Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w26 Aprel sah. 2—7
  • Ýehowa ýaşlygymdan tälim berdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa ýaşlygymdan tälim berdi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • TÄLIM DOWAM EDÝÄR
  • PIONER GULLUGYNYŇ BERÝÄN ŞATLYGY
  • SENEGALA BELLEDILER
  • EDMUNSTONDA WE KWEBEKDE PIONER BOLUP GULLUK ETDIK
  • WEPALY DOGAN-UÝALAR HAKDA ÝAKYMLY ÝATLAMALAR
  • WEPALY DOGANLARYŇ GÖRELDESI
  • BEÝTELE ÇAGYRDYLAR
  • Gowy adamlaryň göreldesi meni ruhy taýdan baý etdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýürekden gyzyklanyň we bereket alyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Patyşalygyň gullukçylaryna tälim berilýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Elimi gowşatmazlygy ýüregime düwdüm
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2026
w26 Aprel sah. 2—7
Deýwid Spleýn otagynda işläp otyr.

TERJIMEHAL

Ýehowa ýaşlygymdan tälim berdi

DEÝWID SPLEÝN GÜRRÜŇ BERDI

DOGANYŇ beren hatyny okanymda doňup galdym. Şol hatda: «Deýwid Spleýn, 1953-nji ýylyň 8-nji apreli, „Armageddon barada wagyz etmeli“» diýen sözler ýazylgydy. Men dogandan: «Bu näme?» diýip soradym. Ol: «Bu seniň Teokratik gulluk mekdebindea çykyş etmeli nutugyň» diýdi. Şonda ör-gökden gelip: «Men nutuk bilen çykyş etjek diýmedim-ä» diýdim.

Şol wakanyň yzyny gürrüň bermänkäm, ilki özüm hakda aýdyp beresim gelýär. Men Ikinji jahan urşy döwri Kanadanyň Kalgari şäherinde dünýä indim. Takmynan 75 ýyl mundan öň Donald Freýzer atly ýaş pioner dogan biziň gapymyzy kakdy. Şonda ejem hakykaty kabul edip, Mukaddes Kitap okuwyna başlady. Ol Ýehowa barada öwrenmegi gowy görýärdi, ýöne agyr keseli sebäpli ýygnaklara yzygider gatnaşyp bilmeýärdi. Ol ruhy taýdan ösüp, 1950-nji ýylda suwa çümdürildi. Gynansak-da, iki ýyla golaý wagt geçensoň, ejem aradan çykdy. Kakam şol wagt Ýehowa gulluk etmese-de, dogana ejemiň ýas nutugy bilen çykyş etmäge rugsat berdi.

Şondan birnäçe wagt geçensoň, uly ýaşly Elis atly saýlanan uýa meni ýygnaga çagyrdy. Ol meni tanaýardy, sebäbi ejem özüni gowy duýan wagty hepdäniň ahyrynda geçirilýän ýygnaklara barýardyk. Men duşuşyga gitmek üçin kakamdan rugsat soradym. Ol maňa rugsat berdi we ejemiň ýas nutugy bilen çykyş eden dogana sagbolsun aýtmak üçin bir gezeklik ýygnaga gitjekdigini aýtdy. Şol gün agşam Teokratik gulluk mekdebi we Gulluk duşuşygy bolupdy. Duşuşyk kakamyň göwnüne ýarady. Nutukda eşiden zatlary onuň ýüreginde öçmejek yz galdyrdy. Şeýdip, kakam her hepde şol duşuşyga gatnaşyp başlady. Wagtyň geçmegi bilen, ol beýleki duşuşyklara-da gelip başlady.

Şol wagtlar Teokratik gulluk mekdebini alyp barýan dogan mekdebe ýazylanlaryň adyny okaýardy. Ady tutulan doganlar bolsa elini galdyryp: «Men bärde» diýýärdiler. Bir gezek men dogandan indiki duşuşykda adymy tutmagy haýyş etdim, olam meni öwdi. Ýöne men mekdebe ýazylmagyň nämedigine düşünmeýärdim. Doganyň hem mundan habary ýokdy.

Görüp otursam, duşuşykda ady tutulýan doganlar nutuk bilen çykyş etmeli eken. Men bolsa diňe adym okalýandyr öýdüpdim. Indiki duşuşykda dogan meniňem adymy okanda begenip: «Men bärde» diýip jogap berdim. Ýygnakdan soň dogan-uýalar meni öwdüler. Birnäçe hepdeden bolsa dogan maňa makaladan öň nutuk bilen çykyş etmelidigimi aýtdy.

Men gaty alada etdim. Şol wagtlar doganlar alty-sekiz minutlyk nutuk bilen çykyş edýärdiler. Ýöne Mukaddes Kitaby okamak ýumşy ýokdy. Kakam maňa nutugy taýýarlamaga kömek etdi we ony 20 gezek gaýtalatdy. Nutuk bilen çykyş edenimden soň, dogan maslahat berdi. Şeýlelikde, Ýehowa ýyllaryň dowamynda maňa kakam, göreldeli dogan-uýalar we guramasy arkaly tälim berdi.

TÄLIM DOWAM EDÝÄR

Wagyz edip başlanymda Elis uýa maňa köp zatlary öwretdi. Şol wagtlar biz öý eýesine üç aýat okap berýärdik we edebiýat teklip edýärdik. Öý eýesi bilen gepleşmek gezegi maňa gelende, Elis uýa özi bilen tanyş edip, gürrüňdeşlige başlaýardy. Soňra maňa saýlan üç aýadymyzyň birinjisini okadýardy. Şondan soň gürrüňdeşligi men dowam edýärdim we ikinji, üçünji aýatlary okap, soňra öý eýesine edebiýat teklip edýärdim. Şeýdip, men adamlar bilen özümi tanyş edip, gürrüňdeşlige başlamagy öwrendim. Kakam 1954-nji ýylyň ahyrlaryna suwa çümdürildi. Şondan soň ol maňa wagyzda ökdeleşmäge kömek etdi. Ol meni ýeke terbiýelese-de, Ýehowany söýmegi öwretmek üçin elinde baryny etdi. Onuň üçin wagyz, ýygnak duşuşyklary şeýle bir wajypdy welin, hiç bir zady olardan öňe geçirmeýärdi. Biz hiç haçan ýygnaklardan, dynç günleri wagyzdan galmaýardyk.

Men entek orta mekdebi hem tamamlamandym, ýöne 12 ýylyň dowamynda köp zatlary öwrendim. Öwrenen zatlarymyň häli-häzirem peýdasy degýär. Meselem, men matematikany we iňlis dilini gowy öwrenipdim. Şol wagtlar iňlis dilini hem ýazyjylygy öwredýän goşmaça sapaklara-da gatnapdym. Olar maňa häzirem Ýazyjylar bölüminde gullugymy gowy ýerine ýetirmäge kömek edýär.

Köplenç adamlar menden aýdym-sazy näme üçin gowy görýändigimi soraýarlar. Aslynda, ejemem, kakamam aýdym-sazy gowy görýärdi. Ýedi ýaşymdakam pianino çalmagy öwrenip başladym. Ýöne mugallymym meni ukypsyz hasaplaýardy. Ol kakama: «Ogluňy sapaklara gatnatmagyň peýdasy ýok» diýýärdi. Men onuň näme üçin şeýle diýýändigine indi düşünýärin, sebäbi şol wagtlar höwesim ýokdy.

Aradan birnäçe aý geçensoň, kakam meni başga bir mugallyma gatnatdy. Men ondan pianino çalmagy we aýdym aýtmagy öwrendim. Men olaryň ikisini hem gowy başarýardym. Çaga wagtym gowy sesim bardy, hatda käbir ýaryşlarda-da ýeňiş gazanypdym. Meniň ulalamda aýdym-saz mugallymy bolasym gelýärdi. Sebäbi şol kär maňa pioner bolmaga kömek eder diýýärdim. Ýöne meniň bar wagtym diýen ýaly saz çalmagy öwrenmäge, synaglara taýýarlanmaga gidýärdi. Şonuň üçin 1963-nji ýylda okuwymy taşladym we pioner gullugyna başladym.

PIONER GULLUGYNYŇ BERÝÄN ŞATLYGY

Bir ýyl pioner bolup gulluk edenimden soňra, meni Ontario welaýatynyň Kapaskazing şäherine ýörite pioner edip bellediler. Meniň bilen Daniýel Skinner doganam bile gulluk edýärdi. Onuň ýaşy meniňkiden ep-esli uludy. Ol maňa ýygnagyň işleri bilen bagly zatlary öwretdi. 20 ýaşymda bolsa meni ýygnagyň gulluk komitetiniň agzasy edip bellediler. Ýöne men entegem köp zatlary öwrenmelidim. Men Ýehowanyň guramasynyň ýaş doganlara üns berip, tälim berýändigine örän begenýärin. Eger doganlaram öz gezeginde jan etseler, ýaşdygyna garamazdan Ýehowa üçin köp zat edip bilýärler.

Kapaskazing şäherinde ýaşamak hemişe aňsat bolmaýardy. Gyşda howanyň temperaturasy -47° barýardy. Käte maýyl diýeniňde bolsa -27° bolýardy. Daniýel ikimiz köp ýerlere pyýada gidýärdik, ýöne biz gullugymyzdan şatlyk tapýardyk. Şol şatlykly pursatlaryň biri hem häzir Linda Spleýn diýip tanalýan Linda Kol bilen tanyşlygymyzdy.

Linda wagyz etmegi gowy görýärdi, ol gaýtadan idegleri etmäge ökdedi. Linda jomart, mähirli we göwnaçykdy. Ejesi Goldi hem imany berk uýady. Lindanyň kakasy Alen başda Ýehowanyň Şaýatlaryny halamaýardy. Ýoldaşy garşy çyksa-da, Goldi Lindany we ogullary Jon bilen Gordony yzygiderli ýygnaklara alyp gidýärdi, olara wagyz etmegi öwredýärdi. Şeýdip, Goldi, Linda, Jon we Gordon yzly-yzyna ählisi pioner boldular. Birnäçe ýyldan soň, Alen hem Ýehowanyň Şaýady bolup ýygnaklarda köp işleri edip başlady.

1965-nji ýylda meni Kanadanyň Beýtelinde geçirilýän bir aýlyk Jogapkär doganlaryň mekdebinde okamaga çagyrdylar. Mekdepde wagtym Gilead mekdebinde okamak üçin arza doldurypdym. Men missioner bolup gulluk etmek barada asla pikir etmeýärdim, ýöne şonda-da arzany doldurypdym. Şeýlelikde, Gilead mekdebiniň 42-nji klasynda okadym. Gileadda okaýarkak, mugallymlar biziň okaýşymyz barada aýdyp durýardylar. Okuwa başlan wagtlarymyz doganlar bize gurama barada köp zatlary öwrenmäge höweslendirýärdiler. Şol wagtlar men 21 ýaşymdadym. Şonuň üçin olaryň beren maslahaty jüpüne düşüpdi.

Gilead mekdebindäki sapaklaryň birinde bize radio, teleýaýlym we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen nädip işleşmelidigini öwretdiler. Olary öwrenmek gaty gyzyklydy. Şol wagt öwrenen zatlarym gelejekde köp kömek eder diýip ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi. Men size ol barada biraz soňrak gürrüň bererin.

SENEGALA BELLEDILER

Gilead mekdebini tamamlanymyzdan soň, Maýkl Hol ikimiz Afrikanyň Senegal şäherine missioner edip bellendik. Biz mekdebi tamamlanymyza birnäçe gün geçensoň, ol ýere gitdik. Şol wagt Senegalda 100-e golaý wagyzçy bardy.

Senegalda gulluk edip ýörenime bir ýyla golaý wagt geçensoň, meni hepdede bir gün filiala kömek etmäge çagyrdylar. Filial uly ýer däldi, ol missionerler öýüniň bir otagynda ýerleşýärdi. Filialyň gözegçisi Emmanuel Paterakis dogan maňa ol ýer kiçi bolsa-da, Ýehowanyň guramasynyň şol ýurtdaky filialydygyny hemişe ýatladýardy. Bir gezek Emmanuel dogan bize ähli missionerlere ruhlandyryjy hat ýazmagy tabşyrdy. Şol wagtlar hatlary köpeltmek aňsadam, arzanam däldi. Biz hat ýazylýan guralda her bir haty ýekän-ýekän ýazmalydyk. Eger hatda ýekeje ýalňyş goýberseň, ony tutuşlygyna täzeden ýazmaly bolýardy. Şonuň üçin biz gaty ünsli işleýärdik.

Şol gün işden soň öýe gaýtjak bolup durkam, Emmanuel dogan elime bukja tutduryp: «Deýwid, gurama saňa hat ýazypdyr» diýdi. Bukjany açyp görsem, içinde öz ýazan hatlarymyň biri duran eken. Şol wakadan filial uly bolsun, kiçi bolsun gurama hormat goýmalydygyny öwrendim.

Deýwid Spleýn bilen dogan-uýalar ýylgyryp surata düşýärler.

Senegalda missionerler bilen (1967)

Senegalda gulluk edýärkäm, ýygnagymdaky dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Biz köplenç ýekşenbe günleri agşamlaryna dynç alýardyk. Şol wagtlar hezildi. Men häli-häzirem dost-ýarlar bilen habarlaşýaryn. Senegalda wagtym fransuz dilini hem öwrenipdim. Sebäbi şol dil döwlet dilidi. Fransuz dilini öwrenendigim üçin bütin dünýädäki dürli filiallary idäp bildim.

1968-nji ýylda Linda ikimiz adaglandyk. Şondan birnäçe aý geçensoň, Linda bilen Senegalda pioner bolup gulluk eder ýaly ýarym günlük iş gözledim. Emma Senegalyň ýaşaýjylary diňe ýerli halky işe alýardy. Kanada dolanyp gelenimden soň Linda bilen toý etdik. Bizi Kwebek welaýatynyň serhedinde ýerleşýän Edmunston atly kiçi şähere ýörite pioner edip bellediler.

Deýwid bilen Linda gül-gunçaly ýolda ýylgyryp durlar.

Toý günümiz (1969)

EDMUNSTONDA WE KWEBEKDE PIONER BOLUP GULLUK ETDIK

Edmunstona bellenmänkäk, ol ýerde wagyzçam, Mukaddes Kitapdan okuw geçýänem ýokdy. Adamlar katolik dininiň öwredýän zatlary boýunça ýaşaýardylar. Her bir öýüň gabadynda diýen ýaly «Ýehowanyň Şaýady ýaşamaýar» diýen ýazgy bardy. Emma biz ýazgy bolsun-bolmasyn her bir öýe baryp wagyz edýärdik. Her hepde katolik buthanasy gazetlerde «Ýehowanyň Şaýatlaryny tapyp, olary ýok edeliň» diýip bildiriş edýärdi. Şäherde Wiktor bilen Welda Norbergden we Linda ikimizden başga Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Şonuň üçin bildirişiň biz baradadygyna gowy düşünýärdik.

Etrap gözegçisiniň ilkinji ideginde aýdan sözleri häli-häzirem ýadymda. Ol biziň bilen bir hepde gulluk edensoň şeýle diýdi: «Siziň bir edip biljek zadyňyz, adamlaryň Ýehowanyň Şaýatlary baradaky nädogry garaýşyny aýyrmak». Şondan soň biz muny maksat goýduk we maksadymyza-da ýetdik. Ýuwaş-ýuwaşdan adamlar Ýehowanyň Şaýatlary bilen katolik dini ýolbaşçylarynyň arasyndaky tapawudy görüp başladylar. Häzir şol şäherde kiçiräk ýygnak bar.

Edmunstonda bir ýarym ýyl ýörite pioner bolup gulluk edenimizden soňra, bizi Kwebek şäherindäki ýygnaga kömek etmäge çagyrdylar. Biz alty aýlap myhmansöýer dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşdik. Şondan soň aýlanýan gözegçi bolup gulluk edip başladym.

Biz 14 ýyllap Kwebek welaýatynyň çäklerindäki etraplary idedik. Şol günleri ýatdan çykaryp bolmaýar. Kwebekde wagyz işi örän gowy netije berdi. Biziň idän ýygnaklarymyzda maşgalasy bilen hakykata gelen adamlar köpdi.

WEPALY DOGAN-UÝALAR HAKDA ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Kanadadaky fransuz dilinde gepleýän dogan-uýalaryň häsiýetleri örän gowudy. Olar göwnaçyk, şadyýan we yhlaslydy. Ýöne olara hakykata gelmek aňsat däldi. Sebäbi maşgala agzalary güýçli garşy çykýardy. Käbir ýaşlaryň Hudaýa iman etmeýän ene-atasy: «Ýa Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçmegiňi goý, ýa-da öýden git» diýip şert goýýardylar. Emma maşgala agzalary garşy çyksa-da, olar Ýehowa wepaly boldular. Ýehowa-da olara buýsanýar.

Sözümiň şu ýerinde Kwebekde gulluk eden yhlasly pionerler we ýörite pionerler hakda belläp geçesim gelýär. Olaryň köpüsi Kanadanyň dürli ýerlerinden Kwebege gulluk etmäge gelipdiler. Olar diňe bir fransuz dilini öwrenmän, eýsem katolik dininiň aýdan-diýeninden çykyp bilmeýän adamlaryň garaýşyny hem öwrenmeli boldular.

Ýörite pionerleri köplenç wagyzçylaryň ýok ýerinde gulluk etmäge iberýärdiler. Ýerli ýaşaýjylar Ýehowanyň Şaýatlaryny halamaýandygy üçin pionerlere ýaşamak üçin ýer, ýarym günlük iş tapmak kyn bolýardy. Hatda täze maşgala guran dogan-uýalaram jaýyň kireý puluny bölüşip tölemek üçin dört, alty, sekiz dogan-uýa bolup ýaşaýardylar. Olar aýratyn ýaşap çykdajylaryny ödäp bilmeýärdiler. Şol pionerler gaty zähmetsöýerdi. Olar bir adam bilen okuw geçip başlasalar, durky bilen berilýärdiler. Häzir Kwebegiň wagyzçylary köpeldi. Pionerleriň köpüsi kömek gerek ýerlere wagyz etmäge gidýärler.

Etrap gözegçisi bolup gulluk edýärkäk, köplenç şenbe güni irdenlerine ýaşlar bilen görüşýärdik. Olardan duş gelýän kynçylyklary hakda soraýardyk we kömek edýärdik. Şol ýaşlaryň käbiri häzir daşary ýurtlarda missioner bolup gulluk edýärler. Käbirleri bolsa guramada dürli borçlary ýerine ýetirýärler.

Etrap gözegçisi bolup aýlanýarkak, käbir ýygnaklar çykdajylarymyzy ýapyp bilmeýärdi. Käte aýyň ahyryna çenli kör-köpüksiz galýardyk. Şonda biz Ýehowa bil baglaýardyk, Olam bize gerek zadymyzy ýetirýärdi. Ýehowa biziň hemişe arkamyzda durýardy. Şeýdip, biz ýygnaklary wagtly-wagtynda idäp durýardyk.

WEPALY DOGANLARYŇ GÖRELDESI

Kwebekde gulluk edýärkäm, radio, telewizor we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz etmäge köp mümkinçilik boldy. Gilead mekdebinde okaýarkam öwrenen şol zatlarym köp kömek etdi. Men köplenç Leon Krepault dogan bilen işleşýärdim. Olam meniň ýaly etrap gözegçisidi. Ol habar beriş serişdeleri arkaly wagyz etmegiň ugruny bilýärdi. Leon habar beriş serişdeleriniň işgärleri bilen gepleşende özüni köp bilýän ýaly görkezmän, gaýtam şeýle diýýärdi: «Agam, biz bir ýönekeý adamlar. Biziň telewizorda, radioda çykyş etmekden känbir başymyz hem çykmaýar. Ýöne guramamyz bizden adamlara Ýehowanyň Şaýatlarynyň uly kongres geçirjekdigi barada habar bermegi haýyş etdi. Bize kömek etseňiz, uly ýagşylyk etdigiňiz bolardy». Leon Krepault dogan pesgöwünli bolandygy üçin habar beriş serişdelerinde bize köp gapylar açyldy.

Soňra filial meni aklawçylarymyzyň biri Glen How dogan bilen işleşmäge belledi. Biz habar beriş serişdelerinde ýaýradylýan kanun bilen bagly meseleleri çözmelidik. Gilead mekdebinde alan bilimim we Leon dogan bilen gulluk edip toplan tejribäm şol ýumşy ýerine ýetirmäge uly kömek etdi. Glen How dogan bilen işleşmek meniň üçin uly bagt. Ol hak-hukuk meselesinde hiç zatdan gorkmaýardy. Üstesine-de, ol hudaýhondy, Ýehowany ýürekden söýýärdi.

1985-nji ýylda bizi günbatar Kanadanyň bir etrabyna bellediler. Ol ýer kakamyň öýüne golaýdy, şonuň üçin biz onuň aladasyny edip bilýärdik. Emma göçüp baranymyza üç aý geçensoň, kakam aradan çykdy. Biz 1989-njy ýyla çenli günbatar Kanadada etrap gözegçisi bolup gulluk etdik. Şondan soň bizi ABŞ-daky Beýtele gulluk etmäge çagyrdylar. Şeýlelikde, biz 19 ýyla golaý etrap gözegçisi bolup gulluk etdik. Şol ýyllaryň dowamynda biz ýüzlerçe öýlerde ýaşadyk. Müňlerçe myhmansöýer dogan-uýalar bilen tanyşdyk we olara myhman bolduk. Biz saçagyny giňden ýazyp, öýüniň töründen ýer beren dogan-uýalara örän minnetdar!

BEÝTELE ÇAGYRDYLAR

Brukline baranymyzdan soň, meni Gulluk bölümine bellediler. Men ol ýerde bir zadyň anygyna-şänigine ýetmän, netije çykarmaly däldigini öwrendim. Men berlen tälime hemişe minnetdar. 1998-nji ýylda meni Ýazyjylar bölümine geçirdiler. Ýazyjylyk ukybymy häzirem artdyrýaryn. Meniň birnäçe ýyllap Ýazyjylar komitetiniň koordinatory Jon Bar dogan bilen işleşmäge mümkinçiligim boldy. Onuň bilen işleşip öwrenen zatlarym meniň üçin gyzyldan gymmatly. Jon doganyň Isa Mesihiňki ýaly häsiýetleri bardy.

Deýwid bilen Linda Jon hem-de aýaly Mildred Barr bilen surata düşýär.

Jon we Mildred Barr bilen

Pesgöwünli dogan-uýalar bilen işleşmek diýseň ýakymly. Olar hemişe Ýehowa doga edip, Ondan kömek soraýarlar we islendik işi öz ukyp-başarnygy, güýji bilen däl-de, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýerine ýetirýändigine düşünýärler.

Deýwid Spleýn 20 dogan-uýadan ybarat hor toparyna ýolbaşçylyk edýär, gapdalda bir uýa pianino çalýar.

Ýyllyk duşuşygynda hor toparyna ýolbaşçylyk etdim (2009)

Deýwid Spleýn begenip bir uýa Mukaddes Kitap uzadýar.

Koreýada geçirilen halkara kongresde Mukaddes Kitaby paýladym (2014)

Linda ikimiz 110 ýurtda ýaşaýan imandaşlarymyz bilen görşüp, olary ruhlandyrdyk. Biz missionerleriň, filial komitetiniň agzalarynyň, şeýle-de doly wagtly gullukçylaryň Ýehowany ýürekden söýýändigini gözümiz bilen gördük. Uruşlara, ýurduň ykdysady ýagdaýyna we yzarlamalara garamazdan, Patyşalygy birinji orunda goýýan dogan-uýalaryň yhlasyny, çydamlylygyny görmek biziň üçin uly bereket. Ýehowa olary ähli zatdan eziz görýär.

Şu wagta çenli Linda maňa guramadaky borçlarymy ýerine ýetirmäge kömek edip gelýär. Ol adamlary gowy görýär we olara hemişe kömek edýär. Şeýle-de ol gürrüňdeşlige başlamaga ökde. Linda köp adamlara Ýehowany tanamaga we Oňa gulluk etmegini bes edenlere yzyna dolanmaga kömek etdi. Linda Ýehowanyň maňa beren iň uly sowgady. Garran çagymyzda Linda ikimizi goldap, uly kömek edýän ýaş dogan-uýalara ýürekden minnetdar (Mar. 10:29, 30).

Segsene ser uran ömrümi ýatlanymda şükür edýärin. Mezmurçy ýaly: «Ýa Alla, ýaşlygymdan bäri maňa tälim berýärsiň. Seniň ajaýyp işleriňi şu güne çenli wagyz edýärin» diýýärin (Zeb. 71:17). Heniz ýüregim urup durka, menem mezmurçy ýaly Ýehowanyň ajaýyp işleri hakda wagyz ederin.

a  Şu günler şeýle tälim «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda berilýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş