Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
Mukaddes Kitapda: «Siz... mugallym bolmaly» diýilýär (Ýew. 5:12). Älem-jahanda iň ökde Mugallym Ýehowa bize adamlara hakykaty öwretmegi tabşyrdy. Maşgalada, ýygnakda ýa-da wagyzda Ýehowa barada öwretmek hormat hem-de uly jogapkärçilik.
Pawlus resulyň maslahaty Ýehowanyň ynamyny ödemäge kömek edýär. Ol Timoteosa şeýle diýdi: «Ýygnakda hemişe okap, öwredip we öwüt-ündew berip dur… Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň» (1 Tim. 4:13, 16). Biz hoş habary wagyz edip, adamlaryň janyny halas edip bilýäris. Şu broşýura size gowy okamagy öwrenmäge we ökde mugallym bolmaga kömek eder. Geliň, broşýura bilen tanyş bolalyň.
Her sahypadaky baş aýat sapagyň esasy pikirini ýa-da nämäniň üstünde işlemelidigini görkezýär.
Elbetde, siz broşýurada berilýän maslahatlara eýerip, gowy okamagy öwrenersiňiz, ökde mugallym bolup bilersiňiz. Ýöne ýadyňyzda bolsun, Ýehowa — «Beýik Mugallym» (Işa. 30:20). Adamlara hoş habary wagyz etmäge Ýehowanyň özi iberdi, olary hakykata-da diňe Ýehowa getirip bilýär (Ýah. 6:44). Şonuň üçin Hudaýdan mukaddes ruhuny diläň. Hemişe Mukaddes Kitap arkaly öwrediň. Adamlaryň ünsüni özüňize däl-de, Ýehowa çekiň. Olara Ýehowany ýürekden söýmäge kömek ediň.
Ýehowa size iň wajyp habary wagyz etmegi tabşyrdy. Biz siziň «Hudaýyň güýjüne bil baglap», tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirjekdigiňize doly ynanýarys (1 Pet. 4:11).
Siziň bilen eginme-egin zähmet çekýän,
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty