10—16 AWGUST, 2026
122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň
Kyn pursatda wepalylyk
«Halypam, biz nirä gideli? Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär ahyryn» (Ýah. 6:68).
ESASY PIKIR
Biz kyn ýagdaýlarda-da Ýehowa wepaly bolup bilýäris.
1, 2. Isa Kapernawumda öwredip otyrka näme boldy?
BIR GÜN Isa Kapernawumda märekä wagyz edip otyrdy. Şonda ol şeýle sözleri aýtdy: «Size hakykaty aýdýaryn, Ynsan oglunyň bedenini iýmeseňiz we ganyny içmeseňiz, ýaşaýşa gowuşmarsyňyz. Bedenimi iýip, ganymy içýän adam ebedi ýaşar, men ony gelejekde direlderin» (Ýah. 6:53, 54). Isany diňläp duran şägirtleriň köpüsi onuň aýdýanlaryny halamadylar. Şol sebäpli şägirtler: «Onuň näme diýýändigini eşidýäňizmi? Diňlär ýaly däl-ä» diýip hüňürdeşdiler (Ýah. 6:60).
2 Şondan soň şägirtleriň köpüsi Isa gulak asmak islemän ýanyndan gitdiler. Aslynda, olar Isa iman edýärdiler. Sebäbi şondan biraz wagt öň käbir adamlar, şol sanda Isanyň şägirtleri onuň gudratlaryny görüp: «Dogrudanam, ol gelmeli Pygamber» diýişdiler (Ýah. 6:14). Ýöne olar Isanyň aýdan sözlerine düşünmändigi üçin wepaly bolup bilmediler.
3. Käbir şägirtlerden tapawutlykda resullar näme etdiler we näme üçin? (Surata serediň).
3 Resullar Isa wepaly boldular. Isa olardan: «Siziň hem gidesiňiz gelýärmi?» diýip soranda, Petrus: «Halypam, biz nirä gideli? Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär ahyryn. Biz saňa iman etdik, seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe göz ýetirdik» diýip jogap berdi (Ýah. 6:68, 69). Petrusam, beýleki şägirtlerem Isanyň aýdan sözlerine düşünmeseler-de, ony taşlap gitmediler. Sebäbi Isanyň «Hudaýyň iberen Mesihidigine» ynanýardylar (Luka 9:20, 35).
Köp şägirtler Isany taşlap gitse-de, Petrus bilen resullar oňa wepaly boldy (3-nji abzasa serediň).
4. Haýsy ýagdaýlarda Ýehowa wepalylygymyz synalyp biler?
4 Käte gurama Mukaddes Kitapdaky aýatlary täzeçe düşündirýär ýa-da wagyz etmegiň usullary üýtgeýär. Käte bolsa Ýehowanyň käbir kynçylyklara näme üçin ýol berýändigine düşünmeýäris. Şeýle-de ýakyn dostumyz ýa-da joramyz ýüregimize ýara salýar, ýa bolmasa gowy görýän adamlarymyzyň biri adalatsyzlyk edýär. Şeýle ýagdaýlarda biziň Ýehowa wepalylygymyz synalyp bilýär.
5. Imanymyz näme üçin berk bolmaly? Mysal getiriň (Koloslylar 1:23).
5 Kyn ýagdaýlarda Ýehowa wepaly bolmak üçin imanymyz berk bolmaly. Meselem, jaýyň düýbi berk tutulsa, ol ýertitreme bolanda ýykylmaýar. Edil şonuň ýaly, imanymyz berk bolsa, ýokarky abzasda agzalan ýagdaýlarda Ýehowa wepaly bolarys. Eger biz mundan beýlägem imanymyzy berkidip dursak, nähili kyn ýagdaý bolsa-da, Ýehowa gulluk etmegi goýmarys (1 Kor. 15:58; Koloslylar 1:23-i okaň).
6. Resullara Isa wepaly bolmaga näme kömek etdi?
6 Käbir şägirtler Isany taşlap gitseler-de, resullar näme üçin oňa wepaly boldular? Olar diňe ähli zady ýaradan Ýehowa sežde etmelidigine, Isanyň Hudaýyň Ogludygyna we oňa gulak assalar, ebedi ýaşajakdyklaryna ynanýardylar. Şeýle-de Ýehowanyň Isadan razydygyny bilýärdiler. Şu günler bize kyn ýagdaýlarda Ýehowa wepaly bolmaga üç zat kömek edýär. Birinjiden, Ýehowa ähli zady ýaradan Hudaý. Ikinjiden, Mukaddes Kitap — Ýehowanyň Sözi. Üçünjiden, Ýehowa halkynyň arkasynda durýar. Eger biz şu zatlara şübhelenmesek, onda islendik ýagdaýda Ýehowa wepaly bolup bileris.
ÝEHOWA ÝARADYJY
7. Ylham 4:11-de Ýehowa barada näme diýilýär we muny bilmek kyn ýagdaýlarda nädip kömek edýär?
7 Ylham 4:11-i okaň. Aýatdan görnüşi ýaly, ähli zady Ýehowa ýaratdy. Şonuň üçin sežde edilmäge diňe Ol mynasyp. Eger biz Ýehowanyň hemme zada güýjüniň ýetýändigi hakda oýlansak, islendik kyn ýagdaýda kömek etjekdigine asla şübhelenmeris. Şeýtan adamlary Ýehowanyň bardygyna şübhelendirjek bolup, Ol hakda her hili ýalan zatlary ýaýradýar. Hatda käbir adamlaram Ýaradyjynyň ýokdugyny subut edip bilýändigini aýdýarlar. Ýöne biz Ýehowanyň ähli zady ýaradandygyna we bizi söýýändigine berk ynanmaly. Ýogsam başymyza kynçylyk düşende Ýehowanyň bardygyna we kömek etjekdigine şübheleneris (Ýew. 11:6).
8, 9. Ýehowanyň Ýaradyjydygyna şübhelenip başlan bolsaňyz näme etmeli? (Surata serediň).
8 Eger siz Ýehowanyň ähli zady ýaradandygyna şübhelenip başlan bolsaňyz, onda gol gowşuryp oturmaň. Edebiýatlarymyzdan Ýehowanyň Ýaradyjydygyny nämeleriň subut edýändigi hakda gözleg geçiriň. «Ýaşaýyş nädip döredi?» diýen broşýurada ençeme subutnamalar getirilýär. Şeýle-de jw.org saýtyndan «Öz-özünden döredimi ýa-da ýaradyldy?» diýen internet makalalary okasaňyz, imanyňyz hasam berkär. ABŞ-da ýaşaýan Jessika atly ýaş uýa şeýle gürrüň berýär: «Edebiýatlarymyzdan Ýaradyjynyň bardygyny subut edýän zatlar hakda okamsoň, hiç zadyň öz-özünden döremändigine hasam göz ýetirdim. Elbetde, men muny öňem bilýärdim. Ýöne gözleg-barlag geçirip subutnamalary tapamsoň, imanym hasam berkedi». «Ebedi ýaşaň» kitabynyň 6, 7-nji sapaklary köp dogan-uýalara Ýehowa imanyny berkitmäge kömek etdi. Eger sizem şu abzasda getirilen edebiýatlary gaýtadan okasaňyz, imanyňyz hasam berkär.
9 Şahsy okuwynda Ýehowanyň bardygyny, diri Hudaýdygyny subut edýän zatlar hakda gözleg geçiriň. Şonda diňe bir Ýehowanyň bardygyna imanyňyz berkemän, eýsem Ony hasam ýakyndan tanarsyňyz (Rim. 1:20). Şeýle-de Hudaýa ynanmaýan adamlara kömek edersiňiz. Görşümiz ýaly, sansyz-sajaksyz ýaradylan zatlar Ýehowanyň bardygyny subut edýär.
Nebula: IAC/RGO/David Malin Images; fish and car: Mercedes-Benz USA; plane: Kristen Bartlett/University of Florida
«Ýaşaýyş nädip döredi?» diýen broşýurany gaýtadan okaň (8-nji abzasa serediň).
MUKADDES KITAP — HUDAÝYŇ SÖZI
10. Mukaddes Kitaba näme üçin taý geljek kitap ýok? (2 Timoteos 3:16, 17).
10 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary okaň. Mukaddes Kitap Ýehowanyň adamlar üçin ýazdyran habary. Onda şeýle soraglaryň jogaby bar: ýaşaýyş nädip döredi? Biz näme üçin ýaşaýarys? Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär? Mukaddes Kitaba taý geljek kitap ýok. Biz onuň Ýehowanyň Sözüdigine ynanýarys. Şonuň üçin Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyza düşünip, olary durmuşymyzda ulanmak isleýäris.
11. Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigine näme üçin ynanýarys?
11 Biz Mukaddes Kitabyň Ýehowanyň Sözüdigine näme üçin ynanýarys? Onuň bir sebäbi, Mukaddes Kitapda hakykatdanam bolan wakalar ýazylan (Luka 3:1, 2). Şeýle-de ol ylmy taýdan dogry gelýär (Eýp. 26:7). Şeýtan Mukaddes Kitaby näçe ýok etjek bolsa-da, ol dürli dillerde giňden ýaýran ýeke-täk kitap. Mukaddes Kitaby takmynan 1 600 ýylyň dowamynda 40-a golaý adam ýazsa-da, ondaky wakalar we pikirler biri-biri bilen baglanyşýar. Mundan başga-da, ondaky maslahatlar şu güne çenli millionlarça adama kömek edip gelýär (Nak. 13:20; 15:21; Mat. 7:12). Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň köpüsi ýerine ýetdi. Şonuň üçin ony Hudaýyň ýazdyrandygyna şek-şübhe ýok (Ýuşa 23:14). Dogrudanam, Mukaddes Kitap — Ýehowanyň Sözi.
12. Mukaddes Kitabyň Ýehowanyň Sözüdigine şübhelensek näme etmeli?
12 Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigine şübhelensek näme etmeli? Ýehowa doga edip, şübhelerimiz barada aýtmaly we gözleg geçirmeli. Mesihçi maşgalada ulalan Jordan atly ýaş dogan şeýle gürrüň berýär: «Men öwrenýän zatlarymyň hakykatdygyna ene-atamyň ýa-da başgalaryň aýdýandygy üçin ynanmaýaryn. Men olaryň dogrudygyna özüm göz ýetirýärin. Eger käbir zatlara şübhelenip başlasam, olara jogap tapmak üçin edebiýatlarymyzdan gözleg geçirýärin». Eger biz Mukaddes Kitabyň Ýehowanyň Sözüdigine näme üçin ynanýandygymyzy öz-özümize subut edip dursak, imanymyz hasam berkär (1 Kor. 3:12, 13).
ÝEHOWANYŇ ISLEGINI BERJAÝ EDÝÄN HALK
13. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň halkydygyna şübhelensek näme etmeli?
13 Eger biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň halkydygyna şübhelensek, onda oňa ynamymyzy berkitmek üçin elimizde baryny etmeli. Munuň üçin şeýle soraglar hakda oýlanmaly: kimler Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga jan edýär? Kimler Mukaddes Kitapda ýazylan zatlary öwredýär? Kimler Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýär? (2 Tim. 4:3, 4; Mat. 7:20, 21).
14. Ýehowanyň Şaýatlary Matta 24:14-däki pygamberligi nädip ýerine ýetirýär?
14 Hudaý dünýäniň soňy gelmänkä, hoş habaryň hemme ýerde wagyz edilmegini isleýär. Hudaýyň islegini kimiň ýerine ýetirýändigini bilmek üçin şeýle sorag hakda oýlanyp bileris: şu günler kimler hoş habary wagyz edýär? (Mat. 24:14). Hoş habary diňe Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz edýändigi köre mälim. Şu günler 240-dan gowrak ýurtda wagyz edilýär. Ýehowanyň Şaýatlarynyň hoş habary aýdyp ýörenine eýýäm 100 ýyldan gowrak wagt geçdi. Dogrudanam, Ýehowanyň halky üçin hoş habary wagyz edip, adamlara hak Hudaý barada öwretmekden wajyp zat ýok (Mat. 28:19, 20).
15. Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň adyny nädip şöhratlandyrýarlar? (Matta 6:9; Işaýa 43:10).
15 Matta 6:9; Işaýa 43:10-njy aýatlary okaň. Biz Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýändigimize örän buýsanýarys. Köp adamlar hak Allanyň adyny bilmeýärler. Ýöne biz Hudaýyň adyny Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda gabat gelýän ähli ýerlerinde goýmak üçin köp zähmet çekdik. Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde Hudaýyň ady 7 000 gezekden gowrak duş gelýär.
16. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýahýa 13:34, 35-däki sözlere eýerýändigi nämeden görünýär? (Surata serediň).
16 Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okaň. Şu günler köp adamlar oňuşmaýarlar, bir-birini ýigrenýärler. Ýöne Ýehowanyň halky olardan tapawutlanýar. Dogan-uýalar bir-birini söýüp, agzybir ýaşaýarlar. Ýehowanyň Şaýatlary dürli ýurtdan bolsalar-da, medeniýeti, terbiýesi tapawutlansa-da, agzybir ýaşamak üçin elinde baryny edýärler. Belki, siz daşary ýurda gideniňizde ýygnaga baryp görensiňiz. Şonda ol ýerdäki dogan-uýalaryň hem birek-biregi söýüp, oňşup ýaşaýandygyny görensiňiz. Hakykatdanam, Ýehowanyň Şaýatlary hak Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän ýeke-täk halk. Eger siz şuny ýatda saklasaňyz, onda islendik kyn ýagdaýda Ýehowa wepaly bolarsyňyz.
Bütin dünýädäki dogan-uýalary diňe Ýehowa agzybir edýär (16-njy abzasa serediň)a.
ÝEHOWANY TAŞLAMAŇ!
17, 18. Bizde nähili kynçylyklar bolup biler we nämä ynamly bolmaly?
17 Bilşimiz ýaly, biz soňky günlerde ýaşaýarys. Şonuň üçin bu gün bolmasa ertir hökman kynçylyklar bolar (2 Tim. 3:1, 13). Bize guramada bolýan özgerişliklere düşünmek ýa-da berilýän görkezmelere gulak asmak kyn bolup biler. Dogan-uýalar bilen aramyzda göwnedegişlik bolsa ruhdan düşüp bileris. Ýa bolmasa, kyn ýagdaýdan nädip baş alyp çykmalydygyny bilmeris. Şeýle-de käbir ýagdaýlaryň näme üçin bolýandygyna asla düşünmezligimiz ahmal.
18 Biz kynçylyklar sebäpli gaýgy-alada edip, ruhdan düşsek-de, hemişe Ýehowa wepaly bolup bilýäris. Sebäbi Ýehowanyň ähli zady ýaradandygyny, Mukaddes Kitabyň Onuň Sözüdigini we diňe Ýehowanyň Şaýatlarynyň hak Hudaýyň halkydygyny bilýäris. Petrusyň Isa aýdyşy ýaly, bizem Ýehowa: «Biz nirä gideli? Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär ahyryn» diýýäris.
123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň
a SURATYŇ BEÝANY: uýa gyzjagazy bilen awtobusda gidip barýarka, stendli wagyz edip duran dogan-uýany görüp begenýär.