Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • th sapak 14 sah. 17
  • Esasy pikirleri belläp geçiň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Esasy pikirleri belläp geçiň
  • Gowy okamagy öwreniň, ökde mugallym boluň
  • Meňzeş maglumat
  • Esasy pikirleri aýratynlandyrmak
    Wagyz mekdebi
  • Nutugyň meýilnamasyny düzmek
    Wagyz mekdebi
  • Temanyň düşündirilişi
    Wagyz mekdebi
  • Esasy pikiri gaýtalaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Gowy okamagy öwreniň, ökde mugallym boluň
th sapak 14 sah. 17

SAPAK 14

Esasy pikirleri belläp geçiň

Baş aýat

Ýewreýler 8:1

MAKSADY: Diňleýjiler aýdylýan zatlaryň baglanyşygyna düşünmeli. Esasy pikirler nutugyň maksady hem-de temasy bilen baglanyşykly bolmaly.

NÄDIP ETMELI?

  • Maksadyňyz bolsun. Ilki bilen nutugyň maksadyny anyklaň. Onda ýöne bir maglumat berilýärmi ýa-da ol bir zada ynandyrýarmy, höweslendirýärmi? Nutugyň maksadyna gowy düşünip, soňra şoňa görä taýýarlanyň. Esasy pikirleriň goýan maksadyňyza ýetmäge kömek etmelidigini ýatdan çykarmaň.

    Peýdaly maslahat

    Käbir soraglar hakda oýlanyň: «Diňleýjilerde tema degişli ilki nähili sorag ýa-da nädogry pikir döräp biler? Ondan soň ýene nähili soraglaryň döremegi mümkin?» Nutukdaky pikirleri hem şol yzygiderlilikde düzüň. Şonda diňleýjilere pikirleriň yzygiderliligini tutmak, oňa düşünmek we maglumaty kabul etmek aňsat bolar.

  • Nutugyň temasyny nygtaň. Nutugyň dowamynda temany nygtaýan esasy sözleri ýa-da şol sözüň manydaş sözlerini gaýtalaň.

  • Esasy pikirler ýönekeý we düşnükli bolsun. Saýlan esasy pikirleriňiz tema degişli bolsun we berlen wagtdan çykmaň. Esasy pikirler köp bolmaly däl. Olaryň her birini gowy düşündiriň we arasynda biraz säginiň. Bir pikirden indiki pikire akgynly geçiň.

    Esasy pikirleri nutugyň başynda ýa soňunda, ýa bolmasa başynda-da, soňunda-da aýdyp geçseňiz bolýar. Eger esasy pikirleri nutugyň başynda aýtsaňyz, diňleýjiler pikirleriň baglanyşygyna aňsat düşüner. Eger soňunda gaýtalasaňyz, diňleýjilere esasy pikirleri ýatda saklamak aňsat bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş