4—10 MAÝ, 2026
53-NJI AÝDYM Janaýaman wagyz edeliň
Hudaýyň Sözüni «ökdelik bilen öwrediň»
«Hudaýyň sözüni wagyz et... sabyrly bol we ökdelik bilen öwret» (2 Tim. 4:2).
ESASY PIKIR
Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen öwretmäge kömek edýän üç maslahat.
1. Biz nähili ukyp ösdürmeli we näme üçin? (2 Timoteos 4:2; surata serediň).
ISA şägirtlerine: «Şägirt taýýarlaň... Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýip tabşyrdy (Mat. 28:19, 20). Isanyň şu tabşyrygy mesihçileriň ählisine degişli. Ýehowa «ebedi ýaşamak isleýän» adamlary saýlaýar, perişdeler bolsa akýürekli adamlary tapmaga kömek edýär (Res. 13:48; Ýah. 6:44; Ylh. 14:6). Bizem şol adamlara Hudaý barada bilim bermegi öwrenmeli. Geliň, Pawlus bilen Barnabas hakda gürrüň edeliň. Mukaddes Kitapda olaryň Ikoniýadaky ýehudylaryň sinagogasynda wagyz edendigi aýdylýar. Şonda «olar şeýle gowy wagyz etdiler welin, köp ýehudylar we grekler iman etdiler» (Res. 14:1). Dogrudanam, Pawlus bilen Barnabas adamlara «ökdelik bilen öwretdiler» (2 Timoteos 4:2-ni okaň). Ähli mesihçiler hem adamlara Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen öwreder ýaly mugallymçylyk ukyplaryny ösdürmeli.
Biz Isadan, Pawlusdan, Barnabasdan we beýleki şägirtlerden görelde alyp, adamlara «ökdelik bilen öwretmeli» (1-nji abzasa serediň).
2. Käbir mesihçiler näme üçin ökde mugallym bolup bilmerin öýdýärler?
2 Käbirleri özüni bilimsiz hasaplap, ökde mugallym bolmagy başarmaryn öýdýärler. Mukaddes Kitapda agzalýan adamlaryň käbiri hem özüni şeýle duýupdyr (2 Mus. 4:10; Ýer. 1:6). Başgalar bolsa hiç bir adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçmeýändigi ýa-da tejribesizdigi üçin ökdelik bilen öwredip bilmerin öýdýärler. Elbetde, wagyzda duş gelýän her bir adam hoş habary höwes bilen diňlär diýip bolmaz. Adamlar hoş habary diňläýende-de, Ýehowa bilen perişdeler akýürekli adamlary tapmaga kömek edýär. Emma biz hoş habary ökdelik bilen wagyz etmek üçin elimizde baryny etmeli. Şu makalada ökde mugallym bolmaga kömek edýän üç maslahata serederis.
ÝAGDAÝYNA DÜŞÜNIŇ
3. Adamlar näme üçin Isany diňlemegi gowy görýärdi?
3 Mukaddes Kitapda: «Isa hemmeleriň ýüregini görýärdi» diýilýär (Ýah. 2:25). Isa adamlaryň pikirlenişini bilýärdi, olaryň duýgusyna gowy düşünýärdi. Ol adamlara nämäniň gerekdigini anyk bilensoň, olaryň ýüregine jüňk boljak zatlar hakda gürrüň edýärdi. Isa adamlaryň görkezmä, tesellä mätäçdigini bilýärdi. Dini ýolbaşçylar sansyz-sajaksyz däp-dessurlary we düzgünleri goýup, adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrýardy (Mat. 9:36; 23:4). Şol sebäpli Isa Dagdaky wagzynda adamlara köp zatlary öwredip, olaryň egnindäki ýüki ýeňletdi. Adamlar Isany diňlemegi gowy görýärdi, sebäbi ol adamlaryň ýüregine ýakyn zatlar hakda gürrüň edýärdi.
4. Adamlaryň aladasyny edýändigimizi nädip görkezip bileris? (Surata serediň).
4 Biz hem Isa ýaly adamlary nämäniň biynjalyk edýändigine düşünjek bolmaly. Şonda olaryň aladasyny edýändigimizi görkezeris. Şeýtanyň dünýäsinde adamlaryň kynçylyklardan gözi açylmaýar. Eger biz wagyzda duşýan adamlarymyzyň her biriniň özüne ýetik gaýgy-aladasynyň bardygyny ýatdan çykarmasak, olara kömek edesimiz geler. Meselem, ýaşaýan ýerimizde bolan bir ýagdaý sebäpli adamlar biynjalyk bolýandyr. Käbir ene-atalar mekdebe gidýän çagalaryny alada edýändir. Olara bir zat bolaýmasyn diýip gorkýandyr. Ýa-da ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar iş tapman kösenýändir. Mukaddes Kitabyň wadalaryny bilmän, umytsyz ýaşaýan adamlaryň kösenýändigi hakda oýlanyň (2 Tim. 3:1; Işa. 65:13, 14).
Okuw geçýänleriňiziň ýagdaýyna düşünjek boluň we olaryň aladasyny ediň (4-nji abzasa serediň).
5. Isanyň dini ýolbaşçylardan nähili tapawudy bardy? (Matta 11:28—30).
5 Isa adamlary gowy görýärdi we olaryň aladasyny edýärdi. Adamlar muny gözi bilen görýärdiler. Isa dini ýolbaşçylardan düýbünden tapawutlanýardy. Dini ýolbaşçylar hondanbärsidi, olar adamlary kemsidýärdiler we ezýärdiler (Mat. 23:13; Ýah. 7:49). Isa bolsa adamlar bilen mähirli gepleşip, hormat goýýardy. Ol «ýumşak we pesgöwünli» bolandygy üçin ökde mugallymdy (Matta 11:28—30-njy aýatlary okaň). Isadan görelde alyp, biz adamlara wagyz edenimizde olar bilen mähirli gepleşmeli we hormat goýmaly.
6. Biz hoş habary diňlemeýän ýa-da garşy çykýan adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly?
6 Käbir adamlar hoş habary diňlemeýär, hatda wagyz edýändigimiz üçin gaharlanýar. Biz şeýle adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly? Isa adamlara diňe bir ýamanlyk etmezligi däl-de, eýsem «ýigrenýänlere ýagşylyk etmegi, gargaýanlara alkyş aýtmagy, sögýän adamlar üçin doga-dileg etmegi» öwretdi (Luka 6:27, 28). Eger biz adamlaryň hoş habary näme üçin diňlemek islemeýändigine düşünsek, olar bilen mähirli gepleşeris. Elbetde, käbir adamlar biziň wagyz etmegimize kes-kelläm garşy bolýarlar. Käbirleri bolsa öz gaýgy-aladasy, kynçylygy bilen başagaý bolup, bizi diňlemek islemeýär. Ýa bolmasa, biz öý eýesiniň hemme zatdan ýadap, ruhdan düşen wagty barandyrys. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, biz Mukaddes Kitapdaky: «Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun. Şonda her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz» diýen maslahata eýermeli (Kol. 4:6). Biz adamlaryň ýagdaýyna we kynçylygyna düşünsek, olaryň aýdýan sözlerini göwnümize almarys. Gaýtam olara kömek etjek zat hakda oýlanarys.
MUKADDES KITAPDAN ÖWREDIŇ
7. Isa adamlara nädip tälim berýärdi? (Ýahýa 7:14—16).
7 Isa adamlara öz pikirini aýtmaýardy, gaýtam Mukaddes Kitaba esaslanyp öwredýärdi. Ondaky maslahatlary durmuşda nädip ulanyp bolýandygyny düşündirýärdi. Şeýle-de Isa adamlara düşnükli bolar ýaly we öwrenen zatlaryny ýatda saklap biler ýaly sada dilde öwredýärdi. Mukaddes Kitapda: «Adamlar onuň öwredişine haýran galdylar, sebäbi ol kanunçylar ýaly däl-de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi» diýilýär (Mar. 1:22). Şol döwürde kanunçylar adamlara atly-abraýly dini ýolbaşçylaryň aýdýan zatlaryny öwredýärdiler. Ýöne Isa adamlara Hudaýyň Sözündäki ýazylan zatlary gürrüň berýärdi. Isa ençeme ýyllap gökde Hudaýyň ýanynda ýaşasa-da, bilýän zatlary bilen adamlary haýran galdyrjak bolmady. Adamlar Isanyň ýanynda özlerini akmak duýmadylar. Gaýtam ol Mukaddes Kitap arkaly adamlara Hudaýyň islegine düşünmäge kömek etdi (Ýahýa 7:14—16-njy aýatlary okaň). Şeýdip, Isa ähli mesihçilere adamlara nädip tälim bermelidigini görkezdi.
8. Petrus nädip Isanyň göreldesine eýerdi?
8 Isanyň şägirtleri ondan görelde alyp, adamlara Hudaýyň Sözünde ýazylanlary öwredýärdiler. Meselem, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrus resul märekä Mukaddes Kitapda ýazylan zatlary gürrüň berýär. Petrus ýokary bilimli bolmasa-da, Hudaýyň Sözündäki pygamberlikleriň Isada nädip ýerine ýetendigini aýatlar arkaly düşündirýär (Res. 2:14, 37). Petrus sözüni tamamlansoň näme bolýar? «Onuň sözlerini ýürekden kabul eden adamlar suwa çümdürildiler. Şol gün 3 000-e golaý adam şägirtlere goşuldy» (Res. 2:41).
9. Biz adamlara näme üçin Mukaddes Kitapdan öwretmeli?
9 Diňe Mukaddes Kitap adamlaryň durmuşyny üýtgedip bilýär (Ýew. 4:12). Şol sebäpli biz adamlara Mukaddes Kitap arkaly tälim bermeli. Biz öz pikirimizi aýtman, Hudaýyň Sözüni wagyz etmeli (2 Tim. 4:2). Nakyllar 2:6-da: «Ýehowa akyldarlyk berýär, Ol bilimiň we parasatlylygyň gözbaşydyr» diýilýär. Diýmek, biz Mukaddes Kitapdan öwredenimizde adamlar Ýehowany diňleýän ýaly bolýar (Mel. 2:7). Biz adamlaryň Mukaddes Kitabyň ynsanyň däl-de, Hudaýyň Sözüdigine we onda iň gowy maslahatlaryň ýazylandygyna düşünmegini isleýäris. Mukaddes Kitapda Ýaradyjynyň pikirleri ýazylan. Olar bize Hudaýy razy etmäge we bagtly ýaşamaga kömek edýär (2 Tim. 3:16, 17).
10. Okuw geçýän Mukaddes Kitap arkaly öwredýändigimize düşüner ýaly näme etmeli?
10 Mukaddes Kitap okuwyna taýýarlananyňyzda okuw geçýäniňize Mukaddes Kitapda nämäniň öwrediljek bolýandygyna düşüner ýaly haýsy aýatlary okatjakdygyňyz hakda oýlanyň. Biz sapakda suratlary we wideolary görkezsek-de, okuw geçýänlerimiziň ünsüni, esasan, Mukaddes Kitaba çekmeli. Okuw geçýänlere esasy pikiri düşündirýän aýatlary okadyň. Soňra okan ýerinden näme öwrenip biljekdigi hakda oýlanmaga kömek ediň. Sapak geçeniňizde wideolary, suratlary görkezseňiz-de, okuw geçýän Mukaddes Kitapdan näme öwrenmelidigine anyk düşünmeli. Munuň üçin köp zat aýtmak ýa-da birgiden aýat okatmak hökman däl. Meselem, okuw geçýäniňiz bir aýady okansoň, okan zady hakda oýlanyp manysyna düşüner ýaly biraz garaşyň. Gerek bolsa aýady täzeden okadyň. Şonda okuw geçýän kitapda, suratda ýa-da wideoda gören zatlaryna däl-de, Mukaddes Kitapda näme diýilýändigine düşüner (1 Kor. 2:13).
11, 12. a) Okuw geçýänlere nädip sabyrly bolmaly? (Resullar 17:1—4; surata serediň). b) Okuw geçýänler Mukaddes Kitap barada nämäni bilmeli we biz olara nädip kömek edip bileris?
11 Käte okuw geçýäne Mukaddes Kitapda ýazylan zatlara ynanmak ýa-da olara düşünmek kyn bolup biler. Şonda biz olara sabyrly öwretmeli. Elbetde, hemme adamlar ruhy taýdan derrew ösmeýärler. Käbir adamlar öwrenýän zatlaryna derrew düşünýärler. Käbirlerine bolsa ýüregine ýetýänçä wagt gerek bolýar. Selanik şäherindäki ýehudylar hem Pawlusyň öwredýän zatlaryna şol bada düşünmediler. Şonuň üçin Pawlus olara Mukaddes Kitapdan gaýta-gaýta öwretdi. Şondan soň olaryň käbiri Pawlusyň öwredýän zatlaryna düşünip iman etdi (Resullar 17:1—4-nji aýatlary okaň).
12 Okuw geçýänlerimize sorag berenimizden soň, olar jogap berýänçä sabyrly garaşmaly. Olary ünsli diňlemeli we pikirine düşünjek bolmaly. Soňra Hudaýyň pikirine düşünmäge kömek etjek aýatlary okatmaly we gürrüňdeş bolmaly. Onsoňam, käbir adamlar ömründe birje gezegem Mukaddes Kitaby eline alyp görmediler we onuň içinde näme ýazylandygyny bilmeýärler. Eger okuw geçýäne Mukaddes Kitaby görkezseňiz, onuň kiçi däl-de, uly kitapdygyna we köp gowy zatlaryň ýazylandygyna düşünerler. Siz okuw geçýäniňize Täze dünýä terjimesiniň «Mukaddes Kitap bilen tanyşlyk» diýen bölümini görkezip bilersiňiz. Okuw geçýän şol bölümden Mukaddes Kitabyň durmuşda nädip kömek edýändigini öwrenip biler. Belki, siz oňa 15-nji soragdaky birki aýady okadyp, bagtly bolmaga nämäniň kömek edýändigini düşündirip bilersiňiz. Eger siz okuw geçýänlere Mukaddes Kitabyň peýdasyny görkezseňiz, olar öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanarlar we köpräk bilmek islärler.
Ökde mugallym az gürläp, köp diňleýär (11, 12-nji abzaslara serediň).
ÜNSÜNI ÝEHOWA ÇEKIŇ
13. Tälim berenimizde adamlaryň ünsüni kime çekmeli? Mysal getiriň.
13 Biz adamlaryň Ýehowany tanap, Onuň bilen dostlaşmagyny isleýäris (Ýak. 4:8). Adamlara tälim bermegi teatr sahnasynda yşyk bermek bilen deňeşdirse bolýar. Oýnuň dowamynda operator yşygy özüne däl-de, sahnadaky oýunça tutýar. Sebäbi oýunçy hemmelere görünmeli. Biz hem adamlara Mukaddes Kitapdan tälim berenimizde olaryň ünsüni özümize däl-de, Ýehowa çekmeli. Olara Ýehowanyň pikirlerini öwretmeli.
14. Okuw geçýänlere Ýehowany razy edip ýaşamaga nädip kömek edip bileris?
14 Okuw geçýänlere Ýehowany söýmegi öwrediň, şonda olar Hudaýy begendirip ýaşamak islärler (Nak. 27:11). Siz olara diňe bir ýagşy-ýamany öwretmän, Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek etmeli. Siz okuw geçýänleriň hak Allany razy etmek üçin durmuşyny üýtgetmegini isleýärsiňiz. Aýdaly, okuw geçýäniňiz erbet endigini goýmak üçin göreşýär. Siz oňa şeýle soraglary berip bilersiňiz: Ýehowa näme üçin şol zady ýigrenýär? Ol näme üçin seniň gowy görýän zadyňy goýmagyňy isleýär? Ýehowanyň şol talaby seni gowy görýändigini nädip subut edýär? Okuw geçýänleriňize Ýehowa hem-de Onuň häsiýetleri barada näçe köp oýlanmaga kömek etseňiz, olar şonça-da Hudaýyň aladaçyldygyna, adamlary gowy görýändigine düşünerler. Şeýlelikde, olaryň Ýehowa bolan söýgüsi artar we Ony razy etmek islär.
KÄMILLEŞIŇ
15. Tälim bermek ukybyňyzy nädip ösdürip bilersiňiz?
15 Siz Ýehowadan ökdelik bilen tälim bermäge kömek etmegini diläp bilersiňiz (1 Ýah. 5:14). Hudaý dilegiňize jogap berer ýaly, özüňiz hem hereket etmeli. Meselem, Ýehowa ýygnak duşuşyklarynda adamlara ökdelik bilen tälim bermegi öwredýär. Siz öwrenýän zatlaryňyzy durmuşda ulanyp bilersiňiz. Şeýle-de sapaga Mukaddes Kitaby ökdelik bilen sada dilde düşündirýän dogan-uýalary çagyryp bilersiňiz. Olardan nämede ökdeleşmelidigini soraň. Onsoňam, okuw geçýäniň geçjek sapagy barada näçeräk biliminiň bardygyny bilmeli. Şeýle-de onuň sapakda öwrenen zatlaryny nähili kabul etjekdigi hakda oýlanmaly. Sapagyň dowamynda oňa öwrenýän zatlarynyň peýdalydygyna, Ýehowanyň bize gowy zatlary wada berýändigine düşünmäge kömek etmeli. Şonda olara Ýehowa bilen dostlaşyp, has-da bagtly bolmaga kömek edersiňiz (Zeb. 1:1—3).
16. Ökde mugallym bolmagyň nähili peýdasy bar?
16 Adamlara Ýehowany tanatmakdan bagtly edýän zat ýok. Biz täze dünýäde ençeme adamlara tälim bermeli bolarys. Geliň, häzirden adamlaryň ýagdaýyna düşünmegi, olara Mukaddes Kitapdan öwretmegi we ünsüni Ýehowa çekmegi öwreneliň. Şonda ökde mugallymlaryň biri bolarys.
65-NJI AÝDYM Öňe git!