17—23 AWGUST, 2026
90-NJY AÝDYM Birek-biregi ruhlandyralyň
Dostlugy bozmaň, göreç deý goraň!
«Mähirli, duýgudaş, mylakatly, pesgöwünli, ýumşak we sabyrly boluň» (Kol. 3:12).
ESASY PIKIR
Dogan-uýalar bilen dostlugymyza zyýan ýetirýän ýagdaýlardan baş alyp çykmagy öwreneliň.
1. Hakyky dostlary nireden tapmaly?
«HAKYKY DOST» diýen aýdymyň sözleri ýadyňyza düşýärmi? «Ýalňyzlyk kyn şu döwrüň soňunda biziň ählimize, her birimize gerek dost, Hudaý düşünýär bize». Ýehowa bize hak dost bolup biljek dogan-uýalary berdi (Zeb. 119:63). Biz Ýehowa sežde edýän we birek-biregi söýýän maşgalanyň agzasy.
2. Dogan-uýalar bilen ýöne bir tanyş bolmak näme üçin ýeterlik däl?
2 Biz dogan-uýalar bilen ýöne bir tanyş-biliş ýaly däl-de, jana-jan hem wepaly dost bolmak isleýäris. Ählimiz Ýehowany we Isany söýýäris. Şol söýgi bizi agzybir edýär (Ýah. 13:35). Emma ýakyn dostluk öz-özünden döremeýär, munuň üçin köp tagalla etmeli bolýar. Biziň ählimiz günäli, şonuň üçin käte dostlugymyza zyýan ýetirjek kynçylyklar döräp bilýär.
3. Dogan-uýalar bilen jana-jan dost bolmak näme üçin kyn bolup biler?
3 Käbir adamlar bilen halaýan zatlarymyz, pikirlerimiz deň gelýändigi üçin derrew dil tapyşýarys. Käbir dogan-uýalar bilen bolsa dostlaşmak kyn bolýar. Sebäbi käbir zatlarda olar bilen ylalaşyp bilmeýäris. Pikirlerimiz, edýän işlerimiz şeýle bir tapawutlanýar welin, olar bilen wagt geçirmegem bize içgysgynç bolýar. Käte bolsa dogan ýa uýa ýaramaýandygy, göwnüçökgünlige düşendigi üçin dostlaşmak kyn bolýar. Geliň, ilki bilen, Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň dogan-uýalar bilen ýakyn dost bolmaga nädip kömek edýändigi hakda gürrüň edeliň. Soňra kyn ýagdaýlarda-da dogan-uýalar bilen jana-jan dost bolar ýaly Isadan nädip görelde alyp biljekdigimizi bileris.
DOSTLUGY BERKIDÝÄN HÄSIÝETLER
4. Dogan-uýalara wepaly dost bolar ýaly näme etmeli?
4 Dogan-uýalara wepaly dost bolmak üçin gowy häsiýetlerini görmeli. Olaryň gowy häsiýetlerini görmek üçin bolsa ýakyndan gatnaşmaly. Pawlus resulyň dogan-uýalar bilen görüşesi gelýärdi. Şol sebäpli selaniklilere ýazan hatynda: «Ýanyňyza barmak üçin jan edipdik» diýdi (1 Sel. 2:17). Köp dogan-uýalar birek-birek bilen gürrüňdeş bolmagyň, gatnaşmagyň dostlugy berkidýändigine göz ýetirdiler. Biz dogan-uýalar bilen wagza çykanymyzda, ýygnaklarda we kongreslerde gowy gürrüňdeş bolup bilýäris. Emma dogan-uýalardan biri bilen aramyzda düşünişmezlik dörän bolsa, onda ýöne bir gürrüňdeş bolanymyz bilen kynçylyk çözülmez.
5. Dogan-uýalar bilen dostlugymyzy nädip gorap bileris? Mysal getiriň (Koloslylar 3:12).
5 Hudaýa ýaraýan häsiýetler dogan-uýalar bilen dostlugymyza zyýan ýetirýän zatlardan goraýar (Koloslylar 3:12-ni okaň). Eger biz pesgöwünli, sabyrly, mähirli we duýgudaş bolsak, kynçylyk bolaýanda-da, dostlugymyza zyýan ýetmez. Ulagyň gowy ýöremegi üçin gowy ýagyň gerek bolşy ýaly, dogan-uýalara wepaly dost bolmak üçin Hudaýa ýaraýan häsiýetler gerek. Geliň, dogan-uýalar bilen ýakyn dost bolmaga päsgel berýän üç zat hakda gürrüň edeliň. Her kynçylyk hakda gürrüň edenimizden soňra, Isa ýaly nädip pesgöwünli, sabyrly, mähirli we duýgudaş bolup biljekdigimize serederis.
YLALAŞMADYK ÝAGDAÝYŇYZDA
6. Jana-jan dostlaryň arasyny näme bozup biler?
6 Näme üçin kyn? Adatça, adamlar öz pikirini dogry hasaplaýandygy üçin başgalar bilen ylalaşmaýar. Aýdaly, iki dogan ýygnagyna degişli ýerde wagyz işini gurnajak bolanlarynda bir-biri bilen ylalaşmaýarlar. Sebäbi olaryň hersi öz teklip eden usulyny has gowy hasaplaýar. Şeýle ýagdaýda ýönekeýje mesele ula ýazyp, doganlaryň arasyna tow düşüp biler. Olar dostluk hakda däl-de, özüniňkiniň dogrudygyny subut etmek hakda has köp pikir edip başlarlar. Eger olar açyk gepleşip ylalaşmasalar, soňabaka bir-birine gaharlanyp başlarlar. Olar bir-birini göresi gelmän, ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşarlar. Şeýdip, ownuk-uşak zadyň üstünde jana-jan dostlaryň arasy bozular.
7. Isa şägirtlerine bir-biri bilen ylalaşmak üçin pesgöwünli bolmagyň wajypdygyny nädip öwretdi?
7 Isa ýaly pesgöwünli boluň. Isa şägirtlerine bir-biri bilen ylalaşmak üçin pesgöwünli bolmalydygyny öwretdi. Şägirtler birnäçe gezek kimiň uludygy hakda jedelleşdiler. Sebäbi şol mesele olary örän biynjalyk edýärdi. Ýöne Isa şägirtleriniň garaýşyny düzetmek üçin olara başgalary özünden ýokary saýmagy öwretdi (Mat. 20:25—28). Isa ölmezinden bir gün öň hyzmatkärleriň etmeli işini edip, şägirtleriniň aýagyny ýuwdy (Ýah. 13:3—5, 12—16). Şeýdip, ol şägirtlerine nädip pesgöwünli bolmalydygyny görkezdi. Dogrudanam, şägirtlere bir-biri bilen ýakyn dost bolmak üçin pesgöwünlik gerekdi. Eger olar başgalary özünden ýokary saýsalar, pikirleri deň gelmese-de, ylalaşyp bilerdiler. Şeýle-de olar pesgöwünli bolsalar, bir-biri bilen ylalaşmasalaram, dostlugyna zyýan ýetirmezdiler.
8. Pesgöwünli bolmak dogan-uýalar bilen ylalaşmasaňyzam ýakyn dost bolmaga nädip kömek edýär? (Koloslylar 3:13; surata serediň).
8 Dostlugy goramaga näme kömek eder? Eger pesgöwünli bolsaňyz, ownuk-uşak zatlara aşa üns bermersiňiz (Koloslylar 3:13-i okaň). Şeýle-de dogan ýa uýa bilen ylalaşmasaňyz, gaharlanyp dostlugyňyzy ýumurmarsyňyz (Zeb. 4:4). Eger göwnedegişlik bolan bolsa ruhdan düşmäň, gepi-sözünde ýalňyşmaýan adam ýok (Nes. 7:21, 22). Şu sorag hakda oýlanyň: meniň üçin özümiňkini dogry etmek wajypmy ýa-da dostluk? Adamy bolşy ýaly kabul ediň. Ylalaşmadyk ýagdaýyňyz hakda pikir edip, gaýta-gaýta ýatlap ýörmäň. Şonda kalbyňyz rahat bolar.
Pesgöwünli bolsak, kiçiräk ýalňyşlara üns bermän geçirip goýbereris (8-nji abzasa serediň)a.
9. Pesgöwünlik häsiýeti ylalaşyp bolmaýan meseleleri çözmäge nädip kömek edýär? (Nakyllar 17:9).
9 Pesgöwünlik häsiýeti ylalaşmaýan ýagdaýyňyzda meseläni aňsat çözmäge kömek edýär. Dogry aýdýandygyňyzy subut etjek bolup çekeleşmäň, gaýtam dogan-uýalar bilen araňyzy bozmajak boluň (Nakyllar 17:9-y okaň; 1 Kor. 6:7). Köp dogan-uýalar imandaşy bilen sypaýy gepleşip, ylalaşmaýan meselesini çözüp bildiler (Zeb. 34:14). Sizem dogana ýa-da uýa ylalaşmaýan meseläňiz hakda açyk gepleşmek isleýändigiňizi aýdyp bilersiňiz. Öz günäňiziňem bardygyny boýun alyň we göwnüne degendigiňiz üçin ötünç soraň. Eger dogan ýa uýa ötünç sorasa, pesgöwünli bolup bagyşlaň (Luka 17:3, 4). Dogan-uýalar, maksadyňyz kimiňkiniň dogry ýa nädogrudygyny subut etmek däl-de, ylalaşmaýan meseläňizi çözüp, dostlugy goramak bolsun (Nak. 18:24).
HÄSIÝETLERIŇIZ DEŇ GELMESE
10. Käbir dogan-uýalara dostlaşmak näme üçin kyn bolup biler?
10 Näme üçin kyn? Bir-biriniňkiden häsiýetleri tapawutlanýan dogan-uýalara dostlaşmak kyn bolup biler. Belki, käbirleriniň häsiýetleri ýa-da endikleri gaharymyzy getirýändir. Käbirleri bolsa geçmişi ýa-da alan terbiýesi sebäpli dymmadyr. Ýa-da tersine alçakdyr, adamlar bilen dil tapyşyp gidýändir. Biziň üçin bolsa onuň özüni alyp barşy geňdir. Ýa bolmasa, käbirleri köpçüligi, başgalar bolsa ýeke bolmagy halaýandyr.
11. Adamlaryň häsiýetleri tapawutlansa-da, olar bilen dostlaşmaga Isa näme kömek etdi?
11 Isa ýaly sabyrly boluň. Isa dürli häsiýetli adamlar bilen dostlaşýardy. Meselem, Ýakup bilen Ýahýa resul Isadan patyşalygynda aýratyn orun bermegini isläp, özlerini başgalardan ýokary tutdular (Mar. 10:35—37). Isa bolsa pesgöwünlik bilen gökdäki ornuny goýup, ýer ýüzüne gelipdi (Flp. 2:5—8). Isa bilen şägirtleriniň garaýyşlary düýbünden tapawutlanýardy. Ýöne Isa şonda-da Ýakuba, Ýahýa we beýleki adamlara sabyrly bolýardy.
12. Şägirtlerine sabyrly bolmaga Isa näme kömek etdi?
12 Isa şägirtleriniň käte ýalňyşjakdygyna düşünýärdi, şonuň üçin olardan köp zada garaşmaýardy. Ol Ýakup bilen Ýahýa ýaly beýleki şägirtleriniň hem bir-birinden ýokary bolmak isleýändigini bilýärdi (Mar. 9:34). Isa şägirtleriniň önüp-ösen ýerindäki adamlaryň garaýyşlaryny bilýärdi. Onuň özi hem şol ýerde ulalypdy. Şol döwürler dini ýolbaşçylar adamlara at-abraýa, wezipä kowalaşmagy öwredýärdiler. Şol sebäpli Isa şägirtlerine sabyrly boldy. Olaryň özüňi bilmeklik, tekepbirlik, wezipä kowalaşmak ýaly ganyna siňip giden häsiýetlerini derrew üýtgedip bilmejekdigine düşünýärdi (Mar. 10:42—45).
13. Dogan-uýalar bilen gowy dost bolmaga sabyrlylyk nädip kömek edýär? (Efesliler 4:2).
13 Dostlugy goramaga näme kömek eder? Dogan-uýalaryň häsiýetleri ýa-da endikleri gaharyňyzy getirse-de, sabyrly boluň (Nak. 14:29). Hiç bir adam bir-birine meňzemeýär. Meselem, käbir adamlar geplemsek, käbirleri bolsa dymma. Her kimiň öz bolşy bar, şonuň üçin munuň erbetligi ýok. Eger adamlar bizi bolşumyz ýaly kabul etseler begenýäris (Efesliler 4:2-ni okaň). Şonuň üçin bizem başgalary bolşy ýaly kabul etmeli. Dymma adamlara dil tapyşmak, gepleşmek kyn bolýar. Alçak adamlarda bolsa tersine, olar başgalar bilen gürrüňdeş bolmagy halaýar. Belki, biziň häsiýetimiz olar ýaly däldir, ýöne şeýle adamlara sabyrly bolmaly. Elbetde, her bir adam bilen jana-jan dost bolup bolmaz. Ýöne häsiýetlerimiz tapawutlansa-da, dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir gulluk edip bileris.
14. Dogan-uýalara sabyrly bolmagyň ýene nähili peýdasy bar?
14 Eger sabyrly bolsak, dogan-uýalaryň gowy taraplaryny göreris. Olar bilen dostlaşmaga päsgel berýän kemçiliklerine känbir üns bermeris. Meselem, Ýakup bilen Ýahýanyň Patyşalykda orun soramagy bir tarapdan olaryň özüni bilýändigini görkezýärdi. Başga tarapdan bolsa, olaryň Patyşalyga iman edýändigini görse bolýar. Isa olaryň gowy tarapyna üns berip, imanynyň güýçlüdigini gördi. Bizem Isadan hem Ýehowadan görelde alyp, dostlarymyzyň gowy tarapyna üns berip bileris.
15. Häsiýetlerimiz tapawutlanýan adamlar bilen dostlaşmaga kim kömek edip biler?
15 Biz häsiýetlerimiz tapawutlanýan adamlar bilen dostlaşmak üçin Ýehowadan kömek soramaly. Olaryň haýsy häsiýetiniň ýa-da endiginiň gaharymyzy getirýändigini anyklamaly. Soňra şeýle ýagdaýa duşanymyzda rahatlygy saklap biler ýaly, öňünden Ýehowa doga etmeli. Ýehowa bizi ýaradany üçin hemmämiziň hem özboluşly häsiýetimiziň bardygyny bilýär. Şonuň üçin Oňa doga edenimizde her birimize gerekli kömegi hökman berer. Sabyrly bolmak kyn düşende Ýehowadan özümize erk eder ýaly mukaddes ruhuny dilemeli (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23).
DOGAN ÝA UÝA KYN ÝAGDAÝA DÜŞENDE
16. Kyn ýagdaýa düşende dogan-uýalar özüni nähili alyp barmagy mümkin we bize nähili täsir edip biler?
16 Näme üçin kyn? Dogan-uýalar kesellände ýa-da göwnüçökgünlige düşende sözi, hereketi bilen göwnümize degip biler. Meselem, olar biziň bilen gepleşmeýär, sähel zady göwnüne alýar ýa-da bir görseň-ä ala-ýaz, bir görseňem gamgyn bolup ýörýär. Ýa bolmasa, oýlanman gepläp bizi gynandyryp biler (Eýp. 6:2, 3). Biz dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünmän, olardan köp zada garaşmagymyz ahmal.
17. Isanyň Bartymaý bilen özüni alyp barşyndan näme öwrenýärsiňiz?
17 Isa ýaly mähirli hem duýgudaş boluň. Isa ilkinji gezek gören adamlary bilen hem mähirli gepleşýärdi we olaryň kyn ýagdaýyna düşünýärdi. Bir gezek Bartymaý atly kör adam Isanyň geçip barýandygyny eşidip, onuň ünsüni özüne çekjek bolup gygyryp başlaýar. Şonda käbir adamlar oňa käýäp, dymyp oturmagy tabşyrýar. Ýöne Bartymaýyň şeýle bir sagalasy gelýärdi welin, öňküdenem beter gygyrýar. Belki-de, Bartymaýyň özüni alyp barşy käbirleriniň gaharyny getirendir. Ýöne Isanyň «haýpy gelip», oňa kömek edesi gelýär (Mat. 20:34; Mar. 10:46—52). Isa Bartymaý bilen mähirli gepleşip, iman edendigi üçin öwýär, soňra ony gudrat bilen sagaldýar.
18. Kyn güne düşen dogan-uýalara nädip hak dost bolup bileris? (1 Selanikliler 5:14).
18 Dostlugy goramaga näme kömek eder? Bizem Isa ýaly mähirli we duýgudaş bolmaly. Şonda kesel ýa-da göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalar bilen ýumşak gepleşeris we «göwünlik bereris» (1 Selanikliler 5:14-i okaň). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, hak dost, esasan, «aladaly günüňde» gerek (Nak. 17:17). Biz dogan-uýalara hak dost bolmak üçin kyn gününde derdini deň çekişmeli, özüne gelmäge we aýaga galmaga kömek etmeli, ruhlandyrmaly. Gerek bolsa, el kömegini gaýgyrmaly däl.
19. Dogan-uýalar bilen nädip mähirli hem duýgudaş bolup bileris? (Surata serediň).
19 Geliň, dostlarymyz bilen nädip mähirli gepleşip, duýgudaş bolup bilýändigimize seredeliň. Elbetde, biz Isa ýaly gudrat bilen adamy derdinden gutaryp bilmeýäris. Emma olaryň duýgularyna, ýagdaýyna düşünip bilýäris (Mat. 7:12; 1 Pet. 3:8). Dogan-uýalar derdini aýdanda ünsli diňlemeli, gerek ýerinde hoş söz aýtmaly (Nak. 12:25). Ýöne adamyň kynçylygyny doly bilmän, hemme zady bilýän ýaly geplemeli däl (Nak. 18:13). Onuň bilen sabyrly bolmaly we köp zada garaşmaly däl (Efes. 4:32).
Hak dostlar mähirli hem duýgudaş bolup, bir-birege göwünlik berýär (19-njy abzasa serediň).
20. Siz nähili dost bolmak isleýärsiňiz?
20 Biz dogan-uýalar bilen dostlaşmagy gowy görýäris. Ýöne günäli bolandygymyz üçin käte ýalňyşjakdygymyza düşünýäris. Köpümiziň durmuşda gören kynçylyklarymyz häsiýetlerimize we düşünjämize täsir edýär. Şonuň üçin biz pesgöwünli, sabyrly, mähirli, ýagdaýymyza düşünýän, biziň bilen dostlaşýan dogan-uýalaryň gadyryny bilýäris we olara hak dost bolmak isleýäris.
124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň
a SURATYŇ BEÝANY: garry hem-de ýaş doganyň ýygnagyň territoriýasy bilen bagly meselede pikiri deň gelmeýär. Ýöne soň olar bile şatlanyp wagyz edýärler.