Thai Liang Lim/E+ via Getty Images
OÝA BOLUŇ!
Sosial ulgamlarynyň ýaşlara ýetirýän täsiri bütin dünýäni aýaga galdyrdy
2025-nji ýylda hökümetleriň köpüsi sosial ulgamlarynyň ýaşlara ýetirýän zyýany barada biynjalyk bolýandyklaryny ençeme gezek aýtdylar. Şol döwletleriň biri 16 ýaşa ýetmedik ýaşlara sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan etdi. Beýleki döwletler hem Internet ulgamlaryny çäklendirmek barada pikirlenýärler.
Sosial ulgamlarynyň zyýan ýetirýändigini ýetginjekleriň özleri hem boýun alýar. 2025-nji ýylyň aprelinde geçirilen barlaglara görä, ýaşlaryň deň ýarysy diýen ýaly (48%) sosial ulgamlarynyň deň-duşlaryna erbet täsir edendigini aýdýarlar (Amerikanyň gözleg-barlag geçirýän Pýu merkezi).
Lukmanlar Internet ulgamlarynyň ýaşlaryň saglygyna uly zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Geçen ýyl ABŞ-nyň baş hirurgy Dr. Wiwek Murti şeýle diýipdi: «Häzir ýaşlaryň köpüsi duýgy taýdan ejir çekýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri — sosial ulgamlary».
Ene-atalar çagalaryny sosial ulgamlarynyň ýetirýän zyýanyndan nädip gorap bilerler? Bu babatda Mukaddes Kitapda gowy maslahatlar berilýär.
Ene-atalar näme edip biler?
Mukaddes Kitapdaky şu maslahatlar barada oýlanyň.
«Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» (Nakyllar 14:15).
Çagaňyza sosial ulgamlaryny ulanmaga rugsat berýän bolsaňyz, çäk goýmagy ýatdan çykarmaň. Rugsat bermezden öň çagaňyzyň goýan wagtyňyzdan çykmajakdygyna, sosial ulgamynda erbet adamlar bilen gatnaşmajakdygyna we girmesiz ýerlere girmejekdigine göz ýetiriň.
Köpräk bilmek üçin «Çagam sosial ulgamyny ulansa bolarmy?» (rus.) we «Çagama sosial ulgamyny dogry ulanmaga nädip kömek edip bilerin?» (rus.) atly makalalary okap bilersiňiz.
«Wagtyňyzy paýhasly ulanyň» (Efesliler 5:16).
Eger çagaňyza sosial ulgamyny ulanmaga rugsat berýän bolsaňyz, olary ulanmak babatda käbir düzgünleri goýuň, şol düzgünleriň peýdasy hakda-da düşündiriň. Şeýle-de çagaňyzyň özüni alyp barşyna ünsli boluň. Onuň azajygam bolsa üýtgäp başlandygyny görseňiz, sosial ulgamlary ulanmagyny çäklendirseňiz gowy bolar.
«Interneti paýhasly ulan!» diýen janlandyrylan suratly wideony görkezip, sosial ulgamyny ulananda çäk goýmagyň näme üçin wajypdygyny düşündiriň.
Mukaddes Kitapdaky başga-da maslahatlary ene-atalar «Saglyk guramalary Internet ulgamynyň ýaşlara erbet täsir edýändigini aýdýar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?» atly makaladan tapyp bilerler.
Köpräk biliň
Mukaddes Kitapda biziň «juda kyn döwürde» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1—5). Ýöne ol ýerde duş gelýän kynçylyklarymyza döz gelip biler ýaly peýdaly maslahatlar bar. Meselem, «Göwnüçökgünlige düşýän ýetginjekleriň sany köpelýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?» atly makalada ene-atalar we çagalar üçin peýdaly boljak 20-den gowrak makaladyr wideolaryň salgylary bar.