Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wcg bap 48 sah. 216—219
  • Onuň «imany güýçlüdi, mukaddes ruhdan doludy»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Onuň «imany güýçlüdi, mukaddes ruhdan doludy»
  • Hudaýa bil baglap, batyrgaý boluň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gözleg geçiriň
  • Göreldesine eýeriň
  • Oýlanmak üçin soraglar
  • Köpräk bileýin diýseňiz
  • Stefanus «Hudaýyň kömegi we güýji bilen berk durdy»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Stefanusy daşlaýarlar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • 3 | Pikiriňizi üýtgediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
Başgalary
Hudaýa bil baglap, batyrgaý boluň
wcg bap 48 sah. 216—219

48 STEFANUS

Onuň «imany güýçlüdi, mukaddes ruhdan doludy»

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

OL ÖLÜMIŇ gyrasynda durdy. Şeýle ýagdaýda ýüzüň ak tam bolaýjak ýaly welin, ol özüni rahat duýýardy. Mukaddes Kitapda onuň «ýüzi perişdäniň ýüzi ýalydy» diýilýär. Ol ýehudylaryň ýokary kazyýetiniň öňünde durdy, başgaça oňa Mejlis diýilýärdi. Şondan birnäçe aý öň şol ýerde onuň Halypasyny ölüme höküm edipdiler. Ol batyr ýigitdi, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, başyny dik tutdy, müzzermedi.

Ol mert ýigit «imany güýçli, mukaddes ruhdan doly» Stefanusdy. Iýerusalimdäki doganlaryň arasynda ýagşy abraýy bardy. Ynamdar adam bolansoň, oňa mätäç dogan-uýalaryň iýjek-içjegini ýetirip durmagy tabşyrypdylar. Bir gün käbir ýehudylar Stefanus bilen dawalaşyp başlaýar. Ony sözünde tutup bilmänsoňlar, gahar-gazaba münýärler. Ony kazyýete getirip aýyplap başlaýarlar. Hawa, Stefanus ölüm bilen ýaşaýşyň ortasynda durdy.

Şol wagt Stefanusyň ýadyna Isa pygamberiň aýdan şu sözleri düşendir: «Sizi häkimiýetleriň öňüne eltenlerinde, näme aýdaryn diýip alada etmäň. Näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz, sebäbi siz öz güýjüňiz bilen däl-de, mukaddes ruhuň kömegi bilen geplärsiňiz» (Mar. 13:11). Şu sözler Stefanusyň güýjüne güýç goşdy. Ol kazyýetiň öňünde dursa-da, aljyrap gorkmady, sebäbi Ýehowanyň mukaddes ruhy Stefanusyň kalbyna giňlik beripdi.

Kazyýetiň 71 agzasy bardy. Olaryň bary atly-abraýly, kanuny gowy bilýän mugallymlardy. Kazyýetiň içi giňdi, Mejlisiň agzalary aýlaw görnüşde üç hatar bolup oturýardy, iki kätip bolsa aýdylýan sözleriň birinem ýere gaçyrman ýazýardy. Stefanusy Musanyň kanunyny bozmakda, ybadathana dil ýetirmekde aýypladylar. Eger aýyplama dogry bolsa, ol ölüme höküm edilmelidi. Baş ruhany Kaýafa Stefanusa özüni aklamaga rugsat berdi.

Stefanus söze başlaýar. Ol Ybraýym pygamberden başlap, ysraýylyň taryhyny gürrüň berýär. Şeýle-de Ýusup hakda söz açyp, doganlarynyň ony Müsüre gul edip satandygyny aýdýar. Stefanus Musanyň eden beýik işleri, halkyň oňa baş göterip, gozgalaň turzandygy hakda gürrüň berýär. Şonda Musanyň kanunyny bozýar diýip aýyplan adamlaryň ýüzi-gözi üýtgäp gidendir. Ol Hudaýyň ylhamy bilen Musa pygamberiň Töwrat kitabynda ýazmadyk käbir jikme-jikliklerini hem agzap geçýär.

Stefanus Musa berlen kanun, Ýehowa arassa sežde edilen çadyr we ybadathana hakda diňe gowy zatlary aýtdy. Şeýle-de ol ysraýyllaryň Hudaýyň iberen pygamberlerine gulak asman, gaýta-gaýta gozgalaň turzandygyny aýtdy.

Stefanus ulumsy dini ýolbaşçylaryň öňünde imanyny mertlik bilen gorady

Stefanusyň gaharjaň, hyrsyz, doňýürek adamlaryň elinden diri sypmajakdygyna gözi ýetýärdi. Ol mukaddes ruhuň kömegi bilen höküm habaryny aýdyp başlady. Stefanus: «Eý özdiýenli halk... Siz ata-babalaryňyz ýaly hemişe mukaddes ruha garşy çykýarsyňyz» diýdi. Stefanus olara Musa pygamberiň özünden soň beýik pygamberiň geljekdigi, oňa gulak asmalydygy hakda aýdan sözüni ýatlatdy. Emma olar şol pygambere, ýagny Isa Mesihe dönüklik edip öldüripdiler.

Mejlisiň agzalarynyň gany depesine urup, «dişlerini gyjap başladylar». Şonda Ýehowa Stefanusa ruhlandyryjy görnüş görkezdi. Ol: «Gögüň açylandygyny, Ynsan oglunyň Hudaýyň sagynda durandygyny görýärin» diýdi. Bu sözleri eşidip, Mejlisiň agzalary gahardan ýarylaýjak boldy. Sebäbi şondan birnäçe aý öň Isa: «Ynsan oglunyň Gudratygüýçli Allanyň sagynda oturanyny... görersiňiz» diýipdi (Mat. 26:64). Stefanus şu sözleriň ýerine ýetendigini görüpdi. Häzir onuň Halypasy Ýehowanyň sag tarapyndady.

Stefanus kazyýetde gorkman, ynamly gepleýär. Dini ýolbaşçylar oňa gygyrýar, gulagyny ýapýar we dişini gyjaýar.

Mejlisiň agzalary Stefanusyň sözlerine mundan artyk çydap bilmediler. Olar Stefanusyň üstüne topulyp, şäheriň daşyna çykaryp daşladylar. Şonda Stefanus: «Halypam, Isa! Ruhumy kabul et» diýdi. Stefanus şol wagt hem görnüş gören bolmaly. Soňra ol: «Ýehowa, olara günäsi üçin jeza berme» diýip jan berdi. Mertlik diýip şuňa aýdaýsaň! Stefanus Isa pygamberiň şägirdi hökmünde öldürilen ilkinji adamdy. Onuň ölümini goldan bir ýaş ýigit Stefanusyň soňky deminde aýdan sözlerini hiç wagt ýatdan çykarmady. Ol ýaş ýigidiň kimdigini kitabyň 50, 51 we 53-nji baplaryndan bileris.

Aýatlary okaň

  • Resullar 6:5—8:2

Sorag

Stefanus batyrgaýlygyny nädip görkezdi?

Gözleg geçiriň

  1. 1. Mätäç dogan-uýalara iýmit paýlar ýaly näme üçin Stefanus bilen beýleki doganlar saýlandy? (Res. 6:3—5; bt bap 5, abz. 17, 18). A

    Stefanus azyk paýlamak işine ýolbaşçylyk edýär. Iki dogan uly sebetlerde iýmit alyp gelýär. Stoluň başynda oturan dogan hasap ýöredýär. Onuň öňünde terezi bar.

    Surat A

  2. 2. Stefanusyň Musa pygamber hakda aýdan haýsy zatlary Mukaddes Kitabyň başga ýerinde agzalmaýar? (bt bap 6, abz. 13, çykgyt).

  3. 3. Stefanus ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, näme üçin özüni rahat alyp bardy? (w18.10 sah. 32).

  4. 4. Resullar 7:59-a görä, Stefanus Isa doga etdimi? Düşündiriň (w05 1/1 sah. 31).

Göreldesine eýeriň

  • Stefanusyň «imany güýçlüdi, mukaddes ruhdan doludy». Ol azyk paýlamagy kiçilik bilmedi (Res. 6:2, 5, 8). Ukyp-başarnykly we ýygnakda köp borçlary bolan doganlar Stefanusdan nädip görelde alyp biler? B

    Surat: 1) ýaşuly dogan kongresde çykyş edýär. 2) Ol Ýygnak jaýynyň ulag goýulýan ýerindäki garlary aýyrýar.

    Surat B

  • Stefanus duşmanlary üçin Hudaýa doga etdi. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? (Mat. 5:44—48).

  • Biz Stefanus ýaly ýene nädip batyrgaý bolup bileris?

Oýlanmak üçin soraglar

  • Şu wakadan Ýehowa barada näme öwrendiňiz?

  • Ýehowa şu wakany Mukaddes Kitaba näme üçin ýazdyrdy?

  • Stefanusyň Isa Mesih bilen gökde höküm sürmäge saýlanandygyna näme üçin begenýärsiňiz?

Köpräk bileýin diýseňiz

Stefanus ýaly imanyňyz hakda sypaýyçylyk we mertlik bilen gürrüň bermegi öwreniň.

«Stefanus „Hudaýyň kömegi we güýji bilen berk durdy“» (bt bap 6, abz. 9—19).

Ýehowanyň Şaýatlary yzarlamalarda Stefanus ýaly nädip batyrgaý bolýarlar?

«Yzarlamalarda-da batyrgaý boluň» (6:27).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş