SAPAK 2
Gepleşik dili
2 Korinfliler 2:17
MAKSADY: Diňleýjileriň ýagdaýyna hem-de tema düşünýändigiňiz görner ýaly adaty gepleşikdäki ýaly gepläň. Aýdýan sözleriňiz ýürekden çyksyn.
NÄDIP ETMELI?
Doga-dileg edip gowy taýýarlanyň. Diňleýjileriň ünsüni özüňize däl-de, aýdýan zatlaryňyza çekmek üçin Ýehowadan kömek soraň. Esasy haýsy pikiri düşündirmelidigini anyklaň. Gürrüň berjek zadyňyzy edebiýatlarymyzda ýazylyşy ýaly okap bermäň-de, öz sözleriňiz bilen aýdyň.
Ýürekden gepläň. Aýtjak zatlaryňyzyň diňleýjilere peýdasy hakda oýlanyň. Şonda siziň durşuňyzdan, el we ýüz hereketiňizden diňleýjileriň aladasyny edýändigiňiz hem-de ýürekden gepleýändigiňiz görner.
Diňleýjilere serediň. Eger ýerlikli bolsa, diňleýjileriň ýüzüne seredip gepläň. Çykyş edeniňizde olara diňe bir göz aýlaman, her birine aýratynlykda serediň.