SAPAK 16
Ruhlandyryň
Eýýup 16:5
MAKSADY: Diňleýjileriň ünsüni kynçylyklara däl-de, olaryň çözgüdine çekiň. Olary ruhlandyrýan zatlar hakda gürrüň ediň.
NÄDIP ETMELI?
Diňleýjileriň niýetine şübhelenmäň. Dogan-uýalaryň Ýehowany söýýändigine ynanyň. Maslahat bermek isleseňiz hem, mümkin bolsa, başda ýürekden öwüň.
Erbet zatlar hakda azrak aýdyň. Erbet maglumaty aýtmaly bolsaňyz, ony diňe peýdaly tarapyny görkezmek üçin ulanyň. Ýöne çykyşyňyz diňleýjileri ruhlandyrsyn.
Hudaýyň Sözi arkaly ruhlandyryň. Diňleýjilere Ýehowanyň geçmişde eden, häzir edýän we gelejekde etjek işleri hakda aýdyň. Olaryň umydyny berkidiň we ruhlandyryň.