49 PETRUS RESUL
Ol adyna mynasyp boldy
ISA PYGAMBER bilen Simunyň dostlugy şeýle başlady. Isa Simuny gören badyna: «Ýahýanyň ogly Simun, adyň Kifa bolar» diýdi. Kifa (grekçe «Petrus») «Gaýanyň bölegi» diýmegi aňladýardy. Isa Simuna näme üçin beýle at goýduka? Gaýa gaty hem berk bolýar. Adamlar onuň daşlaryndan jaý salýarlar. Isa Simuny gaýa deňemek bilen gelejekde ýygnagyň diregi boljakdygyny göz öňünde tutdy.
Petrus adyna mynasyp ýaşadymy? Kitabyň 45-nji babyny okasaň-a, oňa gaýa diýip bolmaýar. Ol şübhelenýärdi, adamlardan gorkup, köp ýalňyşýardy. Emma Isanyň dostundan tamasy uludy. Ol Petrusyň batyrgaý hem mert dogan bolup ýetişjekdigine ynanýardy. Petrus Halypasynyň ynamyny ödedimi?
Isa pygamber ölümden direlensoň, şägirtlerine wajyp ýumuş tabşyrdy. Petrus gorky-ürkini bilmän, Halypasynyň tabşyran ýumşuna jany-teni bilen ýapyşdy. Iýerusalimde baýramçylyk bellenýärdi, ol ýere müňlerçe adam gelipdi. Petrus hemmeleriň öňüne çykyp, Hudaýyň bellän Mesihini öldürendiklerini çekinmän aýtdy. Ony «diňläp duran adamlaryň ýüregine gylyç sanjylan ýaly boldy». Şol gün 3 000-e golaý adam toba etdi we suwa çümdürilip Isanyň şägirdi boldy.
Petrus nädip Isa pygamberiň aýdyşy ýaly mert we berk imanly adam boldy?
Petrus Hudaýyň Sözüni wagyz etmek üçin wagtyny hem güýjüni gaýgyrmady. Isa oňa «gökdäki Patyşalygyň açarlaryny» ynandy. Petrus birinji açary ýehudylara, ikinji açary samariýalylara, üçünji açary bolsa başga halklara wagyz edende ulandy. Onuň aýdan habaryna seslenen adamlar islendik milletden bolsa-da, Isa bilen gökde höküm sürüp bilýärdi. Petrus hiç kimi ala tutman, hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz edip, Halypasynyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirdi. Ol käte ýeke, käte aýaly bilen uzak ýerlere gidip wagyz ederdi, imandaşlaryny ruhlandyrardy. Ol hatda Hudaýyň Sözüni wagyz etmek üçin maşgalasy bilen Wawilona-da göçdi.
Hoş habary wagyz edendigi üçin duşmanlar Petrusa azar ýamanyny berdiler. Ony we beýleki doganlary birnäçe sapar tussag etdiler. Dini ýolbaşçylar wagyz etmegi gadagan etse-de, Petrus: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýip jogap berdi. Petrusyň sözlerini eşidip, olar hasam gaharlandylar. Olar Petrusy we doganlary gamçyladylar we boşadyp goýberdiler. Şondan soň olar wagyz etmegini goýdumy? Elbetde, ýok! Gaýtam Hudaýyň Patyşalygy we Ýehowanyň bellän Patyşasy Isa Mesih barada has-da yhlasly wagyz etdiler.
Yzarlamalar gün-günden güýjeýärdi. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, duşmanlar Stefanusy daşlap öldüripdiler. Şondan on ýyl geçensoň, zalym Hirodes patyşa Petrusyň dosty we Isanyň şägirdi Ýakuby gylyç bilen öldürdýär. Patyşa Ýakubyň ölümine ýehudylaryň begenendigini görüp, Petrusy hem tussag etmegi buýurýar. Ol Petrusyň iki elini zynjyr bilen baglap, zyndana atdyrýar, daşyndan garawul goýýar. Şondan birnäçe ýyl öň Isa Petrusyň nädip öldüriljekdigini aýdypdy. Petrus demir gözenegiň aňyrsynda içini hümledip, Isanyň aýdan güni geläýdi öýdýän diýip pikir edendir.
Ölümini boýun alyp oturan adamyň gözüne uky gelmejek ýaly welin, Petrus süýji ukuda ýatyrdy. Ýarygije Ýehowanyň perişdesi peýda bolýar. Ol Petrusy oýaryp, elindäki zynjyrlary üzýär. Garawullardan hem derwezeden geçirip, köçä çykarýar. Indi Petrus näme eder? Ol sag-aman gaçyp başymy gutarsam bolýar diýermi? Ýok. Petrus dogan-uýalaryň nirede ýygnanyşyp, Hudaýa doga-dileg edýändigini bilýärdi. Ol dessine şol ýere baryp, dogan-uýalary ruhlandyrýar, imanyny berkidýär.
Petrus Halypasynyň «doganlaryň imanyny berkit», «guzularymy otlat» diýen tabşyrygyny ömrüniň soňuna çenli ýerine ýetirdi (Luka 22:32; Ýah. 21:17). Ol nirä barsa-da, hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz edýärdi, Hudaýyň halkynyň imanyny berkidýärdi. Elbetde, onuň ýalňyşan wagtlaram boldy. Bir gezek ol ýehudylara ýaranjaňlyk edip, tarapgöýlik etdi, maslahatam eşitdi. Emma ol öýkelemedi, pesgöwünlik bilen maslahaty kabul etdi, ýalňyşyndan sapak edindi. Petrus dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin iki hat ýazdy. Onuň ýazan hatlary Mukaddes Kitaba goşuldy. Onlarça ýyl yhlasly wagyz edensoň, Petrusy tussag etdiler we öldürdiler. Emma ömrüniň ahyryna çenli onuň imany asla sarsmady. Hawa, Petrus «gaýa» diýen adyna mynasyp ýaşady.
Aýatlary okaň
Sorag
Petrus batyrgaýlygyny nädip görkezdi?
Gözleg geçiriň
1. Isa Petrusa «gökdäki Patyşalygyň açarlaryny berdi». Petrus olary haçan ulandy? (Mat. 16:18, 19; ijwbq makala 124, abz. 1—5). A
Surat A: Petrus Iýerusalimde ýaşaýan ýehudylara, Samariýada ýaşaýan samariýalylara we Kaýsariýada ýaşaýan başga halklara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýär.
2. Petrusyň Korneliýiň öýüne barmanka-da adamlary ala tutmandygyny nireden bilse bolýar? (Res. 10:5—7, 23; bt bap 9, abz. 1, çykgyt). B
Surat B: Gadymy Ýafa şäheri
3. Petrusyň Pawlusyň maslahatyny kabul edendigini nireden bilse bolýar? (w17.04 sah. 26, 27, abz. 15—17).
4. Petrus näme üçin Wawilona göçýär? (w14 15/1 sah. 24, abz. 9).
Göreldesine eýeriň
Petrus Iýerusalimdäki adamlara çekinmän wagyz etdi we olar bilen sylaşykly gepleşdi. Biz haýsy ýagdaýlarda hem batyrgaý, hem sylaşykly bolmaly?
Petrus jogapkär dogan bolsa-da, Pawlusyň maslahatyny kabul etdi. Petrusdan nädip görelde alyp bileris? Ç
Surat Ç
Biz Petrus resul ýaly ýene nädip batyrgaý bolup bileris?
Oýlanmak üçin soraglar
Şu wakadan Ýehowa barada näme öwrendiňiz?
Ýehowa şu wakany Mukaddes Kitaba näme üçin ýazdyrdy?
Petrusyň Isa Mesih bilen gökde höküm sürmäge saýlanandygyna näme üçin begenýärsiňiz?
Köpräk bileýin diýseňiz
Petrus bilen bolan waka Ýehowa bil baglamaga we gorkyny ýeňmäge nädip kömek edýär?
Şu ýumuş arkaly Resullar 10-njy bapdaky wakalar hakda köpräk biliň.
«Hudaý ala tutmaýar» («Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin ýumuş»).