Okyjylaryň sowallary
Milletler haçan «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan eder?
«Garawul diňi» žurnalynyň geçenki «Okyjylaryň sowallarynda» aýdylyşy ýalya, Ýehowa tizden «on şahyň» (ähli hökümetleriň) ýüregine «öz pikirini» guýar. Olar hem ygtyýaryny we güýjüni «gyrmyzy reňkli wagşy haýwana», ýagny Birleşen milletler guramasyna berer. Şol wagşy haýwana «wagşy haýwanyň şekili» hem diýilýär (Ylh. 13:14, 15; 17:3, 16, 17). Soňra «on şah» we ygtyýar alan wagşy haýwan bütin dünýäde ýalan dinleri ýok eder. Milletler «parahatlyk we howpsuzlyk»b diýen habary ýalan din ýok edilenden soň yglan edermi ýa-da ondan öň? (1 Sel. 5:3).
Biz milletleriň «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip haçan yglan etjekdigini anyk bilmeýäris. Eger ähli zady jikme-jik bilen bolsak, oýa bolmak gerek bolmazdy. Ýöne Isa şägirtlerine: «Oýa boluň» diýip gaýta-gaýta duýdurdy (Mat. 24:42; 25:13; 26:41). Geliň, Ýehowanyň Pawlus resul arkaly aýdan pygamberligine seredeliň.
Pawlus resul: «Adamlar: „Parahatlyk we howpsuzlyk!“ diýende... olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner» diýip ýazdy (1 Sel. 5:2, 3). Edebiýatlarymyzda Pawlusyň sözleri köplenç şeýle düşündirilýärdi: milletler uly betbagtçylygyň öň ýany «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan ederler. Uly betbagtçylyk bolsa Beýik Wawilonyň (ýalan dinleriň) ýok edilmegi bilen başlanar. Şeýle-de milletler «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan edende uly betbagtçylygyň başlajakdygyny bileris diýip öwredilýärdi.
Emma köp gözleg-barlaglardan soňra muňa başgaça düşünse bolýandygyna göz ýetirdik. Belki-de, milletler «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip ýalan dinler ýok edilenden soň yglan eder. Näme üçin şeýle diýip bileris? Geliň, käbir sebäplerine seredeliň.
Uruşlaryň bolmagyna ýalan dinleriň täsiri barmy? Mukaddes Kitapda şeýle düşündirilýär: «Ýer ýüzünde öldürilenleriň gany senden (ahlaksyz aýal, ýagny Beýik Wawilon) tapyldy» (Ylh. 17:1, 5; 18:24). Taryhyň dowamynda ýalan din uruşlary goldady, ýigrenjiň döremegine we millionlarça adamlaryň ölümine sebäp boldy. Diýmek, ýalan din parahatlygy we howpsuzlygy däl-de, urşy hem-de zalymlygy döretdi. Onda şeýle sorag döreýär: milletler diňe Beýik Wawilony ýok edeninden soň «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan edermi? Belki, biz muny anyk aýdyp bilmeýäris.
«Parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan edilenden soň näme bolar? Pawlus: «Olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner» diýdi (1 Sel. 5:3). Eger milletler ýalan din ýok edilmänkä «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan etse, onda ýalan diniň hem-de milletleriň ýok edilmegi üçin biraz wagt gerek bolýar. Ýöne Pawlus milletleriň üstüne betbagtçylygyň duýdansyz injekdigini aýtdy. Diýmek, milletler «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip ýalan din ýok edilenden soň yglan etmegi mümkin.
Pygamberlik Ýehowanyň halkyna nähili täsir eder? Pawlus: «Doganlar, ol gün üstüňize duýdansyz geler ýaly, siz ogry kimin garaňkylykda dälsiňiz» diýdi (1 Sel. 5:4). Eger «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip ýalan din ýok edilenden soň yglan edilse, Ýehowanyň halky tizden milletleriň hem ýok ediljekdigini biler. Emma «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan eden milletler hemme zat gülala-güllük diýip arkaýyn bolar. Olaryň üstüne betbagtçylyk ogry ýaly duýdansyz geler.
Biz tizden «on şahyň» we gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň ýalan dini ýok etjekdigini anyk bilýäris. Şonda uly betbagtçylyk başlar. Şeýle-de milletleriň «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip iru-giç yglan etjekdigini bilýäris. Emma ol haçan yglan ediler? Biz munuň bolup biläýjek iki sebäbi hakda gürrüň etdik. Birinjiden, «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip, belki, ýalan din ýok edilmänkä yglan ediler. Ikinjiden, milletler ýalan dini ýok edenden soňra «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan etmegi mümkin. Sabyrly garaşsak, ony gözümiz bilen göreris. Biz Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere ýerine ýetip durka ýa-da ýerine ýetenden soňra has gowy düşünýäris (Ýahýa 12:16-ny deňeşdiriň).
Biziň üçin iň wajyp zat milletleriň «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip haçan yglan etjekdigi däl-de, Ýehowa wepaly bolmak. Biz «hemişe oýa bolup, sagdyn pikirlenmeli», şonda haçan, nähili ýagdaý bolsa-da taýýar bolarys (1 Sel. 5:6).
a «Okyjylaryň sowallaryny» okaň (w25.11).
b Pawlus resulyň sözlerinden görnüşi ýaly, şol habar bir däl-de, birnäçe gezek yglan edilmegi mümkin.