MUKADDES KITABYŇ GAHRYMANY
Abdyýar ýaly Ýehowadan gorkmagy öwreniň
Abdyýar zalym Ahap patyşanyň köşk dolandyryjysydy. Ahap halka Bagal taňrysyna sežde etmäge rugsat beripdi. Ýöne Abdyýar «ýaşlygyndan» Ýehowany razy edip ýaşaýardy, Ony gynandyrmakdan gorkýardy (1 Pat. 18:1—13). Izabel Ýehowanyň hemme pygamberlerini öldürmegi buýurýar. Abdyýar muny bilende pygamberleriň janyny halas etmek üçin aýgytly hereket edýär. Şol wagt ýekeje pygamberi gizlemegiň özem howpludy. Üstesine-de, halk açlykdan kösenýärdi. Emma Abdyýar batyrgaýlyk bilen Ýehowanyň 100 pygamberini gizleýär we iýjek-içjegini ýetirýär. Patyşanyň we şa aýalynyň gözüne ilmän, Bagalyň ýüzlerçe pygamberlerine bildirmän şu işleri etmek Abdyýara aňsat düşen däldir (1 Pat. 18:19).
Biz Hudaýa wepaly we Ondan gorkýan Abdyýardan näme öwrenip bileris? Elbetde, Abdyýar Ahap patyşadan gorkýardy. Ýöne Ýehowadan has gorkýardy. Şol sebäpli ol doganlaryny goramak üçin janyny orta goýdy. Eger biziňem ýaşaýan ýerimizde wagyz işi gadagan edilen bolsa, Hudaýdan gorkyny ösdürmeli. Şonda kyn güne düşen dogan-uýalary batyrgaýlyk bilen goldarys we gerekli kömegi bereris.