1-NJI BÖLÜM
Idrisden serdarlaryň döwrüne çenli
Çap edilen görnüşi
Şu bölümde geçmişe nazar aýlap, 2 200 ýylyň dowamynda ýaşan adamlar barada gürrüň ederis. Bölüm Adam atanyň döwründe ýaşan Idris pygamberden başlap, Şamuwel pygamberiň döwrüne çenli bolan wakalary öz içine alýar. Şol ýyllarda Nuh, Ybraýym, Bibisara, Musa, Rahaw, Debora we Gedeýon ýaly wepaly adamlar Ýehowa gulluk etdiler. Olar Alla üçin köp zadyndan geçdiler, uzak ýola rowana boldular, agyr günleri başdan geçirdiler, hatda «Ýehowanyň söweşlerine-de» gatnaşdylar. Olar Hudaýy söýýändigi üçin batyrgaýlyk bilen ähli kynçylyklary böwsüp geçdiler.