SAPAK 20
Jemleýji sözler
Nesihat 12:13, 14
MAKSADY: Sözüňizi jemläniňizde diňleýjileri öwrenen zatlaryny kabul edip, durmuşynda ulanmaga höweslendiriň.
NÄDIP ETMELI?
Jemleýji sözleri tema bilen baglanyşdyryň. Temany we onuň esasy pikirlerini gaýtalap geçiň.
Durmuşda ulanmaga höweslendiriň. Diňleýjilere näme etmelidigini we onuň peýdasyny düşündiriň. Ynamly we ýürekden gepläň.
Birki agyz söz bilen jemläň. Jemleýji sözleri aýdanyňyzda täze pikirleri goşmaň. Diňleýjileri bilen zatlaryna görä ýaşamaga höweslendiriň, köp geplemäň.