýdi. Biz özümiziň etmeýän zadymyzy başgalardan talap etmeli däl. Adamlary ýazgarsak, aramyzda agzalalyk bolar. Isa başgalardan kemçilik gözlemegiň deregine, biri-birimiziň ýalňyşyny bagyşlamagy öwretdi (Luka 6:37).

Ýeriň dört künjeginde Isa pygamberiň maslahatlaryna gulak asýan adamlar bar. Olar zorluk-sütemiň we dawa-jenjeliň möwç urýan ýerinde ýaşasalar-da, düşünişmezligi parahatlykda çözmegi, birek-biregi bagyşlamagy, özüni gödek alyp barýan adamlara-da, söýgüsini bildirmegi öwrenýärler.

Isa pygamberiň maslahatlary käbir adamlara ýüreginde rahatlyk tapmaga kömek etdi. Köpräk bilmek üçin «Uruş bolsa-da, parahat ýaşap bilersiňiz» atly makalany okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş