3-NJI BÖLÜM
Isa Mesihiň we şägirtleriniň döwri
Çap edilen görnüşi
Şu bölümde 100 ýylyň dowamynda bolan wakalar gürrüň berilýär. Bölümiň başynda Ýehowanyň ýehudylardan Merýem atly bir pesgöwünli gyza üýtgeşik ýumuş tabşyrandygyny bileris. Şeýle ýumşy öň hiç bir adam ýerine ýetirip görmändi. Bölümiň soňunda bolsa Isanyň gowy görýän şägirdi Ýahýa resul barada bileris. Şeýle-de suwa çümdürýän Ýahýa, Petrus, magdalaly Merýem, Stefanus we Pawlus resul bilen tanşarys. Adamlar diňlemese-de, ýigrense-de, zalymlyk bilen yzarlasa-da, olar Isanyň Mesihdigini batyrgaýlyk bilen aýtdylar. Olar Halypasynyň göreldesine eýerip, hoş habary wagyz etmäge çekinmediler.