Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • CO-pgm26 sah. 8
  • Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat
  • Welaýat kongresiniň meýilnamasy (2026)
  • Meňzeş maglumat
  • Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat
    Welaýat kongresiniň meýilnamasy (2025)
  • Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat
    Welaýat kongresiniň meýilnamasy (2024)
  • Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat
    Welaýat kongresiniň meýilnamasy 2023
  • Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat
    Welaýat kongresiniň meýilnamasy 2020
Başgalary
Welaýat kongresiniň meýilnamasy (2026)
CO-pgm26 sah. 8

Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat

HYZMAT EDÝÄN DOGANLAR. Hyzmat edýän doganlar size kömek etmek üçin bellenýär. Şonuň üçin olar bilen hyzmatdaşlyk etmegiňizi haýyş edýäris. Olar size ulagy nirede goýmalydygy, tertip-düzgüne nädip eýermelidigi, nirede oturmalydygy we başga meseleler babatda görkezme berer.

SUWA ÇÜMDÜRILJEKLER. Suwa çümdüriljekler üçin ýörite birinji hatarda oturar ýaly ýerler goýlar. Olar şenbe güni irden kongrese gelen wagty şol ýerlerde oturmaly. Her kim polotense we suwa çümdürilende geýer ýaly salykatly eşik getirmeli.

PUL SADAKALARY. Kongresde oturylýan ýerler, sesi güýçlendirýän we wideo görkezilýän enjamlar hem-de başga hyzmatlar bolar. Bularyň ählisi kongresi ünsli diňläp biler ýaly gurnalýar we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýär. Siziň berýän pul sadakalaryňyz şol çykdajylary ödemäge we bütindünýä işini goldamaga kömek edýär. Sadakalar üçin gutular amatly we görünýän ýerlerde goýlan. Mümkinçiligiňiz bolsa donate.jw.org saýty arkaly sadaka berip bilersiňiz. Berýän sadakalaryňyz üçin köp sag boluň! Ýolbaşçylyk maslahaty siziň Patyşalyk işlerini jomartlyk bilen goldaýandygyňyz üçin minnetdarlyk aýdýar.

ILKINJI KÖMEK. Diňe gaýragoýulmasyz ýagdaý dörände ýüz tutmaly.

TAPYLAN ZATLAR. Tapylan zatlary «Tapylan zatlar» bölümine tabşyrmaly. Eger bir zadyňyzy ýitirseňiz, şol bölüme ýüz tutup bilersiňiz. Ýiten çagalary hem şol ýere eltip bolýar. Haýyş edýäris, çagalaryňyz ýitmez ýaly göz-gulak boluň we olary ýanyňyzdan aýyrmaň.

OTURYLÝAN ÝERLER. Kongrese gelenlere hormat goýmagyňyzy haýyş edýäris. Diňe maşgala agzalaryňyza, siziň bilen bir ulagda gelenlere, bile ýaşaýan ýa-da okuw geçýän adamlaryňyza ýer tutup bilersiňiz. Boş oturgyçlara zadyňyzy goýmazlygy haýyş edýäris.

KÖMEK. Siz kongrese kömek etmek isleseňiz, «Maglumat we meýletin kömek» bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan taýýarlanylýar

© 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş