11—17 MAÝ, 2026
7-NJI AÝDYM Ýehowa güýç berýär
Älemiň Hökümdary Ýehowa bil baglaň
«Seniň adyň Ýehowa... diňe sen Allatagala» (Zeb. 83:18).
ESASY PIKIR
Ýehowanyň häzirem, gelejekde-de kyn ýagdaýlarda kömek etjekdigine bil baglalyň.
1. Eýýubyň durmuşynda nähili ýagdaýlar boldy?
EÝÝUP pygamberiň durmuşy göz açyp-ýumasy salymda üýtgeýär. Ol çagalaryndan aýra düşýär, mal-garasyny talap, gul-gyrnaklaryny öldürýärler. Özi bolsa elhenç kesele ýolugýar. Il içinde sylanýan, hormatlanýan Eýýubyň indi ýüzüne-de seretmeýärler. Dost hasaplaýan adamlary gelip, onuň ýarasyna duz sepýärler. Iň ýakyn adamy, aýaly bolsa: «Alla gargap öl» diýýär (Eýp. 2:9; 15:4, 5; 19:1—3). Kynçylykdan ýaňa gözi açylmadyk Eýýup Hudaýyň kömek etjekdigine, aladasyny edýändigine şübhelenip bilerdi. Şeýle-de Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny gorajakdygyna ynanmagyny bes edip bilerdi.
2, 3. Kyn ýagdaýlarda nähili pikir döremegi mümkin we Eýýup kitabyndan näme öwrenýäris?
2 Biz «soňky günlerde juda kyn döwürde» ýaşaýarys (2 Tim. 3:1). Şonuň üçin Eýýup ýaly biziňem başymyza kynçylyklar gelip biler. Kynçylyklar üsti-üstüne gelende şeýle bir güýjüňi alýar welin, hamala gutarmajak ýaly görünmegi mümkin. Käbirleri hatda Ýehowanyň gowy görýändigine, kömek etmek isleýändigine şübhelenip biler.
3 Eger sizem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz ruhdan düşmäň. Eýýup pygamber Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny hiç haçan taşlamaýandygyna göz ýetirdi. Eger Ýehowa bil baglasak, Onuň kömegini göreris we köp bereket alarys. Eýýup kitabynda Ýehowa bil baglap bilýändigimiziň iki sebäbi aýdylýar. Birinjiden, Ýehowa Älemiň Hökümdary. Ikinjiden, Ýehowa niýetiniň amala aşmagy üçin dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary gözegçilikde saklaýar. Şeýle-de Onuň bilen dostlugymyza zyýan ýetmez ýaly bizi goraýar. Geliň, muňa giňişleýin seredeliň.
ŞEÝTAN ÝEHOWANYŇ HUZURYNA GELDI
4. Ýehowanyň huzuryna gelen perişdeleriň arasynda kim bardy?
4 Mukaddes Kitapda: «Bir gün perişdeler Ýehowanyň huzuryna gelýärler... Şeýtan hem olaryň arasyndady» diýilýär (Eýp. 1:6). «Şeýtan» diýen at ilkinji gezek şu wakada agzalýar. Ýehowa Şeýtany ogly hasaplamasa-da, huzuryna gelmäge rugsat berýär. Ol Ýehowanyň, wepaly perişdeleriň we Hudaýa wepaly adamlaryň duşmany boldy. Ýehowa 1 Musa 3:15-däki sözleri aýdanda, Şeýtan Onuň maşgalasyndan kowlupdy. Şonuň üçin Şeýtan «aýalyň nesline», ýagny Ýehowanyň ruhy maşgalasyna degişli däldi.
5. Şeýtan bilen Ýehowanyň gürrüňdeşliginden näme öwrenýäris?
5 Ýehowa perişdeleriň huzuryna gelende nämeleriň bolandygyny biziňem bilmegimizi isleýär. Şonuň üçin ol hakda Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Şonda Şeýtanyň doňýürekdigi, Ýehowanyň gullukçylaryny ýigrenýändigi ýüzüne çykdy (Eýp. 1:9; Ylham 12:10-y deňeşdiriň). Şol duşuşykdan Ýehowanyň çäksiz güýjüni ulananda hemişe dogry hem adalatly hereket edýändigini öwrenýäris. Şeýle-de Gudratygüýçli Ýehowanyň başgalaryň etsem-petsemlerine çäk goýýandygyny bilýäris.
ÝEHOWA ÇÄK GOÝÝAR
6. Ýehowa ähli zadyň elindedigini nädip görkezdi? (Eýýup 1:7, 8).
6 Eýýup 1:7, 8-nji aýatlary okaň. Ýehowa gökde bolan gürrüňdeşlikde ähli zada gözegçilik edýändigini görkezdi. Ol Şeýtana: «Gulum Eýýuba üns berdiňmi?» diýdi. Ýehowa Şeýtanyň Eýýup pygamberi synajak bolýandygyndan habarlydy. Geliň, Ýehowanyň Eýýuba kömek etmek üçin çäksiz güýjüni nädip ulanandygyny bileliň.
7. Eýýup 1:10, 11-nji aýatlara görä, Şeýtan adamlara näme diýip töhmet atdy?
7 Eýýup 1:10, 11-nji aýatlary okaň. Ýehowa älem-jahanyň Hökümdary, Onuň islän zadyny etmäge güýji ýetýär. Ol haýsy ýagdaýda nähili hereket etmelidigini gowy bilýär (Ýer. 32:17; Dan. 4:35). Ýöne Şeýtan: «Ýehowa güýjüni dogry ulanmaýar. Ol adamlara köp gowy zatlary berip, Özüne sežde etdirýär» diýip töhmet atdy. Şeýle-de Şeýtan adamlaryň özüni bilýändigini, Ýehowa diňe zat üçin sežde edýändigini aýtdy. Ýehowa Şeýtana näme jogap berdi?
8, 9. Ýehowa Şeýtana nähili çäk goýdy we näme üçin? (Eýýup 1:12; surata serediň).
8 Eýýup 1:12-ni okaň. Ýehowa Şeýtana Eýýuby synamaga ýol berse-de, oňa çäk goýdy. Hudaý Şeýtana: «Onuň (Eýýubyň) özüne degme» diýdi. Ýehowa ähli perişdeleriň gözüniň alnynda Şeýtana çäk goýdy. Şeýtan Ýehowa gulak asmalydy, sebäbi Onuň goýan çäginden çykyp bilmeýärdi. Şeýtan şu günlerem diňe Ýehowanyň ýol beren zatlaryny edip bilýär. Şeýdip, Ýehowa Eýýuby gorady, söýýändigini we adalatlydygyny subut etdi.
9 Şeýtanyň pyssy-pyjurlygy başa barmady. Eýýup Ýehowa wepaly boldy (Eýp. 1:22). Ýöne Şeýtan köşeşmedi, ol Eýýuby ýene synamak isleýärdi.
Ýehowa hemmeleriň öňünde Şeýtana huzuryna gelmäge rugsat berdi (8, 9-njy abzaslara serediň).
10. Ýehowa näme üçin Şeýtana Eýýuby synamaga ýol berdi? (Eýýup 2:2—6).
10 Eýýup 2:2—6-njy aýatlary okaň. Şeýtan Eýýuby dändirmek üçin öňküdenem beter topulýar. Ol Eýýubyň şirin janyna degse, Ýehowany ýigrenjekdigini we Ondan ýüz öwürjekdigini subut etjek bolýardy. Ýehowa Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek üçin, Eýýuby synamaga ýol berýär. Emma Hudaý bu gezegem Şeýtana: «Onuň janyna degme» diýýär. Ýehowa çäk goýansoň, Şeýtan Eýýuby öldürip bilmeýär. Şu waka Ýehowanyň güýjüniň çäksizdigini we ähli zadyň Onuň elindedigini ýene bir gezek subut edýär. Eger Ýehowa çäk goýmadyk bolsa, Şeýtan Eýýuba beterinden beter zat ederdi.
ÝEHOWA EÝÝUBY KYNÇYLYKDAN GUTARDY
11. Ýehowa Eýýuby nädip bereketledi? (Eýýup 42:10—13).
11 Eýýup 42:10—13-nji aýatlary okaň. Eýýup synaglarda Hudaýa wepaly boldy. Ýehowa Şeýtana ony mundan artyk synamaga ýol bermedi we Eýýuby kynçylyklaryndan gutardy. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň gelen kararyna garşy çykmaga Şeýtanyň güýji ýetmeýär. Ýehowa çäk goýansoň, Şeýtan Eýýubyň golaýyna-da baryp bilmeýär.
12. Ýehowa soňky günlerde halkyny nädip halas edýär? Mysal getiriň.
12 Soňky günlerde Ýehowa çäksiz güýji arkaly gullukçylaryna kömek edýär. 1945-nji ýylda Germaniýanyň konslagerindäki 230 sany Ýehowanyň Şaýatlaryny gyrjak bolýarlar. Esgerler olary kösäp uzak ýol ýöredýärler. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlarynyň hemmesi diri galýar. Olar başdan geçiren wakasyny gürrüň berende üç ýewreý ýigidi ýatlaýarlar. Ýehowanyň oda atylan, ýöne üstünden oduň ysy gelmedik üç ýewreý ýigidi halas edişi ýaly, özlerini hem halas edendigini aýdýarlar. Ýehowanyň şol gullukçylary otdan-suwdan geçseler-de, olaryň imany birjigem sarsmady. Hudaý olara güýç berdi. Şeýle-de olar ýolbarslaryň agzyndan halas bolan Danyýar ýaly diri galsalar, Ýehowa ebedi gulluk etmegi ýüregine düwdüler. Olaryň aýtmagyna görä, Ýehowa ebedi gulluk etmek iň uly bereket (Danyýar 3:27; 6:22-nji aýatlary deňeşdiriň).
13. Başymyza kynçylyk düşende nämä ynamly bolup bileris? (Surata serediň).
13 Käte biz kynçylyklardan ýaňa özümizi ýolbarsly çukura düşen ýaly duýýarys (1 Pet. 5:8—10). Biz şeýle bir ruhdan düşüp döwülýäris welin, kynçylyklaryň soňy gelmejek ýaly görünýär. Eýýup bilen bolan ýagdaý bize şeýle duýgulary ýeňmäge kömek edýär. Dogan-uýalar, Ýehowanyň kynçylyklarymyzy aýyrmaga güýjüniň ýetýändigini ýatdan çykarmaň. Ol häzirem, gelejekde-de bize hökman kömek eder. Ýehowa zalym dünýäni ýok etjek gününi eýýäm belläp goýdy. Ol şol wagtdan gijä galmaz, sebäbi Ýehowa şu günki işini ertire goýmaýar.
Ýehowa wepaly gullukçylaryny kynçylykdan gutarar (13-nji abzasa serediň).
ÝEHOWA GULLUKÇYLARYNY GOWY GÖRÝÄR
14, 15. Ýehowa wepaly gullukçylary üçin näme etmek isleýär we näme üçin? (Eýýup 14:15; surata serediň).
14 Eýýup 14:15-i okaň. Wepaly adama Ýehowa-da wepaly bolýar. Ol gullukçylaryny gowy görýär. Hatda gullukçylary aradan çyksa-da, Ýehowa olary direldip, ebedi ýaşaýşy berer. Ýehowa şol wepaly gullukçylaryny täze dünýäde direldende şatlykdan ýaňa hemmeleriň ýüregi joşar (Işa. 65:17).
15 Ýehowa Eýýubyň kynçylyklaryny aýyrsa-da, ol Şeýtanyň zalym dünýäsinde ýaşamaly boldy. Ýöne Mukaddes Kitapda Ýehowanyň Eýýuba üýtgeşik bereketleri berendigi aýdylýar. Ol Eýýuby keselinden sagaltdy, öňküdenem gowy zatlary berdi. Ýehowa Eýýuba täze dünýäde görlüp-eşidilmedik bereketleri berer. Şeýdip, Hudaý wepaly gullukçylarynyň durmuşdan lezzet alyp, bagtly ýaşamagyny isleýändigini görkezdi. Dogrudanam, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna täze dünýäde ajaýyp durmuş garaşýar. Olar ebedi lezzet alyp ýaşarlar (Ylh. 21:3, 4). Ýehowa bir zat etjek diýse, hökman edýär, sebäbi Ol Älemiň Hökümdary. Onuň gullukçylaryna bereket bermäge hem güýji ýetýär, hem islegi bar. Kynçylyklarda Ýehowanyň berjek bereketleri barada oýlansak, ruhdan düşüp ýan bermeris.
Agyr synaglardan soň, Ýehowa Eýýup bilen aýalyna köp bereketleri berdi (14, 15-nji abzaslara serediň).
16. Biz ýene näme üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa bil baglamaly?
16 Ýehowa Eýýuby sagaldyp, onuň ömrüni uzaltsa-da, ol barybir öldi. Ýöne Ýehowa ony direlder, sebäbi Ol Älemiň Hökümdary we Gudratygüýçli Hudaý (5 Mus. 32:39). Ýehowa aradan çykan gullukçylaryny direltjek gününi eýýäm belläp goýdy. Oňa hiç kim we hiç zat böwet bolup bilmez (Rim. 8:38, 39).
ÝEHOWA DOLY BIL BAGLAŇ
17. Şeýtanyň Ýehowanyň halkyny ýok edip bilmejekdigini nireden bilýäris?
17 Eýýup kitabyndan Ýehowa bil baglamalydygymyzyň birnäçe sebäplerini bildik. Biz Ýehowanyň halkyny Şeýtanyň eline bermeýändigine şükür edýäris! Biz Ýehowanyň Älemiň Hökümdarydygyny bilýäris. Sebäbi oňa dokuz milliondan gowrak adam sežde edýär. Şeýle-de Ýehowanyň gullukçylaryna garşy ýasalan ýaraglaryň derde ýaramaýandygyna gaýta-gaýta göz ýetirýäris (Işa. 54:17). Güýçli hökümetler we dini ýolbaşçylar Ýehowanyň Şaýatlaryna hoş habary wagyz etdirmejek, Ýehowa sežde etdirmejek bolup her zat edýärler. Emma Arkadagymyz Ýehowanyň saýasynda bize hiç zat böwet bolup bilmeýär. Bize hiç kim Ýehowanyň hak Hudaýdygyny, Şeýtanyň bolsa ýalançy we ganhordygyny subut etmäge päsgel berip bilmez. Biz ölümden gorkmaýarys, sebäbi ölsek-de, Ýehowanyň direltjekdigine şübhelenmeýäris (Hoş. 13:14).
18. Biz näme üçin gelejekde boljak ýagdaýlardan gorkmaly däl?
18 Eýýup kitabyndan okan zatlarymyz hakda oýlansak, gelejekde nähili ýagdaý bolsa-da, Ýehowanyň arkamyzda durjakdygyna ynanarys we hiç zatdan gorkmarys. Uly betbagtçylykda Şeýtan we onuň tarapdarlary Ýehowanyň halkyny ejiz görüp, oňa topular. Ýöne Ýehowa Eýýubyň günlerindäki ýaly ähli zady gözegçilikde saklar. Şeýtana halkyny ýok etmäge ýol bermez. Tizden Hudaý halkyny Şeýtandan halas eder. Ol Iblisi we jynlaryny 1 000 ýyllap düýpsüz çuňluga baglar (Luka 8:31; Ylh. 20:1—3). Ahyry Şeýtanyň we onuň tarapdarlarynyň soňy geler (Ylh. 20:10). Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Şeýtanyň kellesi mynjyradylar, ol ebedilik ýok bolar (1 Mus. 3:15; Rim. 16:20).
19. Ýehowa bil baglan adamlar nähili bereketleri alarlar? (Surata serediň).
19 Biz tizden täze dünýä gowuşarys. Jennetdäki durmuş göz öňüne getirişimizden hem has gowy bolar. Kämillige ýetip şatlanjak günlerimizi söz bilen beýan edip bilmeris. Ýehowa bize: «Ine, men ähli zady täzeleýärin» diýip wada berýär (Ylh. 21:5). Şeýle diýmek bilen, Ýehowa Şeýtanyň we onuň jynlarynyň hiç bir adama zyýan ýetirip, erbetlik edip bilmejekdigini göz öňünde tutdy. Şonda biz hakyky erkinligi duýarys. Hiç bir adam gaýgy-alada sebäpli ýatyp bilmän kösenmez. Armageddondan diri geçenler Ýehowanyň kesel adamlary sagaldyşyny görerler. Şeýle-de ölen dogan-garyndaşlarymyz direler. Şeýdip, ähli adamlar Ýehowanyň başdan niýetlän durmuşynda ýaşarlar.
Ýehowa köp görgüleri gören wepaly gullukçylaryny ajaýyp durmuşda ýaşadar (19-njy abzasa serediň).
20. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
20 Soňky günlerde kynçylyklar üsti-üstüne bolýar. Bize Ýehowa wepaly bolmak üçin mertlik gerek. Biz Hökümdarymyz Ýehowa bil baglap, Oňa gulak asmak isleýäris. Geliň, gökdäki Atamyz Ýehowany söýýändigimizi we Şeýtanyň hak Hudaý hem Onuň gullukçylary hakda ýalan sözleýändigini subut edeliň! Eger Ýehowa wepaly bolsak, Ol bize tükeniksiz bereketleri berer. Ýehowa isleýşi ýaly wepaly gullukçylarynyň üstüne bereket ýagdyrar.
153-NJI AÝDYM Maňa batyrgaýlyk ber